Лекции.Орг


Поиск:




Категории:

Астрономия
Биология
География
Другие языки
Интернет
Информатика
История
Культура
Литература
Логика
Математика
Медицина
Механика
Охрана труда
Педагогика
Политика
Право
Психология
Религия
Риторика
Социология
Спорт
Строительство
Технология
Транспорт
Физика
Философия
Финансы
Химия
Экология
Экономика
Электроника

 

 

 

 


Tema: T ürkmenistan Russiýa birigenden soň mekdepler we pedagogik pikir (1881-1917).

Pedagogika dersinden umumy sapagyň beýany.

Sapagyň maksady: Talyplary Türkmenistanda şol döwürde işlän pedagoglar bilen tanyşdyrmak.

                            Meýilnama:

1. Döwrüň taryhy häsiýetnamasy. Mekdepler, dini okuw jaýlary, guramalar, başlangyç mekdepler, ýerli rus mekdepleri, gimnaziýalar, demirýol tehnikumy, aýallaryň bilimi, okuwçylar we mugallymlar.

2. I.A.Belýaýewiň pedagogik işi we garaýyşlary.

3. P.Şimkewiç we A.Agabekowyň okuw kitaplary we okuw gollanmalary.

4. Ýerli ilatdan ilkinji pedagoglar we bilim yaýradyjylar: M.Atabaýew (1885-1916ýyl), A.Tekinskaýa (1878-1924 ýyllar).

5. A.Alyýew, onuň okuw kitaplary we pedagogik işi.

 

                               Edebiýat:

1. Бендриков К.В.,,Очерки по истории народного образования в Туркменистане (1865-1924гг.) М. 1960.

2. Курбанов A.A.,.Кузмин О.Д. Очерки по истории развития педагогической мысли в Туркменистане. 1885-1924гг.) М.1972г.

3. Бердыев Г.Б. Очерки по истории школы Туркменской ССР. А. 1960.

4. Курбанов A.A.,.Кузмин О.Д.., Haljanow Ş. „ Краткий курс по истории педагогики“ A.,1981. Sah. 46-61.

5. „Türkmenistanda milli bilimiň we pedagogika ylmynyň ösüşi“. A.,Türkmenistan, 1965. Sah.7-40

6. Курбанов A.A., Обучения в конфессиональных и русско-туземных школах Закаспийской области и ученые ТГУ. 1956

7. Курбанов A.A Очерки истории философской и общественно-политической мысли в Туркменистане. Ylym, 1970ý. Sah. 298-303.

1861-nji ýylda krepostnoýçylyk ýatyrylandan soňra Russiýa kapitalistik ösüşiň ýoluna düşýär. Bilişimiz ýaly, kapitalizmiň esasy bir häsiýetnamasy öz döwletini giňeltmekdir, başgaça aýdanymyzda, gowşak ösýän döwletleri basyp almak, ýerli ilaty öz bähbidiňe işletmek, şeýlede, tebigy baýlyklary eýelemek. Ol Russiýa döwletiniň patyşasyna mahsusdy. Şonuň üçin ol Orta Aziýa şol sanda Türkmenistana 70 ýyllaryň soňunda ekspedişiýa gurnap 1868 ý. Çaryýewiň, ýagny Kerkiniň, gündogar raýonlaryny, 1869 ýlda Krasnowodskiniň günbatar bölegini, ýagny Gyzylarwady, eýeleýär. 1881-nji ýylda Gök-depe galasyny derbi-dagyn edip onuň ýaşaýjylaryny doly gyrýarlar, 1884-nji ýylda bolsa, Türkmenistan doly Russiýa birigip onuň hökümetinde bolýar.

Saparmyrat Türkmenbaşynyň ýörite Karary esasynda Gökdepe galasy-Gahryman, ony goranlar bolsa, halk gahrymanlary diýip atlandyrylýar, şeýle-de Ýanwaryň 12-si Hatyra güni diýip yglan edildi.

Bu döwürde ýerli ilatyň bilimi pes derejede bolýar, 1897-nji ýylda edilen ilkinji umumy hasabat boýunça welaýatdaky ilatyň bilimi 7,16% barabar boldy, şäheriňki beýigräk boldy, ol 43,99 % barabar boldy. Oba ilatyňky bolsa ondanam pes derejede bolupdyr. Feodal jemgyýetçilik gurluşy bütin jemgyýetçilik durmuşa salypdyr. Ilatyň sowatsyzlygyny ýeňmek üçin, köp päsgelçilikleri geçmeli bolýar. Bilimsiz ilatyň öňündäki esasy päsgelçilik, mekdepler üçin ýörite jaýlaryň bolmanlygy, ene dillerinde okuw esbaplarynyň bolmanlygy, tejribeli mugallymlaryň ýetmezçiligi bolupdyr.

Ýöne biziň bilişimiz ýaly, şol döwürde Türkmenistanda dini okuw jaýlary-mekdepler we medreseler bolupdyr. Olarda okuw-terbiýeçilik işleri üýtgedilmeýärdi, okwular, hemme mekdeplerde medreselerde bolşy ýaly, arap we pars dillerinde bolupdyr.

Ýene bir bellemeli zatlaryň biri şol döwürde kärhanalaryň, ýagny edaralaryň sanlary köpelýär – ol dini okuw jaýlarynyň bir görnüşi, olarda esasan uly (kör) adamlar ýaşap bilim alýarlar. Olar esasan Gurhany ýat tutmany öwrenýärdiler. Hojanazar Döwletguly- oglunyň aýdyşyna görä bular ýaly kärhanalara ýolbaşçylyk etmek hher kiçä ynanylmandyr. Olar ýaly okuw jaýlarynda bilim bermek üçin hökamny ýagdaýda onuň adyny alan kişi bolmaly. Bu ýerde okuwçylar esasan halkyň berýäb sadakalaryna ýaşapdyrlar, döwlet tarapyndan olara hioç hili kömek berilmändir. Bu adamlar özüneçekiji güýji bolan dogalar okapdyrlar ýa-da adam ölenden soň, olar ruhunyň rahatlygy üçin doga okapdyrlar. (jynaza).

Adatça, okuwçylara „kärler“, kär-hana sözünden, diýip atlandyrylypdyrlar, bular ýaly käre eýe bolan adamlar Özbegistanda şeýle-de Merwde örän köp bolupdyr.

1915-nji ýylyň maglumatlaryna görä şol döwür Türkmenistanda bary-ýogy 85 medrese işleýän eken, ýöne olar mazmuny boýunça Hywa, Buhara, Kazany we beýleki medreseleriň okuw-terbiýeçilik işlerinden, tapawutly bolupdyrlar, şonuň üçinem olara II-derejeli mekdep diýipdirler, okuwçylary bolsa ýönekeý orta bilim alypdyrlar, ahun derejesini almak üçin Hywadaky, Buharadaky we beýleki şäherlerdäki medreseleri tamamlamaly bolupdyr. Däbe görä biziň medreselerimize I-derejeli dini mekdebi gutaranlar kabul edilipdir. Biziň bilşimiz ýaly medreselerde hem mekdeplerde bolşy ýaly belli bir okuw sistemasy, okuw mmeýilnamalary bolmandyr. Okuw kitaplarynda şerigatdan alynan birnäçe bölekler bolupdyr.

Ýene bir belläp geçmeli zat, bu hili dini okuw jaýlary Türkmenistanda 1926-1928-nji ýyllara çenli bolupdyrlar. Şonda totalitar zehininiň güýje girmegi bilen dini okuw jaýlary ýapylýar.

Türkmenistan Russiýa birigenden soň, halkyň medeniýetiň, bilimini ösdürmek üçin käbir işler geçirilýär. Şu maksat bilen, 1889-njy ýyldan başlap Wolga, Saratow we beýleki ýerlerden göçüp gelenleriň hasabyna, täze rus obajyklary (posolkalar) döredilýär.

1896-njy ýyla çenli rus obajyklarynyň sany 10-a ýetýär. Çagalary bu obalarda okatmak üçin başlangyç rus mekdepleri açylýar. Ruslaryň hem esasy köp böleginiň şäherlerde ýaşaýanlygy sebäpli, çagalaryny bilimli adamlar edip ýetişdirmekleri, olaryň esasy meselesine öwrülýär. Birinji başlangyç rus mekdebi tarapyndan 1882-nji ýylda Gyzylarwatda demir ýol gullugy tarapyndan döredilýär. Iki ýyldan soň Aşgabatda hem iki ýyllyk mekdep açylýar.

Ýaşaýjylaryň şeýle-de başga ýerlerden göçüp gelýänleriň sanynyň köpelmegi bilen, okuw jaýlarynyň sany hem ýuwaş-ýuwaşdan köpelýär.

Mekdepleriň we okuwçylaryň köpelmegi bilen 1895-nji ýyldan okuw jaýlarynyň gözegçisi diýen wezipe girizilýär, bu wezipä, şol döwürde mugallymçylyk seminariýasyny okadyp ýören, Iwan Aleksandrowiç Beläýew bellenilýar.

Rus patyşasynyň döwründe başlangyç mekdepler halk mekdepleri diýip atlandyrylýar, olar bary-ýogy 35 sany bolupdyr. Bu mekdepleriň hemmesinde okuw rus dilinde alnyp berylypdyr. Türkmen çagalarynyň bu mekdeplerde okamak höwesi, birinji bilen bu mekdeplerde ilki öz ene dilinde, soňra ýuwaş-ýuwaş rus dilinde okadylmagy, sebäp bolýar, ikinjiden bolsa diliň esaslary we geljekki kärlerine taýyarlyk işleri geçirilýändigi.

Bu mekdepleriň esasy maksady okuwçylary Russiýanyň hökümetine wepaly ýaşlar edip ýetişdirmek, dürli kärlerde wezipeli adamlary ýetişdirmek, harby gulluga, kiçi wezipelerde işlemek üçin ttaýyarlapdyrlar.

Başda, bu hili mekdepler köp açyldy, ýöne soňra olaryň ösüşi besedilýär. 1911-nji ýylda Zakaspi oblastynda bary-ýogy 10 s. Ýerli rus mekdebi bar eken, we onda 194 sany türkmen çagalary okadylýar. Şol bir wagtda türkmen obalarynda, Hywa we Buharada, biri-de bolmandyr.

Iň bir ýaýrawly mekdepler ekerançylykly, gök-bagçaçylykly, ýüpekçilikli mekdepler Köşide we demirýol mekdebi Aşgabatda ýerleşipdirler (ýöne, ilki başda hem soňky döwürler ol demir-ýol mekdebi diýip atlandyrylýar, ol ýerde bilimde gaýry kär hem öwredilýärdi). Hut şonuň üçin bu mekdebi gutaranlar öz käri boýunça işe ýerleşip bilýärdiler, bu ugurdaky kkadrlar hemme ýerde arzylydyrlar.

Ýokarda belleşimiz ýaly, başlangyç mekdepleriň arasynda hem ýörite aýallaryň mekdebi bolupdyr. Ýöne ol ýerde diňe türkmen gyzlary okady diýip bolmaz, sebäbi okuw rus dilinde bolupdyr. 1897-nji ýylda gyzlara niýetlenen Marinskiý mekdebi Aşgabatda işläp başlaýar, ol şol wagtdaky welaýat başlygy Kurapatkiniň tagallalary bilen 1900-nji ýylda täzeden aýallaryň gimnaziýasyna öwrülýär.

A.N.Kurapatkin ýerli milletiň çagalary üçin milli mekdepleri açmakçy däldi, ýöne rus çagalarynyň mekdep ýaşyna ýetenleriň sany 10-na baran ýerlerde, bolamnda, 2 ýyllyk mekdepler üçin şert döredipdir.

Käbir ýaşlar öz maksatlaryna ýetmek üçin başlangyç bilimi almak isleýärler, mekdeplere ýekşenbe günleri gatnamaga mejbur bolupdyrlar. 1897-nji ýylda Aşgabatda bu hili mekdepleriň birinde 88 adama çenli okapdyrlar, 8-den 12 ýaşly okuwçylar bilen bir hatarda 40 ýaşdan ulular hem okapdyrlar. Bu hili auditiriýada sapakdaky okuwçylaryň ýaşlaryny saýgarmagyň kyndygy öz-özünden görünip duran zat.

Ýokarda belleýşimiz ýaly, başlangyç mekdepleri köp görnüşli bolandyklary sebäpli olaryň taýyarlaýyş derejesi hem dürli-dürli bolupdyr, şonuň üçin 1911-1913 ýy.bu mesele Döwlet Dumasyna maslahata çykaryldy.Ýöne ondan soňam düşüwli, hiç zat edilmeli. Şeýlelikde, başlangyç mekdepleriň reformasy çözgütsiz meseleleriň biri bolup galdy.

Bir salymdan soň, Türkmenistan Russiýa biriginden soňra döwrüň talabynyň ösmegi bilen başlangyç mekdepler bilen bir hatarda dolydäl we doly orta mekdepleri döredilýär. Gimnaziýalar dolydäl (gutarylmadyk) orta mekdebi hasaplanylýar, ady orta bilim alasy gelenler ýagdaýy bolanlar real gimnaziýalarda ýa-da tölegli mekdeplerde özlerisaýlap okap bilýärdiler. Progimnaziýalara we gimnaziýalara 2 ýyllyk başlangyç mekdepleri gutaryp söhbetdeşlikden geçenlerden saýlap alypdyrlar, progimbnaziýalarda okuwyň dowamlylygy 4 ýyl, gimnaziýalarda 7-8 ýyl bolupdyr.

Ol ýerlerde okuw tölegli bolupdyr, progimnaziýalara ýarym ýyl öňünden 15 manat, gimnaziýalar bolsa ýarym ýyl öňünden 50 manat, mümkin şonuň üçin okuwçylaryň sany köp bolmandyr, okuwyň rus dilinde alnyp barylmagy, sebäpli türkmen çagalaryna okamaga mümkinçilik bolmandyr.

Milli magaryfçylygyň ösüşi esasan mugallymlaryň gerdenine düşýär. Russiýa patyşasynyň döwründe mugallymlaryň ýagdaýy örän kyn bolupdyr. Öňdebaryjy pedagoglar güýçlerini gaýgyrman işçileriň çagalaryna bilim bermek üçin zähmet çekipdirler, olara bilim we terbiýe bermek üçin işläpdirler.

Wagtyň geçmegi bilen, döwrüň talabynyň üýtgemegi bilen beýleki ýerlerde bolşy ýaly türkmen halkynyň arasynda hem birinji magaryfçy mugallymlar peýda bolýar. Olaryň arasynda Nazarguly Serdarow, Söýuberdi Garryýew, Akmämmet Myradow, Ata Halniýazow, Artykgül Tekinskaýa we ş.m. ýalylar bolupdyrlar. Olar öz saýlap alan kärlerinde tüýs ýürekden zähmet çekipdirler, olar hemişe alyp barýn işleriniň netijeli bolmagyny isläpdirler. Okuwçylaryň çuňňur bilim almaklary barada şeýle-de olara oňat terbiýe bermek barada alada edinipdirler.

Alyşbeg Alyýew, J.A.Beläýew, Aleksandr Kozinow we ş.m. ýaly, Türkmenistanda mekdepleriň sanynyň köpelmeginde, pedagogik pikiriň ösmeginde pedagogikanyň taryhynda ýatdan çykmajak yz goýan magaryfçylary ýatlamazlyk mümkin däl. Bu pedagoglar magaryfçylygyň we mugallymlaryň bilim derejesiniň ösmegi üçin uly goşant goşdular. 1917-nji ýyla çenli Türkmenistnda pedagogik kadrlary taýyarlaýan ýörite okuw jaýlaryň biride bolmandyr. Şonuň üçin başlangyç klaslarda mugallym bolasy gelen türkmen çagalary Daşkentde okamaly bolupdyrlar. Ýokarda ady agzalanlar ilkinji seminaristlerdir. Egerde olaryň öňünden kynçylyk ýüze çykanda olara seminariýanyň mugallymy J.A.Beläýew uly kömek edipdir, ol hemişe näm etmelidigi barada düşündirýärdi. Şonuň üçin türkmen seminaristleri ony örän gowy görüpdirler, onuň käbir ýetmezçiliklerine garamazdan ol gündogar halkynyň, şol sanda türkmen halkynyň hem däp-dessurlaryny we taryhyny bilipdir.

Iwan Aleksandrowiç Beläýew öz döwrüniň ýokary bilimli adamy bolupdyr. Ol gündogar dilleri institutyny tamamlapdyr. Pedagogik işiniň başynda ol bir azajyk Daşkent seminariýesinde işläpdir. 1911-nji ýylda Oktýabr rewolýussiýasynyň öňisyrasynda 1915-nji ýlda ol Zakaspiý welaýatynyň hat-petek (konselýariýa) bölüminde milli mekdepleriň gözegçisi bolup işläpdir. I.A.Beläýw patyşanyň rehimsiz ýolbaşçylaryndan däl-de, ol musulman mekdepleriniň okuw-terbiýeçilik (prosessiniň) döwrüniň guramasyny çuňňur öwrenipdir, bu barada onuň „Zakaspiý welaýatynyň mekdepleri“ atly kitaby şaýatlyk edýär. Öz göwrümi, edil şonuň ýaly-da özmazmuny boýunäc ol şu meselä bagyşlanan işlerinden üýtgeşik tapawudy ýokdy. Beläýew öz oçerklerini ýazmazdan öň, onuň üstünde köp işler ggeçiripdir. Ol ýörite anketalar düzüp, olary türkmen we rus dillerinde ýazýar, olaryň hemmesini döwlet tarapyndan ykrar edilen welaýat mekdeplerine ugradýar.

Beläýewiň „Zakaspiý welaýatynyň mekdepleri“ kitabyndaky ýetmezçiliklere garamazdan, onda döwlet tarapyndan ykrar edilen mekdepleriň ýagdaýy barada sorag şöhlelenýär. Ol musulmanlaryň biliminiň dini-   ugruny, hakykat real durmuşdan çykman, açyp görkezýär. Ol türkmen halkynyň medeniýetini, magaryfçylaryny ösdürmek üçin mekdep tejribesine öňdebaryjy pikirlerini, okuw-terbiýeçilik işleriniň usullaryny girizipdir, başgaça aýdanymyzda, okuw işiniň reformasy talap edilipdir, bu bolsa şol döwrüň ýagdaýlaryna laýyklykda amala aşyrmagyň kyn bolandygyna gowy düşünýärdi.

Ýerli administrasiýa tarapyndan musulamn mekdeplerine, iki taraply syýasat ýöredilipdir.

Türkmenistanyň Russiýa birigenden soňky ilkinji ýyllar, bu mekdepleri ýok etmek maksady öňde goýuldy, esasanam medreseler, bu medreseler ruslara ynanmazçylyk döredýän we basypalyjylara garşy göreşde halk birleşmesine ruhy goldaw beriji okuw jaý hökmünde kabul edilipdri. Ýöne musulman mekdepleri ýok etmek syýasaty ýerli halk tarapyndan härazyçylyk döredýär, bu bolsa ruhanaçylyk we feodal aristokratiýanyň bähbitlerine ulanylypdyr. Şonuň üçin patyşa hökümeti täze musulman mekdepleriniň açylmagyny goldamandyr.

Beläýew patyşa hökümetiniň ýokary wezipeli işgäri bolandygy sebäpli, ykrar edilen syýasy güýje garşy çykyş edip bilmändir. Ol pedagogik we jemgyýetçilik – syýasy garaýyşly magaryfçy hökmünde, döwlet tarpyndan ykrar edilen mekdepler ýerli halkyň sowatsyzlygyny we bilimsizligini ýeňip geçip bilýändiklerine göz ýetirýärdi. Şonuň üçin Beläýew hökümetiň wekilleriniň diýeni bilen bolýar, beyle diýilmegi, ol täze mekdepleriň we medreseleriň deregine rus-türki dilelri mekdepleriniň açylmagynyň tarapdary bolupdyr.

Pedagoglaryň pikiriçe, rus-türki dilleri mekdebi döwlet tarapdan ykrar edilen mekdepler bilim deňeşdireniňde has öňdebaryjy bolupdyr. Onuň berýän bilimi ýönekeý bolsada ol döwre laýyk bolupdyr. Ol ýerde arifmetika, geografiýa, surat çekmek we başga sapaklar (predmetler) okadylypdyr.Okuw işleri klas-sapaklarynyň usulyýet we okuw meýilnamalaryna laýyklykda alnyp barylypdyr.

I.A.Beläýew türkmen halkynyň arasynda medeniýeti ýaýradjy hökmünde rus- türki dilelri mekdeplerine daýanýardy.

Kä bir ýagdaýlara görä türkmen çaglaryny bu mekdeplere ugratmak kyn bolupdyr. Birinjiden muňa ruhanaçylyk, 2-den bolsa ilatyň ynanmazçylykly garaýyşlary päsgelçilik beripdir.

Belleýşimiz özi bolsa, rus-türki dilleri mekdepleriniň içki durmuşyny gowulandyrmaga uly üns beripdir, mugallymlaryň saýlanşyna, esasan hem öz ene dilli (t.d.) mugallymlara üns beripdir.

I.A.Beläýew okuw kitaplarynyň we esbaplarynyň türkmen dilinde bolmagyna uly üns beripdir.1913-nji ýylda Tejendäki rus-türki dilleri mekdebiniň mugallymy Alyşbeg Alyýew „Türkmen sözleýşi“ diýen ilkinji türkmen harplygyny ýazýar. Beläýew bukitaby diňe bir redaktirlemän, eýsem onuň 1-nji we 2-nji kitaplarynyň giriş sözlerini ýazypdyr.

1915-nji ýylda Aşgabatda çap edilen Beläýewiň „Türkmen diliniň grammatikasy“ diýen kitaby türkmen magaryfynyň taryhynda yz goýupdyr.

Bu kitapda türkmen diliniň grammatikasynyň doly beýany berilýär. Diri sözleýşiň bilimini, oňa görnükli mysallaryň üns bilen görkezmek başardypdyr. Ýene-de, dowy diýip bellemeli zatlarymyzyň biri, buda Beläýewiň türkmen diliniň grammatikasyny rus diliniň grammatikasy bilen deňeşdirip, olaryň deň gelýän we deň gelmeýän ýerlerini düşündirip görkezmegidir. Bu hem mugallymlara deňeşdirme metodyny, dil öwretmekde, giňden ulanmaga mümkinçilik berýärdi we okuwçylara kabul etme prosesini ýeňilleşdirýärdi.

Beläýewiň kitaby 10 bölümden ybarat:

Hat we ses okuwy.

Atlar barada.

Sypatlar barada.

At çalyşmalary. Sanlar.

Işlikler barada. Sypatlar we ahwalatlar.

Işlikler. Işlikleriň ýöňkemede üýtgeýşi.

Goşulmalar.

Beläýewiň kitabynyň ýetmezçiliklerine garamazdan, ol rus-türki dilleri mekdepleriniň esasy okuw esbaby bolupdyr. Ol Beýik Oktýabr ewolýusiýasyna deňeç ulanylypdyr.

Şeýle hem, Beläýewiň 1913-nji ýylda ýazan „Türkmen rus sözlügi“ pes derejä eýe bolmandyr. Ol okuw esbaplarynyň, bu hili görnüşleriniň birinjisidi.

Egerde öňki Şimke`wiçiň we Agabekowyň ýazan sözlüklerinde diňe berlen gönükmeleriň ýa-da makalalaryň içindäki türkmen diliniň leksiýasy görkezilen bolsa, Beläýewiň sözlüginde has giňişleýin bolupdyr. Ondaky köp sözler diri sözleýişe degişli bolupdyrlar.

Sözlük alfawit yzygiderlikde ýazylan. Sözleriň terjimesi arap dilinde, transkripsiýa rus dilinde berlipdir.

Awtoryň türkmen folkloryndan we ýazylan edebiýatlardan alan köp sanly matallardyr we atalar sözi, sözlügiň gymmatlygyny artdyrýar. Käbir sözleriň söz düzümleriniň nädogry terjimesine garamazdan, türkmen dilini öwretmekde uly ähmiýete eýedi.

Özi magaryfçy pedagog hökmünde türkmen dilini öwrenip, folklory, türkmenleriň däp-dessurlaryny öwrenip bu işe mugallymlary hem uýgunlaşdyrypdyr.

Beläýewiň işi okuw bilimlerini gowulandyrmagy, türkmen çagalaryny mekdeplere çekmegi, ýerli ilaty rus medeniýetine uýgunlaşdyrmagy öňdebaryjy häsiýete eýedi.

Oktýabr rewolýusiýasy döwrüniň öň ýany Türkmenistanda işlän P.Şimkewiç bilen S.Agabekow pedagogika ylmynyň ýaýramagynda uly ähmiýete eýe bolupdyrlar. Olar türkmen dilini aňyrbaşy bilmeseler-de okuw kitaplaryny türkmen dilinde ýazmagy öz özlerinde maksat edinipdirler. Şeýlelik-de 1899-njy ýylda Aşgabatda Şimkewiçiň „Zakaspiý welaýatynyň türkmenleriniň dilini öwrenilmek üçin tejribe gollanmasy“ atly kitaby çap edilýär.

Awtoryň türkmen diliniň grammatikasyny we sözleyiş stilini gowy bilmändigi sebäpli kitapda käbir ýetmezçilikler bolupdyr. Ýetmezçiliklere garamazdan, türkmen dilini öwrenmäge höwes bildirýänler üçin bu kitap möhümdir.

Şimkewiçiň kitabynyň çykmagyndan 5-ýyl soň 1904 ýylda Aşgabatda S.Agabekow edil onuňka meňzeş at bilen,,Zakaspi welaýatyndaky türkmeniň matallary we atalar sözünden ybarat bolan okuw-sözleýiş kitaby‘‘ diýen çapdan çykýar.

Gündogar dillerini diňleýjiler üçin ýazylan bu kitapda hem Şimkewiçiňki ýaly ýetmezçilikler bolupdyr. Mysal üçin atlaryň düşümde üýtgeýşinde goşulmalar nädogry berilipdir.

Türkmenistanyň Russiýa döwletine birigeninden soň ýerli intelligent halkyň içinden hemmetaraplaýyn bilimli, demokratik ideýaly (pikirli) ilkinji bilim ýaýradyjy adamlar döreýär. Olaryň içinden pedagogik işleri bilen aýratyn ünsi çekmäge Muhammetguly Atabaýew we Artykgül Tekinskaýa mynasypdyrlar.

Muhammet Atabaýew (1885-1916 ý.ý.) Bäherden etrabynyň Nohur obasynda baý arçynyň maşgalasynda dogulýar, ilki ýerli rus mekdebini gutarýar, soňra Daşkentiň mugallymçylyk seminariýasyny üstünlikli tamamlandan soňra ony Peterburg şäheriniň mugallymçylyk institutynyň el-zähmet-ugry boýunça okuwa ugradylýar. Türkmen mugallymy 3 aýa golaý Russiýada bolýar, ol Moskwadaky we Peterburgdaky rus mekdepleriniň okuw usulyýeti bilen tanyşýar. Ol 1908 ý. Türkmenistanyň milli mekdepleriniň gözegçisi Kerenskiýniň buýrugy esasynda Merw şäheriniň Utamyş obasyna ýerli rus mekdebine mugallym hökmünde ugradylýar, ol bu ýerde 5 ýyl işleýär.

Ol 1913 ýylda rus patyşalygyna howp salýa bahanaly rus hukukgoraýjylar tarapyndan tussag edilýär. Ýöne subutnamalaryň ýetmezçiligi sebäpli göýbermeli bolýarlar.

M.Atabaýew diňe bir göreldeli mugallym bolmandyr. Ol,,Maweraýy bahry-hazar‘‘ (,,Zakaspi welaýaty‘‘) gazetiniň üsti bilen pedagogik pikirleri ýayradyjy bolupdyr, gazet 1914ý. 14 dekabrdan 1916 ý. 31 dek.çenli çapdan çykýardy, ilkibaşda ol pars we türkmen dillerinde, soňra başbütin türkmen dilinde çap edilipdir. Redaktory I.A.Belýaýew bolupdyr.

 

Ýokarda agzalan gazetde onuň,,Türkmen halkyna‘‘ (1914),,,Okuw we türkmen mekdepleri‘‘ (1915),,,Türkmen aýallarynyň çeperçilik ussatlygy‘‘(1915) makalalary çykýar, Atabaýew olary milli alymyň garşysyna jemgyýetçilik-pedagogikasynyň meýilnamasynda ýazypdyr.

Şeýle hem Atabaýew öz pedagogik makalalarynda köne döwlet tarapyndan ykrar edilen mekdeplerdäki usulyýetleri inkär edipdir, ol prinsipleriň, okuw we terbiýäniň täze usullarynyň gowudygyny ynandyrýardy, şeýle-de, gyzlaryň oglanlar bilen bir hatarda okadylmagynyň tarapdary bolupdyr. Bularyň hemmesi onuň öňdebaryjy gözýetiminiň bolandygynyň we halka medeniýetsizlikden çykmaga kömek etmegi, göreldeli çemeleşmegiň subutnamasydyr.

Ol: „Biziň türkmen mekdeplerimizde okuw düzgünleri, üýtgewsiz, gadym döwürlerden bäri bar“ –diýip ýazypdyr.Oglanlar 4-5 ýyl okaýarlar, ýöne olar okap, ýazyp bilmeýärler. Täze okuw usulynda, dürli kitaplary okamak biraz hem bolsa ýeňil bolardy. Okuwçylar ertirden agşama elipbiýiň üstünde işleýärler, şeýdibem iň gowy ýyllaryny netijesiz geçirýärler, sebäbi 3-4 ýyldan olar bilimsiz bolup okuwy tamamlaýarlar. Birden-kä hat geläýse, olar okyjy gözlemäge gidýärler.

M.Atabaýew täze mekdepleriň, täze okuw usullarynyň ilatyň bilimleriniň ýaýbaňlaşdyryş is`lerini tejribäniň üsti bilen jemläpdir.

„Okaýşyň täze düzgünleri“ makalasynda ýazyjy „harplama usulyndan“ „sesleme usulyna“ geçmekligi talap edýär, Şeýle-de ol A.Alyýewiň „Türkmen sözleýşi“ kitabyna ýokary baha beripdir.

M.Atabaýewiň „Täze türkmen okuwy“ makalasynda, Çelekende we Krasnowodskda täze usulyýetdealnyp barylýan okuw mekdeplerini açandygy barada ýazylypdyr. Bu mekdeplere türkmen gyzlary hem alnypdyr.

Atabaýeiň pedagogik we metodiki makalalarynyň seljermesi netijesinde, gysga wagtyň içinde Zakaspiý milli bilim ulgamynda edilen köp işleriň üsti bilen, onuň öňdebaryjy pedagogdygy mälim boldy. „Maweraýy bahry-hazar“ gazetiiň 1916-njy ýylyň Mart aýynyň 2-däki sanynda Atabaýewiň Nohur obasynda biwagt aradan çykandygy barada habar berildi. Onuň ýakyn dosty, işdeşi Ata Myradowyň ölendigi baradaky habarnamada ony şeýle häsiýetlendirýär: öňdebaryjy magaryfçy, mollalara garşy göreşi; türkmen halkyň arasynda ylmy we medeniýeti ýaýradyjy diýilýär. Gazetiň habar bermegine görä onuň patasyna 300-e golaý adam gelipdir. Bularyň hemmesi Atabaýewiň halk arasyndaky hormatynyň görekzijisidir. 

 

Artykgül Tekinskaýa (1878-1924), ol türkmen magaryfçylarynyň görnükli wekilleriniň biri 1881 ý. 12-nji ýanwarynda Gökdepe galasynyň (rus patyşasy tarapyndan)ýykylan wagty, 5 gyzyň arasynda kesekleriň aşagyndan tapylýar, başga ol rus grafinýasy ``Yelizaweta Dmitriýewna Şahowskiniň hemaýatçylygynda bolan Bäherdeniň Bamy obasyndaky harby hassahanasynda bolýar.

Birnäçe wagt geçenden soň „ak     Skobelewiň buýrugy boýunça ýetim gyzjagaz Moskwa ugradylýar, soňra Şahowskiniň (ol goranmak ministriň gyzy bolupdyr), maslahaty bilen Skobelewiň hemaýatçylygyna berilýär.

Häzire çenli onuň (Tekinskaýanyň) ene-atasy we çyn ady näbelli. Gyzjagaz ulanandan soň oňa Tatýana Mihaýlowna Tekinskaýa diýip at dakylýar. Tatýana 12-ýanwarda, ruslarda- „татьянин день“ baýramçylyk, Mihaýil Skobelewiň ady, Tekinskaýa bolsa-tiresine görä.

Ol Moskwadaky Ýelizaweta institutynda okaýar. Beýleki sapaklr bilen bir hatarda ol daşary ýurt dillerini hem höwes bilen öwrenipdir. 1894-nji ýylda instituty tamamlandan soň ony şol ýerde klas bölüminiň kömekçisi edip goýyarlar. Bu wezipede 2 ýyldan gowrak işläp Harkowyň aýallar gimnaziýasyna fransuz dili mugallymy bolup geçýär. Maşgala ýagdaýy onuň ata-Watanyna gaýdyp gelmegine sebäp bolýar. 1906-1907-nji ýyllarda Aşgabada geleninden soň ol kanselýariýanyň (hat-petekler bölümi) başlygynyň ýanynda fransuz diliniň terjimeçisi bolup işleýär, soňra aýallar gimnaziýasynda fransuz, iňlis, nemes dillerinde sapak berýär. Ýöne bu ýerde köp işlemek miýesser etmeýär. Welaýat başlygynyň görkezmesi bilen Tekinskini Sarahs tamožniýasyna terjimeçi edip geçirýärler. Bu ýere öwreşenden soň näme üçindi ony Artyk stansiýasynyň tamožniýasyna geçirýärler. Beýle edilmegi syrly-kowmagyň bir görnüşidi, başga hiç zat däldi.

Täze ýerde, Artyk stansiýasynda işgärleriň kömegi bilen hem-de milli mekdepleriň welaýat gözegçisi Beläýewiň kömegi bilen, ol ýerde öz hasabyna täze mekdep gurýar we onda okadyp başlaýar. (Bu stansiýada ýaşaýanlar işlän döwri onuň adyna Artygyň güli diýip at beripdirler, şeýdibem Artkgül ady galýar.

Şol ýerde ol işçi Orazgeldi Çekijewe durmuşa çykýar, tiz wagtdan ol tussag edilýär. Olaryň maşgalasy polisiýa tarapyndan hemişe gözegçilikde bolýar. Bu olaryň ýurtdan çykyp gitmegine itergi bolýar. 1914-nji ýylda Ukraina göçenden soň mekdep müdiri bolup işläp başlaýar. Rewolýusiýanyň golaýlaşmagy bilen özge (ýat) ýurtda ýaşamak hem işlemek kyn bolýar, üstünede Kiýewiň häkimi oňa ynanmazçylyk edip, Zakaspiý welaýatynyň başlarynda 1915 ýylyň. 18-nji ýanwarynda hat ýazýar. Ol oňa Tekinskaýa Gasan Ependiýew, M.Atabaýew mugallymlary bilen dostlukly gatnaşykda bolandygy barada habar berýär. Goragçylar tarapyndan onuň Ýomut han bilen hat ýaşyşmagy ymtyrylýar. Zakaspiý welaýatynda yaşan döwri Ýomut hanynyň täsiri astyndaka, ol kä wagt, ruslaryň ony türkmenlerden alyp gitmekleri onuň bütin ömrüni zaýalandyklaryny, arz edýärdi.

Soňra ol ýat illerde ýaşamak onuň üçin kösençdigine düşünip, maşgala maslahatynda ata-Watana dolanmagyň tarapdary bolýar. Ýüze çykan täze maşgalqa kynçylyklary sebäpli Tekinskaýa ol ýerde ýened uzak bolmaly bolupdyr.

1924-nji ýylda T`rukmen döwletiniň döremeginden soň, ol Poltaraska mugallymlaryň I-gurultaýyna gatnaşmaga gelýär. Irnäçe wagtdan soň, Poltarask hassahanasynda ýogalýar.

 

Alyşbeg Alyýew (1886-1933) ylymda we bilimde Türkmenistanyň netijeli pedagogy  hökmünde tanalýar.

1906-1907 ýy. ol ilki Tejeniň rus-türki dilleri mekdebinde, soňra Kakada işläpdir. Onuň diňe mekdep okuwçylaryny arasynda däl-de, eýsem, olaryň ene-atalarynyň arasynda hem uly hormata eýe bolupdyr. Okuwçylar onuň olara adamkärçilikli, hoşniýetli hem-de ünsli gatnaşygy üçin ony gowy görüpdirler. Türkmen dilini bilmegi ony okuwçylar bilen ýakyn aragatnaşykda bolmagyna kömek beripdir, oňa rus dilini arifmetikany öwrenmekde terjime usulyny ulanmagy, kömek beripdir. Ýokary wezipeli ýolbaşçylary türkmen dilini okatmaga rugsat bermeseler –de, A.Alyýew bildirmän çagalara türkmen dilini okadpdyr. Bu barada Kakanyň rus-türki dilleri mekdebiniň öňki mugallymy Raisa Nikolaýewna  gürrüň berdi, ol sapaklaryny okuw sapaklaryndan soň geçiripdir. Çagalar bu sapaklara höwes bilen gatnaşypdyrlar. „Özbaşdaklyga“ ýüz uranlygy üçin 3 gezek duýduryş alandan soň ol bu sapaklaryny bes etmeli bolýar. Rus dilini we başga sapaklary okadanda, ol türkmen dilinden hem peýdalanýar. Çagalaryň çeper sözleýişleri ony örän begendirýärdi we geljekde-de öz işini gowulandyrmakçydy.

Şeýlelik bilen A.Alyýewde pikir döreýär, öz we mugallymlaryň tejribelerini ulanyp, türkmen dilinde kitap ýazmagy pikir edýär.

Onuň bu pikirine Zakaspiý welaýatynyň milli mekdepleriň gözegçisi I.A.Beläýew goldaw berýär. Ol diňe bir golýazmasyny okap bermäge däl, eýsem ony çap etmäge we redaktory bolmaga razyçylyk berýär.

Zakaspiý welaýatynyň çinownikleriniň arasynda uly agrama eýe bolan rus pedagogynyň gollamagy şowly boldy. 1913 ý. Aliýewiň „Türkmen sžleýişi“ söz başynda bolsa „Türkmen mekdeplerinde ses usulynda okadylmagy“ diýip arapça ýazylan kitaby dünýa`inýär. Harplyk, türkmen halkynda ene dilini öwretmekde ulanylýan skolastik usulynyň gysyp çykarylmagynda we ýok edilmeginde başlangyç bolýar. Şu kitabyň döremegi bilen bilimi adam aňyna düşünikli ýetimeklikde mümkinçilik döredi. Çagalar adamlaryň ýaşaýşy aragatnaşygy, zähmet prosesi, tebigat we haýwanlar bilen tanyşypdyrlar. Harplyk, çaganyň pikiriniň we sözleýşiniň ösmegine ýardam beripdir.

Awtor kitabyny düzende K.D.Uşinskiniň we başga rus pedagoglaryň öňdebaryjy pikirlerini çuňdan öwrenilýän meseläni saýlanyp alynmagynda duýulýar.

Harplykda ulanylan-matallar, soraglar, atalar sözi, hekaýalar hemmesi çagalara düşünikli, hem-de doly olaryň ýaş aýratynlyklaryna laýyk gelýär.

Bu kitapda ol türkmen sözleri bilen bir hatarda gelip çykyşy arap we fransuz dillerinden bolan: soldat, pol, potolok, samowar we ş.m. ýaly sözleri ulanypdyr.

Aliýewiň harplygynyň gowy taraplaryny bellige alyp onuň kemçiliklerini hem agzap geçmek gerek: harplykda suratlar ýok, meseleler we gönükmeler ýok, tekstiň içinde ýygy-ýygydan aýtmasy kyn bolan we çagalara düşnüksiz bolan arap-ppars sözleri duş gelýär. Awtor hemişe dürs ýazuwyň kadalaryny eýermändir.

Şonda-da rewolýusiýa çenli ol rus-türki dilleri mekdepleriniň esasy okuw esbaby bolupdyr.

A.Aliýew hemişe halkyň arkasynda duran hem-de sowet hökümetiniň tarapdary bolan ilkinji mugallymlaryň sanyna girýärdi. Şonuň üçin hem, A.Aliýew rewolýusiýanyň ilkinji günlerinden başlap özüni halkyň bilim işine we ýöriteleşdirilen mekdepleriň ulgamlaryny giňeltmek işine pida edipdir.

1919-njy ýylda Kakanyň ak gwardiýadan boşandan soň, ol halk bilimi bölüminiň müdiri edilip bellenilýär. Wezipe örän kyn bolupdyr. Hemme päsgelçiliklere döz gelip ol krestiýan we işçileriň çagalaryny üçin mugt mekdep açýar, ol ýere 26 sany türkmen gyzlary hem alypdyr.

A.Aliýewiň irginsiz zähmeti netijesinde şol ýerde bilimsizligi azaltmak üçin ýörite sapaklar, gyzyl çaýhana, kitaphanalar we aýdym-saz drama okuwçylary hem açylypdyr.

Aliýew mekdepleri okuw esbaplary bilen üpjün etmek üçin uly işler edipdir. Aliýew çagalaryň saglyk ýagdaýlary bilen hem aladalanypdyr. Ol mekdepleri gyzgyn ertirlik, okuwçylary egin-eşik we aýak-gaplar bilen üpjün etmelidiniň zerurdygyny belleýär. Ol ene-atalary, jemgyýeti bu meselä çekip, kyn bolan ýagdaýa jogap tapmagy başarýar.

Aliýewiň esasy bir aladalarynyň biri obalarda täze mekdepleriň gurulmagydy. Ol ýygy-ýygydan obala aýlanyp, daýhanlara halk biliminiň ugrundaky sowet hökümetiniň syýasatynyň manysyny düşündirýär.

A.Alyýew guramaçylyk işi bilen bir hatarda okuw-usulyýetinde hem uly işler alyp barýar. Özdiýenli hem çydamly, ol mugallymlara okuwyň täze usullaryny özüniň baý bolan pedagogik tejribesini okuw üstünde gçirýärdi. Ol çagalary terbiýelemekde we okatmakda bolan täze öňdebaryjy usullaryny mugallymlara tejribede görkezmek üçin, ýygy-ýygydan açyk sapaklar bermeli bolupdyr. Sapaklar hemişe gyzykly we netijeli bolandygyny bellemeli.

Şol döwrüň kyn ýagdaýlaryna, hemişe işliligine uly kynçylyklara garamazdan Alyýew kitaplary, okuw esbaplary ýazmaga wagt tapypdyr. Onuň işjeňligi guwandyryjydyr. Diňe 2 ýylyň dowamynda (1919-1920 ýy.) „Iň täze türkmen harplygy „Azerbeýjan harplygy“ (tatar mekdepleri üçin). „Türkmen diliniň usulyýeti“, „Arifmetikanyň we meseleleriň usulyýeti“‘ „Türkmen diliniň öwredilmegine 2 ýyl“ ýaly birtopar işleri döreýär.

1920 ý. Daşkentde Aliýewiň „Türkmen harplygy“ çap edilýär.

Bu harplyk okuwçylaryň bilimini baýlaşdyrmakda anyk yzygiderligi we anyk sistemasy (ulgamy) bilen tapawutlanýar. Ulanylýan matriallar diduktiw prinsiplerde bolupdyr, ýagny ýönekeýlikden kynçylyga. Bu kitap 1924-nji ýyla çenli okuwçylar tarapyndan ulanypdyrlar we buda soňky harplyklary ýazmakda nusga bolupdyr.

1924-nji ýylda ýazylan „Arifmetikanyň usulyýeti“ kitaby başlangyç klaslaryň mugallymlarynyň ussatlygynyň gowulandyrmakda uly ähmiýete eýe bolýar.

1929-njy ýylda A.Aliýew Böriýew bilen bilelikde rus-türkmen sözlügini döredýärler. Bu latyn elipbiýinde ýazylan ilkinji sözlükdir. Bu kitabyň maksady, türkmen we rus dillerini öwrenýänlere, tejribeçilikde kömek bermek. Bu iş türkmen diliniň leksiýasyny baýlaşdyrmaga uly goşant bolandygyny belläp geçmeli.

Aliýewiň pedagogik işi döwlet tarapyndan ýokary bahalandyryldy. Ol mekdepleriniň gurulmagynda, okuw esbaplaryny düzmekde çeken zähmeti üçin, hökümet tarapyndan. Türkmen zähmetiň Gyzyl nyşany bilen sylaglanan türkmen magaryfçylarynyň ilkinjileriniň biridir.



<== предыдущая лекция | следующая лекция ==>
Döwrüň aýratynlygy. Mekdepler we medreseler. Hoja Ahmet Ýasawy. Onuň “Hikmetleriniň” pedagogik ähmiýeti. | Основные виды организованной образовательной деятельности
Поделиться с друзьями:


Дата добавления: 2018-11-11; Мы поможем в написании ваших работ!; просмотров: 497 | Нарушение авторских прав


Поиск на сайте:

Лучшие изречения:

Два самых важных дня в твоей жизни: день, когда ты появился на свет, и день, когда понял, зачем. © Марк Твен
==> читать все изречения...

2216 - | 2044 -


© 2015-2024 lektsii.org - Контакты - Последнее добавление

Ген: 0.01 с.