1.Türkmen halkynyň milli terbiýeçilik usullaryny, tärlerini, serişdelerini ýerlikli peýdalanmak.2.Milli mirasymyzy giňişleýin öwrenmek. 3.Dünýä tejribesini öwrenmek. 4.Okuw terbiýeçilik işini döredijilikli ýola goýmak. 5.Ýörite usuly gollanmalary taýýarlamak. 6.Ýaşlary hünärlere ugrukdyrmak. Häzirki zaman pedagogikasy-ynsanperwer gatnaşyklary dikeltmeklige;-adam we onuň ösüşini özüniň baş obýekiti edip almak;-adam jemgyýetiň esasy gymmatlygy hökmünde;-şahsy-pedagogik gymmatlyklary ösdürmek (mugallymyň maksady, wezipesi, motiwi, idealy, öňünde goýan wezipeleri);-toparlaryň pedagogik gymmatlyklary (aýratyn alnan okuw mekdebiniň pedagogik işi, konsepsiýalary, talaplary we beý.);
Dünýäde dowam edýän häzirki zaman pedagogik konsepsiýalar bilen aýakdaş gitmek meselesini çözmek:- paragmatizm - terbiýäniň, bilimiň we tejribäniň durmuş bilen baglylygy;- neopozitiwizm- „täze ynsanperwerlik“, - bihewiorizm- „özüňi alyp barmagy“ terbiýelemek, adamy ylmyň iň ösen derejesinde terbiýelemek.
Watançylyk terbiýesi – baş terbiýe. Türkmen ýöne ýere Watanyna-ata Watan diýenok. Sebäbi Watançylyk terbiýesi – terbiýäniň gözbaşy, ata-ene bilen deň derejede görülýän Watany başyna täç etmek iň mukaddes borjumyzdyr.
Ýaş nesili terbiýelemekde, olary durmuşa taýýarlamakda, hünäre gönükdirmekde işlemäge uly mümkinçilikleri bolan ajaýyp Garaşsyzlyk döwri geldi. Çagalara ýaşlara türkmen halkynyň hakyky milli terbiýesini, däp-dessuryny, terbiýe kadalarydyr – düzgünlerini, taryhyny we medeniýetini öwretmäge degişli ähli şertler döredildi. Maşgalanyň we mekdebiň öňünde goýlan wezipe-jogapkärçilik hem döwrebap boldy.
Her bir ata-ene öz çagasy barada, onuň terbiýesi, geljekde öz ornuny tapmaga ýardam etjek aladalaryny öz çagalarynyň aňyna ornaşdyrmalydyr, olaryň Watanyň öňündäki jogapkärçilik duýgularyny, öz göreldesi bilen terbiýelemelidiris. Çagany sagdyn, sag-aman dünýä indermek, laýyk at dakmak, milli däp-dessurlary ýerine ýetirmek – sünnet etmek ynsanperwerligi, zähmetsöýerligi terbiýelemek, bilim – sowat hünär almagyna ýardam etmek, durmuşa çykarmak, öýlendirmek, öz maşgalasynda durnukly, ylalaşykly maşgalasynyň göreldeli – nusgasy bolup ýetişmek başarnygyny ýaşlykdan ündemeli, düşündirmeli.
Şeýle wajyp meseleleri döwrebap we dogry ýola goýmakda türkmeniň milli müçenamasy hem ýol görkeziji bolup durýar. Terbiýe hemişe hoş sözüň akyllybaşly maslahatlaryň üsti bilen oňaýly, nusgawy görelde esasynda, yzygiderli düşündirişler esasynda amala aşyrylýar.
Mekdeplerde terbiýe ündewleri şu aşakdaky temalar we ugurlar boýunça ýola goýulsa ýaşlar üçin has täsirli bolar, ata Watana gulluk etmek, häzirki zaman ýaşlarynyň öňünde durýan borç-wezipeleriň wagyz edilişini derňemek.
Goňşy-golam bilen agzybir bolmak, “Goňşyokara” baýramy-sogap işlere baş goşmak, ejize-ýetime kömek bermek-ynsanperwerlik-howandarlyk.
Bir başa uýmak-“Baş bolmasa göwre läş”.
Milli galkynyşy wagyz etmek ähli terbiýe düzgünleri-kadalary ilki maşgaladan başlanýar. Soňra mekdeplerde ösdürilýär. Ruhy talap-dostluk, ahlak talapsylanyşyk, ten talap-islegiň, maksadyň ýüzeçykmagy, onuň adamkärçilikli ýerine ýetirilişi. Terbiýäniň çeşmeleriniň biri hem kitapdyr. Kitap hem terbiýe berýär, hem sowat-bilim, hünär öwrenmäge, ökde bolmaga ýardam edýär. Bu barada Prezidentimiz şeýle diýýär: Kitaba çörek kimin mukaddes çemeleşseňiz, onuň berjek tagamyny wagtyň geçmegi bilen duýarsyňyz, peýdasyny bolsa halkyň eşretinde görersiňiz. Ylym, bilim üçin sarp eden gijeleriň halkymyz üçin ýagty gündiz bolup gaýdyp geljegini hergiz unutmaň. Şahsyýetiň aňy ozaly bilen kitapdan, olardaky ylym-bilimden iýmitlenýändir.
Ahlaklylyk terbiýeliligiň täjidir. Terbiýe meselesinde çagalaryň şahsyýetini ýaşlykdan hormatlamak bilen talap edijiligi utgaşdyryp alyp barmaly. Terbiýäniň ýaşaýyş-durmuşy wezipesi adamzat gymmatlyklarynyň nesilden-nesile geçirmegini üpjün etmek bilen, şol gymmatlyklaryň içgin öwrenilmegini gazanmakdyr.
Terbiýäniň maksady döwlete, jemgyýete, halka zerur we peýdaly şahsyýetleri ýetişdirmekdir.
Magtymgulynyň terbiýe ündewi şygyrlaryndan dürdäne setirleri:
Gel, eý köňlüm, saňa nesihat kylaý,
Watany terk edip gidiji bolma.
Özüňden egsik bir gaýry namardyň
Hyzmatynda gulluk ediji bolma.
***********
Owwal, Magtymguly özüň düzetgil,
Özüňni sen özgelere göz etgil.
Az iýgil, az ýatgyl, sözüň az etgil,
Ne bar manysyz söz uzatmak bilen.
Tema 2. Şahsyýetiň ösüşi we terbiýe-pedagogikanyň esasy
meselesi hökmünde.
Meýilnama:
1. Adamyň ösüşine täsir edýän faktorlar (ýagdaýlar).
2. Adamyň ömri we ýaş aýratynlyklary boýunça döwürlere bölmekligiň ähmiýeti.
3. Okuw-terbiýeçilik işinde okuwçylaryň indiwidual, psihologik we ýaş aýratynlyklaryny göz öňünde tutmak.