Лекции.Орг


Поиск:




Категории:

Астрономия
Биология
География
Другие языки
Интернет
Информатика
История
Культура
Литература
Логика
Математика
Медицина
Механика
Охрана труда
Педагогика
Политика
Право
Психология
Религия
Риторика
Социология
Спорт
Строительство
Технология
Транспорт
Физика
Философия
Финансы
Химия
Экология
Экономика
Электроника

 

 

 

 


Zoroasrizm. „Awesta“- onuň terbiýeçilik ähmiýeti.

Ýaş nesliň terbiýesine aýratyn hem VI asyryň ortalaryndan başlap, bu ýerde ýaýran gadymy Iran dini bolan „Zoroastrizm“ (otparazçylyk) dinini esaslandyrýan legendar Zoratuştranyň (Zoroastryň) taglymaty öz täsirini ýetiripdir. (Ýeri gelende aýtsak, arheologlar Marşanada onuň heýkelini tapypdyrlar).

    Zoroastrizm dinidünýäde hemişe gowulyk bilen erbetligiň, hakykat bilen aldawçylygyň, ýaşaýyş bilen ölümiň, hukuk bilen bikanunçylygyň arasynda barlyşyksyz göreş barýar diýip öwredýär. Ol taglymata laýyklykda Ahura-Mazda hudaý dünýädäki gowy zatlary döredipdir, onuň duşmany Angre-Maýnýu bolsa ähli erbet zatlary döredipdir. „Gowulyklaryň hudaýy Ýeri, ekin ýerlerini, öý haýwanlaryny, suwy, ody, onuň garyndaşy çöllügi, ýabany haýwanlary, ýyrtyjylary, zyýanly mör-möjekleri, keselleri, ölümi, hasylsyzlygy döredipdir. Ahura-Mazda hakykatyň, parasatlylygyň, gowulygyň ruhudyr. Angre-Maýnýu bolsa, ýalançylygyň, erbetligiň, ahlak hapalygynyň ruhudyr.

    Zoroastrizm nyp-ynanmaly däldigini bilmek. dininiň taglymatlary „Awesta“ diýen dini kitapda beýan edilipdir. Alymlar „Awestanyň“ birinji redaksiýasy biziň eramyzdan, öňki I asyrda peýda bolupdyr diýen pikiri aýdýarlar. Ol kitap ähli adamlara gowulygyň tarapyndaky ruhlaryň tarapyna geçip, erbetligiň ruhlarynyň we olaryň döreden erbetçilikleriniň garşysyna göreşmäge çagyrýar, hem-de bu göreşiň ahyr eýe bolarlar diýip öwredýär.

    Zoroastrizm dinine uýýan adamlar öz saglyklary barada alada etmelidirler. Sebäbi keselleri erbetlikleri döreden güýçler berýär diýip hasaplaýarlar. Şonuň üçin zoroastrizm dinine uýýanlar keselden ölen adama hormat goýmandyrlar. „Awestanyň“ düşündirişine görä, bu dine ynanýanlar ekerançylyk bilen meşgullanmaly, sebäbi munuň özi gowulygy döreden güýçleriň erbetligi döreden güýçlerden üstün çykmagyň zerur şertidir diýip hasaplaýarlar.

    Gowy, kämil bolmak üçin, zoroastrizm dinine uýýanlar birtopar şoňa mümkinçilik döredýän zerur alamatlary özünde jemlemeli bolupdyr. „Awestada“ ol sypatlar sanalyp geçilipdir. Olardan käbiri şulardan:

1. Zoroastraçy hemişe öz beren wadasy barada oýlanmalydyr we ony ýerine ýetirmäge çalyşmalydyr.

2. Zoroastraçy kynçylyklara we mahrumçylyklara seretmezden, okamalydyr we bilimleri ele almalydyr.

3. Her bir zoroastraçyda üç sany gowy sypat bolmalydyr: gowy niýet, ýakymly saz, akylly-başly hereket (Seret: Wadindad, „Awesta“ ç.n. 1948. 30, 39, 152 s.).

Şulardan görnüşine görä, zoroastrizm dininiň rasional däneleri az däl. Aýratynam okuwy, bilimi, wagyz-nesihat edýänligi, wadaňa wepaly bolmagy, gowy ynsanperwer sypatlara wepaly bolmagy, ekerançylyk bilen meşgullanmagy we ş.m. üçin, ol ýaş nesliň terbiýesine oňaýly täsir edendir diýip pikir etmäge esas berýär. Bir zady hem bellemek gerek: hatda Iranda we Orta Aziýada yslam dini ýaýrandan soň hem ilki-başda köp adamlar öz çagalaryny belli bir wagtyň dowamynda zoroastrizm diniň talaplaryna laýyklykda terbiýeländiklerini käbir çeşmeler habar berýärler. Zoroastrizm dini ýaş nesli dogruçyllyk, ahlak taýdan päklik, maksadyňa ýetmekde tutanýerlilik ýaly sypatlary, beren sözüňe wepadarlyk duýgusyny terbiýelemekde ähmiýetli bolupdyr.

Mazdakizm. Irki feodalizm döwrüniň ýaşlarynyň dünýägaraýşyna, terbiýesine täsirini ýetiren zatlaryň biri hem Mazdakizm hereketi bolupdyr. Gündogaryň belli akyldary Mazdakyň taglymaty VI asyrda diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem Orta Aziýanyň ähli ýerinde giň ýaýrapdyr. Ol daýhanlaryň dini bolup hyzmat edipdir. Mazdak öz taglymatlaryna zoroastrizm diniň (otparazçylyk) progressiw ideýalaryny esas edip almak bilen, oňa halk köpçüliginiň edilmegine garşy gönükdirilen sosial öwüşgin beripdir. Mazdak öz taglymatynda dünýäniň, ähli ýaşaýşyň manysy garşylykly güýçleriň bir-birine garşy göreşinden, ýagny gowy, hakyky, gözel, ideal zatlaryň şübheli, nadan bet, adalatsyz zatlaryň garşysyna göreşinden ybaratdyr diýip öwredipdir. Ol dünýä optimistik garaýşy, durmuşda umytlylygy, hakykat, adalat ugrunda göreşmäge ymtylmagy ündäpdir. Bu bolsa öz gezeginde ýaş nesliň aň-düşünjesiniň ösmegine, dünýägaraýşynyň kemala gelmegine položitel täsir edipdir. Mazdak dünýäde hakykat, adalat-gowulyk iru-giç dabaralanar, ýeriň tebigatyň eşretlerinden, zähmetiň miwesinden, ýurduň baýlygyndan hemme adamlar deň derejede peýdalanmaly ýöne bu gowynyň, hakykatyň, adalatyň ýeňşi öz-özünden bolmaýar, adamlar olaryň ýeňşine hemaýat etmelidir diýip öwredipdir.

               „Goý, eşretler adamlar arasynda paýlansyn. Sebäbi hemmeler beýik taňrynyň gullarydyr, hemmeler şol bir zatlara mätäçdir,“ – diýip öwredipdir. (Seret: Б.Г.Гафуров. История таджикского народа. М. 1949. с.110.) Mazdakyň ideýalary daýhanlaryň, baý feodallaryň garşysyna öz hukuklary, deňlik ugrundaky göreşlerinde köp ýyllaryň dowamynda baýdak bolup hyzmat etdi. Onuň ideýalary ýene-de ondan soňky Nowaýy, Omar Haýýam, Azady, Magtymguly we beýleki akyldarlaryň döredijiliginde öz beýanyny tapdy.

 



<== предыдущая лекция | следующая лекция ==>
Täze özgertmeler eýýamynda okatmagyň pedagogik, psihalogik esaslary. | Orta Azaýada we Türkmenistanda terjimeçilik işi. Terjime eserlerde pedagogik pikirler we olaryň ähmiýeti.
Поделиться с друзьями:


Дата добавления: 2018-11-11; Мы поможем в написании ваших работ!; просмотров: 215 | Нарушение авторских прав


Поиск на сайте:

Лучшие изречения:

Большинство людей упускают появившуюся возможность, потому что она бывает одета в комбинезон и с виду напоминает работу © Томас Эдисон
==> читать все изречения...

2486 - | 2161 -


© 2015-2024 lektsii.org - Контакты - Последнее добавление

Ген: 0.009 с.