Okatmak- jemgyýetçilik- taryhy tejribäni maksada gönükdirilen häsiýetde ösýän nesile geçirmek, bilim, başarnyk, endikleriň kemala getirilişini guramakdyr. Adatça okadylyşy mugallymyň sapak okatmagy manyda düşünýärler. Okatmak bu diňe mugallymyň okaýana berýäni däldir. Okatmak bu okaýanyň tutuş okuw jaýy, jemgyýet, mugallymlar, okaýanlar bilen özara täsirinde alýanydyr.
Eýsem sapak bermek okatmakdan näme bilen tapawutlanýar? Sapak bermek esasy ünsi okuw tutumynyň giriş bölümine - talyba näme berilýändigine, ýagny, okuw tutumynyň mazmunyna (bilimlere, başarnyklara, endiklere) gönükdirýär. Okatmak bolsa esasy ünsi onuň çykyş bölegine – talybyň näme alandygyna gönükdirýär. Üstesine-de talybyň näme alandygy, özleşdirendigi onuň mazmuny ýa-da höwesi nukdaýdan däl-de, okatmagyň şahsyýetiň häzirki we geljekki işi üçin ähmiýeti jähtden bahalandyrylýar.
Sapaklary rus alymy I.N.Kazansew 2 ugra bölýär: 1.Mazmuny boýunça-M. Matematika sapaklary-arifmetika, algebra, geometriýa, trinogeometriýa. 2.Geçiriliş usuly boýunça-M. Amaly, ekskursiýa, tejribe, özbaşdak we beý.
Sapaklar ýerine ýetirilýän işiň logiki yzygiderligi we akyl ýetiriş taýdan: 1.Giriş sapagy. 2.Täze bilimleri özleşdirmek.
Okuwçylaryň bilesigeljiliginiň derejeleri: 1.I dereje-okuwçynyň tanamak, aýyl-saýyl etmäge bolan mümkinçiligi. Umumy düşünje bermekden ybaratdyr. II dereje-reproduktiw- maglumatlary özleşdirmek, seljermek amala aşyrylýar. III dereje-doly derejeli bilimleri ele almak-özleşdirilen maglumatlary mesele çözmekde ýerlikli peýdalanyp bilmekdir. IV dereje- transformasiýa (geçirmek)-ele alan bilimleriniň, başarnyklarynyň we endikleriniň esasynda dürli derejeli meseleleri çözüp bilýär.
Sapak bermekde bilimler okuw dersleri (aýry-aýry ýumuşlar, taglymatlar) arkaly kesgitlenýär. Okadylyşda bolsa bilimler, meseleler, anyk hereketlenýän tutumlar arkaly kesgitlenýär.
Sapagyň berlişi mugallymyň hadysalara we tutumlara garaýşyny şöhlelendirip, okadylyş bolsa okaýanyň nazaryýetini şöhlelendirýär. Mugallymyň garaýşy hemişe giň we çuň bolup, bu bilermen eminiň-ekspertiň garaýşydyr. Ol hemişe diýen ýaly dersiň logikasyna-mantygyna tabyndyr. Okaýanyň garaýşyna belli bir derejede ähmiýete ymtylyş, böleklilik mahsusdyr. Mugallymyň garaýşy esasan umumylykdan ýekelige (deduktiw), talybyňky bolsa-ýekelikden umumylyga (induktiw) ugrukýan häsiýetdedir. Mugallym bilýänini öwredýär. Talyp özüniň entek bilmeýän we başarmaýan zadyny öwrenýär.
Sapak beriş we okadylyş bir-birinden höwesleriniň gönükdirilmesi boýunça tapawutlanýan täsirler toparynyň astynda bolýar. Sapak beriş üçin bu beýleki mugallymlaryň we mekdep administrasiýasynyň täsiri bolýan bolsa, okadylyşa degişlilikde bu hem talyplar, hem uçurymlar we iş berýänler, şeýle hem okuw tutumynyň netijeliligi bilen gyzyklanýan köp sanly beýleki toparlardyr. Hut şonuň üçin ÝOM-niň öňde baryjy mugallymlary okuw girizmek, talybyň ünsüni diňe dogry jogaby agtarmaklyga gönükdirilmekden ony meseläni çözmek başarnygyny ösdürmekliklige gönükdirmek we beýlekiler. Bu babatda Itas toplumlaýyn we has netijeli okadylyş usuly hereketli okadylyş bolup, onda durmuşy ýumuşlar; durmuşy şertlerde ýa-da oňa golaýlaşdyrylan nusgalarda çözülýär. Mekdeplerde sapakdan başga: l.Ekskursiýa (gezelenç) sapagy 3 döwürden durýar-guramaçylyk-geçirilýän döwri-jemleýji döw.
Görnüşleri: -tebigata, muzeýlere, taryhy-medeni ojaklara, edebiýat-önümçilige. 2.Fakultatiw okuwlar (1966-67ý) 3.Seminar okuwlary 4.Praktiki okuwlar. 5.Önümçilik-tejribeligi (UPK). 6.Umumy okuw (leksiýa). 7.Konsultasiýa. 8.Tegelek stol. 9.Referat taýýarlamak. 10.Ýyllyk we diplom işleri we beýlekiler.
Edebiýat:
Esasy edebiýat:
1.Saparmyrat Türkmenbaşy. Ruhnama. A., 2001.
2.Gurbanguly Berdimuhamedow. "Türkmenistanda saglygy goraýyşy ösdürmegiň ylmy esaslary". A., 2007.
3."Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedow. Gysgaça terjimehal". A., "Ylym" neşirýaty. 2007.
4.Gurbanguly Berdimuhamedow. "Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr". A., 2007.
5.Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmenistan-sagdynlygyň we ruhybelentligiň ýurdy. A., 2007.
6.Täze Galkynyş eýýamy: wakalaryň senenamasy-2007-nji ýyl. A.,2008.
7.Андреева Г.М. Социальная психология. - Москва,1994.
8.Басаров Б. Гысга психологик сöзлüк. Ашгабат, 1993.
9.Басаров Б. ве бейл. Умумы психология. - Чаржев. 1993.
10.Ю.Безрукова В.С. Педагогика: Учебное пособие. -Екатеринбург: Деловая книга, 1996.
11.П.Блонский П.П. Избранные психологические произведения. Москва, 1964.
12.Выготский Л.С. Собр. соч.: В 6 т. - Т 1. - Москва, Педагогика, 1982.
13.Гиппенрейтер Ю. Б. Введение в общую психологию. Москва, 1996.
14.Леонтьев А.Н. Избранные психологические произведения, в 2 т. Москва,.1983.
15.Лихачев Б.Т. Педагогика. Курс лекций - Москва: Прометей, 1996.
16.Лурия А.Р. Мозг человека и психические процессы, в 2 ч. Москва, 1970.
17.Немов Р.С. Психология: Учебник. - Т.1. Москва, 1995.
18.Павлов И.П. Поли. собр. соч., 2-ое изд. -Т 3. -кн. 1,2. - Москва-Ленинград, 1951.
19.Петровский А.В. Введение в психологию. -Москва, 1995.
20.Петровский А.В., Ярошевский М. Г. История психологии. Москва,1994.
21.Пирлиев Г. Этнопедагогика ве хазирки заман тербиеси. Ашгабат, 1995.
22.Психология и педагогика, /сост. и отв. ред. А.А.Радугин. Москва:Центр.1996.
23.Психология: Словарь / под.ред. А.В. Петровского/. М.1990.
24.Рогов Е.И. Общая психология: Курс лекций. - Москва:
Владос.1995. 25.Рубинштейн С. Л. Проблемы общей психологии. Москва, 1973.
25.Сеченов И.М. Избранные философские и психологические произведения. - Москва, 1947.
26.Халжанов Ш. Гарашсызлык педагогикасы. - Ашгабат, 1995. 27.Харламов И.Ф. Педагогика: Учебное пособие. - М. 1990.
Goşmaça edebiýat:
1. Басаров Б. Проблемы психологии устойчивости личности. Ашгабат, 1981.
2. Басаров Б. Психология деятельностной и ценностной опосредствованности жизнедеятельности коллектива. Ашгабат, 1990.
3. Гальперин П. Я. ВВедение в психологию. Москва, 1976.
4. Гинецинский В. И. Предмет психологии: дидактический аспект. Т. -Москва, 1994.
5. Годфруа Ж. Что такое психология. - Т. 1. - Москва,: Высшая школа, 1992.
6. Леонтьев А.Н. Проблемы развития психики.-Москва, 1981.
7. Лурия А.Р. Эволюционное введение в психологию: курс лекций-Москва, 1988.
8. Ольшанский В.Б. Практическая психология для учителей. -Москва, 1994.
9. Слободчиков В. П., Исаев Е.И. Основы психологической антропологии. Психология человека: введение в психологию субъективности: Учебное пособие. -Москва, школа -Пресс, 1995.
10.Ю.Фрейд А. Психология и защитные механизмы. Перевод с анг. -Москва,: Педагогика, 1993.
11.Воспитание детей в семье. - Москва,: Педагогика, 1990.
12.3емска М. Семья и личность. Перевод с полек. -Москва: Прогресс,1986.
13.Левитан К.М. Основы педагогической деонтологии. –М.: 1994.
14.Лесгафт П. Ф. Семейное воспитание ребёнка и его значение.-Москва: Педагогика, 1991.
15.Педагогика /под ред. Г.Нойнера, Ю.К.Бабанского.-Москва, Педагогика, 1984.
16.Подласый И. П. Педагогика: Учебное пособие.-Москва: Просвещение,1996.
17.Проблемы прфессиональной подготовки учителя: Сборник-Москва, Педагогика, 1992.
18.Смирнов С.Д. Педагогика и психология высшего образования: от деятельности к личности: Учебное пособие.М.1995.