Лекции.Орг


Поиск:




Tema 17. Okatmagyñ usullary we görnüşleri.




Meýilnama:

Okatmagyň usullary hakynda.

Okatmagyň esasy düzgünleri we özara baglanyşygy.

Okatmagyň usullaryny topara bölmeklige dürliçe çemeleşmek.

Bilimiň mazmuny we ony kesgitleýän resmi iş resminamalary.

Okatmagyň görnüşleriniñ taryhy taýdan ösüşi.

I. Usul – grek dilinden terjime edilende ýol, bile taglymaty öwrenmegiň ýoly diýmekdir. Okatmagyň usullary-mugallym bilen okuwçynyň öňde goýlan maksada ýetmek üçin alyp barýan işiniň saýlap alan ýoludyr. Mugallym-adamzadyň gazanan tejribesi bilen okuwçynyň aňynyň arasynda arabaglanyşygy ýola goýýar. Okuwçy entäk ol bilimleri, ylmy açyşlary kem-kemden özleşdirmelidir. Okuw işini guramagyň esasy düzüm bölegi okatmagyň usullarydyr.

Okuw işini üstünlikli alyp barmak üçin onuň serişdelerinden ýerlikli peýdalanmaly: Okatmagyň serişdeleri 3 topara bölünýär: 1.Tebigy serişdeler (ösümlik, haýwanat, ösümlik dünýäsi.); 2.Tehniki serişdeler (ses,şekil); 3.Şertli belgiler ulanylýan serişde (suratlar, çyzgy, karta, albom we ş.m.).

II.Okatmagyň düzgünleri: l.Okatmagyň terbiýeçilik düzgüni. 2.Ylmylygy. 3.Nazaryýet bilen amalyýetiň arabaglanyşygy. 4.Aňly düşünjeli we işjeň özleşdirmek. 5.Yzygiderliligi we güýçýetçilligi 6.Görkezme esbaplar arkaly okat. 7.Elýeterliligi. 8.Okuwçylaryň özboluşly aýratynlyklaryny göz öňünde tutmak we toparlaýyn okuw. 9.Durmuş bilen arabaglanyşygy.

Okatmagyň düzgünleri hakynda düşünje. Okadylyşda goýulýan maksat we wezipeleri anyk netijä öwürmek meselesi ähli döwürleriň pedagoglarynyň üns merkezinde bolan meseledir. Özüniň gözbaşy düzgünleriniň entek doly kadalaşdyrylmanlygy sebäpli bu mesele gutarnykly çözlen däldir.

Okatmagyň düzgünleri-işiň kadasy, amalyýetiň dolandyryjysy görnüşde aňladylan okadylyşyň manysy, mazmuny, gurluşy, onuň kanunlary we kanunalaýyklygy dogrusyndaky düşünjelerdir. Olar okadylyşyň geçiş tutumyny dolandyrýan çendan umumy häsiýetdäki görkezmeler, düzgünler kadalardyr. Häzirki zaman didaktikasynda klassyky, öňden mälim, şeýle hem ylmyň we amalyýetiň ösüşinde peýda bolan düzgünler ulgamy bardyr.

Pedagogikada okatmagyň düzgünleriniň aşakdaky sanawy giňden ýaýrandyr.

Okadylyşyň ösdüriji we terbiýeleýji häsiýetli düzgüni okadylýanyň şahsyýetiniň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine gönükdirilendir.

Okuw tutumynyň mazmunynyň we usullarynyň ylmylyk düzgüni häzirki zaman ylmy düşünjeleriň we jemgyýeti demokratiki esasda guramak amalyýetiniň özara baglanyşygyny şöhlelendirýär. Ylmyň, medeniýetiň we iş tejribäniň gazananlarynyň özleşdirilmeginiň ulgamlaýynlyk we yzygiderlik düzgüni okaýanyň okuw işine, nazary düşünjelerine we amaly başarnyklaryna ulgamlaýyn häsiýet berýär.

Okatmagyň düzgünleriniň toparlara bölünişi. Mugallymyň ýolbaşçylygynda okadylýanlaryň aň-düşünjeliligi, döredijilikli işjeňligi we özbaşdaklygy düzgüni. Toplumlaýyn çemeleşmekligiň ýüze çykyşy hökmünde aýdyňlygyň, takyklygyň we sowatlygyň (abstraktlyk), pähimliligiň we duýgulylygyň, gaýtadan dikeldijiligiň we döredijilikliligiň birligi düzgüni.

Elýeterlik düzgüni okadylýanyň ýumuşlaryň kynçylygyndan akyl, ahlak we fiziki howatyrlygyny aradan aýyrmak üçin ösüşde, seljerişde onuň anyk mümkinçiliklerini nazara almaklygy talap edýär. Baryp Ýa.Komenskiý bu düzgüniň öwredilişde okuwça iň golaý, tanyş zatlardan alysrak zatlara geçmek, ýeňilden kyna, belliden näbellä geçmek ýaly kadalaryny kesgitläpdi.

Ýumuşlaryň kynçylygy ýokarlandyrylan derejede okatmak düzgüni, okuwçyny onuň ösüşiniň golaý zolagynda, başarnygynyň diňe bir göze ilýänini däl-de, içki mümkinçilik jähtini-de nazara alyp okatmaklyga gönükdirilendir.

Okatmagyň netijesiniň durnuklylygy we şahsyýetiň akyl ýetiriş güýçlerini ösdürmek düzgüni bilimleriň ýada ornaşdyrylyşynyň berkligini gazanmaklyga niýetlenendir. Pedagogikanyň görkezişine görä ýada ornaşdyrmak we gaýtadan dikeltmek diňe derse däl-de, oňa bolan gatnaşyga hem baglydyr. Şonuň üçin durnukly özleşdiriş okuwçyda öwrenilýän derse-materiala oňyn gatnaşygyň, höwesiň kemala getirilmegini talap edýär.

Okadylyşyň durmuş, demokratik, adalat jemgyýetini gurmagyň amalyýeti bilen özara baglanyşygy düzgüni. Bu bilim, başarnyklaryň diňe aňyýet-pikir derejesinde galdyrylman, olary jemgyýet ähmiýetli amalyýete ornaşdyrmaklyga gönükdirilendir.

Okuw işiniň toparlaýyn we özbaşdak görnüş we usullaryny netijeli utgaşdyrmak düzgüni. Bu düzgün okadylyşyň adaty we toparlaýyn usullarynyň netijeli baglanyşdyrylmagyna niýetlenendir. Okatmakda aýry-aýry düzgünlerden däl-de, olaryň ulgamyndan peýdalanmak, onuň maksadyny ylmy esaslandyrmak, belli bir ders-materiallary, okuwçynyň işiniň netijeli usuldyr, serişdelerini seçmek we okadylyşa maksadalaýyk şertleri döretmek ýaly ugrukmalar aýgytlaýjy bolmalydyr.

III.Ş.Haljanow: 1.Bilimi dilden beýan ediş usullary (-Gürrüň,   -beýan etmek, -umumy okuw). 2.Görkezme esbaplar arkaly okatmak. 3.Okatmagyň praktiki işler bilen baglanyşykly usullary (-Tejribe geçirmek, -labarator usul). 4.Okatmagyň differensial we problemalaýyn häsiýeti.

Has aýdyň görünýän 4 sany usul bardyr: 1.Tejribe esbap. 2.Söz üsti. 3.Kitap bilen işlemek. 4.Wideo usul.

Beýleki edebiýatlarda: 1.Informasion-reproduiktiw (düşündiriş-görkeziş-habar beriş-resseptiw, kabul ediş) (mugallymyň berýän maglumatlarynyň esasynda); 2.Reproduktiw (görkezmek) - aňynda täzeden dikeltmek; 3.Mesele goýup okatmak-Problemnyý (meseleleýin beýan etmek); 4.Çastiçno-poiskowyý-bölekleýin gözleg usuly (praktiki okuw); 5.Issledowatilskiý (ewristiki)-gözleg, açyş. 6.Differensirlemek okuw. 7.Programirleme-meýilleşdirilen.

IV. Bilimiň mazmuny: özünde 4 elementi birleşdirýär: l.Tebigat hakyndaky bilimler; 2.Jemgyýet; 3.Ylmyň we tehnikanyň ösüşi 4.Okuwçylaryň başarnyklarynyň,endikleriniň kämilleşmegi.

Bilimiň mazmunyny kesgitleýän resmi iş kagyzlary: 1.Okuw maksatnamasy (dersiň ady, berilýän sagat, jemleme); 2.Okuw meýilnamasy (dersiň ady, her mowzugyň mazmuny, berilýän wagty, edebiýatlar); 3.Okuw kitaplary, okuw meýilnamasynyň esasynda döredilip her bir mowzugyň doly mazmunyny açyp görkezýär (gönükmeler, ýumuşlar berilýär); 4.Okuw gollanmasy. Ýokary okuw mekdeplerinde peýdalanylýar olardan daşgary edebiýat okamaly.

Bilimiň mazmunyna bildirilýän talaplar:1.Bilimiň mazmuny hemme taraplaýyn kämil ösýän şahsyýetleri terbiýelemeklige gönükdirilmeli; 2.Ylymlaryň ösüşi täze açyşlar göz öňünde tutulmaly; 3.Her bir dersiň mazmuny belli bir pikir (logiki) yzygiderlikde tertipleşdirilen biri-biri bilen berk baglanyşykly bolmaly; 4.Milli aýratynlyklar göz öňünde tutulmaly; 5.Dersara we önümçilik bilen bagly bolmaly; 6.Amalyýet we önümçilik bilen berk bagly bolmaly; 7.Mekdep okuwçylarynyň ýaş aýratynlyklaryny göz öňünde tutmaly.





Поделиться с друзьями:


Дата добавления: 2018-11-11; Мы поможем в написании ваших работ!; просмотров: 1635 | Нарушение авторских прав


Поиск на сайте:

Лучшие изречения:

Свобода ничего не стоит, если она не включает в себя свободу ошибаться. © Махатма Ганди
==> читать все изречения...

810 - | 734 -


© 2015-2024 lektsii.org - Контакты - Последнее добавление

Ген: 0.01 с.