2. Horezmi, onuň eserleriniň terbiýeçilik ähmiýeti.
3. Farabi. Terjimeçilik işleriniň pedagogik ähmiýeti.
4. Biruni, onuň eserleriniň terbiýeçilik ähmiýeti.
5. Abu-Ali Ibn Sina (Awissena) Onuň ensiklopedik eserleriniň terbiýeçilik ähmiýeti.
6. „Kowusnama“, „Gorkut Ata“, „Oguznama“ eserlerinde edep-terbiýe barada.
UII asyryň aýagynda we UIII asyryň başynda tutuş Orta Aziýa şol sanda Türkmenistan hem arap halyfatlygynyň raýatyna geçýär. Bu ýerlere yslam dini aralaşýar. Mundan öň Türkmenistanyň territoriýasynda dowam edip gelen dinler zoroastrizm, hristiançylyk, buddizm ýatyrylýar. Yslam dini hemmeler üçin ýeke-täk hudaýy ykrar etmekligi ündeýär. Kethudalygy inkär edýär („Yslam“ diýmek arapçadan terjime edilende hudaýa şabyn bolmak diýmekdir. G.P.). Arap halyfatlygy bu ýerde yslam dinini giň ýaýratmak, aýratynam ilkinji nobatda ýaş nesli yslamyň ruhunda terbiýelemek maksady bilen birtopar mekdepler, metjitler açýar. Arap dili döwlet diline, çeper edebiýat diline, mekdep diline öwrülýär.
Käbir awtorlaryň habar bermegine görä, adamlar öňki dini ybadathanalary ýykyndyrlar, öňki elipbiýi bilýän adamlary ýok edipdirler. Mysal üçin, görnükli Horezm alymy Biruny (972-1048 ý.) özüniň „Geçen nesilleriň ýadygärlikleri“ diýen işinde şeýle ýazýar: „Kuteýba / arap harby serkerdesi ol Maryda häkimdarlyk edipdir. G.P. / dürli ýollar bilen Horezmlileriň ýazuwyny, rowaýatlaryny bilýänleri, bilim öwredýänleri derbi-dangi edip kowdy we ýok etdi, şeýlelikde bar zat tümlük bilen örtüldi... Ol „horezmli kätinleri gyrdy, dini hadymlaryny gyrdyrdy we olaryň kitaplaryny hem tumarlaryny ýakdyrdy... Horezmliler sowatsyz galdylar“. (Бируни. Памятники минувших поколений. Избр.произвед. Ташкент. 1957. 48-63 с.).
Çeşmeleriň başga birinde araplar „zoroastrlaryň hramlaryny ýakypdyrlar, ýumrupdyrlar, dini-zoroastr „eserleri, şolar bilen birlikde dünýewi eserleri hem ýok etdiler“ diýip habar berýär (Seret: М.Арипов (орифи). Из истории педагогической мысли таджикского народа. ч. I (IX-XI в.в.). Душанбе. 1962. 50 sah.) we ş.m. Araplaryň esaslandyran mekdepleri arap dilini we yslam dinini ýaýratmagyň esasy merkezi bolup hyzmat edipdirler.
Başlangyç okuw jaýlary mekdep diýlip atlandyrylypdyr. Bularda esasy predmet kurhany öwrenmek bolupdyr. Kurhan çagalara okamaklygy öwretmekde hem ilkinji okuw kitaby bolup hyzmat edipdir. Mekdepler metjitleriň ýakyndada, aýratyn hem açylypdyr. Olarda çagalara dini terbiýe bermek we sowat öwretmek, arap halyfatlygynda girizilen düzgün boýunça ymamlaryň borjy hasaplanypdyr. Kurhan okamagy öwretmekde esasan sesli okamak usuly (metody) ulalylypdyr. Mekdepde çagalar kurhany esasan ýat tutupdyrlar. Onuň manysyna düşünmek hökmany hasaplanmandyr.
Onuň manysyny özleşdirmek medressäniň wezipesi bolupdyr. 6-7 ýaşlarynda çagany kakasy mekdebe getiripdir. Okuwçylar ýerde çök düşüp oturypdyrlar. Her kim özi üçin düşejik getiripdir. Molla okuwçylaryň öňünde birmeli belendräk ýerde düşegiň üstünde oturypdyr. Okuwçylaryň öwrenmeli harplaryny molla ýörite tagtanyň („Elip agaç“) ýüzüne ýazyp beripdir. Okuwçy şolary ýat tutup öwrenmeli bolupdyr.
Okuwçy ilkinji mekdebe gelen güni molla oňa üç sany çylşyrymly bolmadyk kiçijik giriş (başlangyç) dogajyklary (arap dilindäki tekstleri) aýdyp beripdir we uly ýaşly okuwçylaryň birine şu telstleri täze okuwça öwredip, ýat tutmagy öwredipdir, tabşyrypdyr. Ýady gowy okuwçy ony tiz ýat tutupdyr. Käbiri bolsa hepdäniň, has kütegrät bolsa bir aýyň dowamynda ýatlapdyr. Soň okuwçy arap elipbiýini öwrenmäge başlapdyr. Ol mollanyň tagtanyň ýüzüne ýazyp beren harplarynyň atlaryny sesli (gygyryp) elip, bi, ti, si... diýip gaýtalap ýat tutmaly bolupdyr. Mekdepde esasan tekstleri okamak öwredilip, ýazuwy öwretmäge üns berilmändir. Mekdebi gutaranda ýazuwy özleşdirip çykan okuwçy az-az bolupdyr. Şonuň üçin bolsa gerek, geçmişde halk arasynda „okuw okamak, iňňe bilen guýy gazandan aňsat däl“ diýen atalar sözi ýörgünli bolupdyr. (Seret: К.Е.Бендриков. «Очерки по истории народного образования в Туркменистане. М.1960. 45с.).
Elipbiýi öwrenmeklik birnäçe döwre bölülipdir. Birinji döwürde okuwçy elipbiýi ýat tutupdyr, ikinji döwürde haýsy harpda näçe nokat bardygy öwredilipdir. Mysal üçin, elinde ýok „bi-de“ bir nokat, „ti-de“ iki nokat, „si-de“ üç nokat we ş.m. Üçünji döwürde goşmaça ses bellikleri hereketler (astyn, üstün, otur) öwredilipdir. Bulardan assyn harplaryň aşagyna gogolýar, assyn goşulan harpa „i“ sesi goşulyp okalýar. Üssün harpyň üstünden gogolýar, üssün goşulan harpa „e“, ýa-da „a“ goşulyp okalýar. Meselem, elip üssün „e“, elip assyn – „i“, elip otur – „ü“ e, i, u we ş.m.
Dördünji döwürde „tanwin“ alamaty öwredilipdir. Tassin – kasra – iki assyn, tanwin fath – iki üssün, tanwin dalma – iki otur. Bäşinji döwürde „säkin“ bilen tanşyndyrlar. Altynjy döwürde teşdid (medde we hemze). Ýedinji döwürde ebjet geçilipdir. Ebjet geçilende 23 harpyň sekiz sany sözde her bir gezek gaýtalanyp getirilipdir. Bu ýerde-de esasy metod ýat tutmak bolupdyr.
Mundan soň haftiýagy (türkmençe muňa „epdek“ diýipdirler) ýat tutmaly bolupdyrlar. (Haftiýak – bu kurhanyň bir býlegini beýan edýän kitap). Haftiýak (epdek) – öwrenilende çagalar sözleri bogunma-bogun aýdyp, soň doly aýdypdyrlar. Köplenç halatda okuwçylaryň özleri bu hili okamany oňarmany üçin, ilki molla okapdyr, soň okuwçylar onuň okanyny gaýtalapdyrlar. Her bir sözi hetjikläp, ýat tutmaly bolupdyrlar.
Mekdepde arifmetika, ene dili we beýleki predmetler geçilmändir. Arifmetika az sanly mekdeplerde has ukyply ýokary ýaşly okuwçylara kadadan çykma hökmünde öwredilipdir. (Туркестанский литературный сборник. СМГ. 1909. 233 sah.). Bu mekdebi gutaranlar kitaby kynçylyk bilen okamagy başarypdyrlar. Arapça kitaplar terjime edilmändir. Dini kitaby terjime etmek gadagan bolupdyr.
Okuwda sähel kemçiligi, bidüzgünçiligi edenligi üçin molla okuwçyny çybyk bilen urupdyr. Muňa ene-atalar garşylyk görkezmändirler. Sebäbi olar çagany ilkibaşda mekdebe getirenlerinde molla ýüzlenip: „Eti seniňki, süňki (meniňki) biziňki“ diýýän ekenler. Molla aýlyk almandyr. Okuwçylar her hepdäniň belli güni oňa zat gowşurypdyrlar, ilat hasyl girdejisiniň belli bir bölegini oňa beripdir. Okuwyň her bir bölümi geçilip gutarylanda, çaga molla ene-atasynyň goýberen „sowgadyny“ getirmeli bolupdyr.
Mekdepde çagalaryň esasy ünsi namaz, doga okamaklyga, dini dessurlary berjaý etmeklige gönükdirilipdir.
Mekdebiň iş gününiň tertibi, raspisaniýe, okuwyň kesgitli dowamlylygy bolmandyr. Çagalar günde ortaça 5-6 sagatlap mekdepde bolupdyrlar. Sapaklar arakesmesiz geçirilipdir. Okuwçyda daşa çykmak zerurlygy bolsa, ol işigiň gapdalynda asylyp duran „edep agajy“ alyp „Mollam, edep“ diýip çykyp gitmeli bolupdyr. Ol edep agajy gaýtadan getirýänçä, hiç kim daşary çykyp bilmändir.
Okuw ertir irden başlanypdyr. Her bir okuwçy mollanyň ýanyna gelip, sapak alypdyr. Molla ilki bilen her bir okuwçydan öý işini sorapdyr. Soň täze sapak (ýumuş) beripdir. Onuň özi täze teksti okap beripdir. Soň okuwçy öz ýerine geçip, teksti özbaşdak gaýtalapdyr. Mekdepde okuwyň kesgitli möhleti näçe ýyl okamalydygy belli bolmandyr. Onuň okuw plany, programmasy bolmandyr. Käbir okuwçy 3-4 ýylda, käbirleri bolsa 5-6 ýylda mekdebi tamamlapdyr. Klas-sapak sistemasy bolmandyr. Sapak indiwidual okuw formasynda geçirilipdir. Okuwçylary okuwa kabul etmegiň belli pasly bolmandyr. Çagany mekdebe ýerleşdirmek üçin, ýylyň islendik paslynda getirmek mümkin bolupdyr.
Mekdepde gutaryş klasdan-klasa geçiş synaglary (ekzamenler) bolmandyr. Umuman klas diýen düşünje bolmandyr. Okuwy gutaranlara hiç hili dokument berilmändir.
Mekdepde okadýan mollalaryň ýörite pedagogik taýýarlygy bolmandyr. Olaryň birnäçesiniň özüniň sowatlylyk derejesi pes bolupdyr. Olar sapak plany, konspekty we ş.m. ýazman, sapak okadypdyrlar.
Mekdepde esasy wezipe dini-terbiýe bolup, ondan başga hiç-hili terbiýeçilik işi geçirilmändir, oýunlar guralmandyr.
Orta Aziýanyň, şol sanda Türkmenistan hem, araplaryň raýatynda bolmagy, adamlaryň eden talaňçylyklary, olaryň bu ýeri özboluşly medeniýetini, edebiýatyny-sungatyny derbi-dagyn etmekleri, ýerli-ilata beren jebir-sütemleri, köp sanly ylymly-bilimli, ýokary hünärli adamlaryň janyna kast etmekleri, birtoparynyň ýurtdan kowulmagy we beýlekiler bu ýeriň taryhy ösüşine uly zarba urdy. Ýöne her niçik bolsa-da, bu zatlar ýurduň taryhy ösüşini bütinleý togtadyp bilmedi. Kem-kemden, bu ýerde feodal jemgyýetçilik gatnaşyklary, edebiýat-sungat, dürli ylymlar, şol sanda pedagogika hem, aýaga galyp ösüp ugraýar.
Bu hemmetaraplaýyn jemgyýetçilik sosial ösüşe diňe bir Orta Aziýanyň we Eýranyň halklarynyň wekilleri goşulman, eýsem arap Gündogarynyň halklarynyň wekilleri hem ol ýa-da beýleki formada öz goşandyny goşdular.
Hut UI-UIII asyrlarda türkmen, özbek, täjik we beýleki halklaryň emele gelmeginiň pugta ykdysady, syýasy we medeni eposlarynyň dörändigini hem aýdylanlaryň üstüne goşmak gerek.
Kurýan, şerigat
Hadys. Araplaryň Orta Aziýany we Türkmenistany öz raýatyna geçirenden soň, bu ýerde olaryň ylmy, edebiýaty we däp-dessurlary hem aralaşýar. Orta Aziýa araplaryň ilki bilen „hudaýyň sözi“ dini okuw jaýlarynda esasy kitap, esasy okuw-terbiýeçilik serişdesi bolupdyr. Ol metjitlerde giň wagyz edilipdir. Adam dünýä inenden oňa kurhany ady bilen azan aýdylyp, at dakylyp, ol ölende-de kurhanyň sürelerinden okalýan doga bilen jaýlanypdyr. Şeýlelikde, kurýan çagalaryňda, ulularyň-da dünýägaraýşynyň kemala gelmegine, özüni alyp barşyna, tutuşlygyna olaryň şahsyýetiniň terbiýesine we formirlenmegine güýçli täsir edipdir.
Tutuş jemgyýetçilik durmuşy yslam, kurýan, yslamyň girizen däpleri, tertipleri bilen ugrukdyrylypdyr. Yslamyň baş kitaby bolan Kurýan göwrümi boýunça uly kitap bolup, ol 114 süreden we 6000-den köpräk aýatdan ybarat. Onuň her bir süresiniň ady bar. Meselem „Fatiha“ (pata bermek), „Bakar“ (sygyr), „Nisa“ (aýallar), „Ýagşylyk“, „Şäher“, „Gün“ we başgalar. Süreleriň atlary olaryň mazmuny bilen baglanşykly däl. Sürelere olaryň tekstiniň içinde getirilýän biri alnyp at dakylypdyr.
Kurýan irki orta asyrda döredilen kitapdyr. Ol araplarda gowy gylyk-häsiýetleri, özüňi alyp barmak normalaryny, edep-ekramlylygy, dogruçyllygy, sap ýürekliligi, sahyllygy, haýa-şerimliligi, ene-atany, ulyny hormatlamagy, süýjüliligi we beýleki gowy ädim-gylymlary terbiýelemäge gönükdirlendir. Onda arap-şerap içmeklik, ahlak taýdan bozuklyk, ejize ganymlyk, uruş-sögiş etmeklik we ş.m. erbet häsiýetler ýazgarylýar. Ol gan akmaklygy pul zat bilen çalyşmagy, aýalyň babatda zalymlyk etmezligi, humary oýunlary oýnamazlygy, süýthorluk etmezligi ündeýär. (Seret: Коран. Перев.акад.Крачковского И.Ю. М.1990.).
Dogrusyny aýdanda, kurýan özüne adamzat jemgyýetiniň durmuşynyň we aňynyň şol döwre çenli işläp düzen ýönekeý ahlak normalarynyň köpüsini özüne siňdiripdir. Şoňa görä, ol halka ýakyn bolupdyr hem-de ýaş nesliň-de, ýaşuly nesliň-de terbiýesinde özüni alyp barşyny kanagatlandyrmakda uly rol oýnapdyr. Bu meşhur eser biziň günlerimizde-de ýaş nesli ahlak taýdan terbiýelemekde onuň käbir döwre bap gelmeýän ýerlerini aýyrmaz bilen mysal üçin, terkidünýälik edip, o dünýäniň eşretlerine garaşmaklygy ündeýän ýerini, birbada dört aýala öýlenmeklige rugsat berýän ýerini, gyzlary alyp gaçmaga we satmaga, kämillik ýaşyna ýetmedik gyzlary durmuşa çykarmaga rugsat bermegini we ş.m. zatlary ulanylyp bilner. Şu nukdaý nazardan ýurdumyzyň Prezidenti S.A.Niýazowyň aşakdaky görkezmesi iki elläp goldamaga mynasypdyr: „Yslamyň taryhyny, onuň mukaddes kitaby Kurýanyň mazmunyny bilmezden türkmen halkynyň, onuň medeniýetine we sungatyna göz ýetirmek mümkin däl. Şu ýagdaýy göz öňünde tutup, men mekdeplerimizde yslamyň taryhyny, Kurýany öwrenmek boýunça ýörite sapak girizmeli diýip teklip edýärin. Magtymguly kurýany mukaddes diýip hasap edipdir, biziň ýaş neslimiz hem bu mukaddes kitaby öwrenmäge mätäçdir“.
Kurýanyň awtory Muhammet pygamberdir (570-632 ý.). Kurýany döretmegiň üstünde ol 23 ýyl işläpdir. Rowaýatlaryň habar bermegine görä, kurýanyň asyl nusgasy hudaýyň tagtynda saklanmak bilen, Muhammede onuň mazmunyny Jebraýyl perişde dürli wagtlarda ýetirip durupdyr. Muhammet pygamberiň özi hat ýazyp bilmeýän eken. Şoňa görä, ol özüne Kurýanyň hudaý tarapyndan Jebraýyl perişdäniň üsti bilen habar berlip durlan süreleri ýat tutupdyr we soň olary öz kätinlerine (sekretarlaryna) aýdypdyr. Olar onuň aýdan zatlaryny palma ösümliliginiň ýapraklaryna, mal derilerine, ýasy daşlaryň ýüzlerine ýazypdyrlar.
Muhammet pygamber aradan çykandan soň, Aby Bekir (bu adam Muhammet pygamberiň egindeşleriniň biri bolan). Muhammet pygamber ölenden soň ol halyf (oruntutar, orunbasar) ady bilen musulman döwletine baştutanlyk edipdir. Şuňa çenli pygamberiň kätibi bolup hyzmat eden Zeýt ibn Sabite Kurýanyň böleklerini ýygnap, ony kitap görnüşinde gutarnykly düzmegi tabşyrýar. Onuň toplan materiallaryny Abu Bekir Omara berýär. (Omar ikinji halyfdyr – dört çaryýarlaryň biri). Omar Kurýanyň her bir süresini we aýatyny olaryň dogruçyllygyny iki adam tassyklap şaýat bolandan soň, kitaba goşupdyr.
Dört çaryýarlaryň üçünjisi (üçünji halyf) Osman Kurýany ýene bir gezek gözden geçirip, redaktirläpdir. Şeýdip, onuň doly we gutarnykly nusgasy taýýar bolýar. Soň bu kitap elde ýazylyp, birtopar ýurtlara ýaýradylýar. Biziň günlerimizde Kurýan köp dillere terjime edilip, tipografiýa usuly bilen millionlarça ekzemplýar edilip ýaýradyldy. (Seret: W.F.Panowa, Ýu.B.Wahtin. Muhammet pygamberiň ömür beýany. (2 kitapdan ybarat) A. 1992. Б.Аладдин. Мухаммет пыгамбер. Повесть.А.1992. Pygamberler, dört çaryýarlar, perişdiler. A. 1991).
Bu döwürde kem-kemden Orta Aziýada yslam diniň hukuk kada-kanunlary hem giň ýaýrapdyr. (Şerigat). Şerigat döwlet hukugy, mülk, kazylyk we kepillik meselelerini, wakf düzgünini, adamyň hususy dini borjy bilen baglanşykly Oraza, namaz, zekat, haj we beýlekileri öz içine almak bilen, şu ugurlar boýunça adamlaryň hereketlerini, jemgyýet durmuşyny we şahsy meseleleri kadalaşdyrypdyr, ugrukdyrypdyr. Şoňa görä, şerigat kada-kanunlary, ýaş nesliň terbiýesine, özüni alyp barşyna, tutuş durmuşyna täsir edipdir. Şerigat UIII asyrda formirlenip başlapdyr diýlip hasaplanylýar. (Seret: Ahmethadi Maksudi. Şerigat buýruklarynyň toplumy. A.1992.). Onuň gutarnykly formirlenmesini XI-XII asyrlar diýip hasap edýärler.
Ýaş nesliň terbiýesine „Hadysyň“ Muhammet Pygamberiň wesýetleriniň täsir edendigini hem bellemek bolar. Sebäbi dini mekdep-medresselerde olar okuwçylaryň terbiýesinde giň peýdalanypdyrlar. Yslam diniň ýaýramagy bilen birlikde Türkmenistana onuň däp-dessurlary we baýramçylyklary hem aralaşyp, kem-kemden bu ýerde ornaşyp galýar. Olar hökmünde namazy, sünnedi, orazany, Gurban baýramy görkezmek bolar.
Namaz okamaklyk yslam musulman dininiň esasy däpleriniň biri bolup, adamyň bu dine uýýanlygy subut edýän alamatdyr. Namaz yslamyň däbi boýunça bir gije-gündiziň dowamynda 5 (bäş) gezek okalýar. Ol okalanda Kurýanyň birnäçe süreleri ýatdan aýdylýar, hudaýyň ýeke-täkligi ykrar edilýär, onuň emriniň güýçlüdigi wasp edilýär, namaz okaýanyň onuň emrine tabyndygy, ondan razydygy aýdylýar, hudaýyň ony bela-beterden goramagy towakga edilýär we ş.m. Ony çagalar, mekdebiň, medressäniň okuwçylary okapdyrlar. Namazyň pedagogik ähmiýeti dogrusynda aýtmaly bolsa, onuň adamy belli bir düzgün-tertibe (rejime) endik etdirýändigini bellemek bolar. Ýöne namaz okaýan adamdan arassaçylygy berjaý etmek, her gezek namazdan öň „täret kylmak“ ýagny, tiz hapa bolýan, derleýän ýerleriňi ýeňiýaräk ýuwmak talap edilýänligi üçin, ol sanitar-gigiýenik, profilaktik taýdan ähmiýetlidir.
Araplar Orta Aziýany öz raýatyna geçirenden soň, bu ýere sünnet, ýagny erkek adamyň erkek jyns organnynyň (ujydynyň) pürçügini kesip aýyrmak däbi hem ýaýradylýar. Bu däbiň araplaryň arasynda ýüze çykmagy barasynda dürli rowaýatlar bar.
Sünnet oglan täk ýaşyndaka, esasan hem 3-5 ýaz we güýz aýlary geçirilipdir. Biziň döwrümizde sünnetiň adam üçin peýdalydygyny subut edildi. Ol erkek adamy dürli urologik kesellerden goraýar. Medisina ylmynyň subut etmegine görä, sünnet edilmedik adam her gün ýuwunyp-ardynyp durmasa, onuň ujunda örän ýakymsyz hem ýiti ys emele gelýär. Sünnet edilmedik adamyň ujydynda rak keseliniň emele gelmeginiň mümkindigini we sünnet edilenleriň ujydynda ol keseliň döremeýýändigini, gijilewük, çiş ýa-da beýleki keselleriň az gabat gelýändigini geçirilen ylmy-barlaglar subut etdi. Şunuň ýaly-da, sünnetli erkek adamlaryň aýallaýarynyň ýatgysynda-da rak keseliniň seýrek gabat gelýändigini belleýärler. Şularyň barysy birigip, sünnetiň uly profilaktik we gigiýenik ähmiýetiniň bardygyny görkezmek bilen, onuň Orta Aziýa aralaşmagyny progressiw zat hökmünde häsiýetlendirmek bolar. Käbir çeşmeler bu däbiň diňe musulmandinine uýýanlaryň arasynda däl, eýsem Afrika döwletlerinde, Indoneziýada, Amerikan indeýleriniň arasynda we beýleki käbir ýurtlartda hem ýaýrandygyny habar berýärler. (Seret: M.Şamyýew, B.Batyrow. Pygamber parzy. „Owadan“ ž. 1993 N 2 21 sah.).
Arap diliniň ýaýramagy bilen Orta Aziýada, şol sanda Türkmenistanda hem Oraza we Gurban baýramlary girizilýär (Oraza- arapça „saum“). Oraza tutmaklyk ähli musulmanlar (ähli sagdyn we bedeni arassa uly ýaşlylar) üçin hökmany bolupdyr.
Musulmanlar Oraza aýynda (ramazan) 30 günläp agyzlaryny bekleýärler. Başgaça aýdanda, gündizine, gün dogandan gün ýaşýança zat iýmeýärler, haşda suw içmek hem gadagan, çilim çekmek, gowy yslary ysgamak, gan aldyrmak bolmaýar. Agşam, gün ýaşansoň oraza tutýan adam ýeňil naharlanýar („fatur“). Ol ikinji nahary ertir agzyny „beklemeginiň“ öň ýanynda, daňdan iýýär.
Musulman dini oraza tutmaklygy adamlaryň haýwanlykdan galan hyjuwlaryny isleglerini (arapça „nafs“, türkmençe „nebis“) agyzdy ryklamaklygyň, onda ynsana mahsus häsiýetleri, hyjuwlary güýçlendirmegiň serişdesidir diýip düşündirýär (Seret: Din we namaz (sowal-jogap) A. Çykan ýyly görkezilmändir). Oraza tutýan adam bar erkini we ünsüni bir ýere jemläp, özündäki instinktiw kemçiliklerden saklanýar hem-de adama mahsus bolan ruhy başlangyçlaryny („kalb“) kämilleşdirýär. Olaryň düşündirişlerine görä, oraza tutmaklyk adamyň ahlak, ruhy we beden taýdan kämilleşmegine, arassalanmagyna hyzmat edýär. Oraza tutýanlar günüň köp wagtyny metjitde namaz okamak ymamyň aýatlaryny diňlemek bilen geçirýär.Orazanyň gutarmagy Oraza baýramy bilen bellenýär. Geçmişde baýram başlanmazyndan öň, oraza tutanlar garyndaşlara, ýetimlere, maýyplara sadaka paýlapdyr. Bu gün olar öz aýallaryna we çagalaryna sowgat beripdirler, goňşulary bilen däp bolan nahalary alşypdyrlar. Olar özleriniň dogan-garyndaşlarynyň hemmesini bir ýere toplandyrlar, olaryň hiç birini hiç ýere ibermerine çalşypdyrlar. Sebäbi bu gün öýe öň dünýäden ötenleriň jany gelýär diýip hasap edipdirler. (Seret: А.Ниязов «Мусульманские праздники» М.1990.). Ýokardakylardan görnüşi ýaly, oraza tutmak belli bir wagtda dynç almaga we iýip-içmäge (režim), bedeniňi päk saklamaga endik etdirýär, ahlak taýdan erbet işlerden saklaýar. Diýmek ol beden, ahlak terbiýesi nukdaý nazardan ähmiýetlidir. Onsoňam dini kitaplarda onuň semizliginiň aşgazan içen keselleriniň, başga birnäçe keselleriň öňüni almak üçin ähmiýetlidigi aýdylýar. (Seret: Din we namaz maslahatçysy 143 sah.).
Musulmanlaryň esasy baýramlarynyň biri-de Gurban baýramydyr (Gurbanlyk). Bu baýram Orazadan soň 70 günden geçirilýär. Hudaýlaryň ýoluna goýun geçileri Gurban bermek yslam ýüze çykmazyndan öň hem bar eken. Şeýdip, adamlar hudaýdan mallary kesellerden we ölümden goramagy olaryň köp nesil bermegini, mallar üçin iýmlik ot-çöpüň köp bolmagyny diläpdirler. Bu däbiň döreýşini dili rowaýatlar şeýle düşündirýärler. Hudaý Ibraýymyň özüne wepadarlygynyň derejesini barlamak üçin oňa söýgüli ogly Ismaýyly öldürip özüne (Hudaýa) gurban bermegi teklip edipdir. Ybraýym oýlanyp durman oglunyň kellesini kesmek üçin, onuň boýnuna pyçak salypdyr. Şol wagt gökden ýere Jebraýyl perişde inip,onuň elini tutupdyr we onuň oglunyň ornuna öldürmek üçin bir goýun beripdir. Hamala şol wagtdan bäri dine ynanýanlar her ýylda hudaýyň ýoluna mal öldürip, gurbanlyk berýärmişler. Yslam dinine uýýanlar gurbanlyk bermegiň ähmiýetini düşündirenlerinde gurbanlyk berlen malyň oduň ýa-da dowzahyň üstünde gurlan „syrat köprüsi“ gyldan inçe, gylyçdan ýitilşi. Köprä geçilýän ýerde, adamlaryň gurbanlyk beren mallary garaşyp durýamyş. Gurbanlyk beren adam öz gurban eden malyna münüp, ol köprüden jennete geçip gidýärmiş, gurbanlyk bermedik adamlar köprüden aşak dowzaha gaçýarmyşlar. (Seret: N.Kulyýew. Gurban baýramy. Туркменская искра. 1 июня 1922г.). Bu dini rowaýatda şeýle hakykatda, hudaýlaryň ýoluna gurban bermek juda ir döwürlerden, heniz yslam dini esaslandyrylmazdan has öň bar eken.
Gurban baýramy üç günläp dowam edipdir. Baýram günleri musulmanlar göwün açyldyrlar hiňňildik uçup „günäsinden saplanyndyrlar“. Bu baýramyň pedagogik ähmiýeti onuň adamlaryň emosional sferasyna täsir edip, şähdini açmaga, göwnüni göterip, beden taýdan kämilleşmäge mümkinçilik berýänligidir.
Gadymy baýramlar bolan Gurban baýramy-da, Oraza-da, namaz okamak, oglanlara sünnet etmek, ölene jynaza okamak we beýleki däpler sowet ýyllarynda geçmişiň zyýanly galyndylary diýlip yglan edilse-de, düýpden ýatyp galmady. Halk olary biziň günlerimize getirdi.
Türkmenistanda, yslam dini ýaýrandan soň, yslam halkyň ir gadymdan gelýän däbi bolan ýaremezana hem öz täsirini ýetiripdir. Onuň tekstleri din bilen baglanyşdyrylypdyr. Biziň elimizde ýaremezanyň yslamdan öňki tekstide, onuň ýylyň haýsy pasyllarda geçirilendigi barada maglumatda ýok. Olar biziň döwrümize gelip ýetmändir. Bu meseleler tümlüge bürenip otyrlar. Şoňa görä bir bar bolan maglumatlara esaslanyp ýaremizanyň diňe musulman halklarda bolman, eýsem ir wagtdan bäri dürli dinlere uýýan halklarda bolandygyny aýdyp bileris (meselem Orsýetde, Ukrainada, Belorussiýada we beýlekilerde). Ol dürli ýurtda dürli wagtda geçirilipdir. Mysal üçin, Azerbaýjanda we Täjigistanda nowruzda (bahar), Orsýetde täze ýylda (gyşyna), Kawkazyň käbir ýerlerinde we Osman türklerinde gyş gutaranda geçirilipdir. (Seret: В.А.Гордлевский Избранные сочинения. Т.IV М.1968г.; Поэзия крестьянских праздников. Л.1970.; Народы Средней Азии и Казахстана Т.I М.1962.; Кер-оглы. Туркменская литература. we başgalar).
Musulman dini ýaýrandan soň, türkmenleriň gadymy ýaremezany oraza baýramçylygynyň aýrylmaz bölegi diýlip yglan edilipdir we ol Oraza aýynyň gelendigini ile habar bermekligiň serişdesi diýlip hasaplanypdyr. Türkmen çagalary ýaremezany yslam ýaýran soň Oraza (Remezan) aýynyň birinji we ikinji gününde geçirilipdir. 7-12 ýaş aralygyndaky çagalar topar bolup ýaremezanyň tekstini aýdyp öýden-ke aýlanypdyrlar we ilaty Oraza aýynyň gelmegi bilen gutlapdyrlar.Gürrüňimiziň düşnükli bolmagy üçin, ýaremezanyň XIX asyryň aýagyna XX asyryň başynda ýazylyp alnan tekstinden käbir mysallary getirýäris (irki feodalizm we ondan öňki döwürleri degişli tekstleri tapmak başartmady.
Oraza aýlary geldi geçer
Atyny eýerläp münüp gaçar
Merediň ondördüne ýalkym saçar
Muhammet ymmatyna ýaremezan
Tüýnügiňizden tütün çyksyn
Zagaraňyz bitin çyksyn
Köp bereniň ogly bolsun
Az bereniň gyzy bolsun
Muhammet ymmatyna ýaremezan we ş.m.
Aslyýetinde biziň pikirimizçe, ýaremezan yslamdan öň onuň ady-da, teksti-de başga bolandyr „remezan“ diýen arap sözi bu ýere araplar bilen bile gelen bolsa gerek (ilkidurmuş adamlarynyň dünýägaraýyşlary bilen baglanşykly bolup, adamlar ony aýdyp hudaýlardan bol hasyl, abadançylyk, awda şowlulyk we ş.m. diläpdirler. Başga-da käbir çeşmelerde biziň pikirimizçe kybap daş pikirler duş gelýär. Mysal üçin olaryň birinde ýaremezan hakda bir wagtlar aýdymynda „Baýramçylyk-da tutuşlygyna maşk (jadylamak) hyzmatyny ýerine ýetiripdir diýilýär. (Seret: Поэзия крестьянских праздников. Под ред. В.П.Базанова. М.1970г.).
Türkmen obalarynda oglanlar ýaremezan aýdyp öýe gelende olara öý eýesi sowgat etmeli bolupdyr. Ýagny bugdaý, tüwi, gant, guradylan ýa-da guradylmadyk miweler, we ş.m. zatlar beripdirler. Ýöne ondan öň öý eýesi bilen ýaremezançylar arasynda şeýle dialog bolup geçýän ekeni: (teksti iki tarap hem ýatdan bilmeli bolupdyr).