.


:




:

































 

 

 

 


Okatmagyň usullary we tärleri hakynda.




Ýokarda agzalan okadylyşyň düzgünleriniň hakyky amalyýetde amala aşyrylyşy okatmagyň usullary bilen baglanyşyklydyr. Alym-mugallymlar okadylyş tutumyny synlap, okadýanyň we okaýanyň işiniň iňňän köpdürlüligine üns berýärler. Bu işleriň görnüşini okatmagyň usullary diýip atlandyrýarlar. "Usul" adalgasy grekçeden "methodos" - hakykata golaýlaşmagyň ýoly, usuly diýmekdir. Pedagogik amalyýetinde usul okuw-terbiýeçilik maksatlaryna ýetmekligiň kadalaşdyrylan tärleri mazmunda kesgitlenýär. Gadymyýetden bäri öýkünmeklige esaslanan okadylyş usullary agdyklyk edipdir. Mekdebiň esaslandyrylmagy bilen söz üsti usullar ýüze çykyp, ol orta asyrlarda aýgytlaýjy orna eýe bolýar. Söz maglumaty esasy göteriji, kitap boýunça okatmak bolsa bilim berşiň esasy wezipesi hasaplanýardy.

Beýik açyşlaryň we oýlap tapylyşlaryň eýýamynda bilimi amalyýetde peýdalanmaga mümkinçilik berýän aýdyň-görkezme usullary ösüşe eýe bolýar. XIX-XX asyrlaryň çatrygynda "işiň üsti bilen okatmak" atlandyrylýan taglymat uly gyzyklanma döretdi. Onuň tarapdarlary okadylyşyň amaly usullaryny ulanýardy.

Mugallym okadylyşy guramagyň okuw beýanet, tejribelikler, gezelenç, işewür oýunlar, sosial-psihologiýa türgenleşik ýaly dürli görnüşlerini ulanyp bilýär. Islendik usulyň ähliumumy däldigi sebäpli, olaryň diňe toplumlaýyn ulanylyşy garaşylýan netijäni berip biler. Dürli alymlaryň usullary bölümlere bölmegiň dürli şert-esasyny ulanmaga olaryň dürli görnüşlerini döredýär.

Okatmagy bilimleri özleşdirmegiň çeşmesi boýunça bölümlere bölmek has giň ýaýrandyr. Oňa laýyklykda: söz üsti usullar (çeşmesi -sesli ýa-da ýazmaça söz); aýdyň-görkezme usullary (çeşmesi synlanylýan zatlar, hadysalar, aýdyň gollanmalar); amaly usullar.

Okatmagyň usullary we tärleriniň toparlara bölünişi. Belli bir döwürde söz üsti usullar bilim bermegiň ýeke-täk diýen ýaly usulydy. Hertaraplaýyn ösüşiň tarapdary bolan pedagoglar (Ýa.Kominskiý we beýl.) bu tutumyň birtaraplaýynlygyny görkezip, üstüniň beýleki usullar bilen ýetirilmek zerurlygyny nygtap-çykyş etdiler. Häzirki wagtda söz üsti usuly köplenç könelişen, "işjeň däl" hasaplaýarlar. Ýöne onuň mümkinçiligine obýektiw baha berilmelidir. Söz üsti usullar örän gysga wagtyň dowamynda uly göwrümdäki maglumaty okaýana geçirip, onuň öňünde meseleler goýup, olaryň çözlüş usullaryny salgy bermäge mümkinçilik berýär. Söz hyýaly, ýady we duýgyny işjeňleşdirýär.

Söz üsti usullara beýanet-umumy okuw, gürrüň bermek, söhbet, çekişme, kitap bilen işlemek degişlidir. ÝOM-de kitap we okuw gollanmalary bilen işlemek okadylyşyň möhüm usulydyr. Çap edilen çeşmeler bilen özbaşdak işlemegiň birnäçe tärleri bardyr. Olaryň arasynda: ýazga geçirmek-konspekt, okalany gysga ýazmaça beýan etmek; tekstiň meýilnamasyny düzmek; nutuklaşdyrmak-okalanyň esasy pikirlerini gysga beýan etmek, çykgytlar almak, tekstden gös-göni bölekler almak; annotirlemek-jemlemek-okalany onuň düýpli manysyny ýitirmezden gysgaça beýan etmek; syn ýazmak-okalana öz garaýyş-gatnaşygyňy gysga aňlatmak; resmi-mantyk (logiki) nusga döretmek-okalany söz-ülňüleýin şekillendirmek; mowzuglaýyn tezaurusy-mowzug boýunça özeni jemleýji düşünjeleriň kadalaşdyrylan toplumyny döretmek: aňyýetleriň matrisasyny-dürli awtorlaryň işlerindäki birmeňzeş zatlaryň we hadysalaryň deňeşdirme häsiýetnamasyny döretmek tapawutlandyrylýar.

Söz üsti usullar bilen baglanyşyklykda aýdyň-görkeziş usullary ulanylyp, olar hem öz gezeginde aýdyňlaşdyrma-illýustraslyga (aýdyň-görkeziş gollanmalary görkezmek) we demonstratiw (enjamlar, tejribeler, tehniki abzallar, kinofilmler) görnüşlere bölünýär.

Täze tehniki serişdeleriň ornaşdyrylmagy (telewideniýe, wideomagnitofon, kompýuter) aýdyň-görkezme usullarynyň mümkinçiligini giňeldýär.

Ouml;zbaşdaklyk derejesi boýunça aşakdaky gönükmeler tapawutlandyrylýar: a)gaýtadan dikeldiji (özleşdirileni berkitmek üçin); b)türgenleşdiriji (bilimleri täze şertlerde ulanmak maksady bilen).

Bu topardaky usullaryň esasy maksady amaly hereketleriň esasynda maglumatlar almakdyr. Käbir alymlar bu topara didaktiki oýunlar usulyny-da goşýarlar. Olaryň esasy düzüjilerine: okuw işiniň nusgalaşdyrylýan obýekti; oýna gatnaşyjylaryň bilelikdäki işi; oýnuň düzgünleri; üýtgeýän şertlerde netijä gelmek; ulanylýan çözlüşiň netijeliligi degişlidir. Oýnuň tehnologiýasy-bu meseleleýin okatmagyň tehnologiýasydyr. Onda maglumat daşdan gelip gowuşmaýanlygy üçin akyl ýetiriş işi öz-özi hereketlenýän, işiň hut öz içki önümi bolup durýar. Alnan maglumat täzesini döredip, bu üznüksiz hereket tä ahyrky netijä alynýança dowam edýär.

Okuw tutumyna bitewilikde çemeleşmek nazaryýeti esasynda onuň usullarynyň üç topary ýüze çykarylýar:

1.Okuw-akyl ýetiriş işiniň guralyş we amala aşyrylyş usullary: söz üsti, aýdyň-görkezme we amaly; böleklikden umumylyga-induktiw we umumylykdan böleklige-deduktiw; gaýtadan dikeldiji-reproduktiw we mesele-agtaryş, hem-de özbaşdak iş usullary;

2.Höweslendiriji we meýillendiriji usullar: okamaga höwes, okaýyşda borç we jogapkärçilik duýgusy;

3.Gözegçilik we öz-özüňe gözegçilik usullary: sesli, ýazuw we tejribehana laboratoriýa-tejribelikleri.

Okadylyşyň usullarynyň bölümlere bölünişiň beýleki görnüşleri-de bardyr. Olaryň ählisi işjeň däl bilim-düşünjeleri işjeňlige öwürmeklige, täze bilimleriň özleşdirilmegine we amalyýetde ulanylmagyna ýardam etmeklige niýetlenendir.





:


: 2018-11-11; !; : 467 |


:

:

, , .
==> ...

1542 - | 1224 -


© 2015-2024 lektsii.org - -

: 0.014 .