.


:




:

































 

 

 

 


Pedagogika ylmynyň geljekki ösüşleri.




Tema - 1. Pedagogikanyñ dersi we wezipeleri.

Meýilnama:

Pedagogika dersi, taryhy taýdan kemala gelişi we esasy pedagogik

Düşünjeler.

Pedagogikanyň ugurlary we beýleki ylymlar bilen arabaglanyşygy.

Pedagogika ylmynyň geljekki ösüşleri.

Edebiýat:

1. Gurbanguly Berdimuhamedow. "Türkmenistanda saglygy goraýyşy ösdürmegiň ylmy esaslary". A., 2007.

2. "Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedow. Gysgaça terjimehal". A., 2007.

3. Gurbanguly Berdimuhamedow. "Garaşsyzlyga guwanmak, Watany,

halky söýmek bagtdyr". A., 2007.

4. Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmenistan-sagdynlygyň we ruhybelentligiň ýurdy. A., 2007.

5. Täze Galkynyş eýýamy: wakalaryň senenamasy-2007ý. A., 2008.

6. Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk. A., 2009.

7. Türkmenistanyň Bilim hakyndaky kanuny.Mugallymlar gazeti, 2009ý, 21-nji awgusty.

8. Ş. Haljanow. Garaşsyzlyk pedagogikasy. A. 1995.

9. B. Basarow. Paýhasnama we kemalyýet. A. 2004.

9. G. Garajaýew. Dowamatym döwletim. A. 1998.

10. G. Pirliýew. Etnopedagogika we häzirki zaman terbiýesi. A. 1995.

11. A. Gurbanow, O.D. Kuzmin, Ş. Haljanow, J. Rejepow

Okatmak teoriýasynyň aktual meseleleri. A. 1979.

12.Pedagogika (rus dilinde, dürli ýyllarda neşir edilen. Harlamow, Bezrukowa, Babanskiý we beý.).

Talypdan edilýän talaplar:

1. Sapak goýbermek gadagan, eger-de goýberseňiz täzeden işläp geçmeseň indiki sapaga goýberemok.

2. Tertip-düzgün, egin-eşik, telefon meselesi, bir gezek sapakdan çykarsam soň salamok. Starostalar tagta arassa bolmaly, žurnal doldurylmaly.

3. Her talybyň 3 depderi doly bolmaly (umumy, amaly, sözlük).

4. Referatlary her aýyň 20-ne çenli tabşyrmaly (jemi 4 referat, 10-sah. az bolmaly däl).

5. Aýlyk synaglary ýazyp tabşyrmadyklara baha goýulanok.

I.a) Pedagogikanyñ esasy öwrenýän meselesi okuw terbiýeçilik işleriniň esaslaryny, wezipelerini, düzgünlerini, görnüşlerini, usullaryny, serişdelerini, netijeli peỳdalanmak bilen öňde goýlan maksada ýetmekdir.

Islendik ylmyň öz meseleleri, wezipeleri we usullary dogrusynda düşünje berýän taryhy bardyr. Ylmyň ol ýa-da beýleki pudaklarynyň döreýşi degişli jemgyýetçilik islegleri arkaly ugrukdyrylýar. Beýleki ylymlarda bolşy ýaly pedagogika ilki filosofiýanyň mazmunynda bolupdyr. Biziň her birimiz pedagogika sözüni mekdep, okadylyş bilen baglanyşdyrýarys. Mekdep barada ilkinji maglumatlar biziň eramyzdan öň 2,5 müň ýyl ozalky döwre degişli Gadymy Müsür ýazgylarynda agzalýar. Bu maglumatlardan ugur alynsa okatmak ilkiler ony guraýan adamlaryň esasy işi däl-de, kömekçi hyzmaty bolupdyr. Ýöne bilim-düşünjeleriň nesilden nesle geçirilişiniñ üznüksizligi belli bir derejede üpjün edilipdir.

Okatmak we terbiýe adamzat jemgyýeti bilen bilelikde döreýär. Jemgyýetde gazanylan durmuş, önümçilik, ruhy tejribäni kemeltmän, yzygider ösdürip, dowamata sepleşdirmek zerurlygy okadylyşyñ we tejribäniñ esasy ugrukdyryjylarydyr. Terbiýäni we okadylyşy adatça ýaşuly ýa-da has tejribeli adamlar amala aşyryp, ony özleriniň beýleki işleri bilen utgaşyklykda alyp barypdyr. Adamlaryň toplan bilim-düşünjeleriniň artmagy, maddy, ruhy önümçiligi üznüksiz ösdürmek zerurlygy bu ulgamyň işiň özbaşdak görnüşine öwrülmegine getiripdir.

Pedagogika - öz adyny Gadymy Gresiýada baý maşgalalarda çagalara berkidilen gullaryň hyzmatyna laýyklykda alypdyr. Bu gullara ata-eneler öz çagalaryna mekdebe gatnanlarynda hem-de gezelenç edenlerinde gözegçilik etmegi tabşyrypdyrlar. Gullar çaga ugradyjy, paýdos-çaga, ago-ýöretmek, alyp gitmek diýip atlandyrylypdyr. Soň-soňlar bu adalga ösýän nesliñ okadylyşy we terbiýesi bilen baglanyşykly bolanlaryň ählisine aýdylyp, täze döwürde bolsa ýörite ylma öwrülýär. Şu meselä taryhy nukdaýnazardan çemeleşende Oguz han eýýamynda mekdepler bolupdyr. Olara atalar, atabegler, atalyklar mekdebi diýlip at berilipdir we olarda dil, edebiýat, sözleýiş medeniýeti, taryh, geografiýa, tebigy ylymlar, filosofiýa, söweş we serkerdelik öwredilipdir. Bir söz bilen aýdylanda pedagogika- adamy terbiýelemek baradaky ylymdyr.

I.b) Pedagogika ylmyň özbaşdak pudagyna öwrülişi.Pedagogika ylmyň özbaşdak pudagyna öwrülişi F.Bekonyň XVII asyryň başynda Ylymlaryň mynasybeti we köpelişi hakynda diýen işiniň peýda bolmagy bilen baglanyşdyrylýar. Ol bu işinde ähli ylymlary görnüşlere bölüp, pedagogikany okamaklyga gollanma hökmünde görkezýär. Ýöne filosofiýadan bölünip aýrylmaklyk entek täze ylmyň esaslandyryldygy däldi. Ylym hökmünde pedagogika belli çeh akyldary, mugallymy we ýazyjysy Ýa.A.Komenskiniň ady belli Beýik didaktika (1632ý.) işiniň esaslandyrylmagy bilen meşhur bolup ugraýar. Bu kitapda çagalary okatmagyň nazaryýetiniň we amalyýetiniň esasy meseleleri esaslandyrylýar.

Ýa.A.Komenskiý ilkinji bolup ähliumumy okadylyş pikirini esaslandyryp, okadylyşyň baglanyşykly derejeleriniň ulgamyny döredýär. Bu ulgam enelik mekdebini (6 ýaşa çenli), ýönekeý (başlangyç) mekdebi (6-12 ýaş), gimnaziýany (12-18 ýaş) we akademiýany (18-24 ýaş) öz içine alýar. Öz amalyýet işinde ol synp-sapak ulgamyny ornaşdyryp, ony nazaryýet taýdan esaslandyrýar. Ýa.A.Komenskiý biziň günlerimize gelip ýeten didaktikanyň (okadylyşyň nazaryýetiniň) esasy düzgünlerini döredýär: aňly-düşünjelilik, aýdyňlyk, kem-kemlik, yzygiderlik, durnuklylyk we elýeterlik. Ol okuw kitabyna we mugallyma bildirilýän esasy talaplary esaslandyrýar.

Pedagogika täze eýýamda ylym hökmünde ösüşi şweýsar alymy I.T.Pestalossynyň (1746-1827), nemes pedagogy A.Disterwegiň işleri bilen baglanyşyklydyr. I.Pestalossi ösdüriji okadylyşyň nazaryýetini öňe sürýär. Onuň pikirini dowam etdiriji A.Disterweg pedagogika, matematika, tebigaty öwreniş, nemes dili we beýlekiler boýunça birnäçe işler, okuw kitaplaryny ýazýar.

XX asyrda meşhurlyk gazanan pedagog alymlaryň biri-de amerikan alymy, çaga wrajy B.Spokdyr. Onuň ilkinji orunda talap edijiligi ýa-da hoşgylawlylygy goýmaly mazmundaky goýan sowaly bütin dünýäde uly çekişme döredýär. Bu sowala berilýän jogaba laýyklykda pedagoglar iki topara bölünýär: a) terbiýäniň ynsanperwerlik usullaryny ileri tutýanlar we b) erke tabyn etmekligi terbiýäniň esasy usuly hasaplaýanlar. B.Spokyň Çaga we oňa seretmek, Eneler bilen gürrüň kitaplary uly meşhurlyk gazandy. Olarda sagdyn çagany terbiýelemegiň medisina jähtleri bilen bir hatarda täzeçil pedagogika nazaryýetleri öňe sürülýär.

Orsyýetde pedagogika ylmynyň esaslandyryjylary K.D.Uşinskiý, N.I.Pirogow, D.I.Mendeleýew we L.N.Tolstoý hasaplanylýar.

K.Uşinskiý orsyýetde halk mekdebiniň esasyny goýujydyr.Onuň Ene dili, Çaga dünýäsi kitaplary köp nesilleriň okuw kitabyna öwrüldi.

D.I. Mendeleýew ylym barada pikir ýöredende Her bir ylmy nazarýetiň iki sany esasy maksady bardyr öňdengörüjilik we peýdadyr. Pedagogika jemgyýetde ýüze çykýan terbiýelemek, okatmak we bilim bermek meselesini operatiw (çalt, tiz) çözmäge gönükdirilendir.

Gündogaryň beýik danalary Horezminiň, Farabynyň, Birunynyň, Ibn-Sinanyň, Omar-Haýýamyň, Azadynyñ beýik türkmen klassyk şahyrlary Magtymgulynyň, Mollanepesiň, Keminäniň, Seýdiniň we beýlekileriň pedagogika pikirleriniň ähliumumy adamzat gymmatlyklary we şol bir wagtyň özünde halkymyzda milli ruhy terbiýelemekdäki ähmiýeti çäksizdir. Beýik Magtymgulynyň kakasy Döwletmämmet Azadynyň pedagogika nazaryýeti ösdürmeklige gönükdirilen edebi döredijilik işi bilen bir hatarda hakyky mugallymçylyk bilen meşgul bolandygy mälimdir.

Türkmenistanyň kolonial orsyýetiň we sowet imperiýasynyň düzüminde bolan döwründe işlän Muhammetguly Atabaýew, Artykgül Tekinskaýa, Hojamyrat Baýlyýew, Maşan Hamzaýew, Pygam Azymow, Gurban Sopyýew, Tagan Berdiýew, Mäti Kösäýew, Abdylla Gurbanow, Baýmuhammet Garryýew, Mämmetdurdy Annagurdow, Gurban Pirliýew, Şamyrat Haljanow we beýlekileriň pedagogika ylmyna we amalyýetine goşandy ýatlanmaga mynasypdyr.

Türkmenistanda pedagogika ylmynyň hakyky ylmy mazmunda we milli ruhda ösüşi ýurt Garaşsyzlygy berkarar bolandan soňra ýola goýuldy. Häzirki Beýik Özgertmeler zamanynda Hormatly Prezidentimiz ylym-bilimi ösdürmekde yzygiderli işleri durmuşa geçirýär.

Pedagogikanyň dersini uzak wagtyň dowamynda ýaş nesli terbiýelemek we okatmak, ony geljekki durmuşa taýýarlamak häsiýetde kesgitlenýär. Häzirki döwürde pedagogikanyň dersi adamy ähli ýaş döwürlerinde terbiýelemek we okatmak häsiýetde kesgitlenýär. Pedagogika esasy meselelerine şahsyýetiň ösüşiniň we kemala getirilişiniň mazmunyny we kanunalaýyklyklaryny öwrenmek, terbiýäniň maksatlaryny kesgitlemek, terbiýäniň mazmunyny işläp düzmek, terbiýäniň usullaryny derňemek degişlidir.

Pedagogika ylym hökmünde esasy jemleýji düşünjesi şahsyýetiň häsiýetleriniň ulgamyny kesgitlemäge gönükdirilen iş mazmunda hereketlenýän terbiýedir. Terbiýe bilim beriş, okadylyş we terbiýelenýäniň iş-durmuşyny maksadalaýyk guramak arkaly amala aşyrylýar. Terbiýe haçan-da öz-özüňi terbiýelemeklige sepleşende özüniň hakyky manysyny alýar.

I.ç) Pedagogika aňly, düşünjeli, maksada gönükdirilen hadysa bolup öz içine şu aşakdaky düşünjeleri alýar:

1. TERBIÝE - ýaş nesli özbaşdak durmuşa taýýarlamak, ýaşuly nesliň durmuş tejribesini öwretmek we mekdep okuwçylarynyň töwerekleýin ösmegini gazanmak, adamy kämilleşdirmek bilen ýörite gurnalan, maksada gönükdirilen işdir. Terbiýe taryhy häsiýete eýedir. Tebiýe pedagogikada 2 ugra bölünýär.

a. Terbiýe giň we sosial manyda durmuş hadysalarynyň kemala gelýän şahsyýete töwerekleýin täsir etmegine aýdylýar. Meselem, ruhy mirasymyzy öwrenmek.

b. Terbiýe dar, konkret manyda maksada gönükdirilip şol ugurdan bilimli, sowatly hünärmenleriň, öňde maksat goýup geçirýän işine aýdylýar.

2.BILIM BERMEK ýaş nesle ylym bilimiň esaslaryny öwretmek göz öňüne tutulýar. Bilim bermeklik häsiýet taýdan 2 ugra bölünýär: a. Umumy bilim- tebigat, jemgyýet, adam hakyndaky ylym-bilimleri öwrenmekdir. b. Ýörite bilim- haýsy-da bolsa takyk hünär bilen baglanyşyklydyr.

Bilim bermeklik möçberi taýdan şu aşakdakylara bölünýär:

1. Başlangyç. 2. Orta bilim 3. Ýörite orta 4. Ýokary bilim.

Bilim bermek: 1.Endikleri.2.Başarnyklary.3.Bilimleriň esaslaryny öwredỳär. Bilimiň üsti bilen-okadylỳar, okadylan maglumatlar dikeldilỳär umumy ösüş üpjün edilỳär.

Bilim 2 bölekden durup: Okatmakdan we okamakdan ybaratdyr.

3. OKATMAK mugallym bilen okuwçynyň bilelikde alyp barýan işi bolup, ylym-bilimleriň esaslaryny öwrenmek, dünýägaraýşyny kämilleşdirmek, endiklerini, başarnyklaryny ösdürmekden ybaratdyr.

Bilim okatmagyň netijesi bolup, bu tejribede barlanan, adamyň aňynda dogry özleşdirilýän maglumatlardyr. Başarnyk -alnan bilimleri ulanyp bilmäge taýýarlyk, olaryň herekete getirilmegidir. Endik -başarnyklaryň köp ulanylyp, gaýtalanylyp kämilleşmegidir. Öwrendik -özleşdirilen bilimleriň, başarnyklaryň, endikleriň durmuşda ulanylmagydyr.

Okatmak pedagogikada 2 ugra bölünýär:

a. Indiwidual b. Toparlaýyn

Okatmagyň netijesinde 3 sany mesele çözülýär: 1. Akyl taýdan kämillik. 2. Jemgyýetiň kesgitlän wagtynda okatmak. 3. Alnan bilimleriň durnuklylygyny üpjün etmek.

Okatmak (rus edebiýatlarynda) - jemgyýetçilik- taryhy tejribäni maksada gönükdirilen häsiýetde ösýän nesile geçirmek, bilim, başarnyk, endikleriň kemala getirilişini guramakdyr. Adatça okadylyşy mugallymyň sapak okatmagy manyda düşünýärler. Okadylyş bu diňe mugallymyň okaýana berýäni däldir.Okadylyş bu okaýanyň tutuş okuw jaýy, jemgyýet, mugallymlar, okaýanlar bilen özara täsirinde alýanydyr.

4. Öz-özüňi terbiýelemek öz-özüňi derňemek, öz-özüňi bahalandyrmak, öz-özüňe hasabat bermek we öz-özüňe gözegçilik etmek.

5. Öz-özüňe bilim bermek durmuşyň talabyna laýyklykda bilim düşünjesini kämilleşdirmek bilen baglanyşyklydyr.

Jemläp aýtsak pedagogik düşünjeleriň yzygiderligi:- okatmak-bilim-terbiýe-ösüş-kämilleşmek ýola goýulmalydyr.





:


: 2018-11-11; !; : 852 |


:

:

,
==> ...

1975 - | 1733 -


© 2015-2024 lektsii.org - -

: 0.02 .