1. Täze özgertmeler eýýamynda okatmagyň nazaryýeti (didaktika)barada düşünje.
2. Okatmagyň esasy düşünjeleri.
3. Okatmak nazaryýeti we hususy dersleri okatmagyň usullary.
Täze özgertmeler eýýamynda okatmagyň pedagogik, psihalogik esaslary barad gürrüň edilende Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy aýdan parasatly sözlerini mysal getiresim gelýär munda şeýle diýilýär: ,,Esasy mesele çaganyň näçe ýyl okanlygynda däl-de, eýsem oňa näme we nähili öwredilendigindedir.” HäzirkiBeýik Galkynyşlar we Täze özgertmeler zamanasynda Mähriban Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda yurdumyzy düýpli galkyndyrmakda, onuň ösüşlerini berkitmekde we bu ösüşleriň badyny gowşatman alyp gitmekde ylmyň ähmiyetini öwran-öwran nygtaýar. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň golaýda geçen mejlisinde hem hormatly yurt Baştutanymyz Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň öňünde duran, ylmyň ýagty geljegine we akademiýanyň bölümleriniň işine dahylly adalatly bellikleri aydyp geçdi. Täze Galkynyş we beýik özgertmeler zamanasynda yurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny dünýä ylym-biliminiň ösen derejelerine üstünlikli ýetirmek maksady bilen köptaraply işlere uly badalga berildi. Gadymy golýazma çeşmelerimiziň esasynda türkmeniň mukaddes dili, edebiýaty, taryhy, medenýeti boýunça möhüm ylmy barlaglary geçirmek, gadymy ýazuw ýadygärliklerini we halk döredijiliginiň dürdäne eserlerini toplap wagyz etmek hem neşir etmek, golýazmalary sowatly dikeltmek, olary abat saklamak, türkmeniň şöhratly taryhynyň milli ruhy mukaddeslikleriniň dünýäniň ylmy – medni jemgyýetçiliginde tutýan orny halkara sergilerde we halkara maslahatlarda açyp görkezmek ýaly işler döwrüň öňe çykaran örän möhüm wezipeleriň biri boldy. Ylymlar akademiýasynyň öňünde arheologiýa hem-de etnografiya boýunça hem-de düýpliylmy barlaglary geçirmek, maddy we ruhy gymmatlyklarymyzy ýygnamak,öwrenmek ýaly ençeme jogapkärli işler durýar. Okuw prossesinde okatmagyň esaslary bir-birleri bilen bilelikde hem berk arabaglanşykda çykyş edýärler. Okuw materialynyň häsiýeine, bilim bermegiň wezipelerine, okuwçylaryň ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda mugallymyň şol bir sapagyň dowamynda okatmak usullarynyň birnäçe görnüşinden peýdalanýan wagtlary az bolmaýar. Şonda olaryň käbiri sapakda ulanylýan esasy usula kömekçi bolmak hyzmatyny ýerine ýetirip, okuw işiniň belli bir böleginde gysga wagtlyk ullanylýar. Okuw prossesinde peýdalanylýaniş usullary bitirýän hyzmaty taýyndan düri-dürlidir. Olaryň hersine häsiýetli bolan aýratynlyklary bar.
Mekdepleriň okuw meýilnamasynda bu dersiň peýda bolmagy Türkmenistanyň täzeden galkynan döwründe ýurduň jemgyýetçilik durmusynyň dürli ugurlarynda bolup geçýän özgerişlikler bilen gös-göni bagly. Uly özgerişlikler bilim ulgamynda hem bolup geçýär. Ýeri gelende aýtsak, ýurduň bilim ulgamyndaky durmuşa f'.ccirilen we durmuşa geçirilýän täze düýpli özgerişler Tiirkmenistanyň Mähriban Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüniň şahsy tagallasy esasynda başlangyç aldy. Milli bilim ulgamynyň düýpli özgerdilmeler baradaky garaýyşlar Gurbanguly Berdimuhamedowyň Prezident saýlawlarynyň öňüsyrasynda saýlawçylaryň öpünde we onuň döwlet başyna geçenden soňky çykyşlarynda özüniň giňişleýin beýanyny tapdy. Onuň ýurt baştutany hökmünde ilkinji gol çeken kararlary olam gönüden-göni bilim we terbiýe meseleleri bilen baglanyşykly boldy.
Ösüp gelýän ýaş nesliň ýokary ahlak-gylykly, edepli terbiýeli, sowatly we bilimli adamlar bolup ýetişmelerinde orta mekdeplere aýratyn orun degişli. Türkmenistanyň orta mekdeplerini tamamlan ýigitlerdir gyzlar täze bilimleri ele almaga we täze hünärlerden baş çykarmaga ukyply, giň dünýägaraýyşly, täze döwrüň yzygiderli ösýän talaplaryna tiz uýgunlaşmagy başarýan adamlar bolup ýetişmelidirler. Olar dine bir saýlap alan ugurlarynda ýokary hünärli adamlar bol- mak bilen çäklenmän, eýsem, jemgyýetiň, tutuş dünýä siwilizasiýasynyň ösüş derejesine göz ýetirmäge we oňa özüçe baha bermäge çalyşýan, özbaşdak pikirlenmekligi başarýan, bazar ykdysadyýeti we hukuk döwleti şertlerinde erkin hereket edip bilýän adamlar — şahsyýetler bolup ýetişmelidirler.
Pedagogika okuw dersi şeýle adamlary terbiýeläp ýetişdirmeklige Öz mynasyp goşandyny goşmaly iň esasy dersleriň biri. Bu ders ýurduň orta mekdepleriniň okuw maksatnamasyna Türkmenistanyň Prezidentiniň 2007-nji ýylyň Mart aýynyň 4-ündäki kabul eden ,,Bilim~terbiýeçilikedaralarynyň işini kämilleşdirmek hakynda” Karary esasynda girizilip, onuň esasy maksadyýaşlara jemgyýetiň ösüş kanunlaryny, hukuk, ahlak, ykdysady, syýasy we ekologiýa medeniýetini öwretmekden ybarat.
Pedagogika, dersi orta mekdeplerde geçilýän beýleki dersleriň birnaçesi bilen özara baglanyşyklydyr.
Oňa iň ýakyn dersleriň hatarynda, ilkinji nobatda, Psihalogiýa, Mukddes Ruhnama dersini görkezmek bolar.
Her bir adam dünýä inen pursadyndan başlap terbiýe lyp başlaýar. Adam entek bäbejikkä, kiçi ýaşlyja çagajykka onuň diňe çaga degişli orny bar. 01 entek zähmetem çekenok, önümem öndürenok, gazanç edip, maşgala-da eklänok. Emma ol ulaldygyça, jemgyýetiň doly hukukly öz göre eşiden zadyndan terbiýelenip başlaýar. Mekdepde okaýan döwründe onuň esasy zähmeti, okamak, bilimleri ele almak bolup durýar. Ine mundan soň bolsa pedagogikany, psihalogiýanyň wezipeleri açyk aýdyň duýulyp başlaýar. HäzirkiBeýik Galkynyşlar we Täze özgertmeler zamanasynda Mähriban Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bitirýän işleriniň ýekeje mysalyna onda-da okatmagyň şeýle görnüşini belläp geçsek hemme orta we ýokary okuw mekdeplerini kampýuter tehnalogiýasy bilen üpjün etmek baradaky permanydyr karary hem muňa aýdyň mysaldyr.
Edebiýat:
1. Gurbanguly Berdimuhamedow. Täze galkynyş eýýamy: wakalaryň senenamasy. 2007 ýyl. Aşgabat 2008
2. Gurbanguly Berdimuhamedow. Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr. – Aşgabat. Ylym, 2007.
3. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdy täzeden galkyndyrmak baradaky syýasaty. – Aşgabat. TDNG, 2007
4. Gurbanguly Berdimuhamedow – Döwlet adam űçindir. Aşgabat, TDNG, 2008
5. Gurbanguly Berdimuhamedow. Ösüşiň täze belentliklerine tarap. Saýlanan eserler. 1-nji tom. – Aşgabat, TDNG. 2008.
6. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy. Ruhnama. A.,2001, 2004
7. Atanyýazow S. Edepnama. A.,1992
8. Boldyrew N.I. Классный руковадитель. М.,1978
9. Jumalyýew S. Saparmyrat Türkmenbaşynyň çagalyk we mekdep ýyllary. A.,1993
10. Suhomlinskiý W.A. Мудрая власть коллектива. М.,1987
11. Pirliýew G. Mekdepde terbiýeçilik işiniň esasy meseleleri. A.1990
12. Öräýew A. Türkmenistanyň döwlet nyşanlary. A.,1993
13. Haljanow Ş. Garaşsyzlyk pedagogikasy. A.,1994
14. Garaýew R., Pirliýew G. Garaşsyzlyk we bilim. A.,1995
15. Pirliýew G. Etnopedagogika we häzirki zaman terbiýesi. A. 1995