Лекции.Орг


Поиск:




Категории:

Астрономия
Биология
География
Другие языки
Интернет
Информатика
История
Культура
Литература
Логика
Математика
Медицина
Механика
Охрана труда
Педагогика
Политика
Право
Психология
Религия
Риторика
Социология
Спорт
Строительство
Технология
Транспорт
Физика
Философия
Финансы
Химия
Экология
Экономика
Электроника

 

 

 

 


Orta Azaýada we Türkmenistanda terjimeçilik işi. Terjime eserlerde pedagogik pikirler we olaryň ähmiýeti.

          Orta Aziýada, şol sanda Türkmenistanda hem ylmyň, medeniýetiň, sungatyň, pedagogik pikiriň ösmegine Gündogar (Gresiýa, Rim, Afiny we başgalar) we Gündogar (Hindistan, Hytaý, Müsür we başgalar) halklaryň medeniýeti güýçli täsirini ýetiripdir. Bu meselede aýratynam şol ýurtlaryň ylmy, çeper we beýleki eserleriniň ýerli dile terjime edilmegi uly rol oýnapdyr.Mysal üçin, Hindi ylmynyň matematikasynyň, astronomiýasynyň çeper, filosofik we beýleki ugurlar boýunça gazananlarynyň birnäçesi terjime edilip ýaýradylypdyr. Ol terjimeleriň köpüsi biziň günlerimize gelip ýetmändir. Olardan „Kalila we Dimna“ hindi poemasy dolulygyna dipen ýaly (hatda soňky goşmaçalary bilen) hem-de käbir eserleriň aýry-aýry bölekleri (meselem, „Lukmanyň öz ogluna öwüt-nesihatlaryndan“, „“Akyldarlaryň maslahatlaryndan“ bölekleri biziň günlerimize gelip ýetipdirler.

„Kalila we Dimna“ poemasyny käri boýunça wraç Barzus VI asyrda sasanidler Iranynyň şasy Anuşirwanyň ibermegi bilen Hindistana gidip göçürip alýar we getirip, pehlewi diline terjime edýär. Soň Orta Aziýada arap halyfaty döwründe kitap pehlewi dilinden arap diline terjime edilýär. Kitabyň dari, rus dilinde terjimeleri bar. Gynansakda kitap heniz türkmen diline terjime edilenok.

Kitabyň ilki iki babynda adamyň akyly paýhasynyň güýji hakynda gürrüň gidýär. Onda akyl-paýhas hudaý tarapyndan berlip, tejribe we bilimlilik bilen gazanylýar diýlip ýazylýar. Ýene-de onda akyl-paýhas tä ony bilim ýüze çykarýança we oňa tejribe güýç berýänçä görünmeýär, „akyl-paýhaslylyk we bilimlilikden gowy zat ýok“ diýip bellenilýär. Şundan görnüşi ýaly eserde adamyň akyl taýdan ösmeginde durmuş tejribesiniň we bilimiň roluna uly baha berilýär.

Kitapda adamyň akyllylygy onuň aşakdaky sekiz sany ahlak sypatlarynda ýüze çykýar diýlip görkezilipdir:

1. Bu mylakatlylyk we mähirlilik.

2. Öz göwün matlabyňy bilmek we ony aýamak.

3. Patyşalara ýaranmak we olara boýun egmek.

4. Öz gizlin syrlaryňy nätmelidigini we olary dostlaryňa yna

5. Patyşanyň huzurynda edeplilik we duşbilik görkezmek.

6. Öz syrlaryňy we başgalaryň syrlaryny saklap bilmek.

7. Öz diliňe eýelik etmek we diýjek zadyňy oýlanyp, ölçäp-kesip aýtmak.

8. Ýygnanşyklarda diňe berýan soraga jogap bermek, diňe düýpli bilýän zatlaryň hakynda gürrüň etmek, soň ökünjek zatlaryňy aýtmazlyk.

Kimde şu sypatlar utgaşsa ol adam öz jemgyýetiň nygmatlaryndan peýdalanyp we peýda tapyp hem-de özünden, betbagtlylygy we zyýany daşlaşdyrar. (Seret: „Kalila we Dimna“ Вт.изд. М. 1957. с.41).

Görşüňiz ýaly, ýokardaky maslahatlar öz döwründe ýaş nesli ahlak, edeplilik, özüňi akylly-başly alyp barmak, oýlanşykly hereket etmegi ruhunda terbiýelemekde peýdaly bolandyr. Köneligine seretmezden halk pähimine esaslanýan şol maslahatlar biziň günlerimiziň ýaşlaryny terbiýelemek üçin hem şol maslahatlar ähmiýetlidir.

Poemanyň esasy gahrymany Kalila we Dimna atly iki sany şagal bolup, ondaky wakalara haýwanat dünýäsiniň başga-da birnäçe wekili gatnaşýar. Ýyrtyjy haýwanlar patyşa we onuň köşgündäki emeldarlar edilip suratlandyrylýar. Meselem, Şir-patyşa, gaplaň, möjek (gurt), şagal, tilki bolsa patyşanyň ýakyn adamlary, köşgüň uly emeldarlary.

Olaryň arasyna tötänleýin düşen ynanjaň haýwanlar iru-giç olara tagamly çörek bolýarlar. Öküz bilen eşek hut şu güne düşýärler.

Şir (haýwanlaryň şasy) rehim-şepagatsyz gandar, sähelçe kemçilik üçin, ol özüniň her bir ýok etmäge taýyn. Köplenç köşkdäki şugulçylaryň, töhmetçileriň günäsi bilen şeýle halatlar bolupdyr. Patyşanyň töweregindäki emeldarlary adalatsyz, görip, aldawçy, olar ahlaksyz. Şeýlelik bilen eserde ýyrtyjy haýwanlar hakynda gürrüň edilip, olaryň hereketlerinde hakyky patyşa bilen onuň köşgündäki emeldarlaryň hereketleri düşünilýär.

Patyşalaryň we köşk emeldarlarynyň ahlaklygyny şu hili aýlawly (allegorik formada) tankyt etmek aýratynam „Şir we öküz hakynda bap“ – diýen baplarda güýçli berlipdir.

Eserde akyllylyk we edep, gowy işleriň adamyň iň uly baýlygy diýlip hasaplanýar. Onda bu barada şeýle diýilýär: „Akylly adama köp baýlyk şatlyk getirmeýär, garyplygam ony gama batyrmaýar. Onuň baýlygy akyllydyr we bitiren asylly işleridir“ (144-145 sah.).

Kitapda hakyky dostluk, wepalylyk we birek-birege kömek bermek, kollektiwiň güýji, watançylyk hakynda hem peýdaly pikirler öňe sürülýär. Şeýlelik bilen „Kalila we Dimna“ kitaby pedagogik nukdaý nazardan, aýratynam ahlak terbiýesi babatynda birtopar ähmiýetli pikirleri özünde jemleýär. Bu pedagogik taýdan ähmiýetli we öz döwründe ýaýran gyzykly eseriň ýaş nesliň terbiýesine oňyn täsir edendigi barada şübhelenmese bolar.

Indi käbir kitaplaryň bize gelip ýeten böleklerinde aýdylýan bizi gyzyklandyrýan pikirler babsynda. Ýokarda aýdyşymyz ýaly, şol bölekleriň biri „Lukmanyň öz ogluna öwüt-nesihatlary“ diýen kitabyň bölekleridir. Ol böleklerde ýaşlarda özüňi alyp barmak endigine degişli birtopar gowy maslahatlar getirilipdir. Mysal üçin, Lukman ogluna şeýle diýýär: „Sabyrly bol, islegiňi öz ugruna iberme...“, „adamlar bilen gödek gürleşme“, „Özüňi iýmit meselesinde çäklendir, öýne özüňi akyl-parasat bilen baýlaşdyr“, „köp pikirlen, az gürle“, „seni adalatsyz öwseler, ulumsylyk etme, sebäbi nadanyň sözi bilen palçyk düre öwrülmez“. (Seret: Образчики персидской письменности. ч. I. Проза. М. 1902. 126 с. Pars dilinde).

Beýleki bir kitaby „Akyldarlaryň maslahatlary“  biziň günlerimize gelip ýeten böleklerinde şeýle diýilýär: Aluşirwan Iranda şalyk edýärkä, bir gezek ýurduň 23 sany akyldaryny ýanyna çagyrýar we olaryň her birine bir sany akylly-parasatly maslahat aýtmagy tabşyrýar. Olaryň aýdan parastly sözlerini (maslahatlaryny) bolsa, altyn harplar bilen ýazdyryp, öz hazynasynda iň gymmat baýlyk hökmünde sakladýar. Şol parasatly (maslahatlar) aşakdakylardan ybarat (saýlap we gysgaldyp berýäris).

1. Özüňizi öwreniň, ylmy öwrenmäge utanmaň, öz ömrüňizi nadanlykda bimany geçirmäň, kyn bolsa-da gowulyga, bilime ymtylyň, hiç bir baýlygy bilimden ýokary saýmaň...

2. Akyldarlaryň maslahatlaryny äsgermezlik etmäň, howlukman işläň, ýöne işi uzaga çekmäň, işi oňat işläp bilýäne tabşyryň, özüňize zyýan getirýän işde çetde duruň, hemişe ägä boluň, akyldarlar bilen maslahatlaşyň we olaryň maslahatlaryna gulak asyň.

3. Mylakatly bol, şatlygy güýç hasapla, öz saglygyň gadryny bil, başga adamlaryň gam-gussasyna we hasratyna begenme.

4. Her hili ýagdaýlarda-da adamlar bilen oňuşyň, gyzma bolmaň, dostlaryňyz bilenem, duşmanlaryňyz bilenem ýaraşyň, öz mümkinçilikleriňiziň çäginden çykmaň.

5. Sabyrly boluň, öz mertebäňize gelişmeýýän hereketlerden çetde duruň, erbet gürrüňdeşden daşda duruň.

6. Nebisjeň bolmaň, öz ene-ataňyzy we garyndaşlaryňyzy hormatlaň, öz beren wadalaryňyza wepaly boluň, mätäçlere kömek ediň.

7. Kimiň bilimi köp bolsa şony hormatlaň. Öwrenmek islemeýäni adam hasabynda görmäň, öz abadançylygyňyzyň sabyrlylykdadygyny we bela-beşerden gutarjak zadyň sapýüreklilikde we dogruçyllykdadygyny biliň, gelşiksiz söz aýtmaň.

8. Öz diliňizi hapa sözlere öwrenişdirmäň, gybatkeşlere gulak asmaň.

9. Ylmy hyjuw bilen öwreniň, bilime daýanman hiç zat etmäň we aýtmaň. Gyş etmeli işi tomsa goýmaň, şu günki işiňizi ertire goýmaň

10. Öz çagalaryňyza senet we sungat öwrediň, öz syrlaryňyzy dostlaryňyza-da, duşmanlaryňyza-da açmaň, başgalaryň syryny aýtsalar diňlemäň.

11. Hakyky dostlaryňyzdan araňyzy üzmäň, duşman siziň bilen dostlaşsa heder ediň. (Seret: Образчики персидской письменности 161-171 sah.).

Görüşimiz ýaly, ýokardaky maslahatlarda peýdaly, pedagogik taýdan ähmiýetli pikirler öňe sürülýär. Olar heniz hem öz ähmiýetini ýitirenok. Bu maslahatlar takyr ýerden oýlanyp tapylan zat bolman, halkyň arasynda ir wagtlardan bäri kem-kemden emele gelen we halk döredijiliginde orun alan ahlak we özüňi alyp baryş normalarynyň ýazga geçirilen formasy diýsek ýalňyşmarys. Her zadam bolsa, olar ýaş nesli ahlak taýdan kemala getirmkde ähmiýetli serişde bolupdyrlar.

 

Orhon – Ýeniseý ýadygärlikleri.

Türkmenistanda irki feodalizm döwrüniň pedagogik pikiri hakynda gürrüň edilende biz daşlaryň ýüzüne ýazylan VI-VIII asyrlara degişli „Orhon-ýeniseý ýazuwy“ adyny alan ýazgylardyr.

Bu ýazgylar barada aşakdakylary aýtmak bolar.

YI asyryň ortalarynda türki dillerde gepleýän käbir taýpalar birigip, Türk kanagaty (hanlygy) atly täze döwleti esaslandyrýarlar. Olar giň territoriýany eýeläp biri-biri bilen pikir alşanlarynda ortalyk dilden we ýazuwdan peýdalanylypdyr. Olaryň daşlaryň ýüzüne ýazan ýazgylarynyň ilkinji nusgalary XVII asyryň II ýarymynda tapylýar XIX-XX asyrda tapylanlaryda bar. Olar Ýeniseý derýasynyň boýlarynda Tuwa we Ýakut (şu wagtky Saha respublikasy) respublikalarynyň territoriýasyndan, Gazagystandaky Talas derýasynyň boýundan, Ongin basseýninden, Mongoliýadaky Orhon derýasynyň boýundan we beýleki derýalardan dürli ýyllarda tapýarlar. Olaryň içinde UI asyrda ýazylanlar-da, UII-UIII asyrlarda ýazylanlary-da bar. Ylymda olaryň hemmesine Orhon-ýeniseý ýazgylary diýlip umumy at berilýär. Gürrüňi edilýän ýadygärlikleriň dilinde häzirki zaman türkmen dilindäki sözlere meňzeş ýa-da ýakyn sözleriň birtopary duşýar. (Seret: M.Hydyrow. Türkmen diliniň taryhyndan materiallar. A.1962. M.H.Hydyrow, R.Aýdarow. Orhon-ýeniseý ýadygärlikleriniň dili. A. 1968).

Daşlaryň ýüzüne ýazylan ýazgylarda şol döwrüň wakalary gadymy göçme ilatyň durmuşy, medeniýeti, gahrymançylygy we ş.m. dogrusynda çeper proza arkaly gürrüň berilýär.

Ol ýazgylarda bilim we terbiýe, barasynda hem käbir pikirler bar. Olarda esasan çagany kiçijikliginden ahlaklylyk, watançylyk, eserdeňlik, mylakatlylyk, başganyň başyna düşen kynçylyga duýgudaşlyk bildirmek ruhunda terbiýelemek hakynda pikirleri tapmak mümkin. Ene watany goramak, watanyň kuwwatlylygyna guwanmak, halkyň abadan ýaşaýşy ugrunda alada ol ýazgylaryň içinden eriş-argaç bolup geçýär. (Seret: К.Б.Джарикбаев, С.К.Калиев. Национальные аспекты обучения и воспитания в Казахстане. Алма-Ата, 1990).

Ýazgylaryň käbirinde ahlaklylyk, hoş sözlülik wasp edilýär. Mysal üçin, olaryň birinde şeýle diýilýär: „Kän garyndaşyň sözi datly (süýji G.P.mylaýym), ýüzi mylaýymdyr. Datly sözi, ýüzi bilen uzak garyndaşlary şatlandyrandyr. Ýakyna geçenden soň hem bar bilimini ol ýerde ýaýýandyr... (Seret: Türk egitim taryhy. (Başlangyçdan. 1988-e çenli. Prof.Dr.Ýahýa Akýüz. Ankara 1989. 12 sah.).

Bu ýazgylar biziň ata-babalarymyzyň arasynda bolan türki taýpalaryň durmuşyna degişli bolanlygy üçin, türkmen halkynyň pedagogik medeniýetiniň ösmegine öz täsirini ýetiripdir diýip pikir etmek bolar. Onsoňam, ol gadymy ýazgylar biziň günlerimiziň türki dilli milletleriniň hemmesiniň umumy taryhy baýlygyna degişlidigi üçin, şol döwrüň jemgyýetçilik, pedagogik pikirini öwrenmek türki dilli milletleriň hemmesi, şol sanda türkmenler üçin hem gyzyklydyr.

 

  Irki feodalizm döwründe Mary şäheri, Barzus bilen Barbudyň  filosofik we pedagogik ideýalary.

    Türkmenistanda YI-YII asyrlarda Mary şäheri ylmyň, medeniýetiň, magaryfyň ösen ýeri bolupdyr. Bu ýerde pedagogika, matematika, metafizika, geologiýa, astronomiýa, geografiýa, geometriýa, mehanika, fizika we ş.m. boýunça antik döwrüniň awtorlarynyň iň meşhur eserlerini özünde jemleýän baý kitaphanalar, dürli dinlere çokunylýan hramlar, monastyrlar bolupdyr. (Seret: Г.A.Пугаченкова. Древний Maры. A.1982. 25-26 s.). Sungat, arhitektura ösüpdir. Şol döwrüň görnükli alymlarynyň birnäçesi şu ýeriň perzentleridir. Şolaryň biri wraç hem filosof Barzus (YI asyr) bolupdyr. Onuň „Kalila we Dimna“ atly hindi poemasyny terjime edendigini öň belläpdik.

Barzusyň ýazan eserleri biziň günlerimize gelip ýetmändir. Ýöne käbir çeşmelere esaslanyp onuň adamyň akyl-paýhasy, onuň bilim öwrenmek, dünýä akyl ýetirmek mümkinçiligi dogrusynda dogry pikirleri öňe sürendigini aýtmak mümkin. (Seret: Очерки истории философской и общественно-политической мысли в Туркменистане. А.1970.31с.).

Barzus hakykata göz ýetirmegiň baş çeşmesi diýip adamyň akylyny, pikirini birinji orna geçirýär. Burzuýäniň öz terjime eden eseri bolan „Kalila we Dimna“ poemasynyň „Barzus wraç hakyndaky babynda“ (bu baby kimiň ol gadymy esere goşandygy heniz belli däl). (Belki bu baby Barzuýäniň özi ýazandyr. G.P.). Barzuýä öz çagalygy, okuwy, işi hakynda gürrüň berýär. Ol medisinany güýçli söýüpdir, ony öwrenipdir we wraç bolup ýetişipdir. Näsag adamlary mugt bejeripdir. Soňra ol dürli dinleri öwrenmek bilen meşgullanypdyr. Emma olaryň hiç birinde akyl-paýhasly adamy kanagatlandyryp biljek adalatly dogry delilleriň, düşündirişiň ýokdugyna, göz ýetiripdir. (Seret: Kalila we Dimna. 51 sah.).

Barzuýäniň bize gelip ýeten ideýalaryndan pedagogik nukdaý nazardan onuň özüniň yhlas bilen okandygy, bilimleri, hünäri ele almak üçin jany bilen çalşandygy, näsag adamlary mugt bejerip, ynsanperwerlik görkezendigi, dinleri öwrenip, hakykaty bilmeklige ymtylmagy, bilimleri özleşdirmekde adamyň akylyna mümkinçiliklerine dogry baha berendigi ähmiýetlidir. Munuň özi onuň öz döwürdeşlerini bilimleri batyrlyk we tutanýerlilik bilen öwrenmäge, hemişe hakykatyň gözleginde bolmaga adamlara jemgyýete peýdaly bolup ýetişmäge çagyryş hökmünde bellenmäge mynasypdyr.

Maryly alymlaryň beýleki biri YII asyrda ýaşap geçen Barbut bolan. Ol belli aýdymçy we sazanda. Onuň ady käbir çeşmelerde Pahlabat diýlip tutulýar. Käbir çeşmeleriň habar bermegine görä, Barbut Hysrow Perwiziň (590-628 ý.) köşk bagşysy bolupdyr. (Seret: В.Успенский и В.Б.Беляев. O туркменской музыке. 1928. 64 с.). Onuň at-owazasy we şirin aýdym-sazlarynyň waspy Mara we beýleki köp ýerlere ýaýrapdyr. Barbut hakyndaky gürrüňleriň birinde onuň repertuarynda onuň ýylyň her bir güni üçin täze aýdym-sazyň bolandygyny habar berýärler. (G.A.Pugaçenkowa. Gadymy Mary. A.1982.25 sah.).

Barbut halkyň köp asyrlyk baý aýdym-saz mirasyny arman-ýadaman çüň öwrenmek esasynda aýdym-sazyň iň gizlin syrlaryna aralaşmanka, olaryň kanunalaýyklaryny açmaga ymtylypdyr we geçiren barlaglarynyň netijelerine esaslanyp öz aýdym-saz teoriýasyny döredipdir. Bu bolsa jemgyýetiň ruhy durmuşynyň aň-düşünjesiniň şol döwürde ösüp ýeten derejesini, onuň gahrymançylykly geçmişiniň hem şu günki gazananlarynyň aýdym-saz beýanyny tapmagyny aňladýardy. Barbutyň aýdym-saz pedagogikasy we aýdym-saz ussady hökmünde döreden eserleri we saz sistemasy Türkmenistanda şol döwürde we soňky asyrlarda aýdym-saz sungatynyň ençeme ýaş talantlaryň zehininiň açylmagyna we birtopar ajaýyp aýdym-saz ussatlarynyň ösüp ýetişmegine ýardam edipdir.

Halkyň Barbut tarapyndan ulgama salnan we teoriýa derejesine ýetirilen aýdym-saz däplerini dowam etdiripdirler. Barbudyň pedagogik nukdaý-nazardan hyzmaty şeýlemek bilen, onuň Türkmenistanda saz pedagogikasynyň we aýdym-saz sungatynyň ösmegine goşan goşandyndan ybaratdyr. Barbudyň köp okuwçysy şägirdi bolup, olar dini aýdymlar (gimnler) bilen bir hatarda halk aýdym-sungatynyň tutuş eposyny döredipdirler. (Seret: N.Baýramsähedow. Gündogaryň beýik danalary. A. 1992. 11s.).

 



<== предыдущая лекция | следующая лекция ==>
Zoroasrizm. „Awesta“- onuň terbiýeçilik ähmiýeti. | Döwrüň aýratynlygy. Mekdepler we medreseler. Hoja Ahmet Ýasawy. Onuň “Hikmetleriniň” pedagogik ähmiýeti.
Поделиться с друзьями:


Дата добавления: 2018-11-11; Мы поможем в написании ваших работ!; просмотров: 252 | Нарушение авторских прав


Поиск на сайте:

Лучшие изречения:

Своим успехом я обязана тому, что никогда не оправдывалась и не принимала оправданий от других. © Флоренс Найтингейл
==> читать все изречения...

2351 - | 2153 -


© 2015-2024 lektsii.org - Контакты - Последнее добавление

Ген: 0.013 с.