Okadylyş tutumynyň ösdüriji hyzmaty özleşdirilýän bilim düşünjeleriň diňe möçber taýdan däl-de, hil taýdan baýlaşmaklygyny, bilimlerden täze düşünjeler gazanmak mümkinçiligini aňladýar. Okadylyşyň bu häsiýeti häzirki zaman psihologiýanamasynyň we kemalyýetiniň ýiti we çekişmeli meseleriniň biri bolan okatmagyň we ösüşiň özara gatnaşygy meselesi bilen baglanyşýar.
Belli psiholog L.S.Wygotskiniň kesgitlän kanunalaýyklykda okadylyş okuwçynyň psihologik ösüşiniň yzynda süýrenmeli däl-de, ony öz yzyna eýertmelidir. Bu kanunalaýyklyk esasy maksady şahsyýeti ösdürmek bolup durýan birnäçe ýörite tilsimatlarda-tehnologiýalarda üstünlikli amala aşyrylýar.Okadylyş tutumy terbiýeçilik häsiýetini hem özünde jemläp, ol daşky şertleriň täsirinde (maşgala, ýakyn gurşaw) köp mazmunlylyga eýe bolmak bilen, terbiýe işini has-da çylşyrymlaşdyrýar. Okadylyş amalyýetinde bu üç tutum - okatmak, ösüş we terbiýe aýrylmaz baglanyşykly bolup, olaryň biri beýlekisiniň dowamydyr.
II.Okatmagyň düzüm bölekleri: 1.Maksadalaýyklygy (selowoý). 2.Mazmun aýratynlygy. 3.Barlag-kadalaşdyryş bölegi. 4.Höweslendiriş düzümi. 5.Bahalandyryş we netije çykaryş düzümi. Esasy maksat-okuwçylary belli bir maksada gönükdirmekden, olara ylmyň täze açyşlary bilen içgin tanyşdyrmakdan, bilimleri ele almagyň özboluşly ýollaryny öwretmekden, nazary bilimlerden amaly işlere geçmekden we bilim-başarnyklary bahalandyrmakdan ybaratdyr.
III.Okuwçylaryň okuw-bilesigelijilik (uçebno-poznowatelnyý) işiniň esaslary. Okuw işi guralanda psihologik kanunalaýyklyklardan ýerlikli peýdalanmaly: 1.Kabul ediş-okadylýan dersiň many-mazmuny taýdan özleşdirmek. 2.Ýatda saklamak, galdyrmak, berkitmek, zerur bolan wagtynda ýatda dikeltmek. 3.Alynan bilimleri ýerlikli peýdalanyp bilmek. 4. Yzygiderli bilimleri, başarnyklary, endikleri kämileşdirmek. Ýokarda goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin, "Pedagogik psihologiýany" gowy bilmeli, okuw-terbiýeçilik işlerini guramagyň ýollaryny aýdyň kesgitlemeli. Her bir ders boýunça işlenilip düzülýän okuw maksatnamasy, okuw meýilnamasy, okuw kitaplary, okuw gollanmalary pedagogik-psihologiýanyň esasynda düzülmeli.
Okuw tutumu hakynda düşünje. Bilim berşiň öňde baryjy tehnologiýasyny amala aşyrmak mugallym bilen okaýanyň bilelikdäki işiniň maksadyny we gymmatlyklaryny, olaryň akyl ýetiriş tutumy bilen aralaşdyrylan aragatnaşygyny düýpli derňemegi talap edýär. Dürli ýumuşlaryň we meseleleriň gündelik çözlüşini üznüksiz aragatnaşyk hökmünde göz öňüne getirmek mümkin. Käbir psihologlar aragatnaşygy söz üsti we söz üsti däl özara täsirleriň esasynda şahsyýetara gatnaşyklaryň ösdürilýän we berkidilýän tutumy görnüşinde kesgitleýärler. Bu gatnaşyklar ulgamlaýyn häsiýetde bolup, durmuş gurşawyna we medeniýete baglylykda ösüp, ýekebara-indiwidual we bilelikdäki iş tutumynda ýüze çykýar.
Okaýanyň ösüşiniň bitewi işjeňlik ulgamy mazmunda düşünilýändigi mynasybetli aragatnaşygyň her bir täze ýagdaýy özünden öňküden tapawutly bolup, täze maglumatlar döretmek arkaly akyl ýetirişi täze derejä götermelidir. Aragatnaşygyň pursatlaýyn we durnukly yzygider görnüşleri bolup, olaryň hereketlenişi pedagogiki ýagdaýa laýyklykda özboluşlydyr. Pedagogik ýagdaý aragatnaşyk hökmünde habar beriji (mugallym), onuň söz üsti ýa-da söz üsti däl sözleýşi, kabul ediji (okaýan) we yza dolanýan baglanyşyk (okaýanyň mugallymyň aýdýanlaryna düşünişi boýunça alynýan maglumatlar) ýaly düzüjileri özünde jemleýär.
Pursatlaýyn aragatnaşygyň maksady okaýanyň höwesini üpjün etmek bolup, onuň gazanylyşynyň çaltlygy okuw ýagdaýynyň ähli taraplarynyň özara täsirine baglydyr.
Pedagogik iş pursatlaýyn häsiýetdedir. Gündelik işde mugallym ol ýa-da beýleki terbiýe çäresiniň gidişinde näme boljakdygyny hemişe çaklap bilmeýär. Ýöne ol aragatnaşyk ýagdaýyny meýilnamalaşdyryp, aragatnaşygyň usullaryny saýlap, pursatlaýyn gatnaşyklary göz öňünde tutmalydyr. Bu oňa aragatnaşykda dartgynly ýagdaý döräýende oňa bada-bat jogap bermäge kömek edýär. Pedagogikada pursatlaýyn gatnaşyklaryň durmuş-at-abraý, arkalaşyk, orunly, duýgy-ahlak, döredijilikli özara täsir, dialogik, meseleleýin ýaly dürli görnüşleri bardyr. Ýöne olaryň ählisi şahsyýetleriň özara täsiri netijesinde wagt ýetmezçiliginde ýüze çykýar. Bu bolsa öz gezeginde aragatnaşygyň maksadyna täsir edýär. Mundan başga-da kemalyýet ýagdaýa mugallymyň şahsyýeti, öňden dörän gatnaşyklar güýçli täsir edýär
IV. Tehniki serişdeler: 1.Audio (ses) ýazgylary (magnitofon, radio); 2.Wideo (şekil) diafilm, wideofilmler; 3.Elektron hasaplaýyş maşynlary. Köpçülikleýin we özbaşdak ulanyp bolýar.