.


:




:

































 

 

 

 


Türkmenistanyň Prezidentiniň ,,Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri atly kitabynyň taryhy ähmiýeti.

Hormatly Prezidentimiz öž halkyny, hususanam ýagty gelejegiñ eýeleri bolan ýaşlar barada alada edýär. Şoña sebäbem Belent Mertebeli Arkadagymyz terbiýe mekdebi bolan kitaplary döretdi. Bu kitaplaryñ ählisiniñ ähmiýeti ynsanyýet jemgyýetine wajyp bolup, olarda watansöýjilik, ene ata, halkymyzyñ medeni mirasyna, taryhyna bolan söýgini döretmäge ýardam edýär. Muña musal edip

Milli Lidermiziñ saýasynda Turkmenistanyñ dermanlyk ösümlikleri I, II, III, IV tomlarynda isleseñ surady bilen giñden düşündirilýär. Munda hormatly Arkadagymyz suratlar arkaly ýurdumyzda ösýän dermanlyk ösümlikler dogrusynda gürrüň berýär. Olaryň hersini astynda aýratyn düşündirişler arkaly olar suratlandyrylyp olar jikme-jik beýan edilýär. Saglygyň gadryny bilgil, hasta bolmazdan burun diýilişi ýaly Mähriban Arkadagymyz öz halkynyň saglygy baradaky aladalarynyň biri bu kitabyň halka sowgat edilmegidir. Ýurdumyzyň dermanlyk ösümlikleriniň mundaky düşündirilişinden esas alyp herbir adamyň bu ösümliklerden peýdalanmagy göz öňünde tutulypdyr. Munuň üçin herbir adam hormatly Arakadagymyza minnetdardyr.

 

18. Okuw prosesinde mugallymyň işiniň düzümi.

Mugallym maksadyna ýetmek, garaşan netijesine eýe bolmak üçin okatmagyň dürli-dürli usullaryndan hem serişdelerinden ýerlikli peýdalanmagy ýola goýýar. Şonda mugallymyň pedagogik ussatlygy ýüze çykýar. Okatmagyň serişdeleriniň jaýdar ulanylmagy okuw işiniň netijeli bolmagyny üpjin edýär. Kämahallar okuwyň gidişinde öňünden göz öňünden göz öňünde tutulan usulyň islendik netijäni bermedik pursatynda mugallym ýüzüniň ugryna bir usuldan peýdalanmaly bolýar. Okuw işiniň äheňiniň birden üýtgemegi, iş usulynyň ýagdaýa görä çalşyrylmagy kämahallar gowy netije berýär, okuwçylary gyzyklandyrýar, olaryň ünsini jemleýär, akyl ýetirijilik ukybyny ösdürýär. Bir söz bilen aýdylanda, okatmagyň usullary, tärleri, serişdeleri mugallymyň ygtyýaryndaky taýar hem täsir edip biljek gymmatly gurallardyr, ýöne olary islegiňe görä işledip bilmek onuň özüne, ukybyna, yhlasyna baglydyr. Jemläp aýdanymyzda, okatmagyň usullary, tärleri, serişdeleri tutuşlygyna okuwçylaryň akyl ýetirijilik başarnyklaryny ösdürmäge, özbaşdak döredijilikli öýlanyp bilmeklerini gazanmaga gönükdirlendir. Munuň özi okuw işindäki esasy meseledir. Okuw prossesinde giňden ulanylýan gürrüň usuly geçilen temany okuw kitabyndaky ýaly edip gaýtalap aýdyp bermegi talap etmek bilen çäklense, onda ol usul okuwçynyň akyl ýetirijilik ukybyny ösdürip bilmez, emma hut şu usul okuwçynyň geçileni durmuş bilen baglanyşdyryp, özüçe, döredijilikli edip aýdyp bermegini gazanan mahalynda, onuň akyl ýetirişişini ösdürip hem kämilleşdirip biler. Şu pikir okatmagyň beýleki babatynda-da aýtmak bolar. Mysal üçin, laborotoriýa usuly diňe instruksiýalara, görkezmelere laýyk edilip geçirilende islendik netijäni alyp bolmaýar. Emma ol tutşlygyna diýen ýaly tejribe barlag usulynda geçirilende okuwçylaryň bilesigelijiligi artýar, akyl ýetirijilik başarnygy gowulanýar. Okuw prossesinde okatmagyň usullary bir-birleri bilen bilelikde hem berk arabaglanşykda çykyş edýärler. Okuw materialynyň häsiýeine, bilim bermegiň wezipelerine, okuwçylaryň ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda mugallymyň şol bir sapagyň dowamynda okatmak usullarynyň birnäçe görnüşinden peýdalanýan wagtlary az bolmaýar. Olar bolsa ýenede mugallymyň üstündäki borçlarynyň biri bolup durýar.

 

 

19. Okuw klas sapak ulgamynyň gysgaça taryhy.

20. Hoja Ahmet Ýasawy we on uň hikmetleri. Türkmen ruhunyň buýsanjy, beýik seljuk türkmenleri zamanasynda, XI-XII asyr aralygynda ýaşap geçen, yslam dünýäsinde ägirt uly alym, Gündogaryň tasawwuf (sopuçylyk) äleminde Ýasawyýa tarykatyny (meslegini, ýoluny) esaslandyran, Medinede Muhammetden soň Türküstanda Hoja Ahmet diýdiren weli, beýik türkmen piri Hoja Ahmet Ýasawynyň ady we eserleri öçmez-ýitmezdir. Meşhur pir, ussat şahyr Hoja Ahmet sözüň doly manysynda sada, düşnükli, arassa türkmen dilinde eser ýazan, orta asyrda meşhurlyga ýeten sopuçylyk ylmynyň hem edebiýatynyň kerwenbaşysydyr. Eziz Serdarymyz Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň danalyk bilen belleýşi ýaly, onuň tas müň ýyl mundan ozal ýazylan hem bolsa arkaýyn okap oturmaly eserleri dili taýdan sada, düşnükli, arassa türkmen dilinde bolmak bilen milli äheňe eýlenen, çuňňur paýhasa eýedir

Hoja Ahmet Ýasawynyň ömür beýany Hoja Ýusup Hemedany, Şyh Nejmeddin Kubra, Hoja Bahaweddin Nagyşbendi ýaly görnükli pirleriňkä mahsuslykda heniz doly anyklanylman gelýär. Uly pirleriň, öwlüýäleriň durmuşyndan gürrüň berýän tezkirelerde bu türkmen welisiniň ömrüne dahylly maglumatlarda olaryň doglan senesiniň anyk bolmazlygy tötänlik däl. Çünki irki orta asyrlarda ýaşap geçen uly şahslar, alymlar, şahyrlar hakda ýazylan tezkirelerde olaryň doglan ýyly görkezilmändir-de köplenç olaryň diňe bir eden işleri, ylym-düşünjeleri, keramat-mugjyzalary hem-de aradan çykan wagtlary ýazylypdyr. Bu özünden soň yzynda 800 ýüz ýyllap dowam eden ägirt uly edebi mekdebi döredip, ýüzlerçe talyplary (sopy-şahyrlary) galdyran türkmen piri Hoja Ahmet Ýasawy babatda hem şeýledir.Hoja Ahmet Ýasawynyň hikmetleriniň we Hoja Ýusup Hemedanynyň Rotbat ul haýýat eseriniň esasynda iki beýik şahsyýetiň sopuçylyk baradaky pikirlerini seljermek bolýar.

Hoja Ahmet Ýasawy öz hikmetlerinde tasawwufy şerigat, tarykat, hakykat ýaly bölümlere bölüp, ony bir zynjyra, bir ulgama düzýär, olaryň many-mazmunyny açyp görkezýär, hatda olaryň makamlary barada hem durup geçýär. Hoja Ýusup Hemedany ýaşaýşy üç sany derejä bölýär. Olar: yslam, iman we yhsandyr. Alymyň yslam, iman we yhsan baradaky garaýyşlaryny töwerekleýin öwrenseň, yslamyň tasawwuf ylmynyň derejesi şerigata, imanyň - tarykata, yhsanyň bolsa - hakykata deň gelýändigini görmek bolýar.

 

21. Okuw işini düzüji bölekleri. Okuw işini guramagyň formasy okatmagyň usuly arkaly anyk mazmun bilen baýlaşýar. Şol bir wagtyň özünde-de okuw işiniň formasy okamak usulynyň hil taýdan täzelenmegine täsir edýär. Mysal üçin: okuw işini guramagyň ekskursiýa formasy bilen baglanşykly herekete gelýän birnäçe usullar bellidir. Ekskursiýa taýýarlyk görlende, geçirilen hem onuň netijesi jemlenende okatmagyň düşündiriş, gürrüň, söhbetdeş bolmak, görkezmek, leksiýa ýaly usullardan peýdalanmaly bolýar. Mahlasy, okuw işini guramagyň her bir formasy şol bir wagtyň özünde mugallymyň dilden beýan edýän usullarynyň, tärleriniň birnäçesini herekete girizmegi talap edýär. Ulanylýan iş usuly özüniň bitirýän hyzmaty taýyndan täze bir mana eýe bolýar, işjeň hem döredijilikli häsiýete geçýär. Ýaş nesli okatmagyň şol bir usulynyň mugallymlar tarapyndan dürlüçe peýdalanylýandygy mekdep praktikasynda bellidir. Okuw prasesinde giňden ulanylýan gürrüň usuly geçilen temany okuw kitabyndaky ýaly edip gaýtalap aýdyp bermegi talap etmek bilen çäklense, onda ol usul okuwçynyň akyl ýetirjilik ukybyny ösdürip bilmez, emma hut şu usul okuwçynyň geçileni durmuş bilen baglanyşdyryp, özüçe, döredijilikli edip aýdyp bermegini gazanan mahalynda, onuň akyl ýetiriş işini ösdürip hem kämilleşdirip biler. Şu pikiri okatmagyň beýleki usullarynda hem aýtmak bolar. Mysal üçin,laboratoriýa usuly diňe instruksiýalara, görkezmelere laýyk edilip geçirilende islendik netijäni alyp bolmaýar, okuw gyzyksyz bolýar, okuwçy oňa höwes bilen ýapyşmaýar. Emma ol tutuşlygyna diýen ýaly tejribe-barlag usulynda geçirilende okuwçylaryň bilesigelijiligi artýar, akyl ýetirjilik başarnygy gowylaşýar. Herniçik hem bolsa mugallym bilimi dilden beýan etme usullary, görkezip okatmak usuly, okatmagyň praktiki işler bilen baglanyşykly usullary arkaly ýaş nesle terbiýe berýärler. Bilimi dilden beýan etmek usulynda okatmagadüşündiriş, gürrüň, beýanetme, söhbetdeşlik, leksiýa ýaly görnüşleri girýär. Düşündiriş programma materialyny dilden beýan edýän usullaryň giňden ýaýran görnüşidir. Gürrüň sorag-jogap üsti bilen amala aşyrylyp, okuw prosesini işjeň ýagdaýa öwürmekde hem ony täsirli edip alyp gitmekde esasy usullaryň biri hasap edilýär. Bu usulyň ýüze çykmagyny grek filosofi sokratyň ady bilen baglanyşdyrýarlar. Şoňa göräde pedagogiki edebiýatlarda bu usula,,sokratçylyk usuly hem diýlipdir.Okuwçylar bilen klasdan daşary işler geçirilende-de bu usul işjeň häsiýyte öwrülip bilýär. Okatmagyň ýene bir ýoluna beýanetme ýagny, gürrüň bermek usuly hem girýär. Mugallym öwretmegiň beýanetme usulynyň kömegi arkaly Garaşsyz Türkmenistanyň dürs, çeýe daşary hem içerki syýasaty hakynda, görnükli alymlaryň, ýazyjy-şahyrlaryň terjimehallary, ylmy açyşlar, oýlap tapmalar, tebigy hem jemgyýetçilik hadysalary ýaly birtopar maglumatlary ýaş nesliň aňyna ýetirip bilýär. Söhbetdeşlik usuly pikir alyşmak, sala salmak, geňeö etmek niýeti bilen giňden peýdalanyýan usuldyr. Bu usul ulanylanda oňa gatnaşýanlar bir-birleriniň garaýşlaryna, ymtylyşlaryna, isleglerine göz ýetirýärler. Her kes öz aňynda öz garaýşlary bilen özgäniňkini deňeşdirip görýär, pikirleriniň mamla ýa-da bimamladygy barada oýlanýar.

 

 

22. Mekdepde we beýleki okuw jaýlarynda tebigaty goramak we oňa aýawly çemeleşmegi terbiýelemek. Mälim boluşy ýaly, Türkmenistanyň gurak howa şertlerinde ygal juda az ýagýar, suw çeşmelerem köp däl. Bu ýagdaý ilaty şeýele şertlere uýgunlaşmaga, suwuň her bir damjasyny ýerlikli pedalanmaga, uzak aralara ýap, nobur çekmäge, ýerasty çeşmeleriň suwuny ulanmaga mejbur edipdir. Bu ugurda gazanylan zähmet endikleri wagtyň geçmegi bilen kämilleşip, döredijilikli ösdürilipdir.Türkmenistanyñ Garaşsyz bolan şertlerinde ilkinji kabul edilen kanunlaryñ biri Tebigaty goramak hakyndaky Kanun (1991 nji ýylyñ 12- nji noýabry) boldy. Bu kanuny kabul etmegiñ zerurlygynyñ durmuş-ykdysady we hukuk sebäpleri bar. Onuñ durmuş ykdysady sebäpleri öñki SSSR iñ dowam eden ýyllarynda Türkmenistanda hem ekolog ykdysady ýagdaýyñ ýitiuleşmegi bilen düşündirilýär. Kanuny kabul etmegiñ esasy sebäpleri tebigy gurşawy goramagy kadalaşdyrýan toplumlaýyn kanunçylyk namalaryñ bolmandygy netijesinde ekologiýa kanunçylygynda boşlugyñ emele gelmegidir. 1963- nji ýylyñ 26-njy martynda kabul edilen Tebigaty goramak hakyndaky Kanun bolsa könelişip, täze şertlerde töwetekäki tebigy gurşawy goramagyñ talaplaryna laýyk gelmeýärdi. Kanun tebigy gurşawy goramagy ykdysady taýdan höweslendiriş çäresi hökmünde ykdysady tärleri göz öñünde tutýar, şeýle hem döwlet ekologik seljerme, döwlet ekologik gözegçiligi, ekologiýa taýdan zyýanly desgalaryñ işini çäklendirmek, duruzmak, bes etmek, ekologik hukuk bozulmalary üçin jogapkärçilik, tebigy gurşawa we adamyñ saglygyna ýetirlen zyýanyñ öwezini dolmak, ekologik terbiýe we bilim bilen baglanşykly kadalary durmuşa geçirmegiñ täsilerini belleýär. Bular dogrusynda ýurdumyzyň döwlet edaralarynda, ýokary we orta okuw jaýlarynda hat-da bütin halk tebigy gurşawy goramak boýunça birnäçe çäreler geçirýärler.

 

 

23. Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanda bilim işgärleriniň iş haklaryny we talyp haklarynyň möçberini köpeltmek hakynda 30.03.2008ý. Permanynyň taryhy ähmiýeti

2008-nji ýylyň mart aýynyň 30-na kabul edilen Türkmenistanda bilim işgärleriniň iş haklaryny we talyp haklarynyň möçberini köpeltmek hakyndaky perman kabul edildi. Bilim terbiýeçilik edaralarynyň işini kämilleşdirmek hakynda Kararynyň hem-de Türkmenistanda bilim işgärleriniň iş haklarynyň we talyp haklarynyň möçberlerini köpeltmek hakynda Permanynyň kabul edilmeginiň ýaşlara berilýän bilim- terbiýäniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny gazanmaklyga, mugallymlaryň ösüp gelýän nesillerimiziň bilim terbiýe işine has-da höweslenmeklerine, olaryň iş, ýaşaýyş durmuş şertlerini gowulandyrmaklyga ýardam edendigi, şeýle-de talyp ýaşlarymyzyň ylym bilim almaga, ylmy işler bilen döredijilikli meşgullanmaklyga işjeň gatnaşmaklaryna höwes döredendigi ikiuçsuzdyr.

Diňe 2007-nji ýylyň özünde ylmyň we tehnalogiýanyň iň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylan orta we ýokary okuw mekdepleriniň, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň onlarçasynyň binalary gurlup ulanylmaga berildi.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan progressiw özgertmeler bilen baglylykda 2009-nji ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasy açyldy.

Hormatly Prezidentimiz 2012-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Ýaşulylar Maslahatynda şeýle teklipleri öňe sürdi:

1. Ýurdumyzyň orta okuw mekdeplerinde okuwyň mazmunyny has-da baýlaşdyrmak maksady bilen okatmagyň möhletini 12 ýyla ýetirmek boýunça wezipeleri kesgitledi.

2. Türkmenistanyň ykdysady, syýasy we medeni ulgamlaryny ösdürmekde innowasion tehnalogiýalary giňden ornaşdyrmak.

 

24. Türkmenistanda terbiýelemegiň umumy usullary hakynda düşünje

Çagalaryna aýratyn söýgi, aýratyn alada bilen garamak, olara özüniň iň gowy zatlaryny bagyş etmek türkmenleriň gadymdan gelýän däpleriniň biridir. (Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedow.) Edep-terbiýe adam aňynyň ösmeginde esasy hadysadyr. Onuň wajyp we derwaýyslygyny biziň ata babalarymyzyň çaga terbiýesine beren aýratyn ünsi hem tassyklaýar.

Türkmen halkynyň görnükli alym-pedagogy Döwletmämmet Azady adamyň ösüp kemala gelmeginde terbiýäniň uly ähmiýetiniň bardygyny bellap, özüniň Wagzy - azat kitabynda ýaş nesle terbiýe bermegiň 40 sany düzgünini ylmy esasda işläp düzýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Täze Galkynyşlar we beýik özgertmeler zamanamyzda ýaş nesillerimize döwrebap, milli bilim-terbiýe bermekde uly işler amala aşyrylýar. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän, ösen tehniki enjamlar bilen üpjün edilen orta we ýokary okuw mekdepleriň gurulmagy, okuw-usulyýet işleriniň kämilleşdirilmegi munuň aýdyň şaýadydyr.

Adam aňynyň ösmegine täsir edýän ýene bir hadysa ol hem nesle geçijilik ýa-da başgaça tohum yzarlama hadysasydyr. Nesildennesle geçýän närseler genleriň üsti bilen geçýär. Adamynyň özünden öňki neberelerinden genotipiň täsiri esasynda alan başarnyklary onuň durmuşda ýaşaýan sosial sredasyndan fenotipiň* täsiri esasynda alan tejribeleri bilen utgaşykly ösýär.

Bagtyýarlyk döwrürde ýurdumyzda iň gowy zatlary biz çagalara bagyş etdik. Men çagalaryň bagtynyň hatyrasyna, Watanymyzyň beýik geljeginiň hatyrasyna edilýän aladany döwletiň içerki syýasatynyň esasy hasaplaýaryn. Sebäbi çagalaryna aýratyn söýgi, aýratyn alada bilen garamak, olara özüniň iň gowy zatlaryny bagyş etmek türkmenleriň gadymdan gelýän däpleriniň biridir. Ata-babalarymyzyň bu ajaýyp ýörelgeleri Garaşsyz Türkmenistanyň syýasatynda häzir öz ornuny has giň tapýar. Bu gün biziň Diýarymyz bagtly çagalygyň ýurduna öwrülýär, ýaşlaryň ähli arzuwlarynyň-islegleriniň hasyl bolýan Diýary hökmünde özüni giňden tanadýar.

Türkmen halkynyň özüniň asyrlar boýy ýaşan durmuşynda toplan baý tejribeleri esasynda döreden häsiýetleri, pähim-paýhaslary bar. Olar türkmeniň ruhy dünýäsiniň çeşmesidir. Ata-babalarymyz türkmen ruhuna täsir edýän parasatly pikirleri gursaklarynda tumar deýin saklap, nesilden-nesle geçiripdirler. Her kim öz bilýänini ogullaryna, agtyklaryna gürrüň beripdir. Şeýdip, ata-baba pähim-parasatlary biziň günlerimize gelip ýetipdir.

 

25. Türkmenistanyň Prezidentiniň,,Döwlet adam üçindir işiniň pedagogik ähmiýeti. H äzirki türkmen jemgyýetiniň ösüşi ýaly bu ideýalary durmuşa geçirmegiň mehanizmleri Hormatly Prezidentimiz tarapyndan yglan edilen Döwlet adam üçindir! diýen şygarda jemlenendir. Şeýle hem Kanunçylygyň kämilleşdirilmegi, kanunyň jemgyýetçilik durmuşynda ileri tutulmagy Türkmenistanyň Prezidentiniň,,Döwlet adam üçindir! diýen şygarynyň amala aşyrylmagyny aňladýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Döwlet adam üçindir diýen ýörelgesi Konstitusiýanyň kadalarynda berkidilip, ýurtda ähli ugurlar boýunça alnyp barylýan işleriň esasy maksadydyr.Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet baştutanlygyna geçmekligi bilen türkmen döwletiniň ösüşi Döwlet adam üçindir! Biziň döwletimiz we jemgyýetimiz üçin adamdan, onuň bähbitlerinden ýokarda durýan baýlyk ýokdur diýen ýörelgelere esaslanýar. Milli Liderimiziz bu şygary öňe sürmekligi bilen döwletimiziň her bir ýaş nesliniň watan söýüji, giň dünýägaraýşly bolup ýetişmeginde täsiriniň uly bolandygyny nygtasym gelýär.

26. Okatmak nazarýeti (didaktika)barada düşünje. Ozaly bilen, okatmagyň bu usulynyň mugallymyň dilden beýan edýän usullary bilen berk arabaglanşyklydygyny göz öňünde tutmak gerek. Sebäbi, şol usullar suratlardyr plakatlar görkezilende-de, tablisalardyr priborlar bilen iş salyşylanda-da, kartalardyr globuslar bilen işlenilende-de, telegörüşleridr tejribeler geçilende-de, görkezilip hem eşitdirilip öwredilýän beýleki serişdeler hem peýdalanylanada mugallymyň dilden düşündirýän, beýan edýän zatlary bilen sepleşip gidýär. Umaman aýdanymyzda, görkezip hem eşitdirip okatmak işiniň mugallymyň sözi bilen utgaşyp okuw prosesiniň kanuny talabydyr. Ol mekdebiň hemme klaslarynda, ähli okuw predmetleri boýunça geçirilip biliner. Mugallym täze temany beýan edýän mahalynda degişli okuw görkezme esbaplarynyň, geçirýän tejribeleriniň üsti bilen şol materialy has aýdyşlaşdyrýar, subut edýär, praktiki ähmiýetini düşündirýär. Beýle diýildigi görkezip hem eşitdirip öwretmek usuly diňe bir täze tema bilen baglanyşdyrylýar diýildigi däldir. Bu usul bilen şol materialy has aýdyňlaşdyrýar, subut edýär, praktiki ähmiýetini düşündirýär. Beýle diýildigi görkezip hem eşitdirip öwretmek usuly diňe bir täze tema bilen baglanyşdyrylýar diýildigi däldir. Bu usul okuw materialy berkidilende-de, gaýtalananda-da, özbaşdak işler gurulanda-da, hatda okuwçylaryň bilimileri baralananda-da giňden peýdalanylýan usuldyr. Bu usul okuwçylaryň jogaplarynyň anyk hem düşnükli bolmagy, olaryň sapaga gyzyklanyp, höwes bilen ýapyşmaklary üçin hem, alynýan bilimiň teoretiki we praktiki gymmatyna akyl ýetirmekleri üçin hem bähbitlidir. Mugallym okuw prossesinde haýsy serişdäni görkezýän, nämäni eşitdirýän bolsa, okuwçylaryň ünsüni şol serişdeleriň bitirýän hyzmatyna, formasyna, reňkine we beýleki taraplaryna çekýär, şeýdibem, sapagyň täsirli geçmegine şert döredýär.Şu ýerde okuw-görkezme esbaplarynyň köpüsiniň okuwçylaryň gübji bilen döredilýänligi, olaryň ömrüni uzalytmak üçin aýawly saklanýanlygyny we ýerlikli peýdalanýanlygyny belläp geçmek gerek bolar. Başlangyç synp mugallymlary her bir okuw predmetine degişli okuw-görkezme esbaplarynyň toplumynyň döretmeklige uly ähmiýet berýärler. Mugallymsapakda görkezjek serişdeleriniň maksadyny, bilim berijilik, terbiýeleýjilik gymmatyny kesgitleýär, onuň täsirli bolmagy babatynda pugta oýlanýar, seçilip alnan her bir görkezme esbaby sapagyň haýsy ýerinde, näçe wagtlyk peýdalanjakdygyny, synp tagtasynda oňa degişli nähili goşmaça ýazgylar etjekdigini anyklaýar. Jemläp aýdanymyzda, görkezilýän hem eşirdirilýän her bir serişde mugallymyň jüpüne düşüp duran täsirli hem aýdyň sözi bilen sazlaşykly utgaşdyrylyp durulýar.

27. Mekdep müdiriniň we okuw işleri boýunça orunbasarynyň iş wezipesi.

Mekdep müdiri ýaş nesle ylym-bilim, edep-terbie bermeri guraýan ýolbaşçydyr, baş pedagogdyr. Onuň iş çygry örän giňdir. Ol diýarymyzda yglan edilen bilim syýasatynyň durmuşa geçirilmegini ugrukdyrýan esasy ýolbaşçydyr. Bagtyýarlyk döwrüniň içeri we daşary syýasatynyň düýp manysyny düşündirmek, pedagogik kadrlary ýerli-ýerinde goýmak, olaryň hünärlerini ýokarlandyryp durmak, klasdan we mekdepden daşary alnyp barylýan işlere gözegçilik etmek müdiriň etmeli esasy işleriniň hatarynda durýar. Gysgaça aýdanymyzda, mekdep direktorynyň hukuklary bilen borçlary sanardan kändir: okadýan sapaklary we beýlki okuw işleri; mekdepdäki we mekdepden daşardaky iş-aladalary, gatnaşýan maslahatlary, çözýän meseleleri; okuwçylaryň öz-özuni dolandyryş işlerini ýola goýmak babatyndaky maslahatlary; mugallymlaryň sapaklaryna, klasdan daşary geçirýän çärelerine, çagalar we ýaşlar guramalarynyň işlerine gatnaşmagy, mekdebiň arassaçylygyna, çagalaryň iýmitine, okuwçylaryň edep-terbiýesine gözegçiligi; okuwçylar, ata-eneler, mugallymlar bilen söhbetdeşligi; ýerli häkimler, arçynlar, önümçilik kärhanalarynyň, jemgyetçilik guramalarynyň wekilleri bilen alyp barýan işleri; dokumentler, arza-şikaýatlar bilen baglanyşykly işleri; pedagorik edebiýatlar, döwürleýin metbugat bilen tanyşmak; hojalyk we maliýe işleri bilen baglanyşykly çäreler we ş. m.

Mekdep direktorynyň okuw işleri baradaky orunbasary guramaçylyk ukyby, pedagogik ussatlygy, okuw işinden gowy baş çykaryp bilýänligi bilen tapawutlanýan mugallymlaryň arasyndan seçilip alynýan ýolbaşçydyr. Ol okuw-terbieçilik işiniň guralyşyna, Sowat hem Bilim programmalarynyň ýerine etirilişine, tutuş okuw işinin, okuwçylaryň biliminiň, hiline jogap berýär; okuwçylaryň gyzyklanmalarynyň, ukybynyň göz öňünde tutulyp okadylmagyny gazanýar; mtdik kämillik barada birsyhly alada edýär; okuwçylaryň raspisaniesini düzýär; okuw işleriniň gidişi, netijeleri barada hasabat taýýarlaýar.Mekdep direktorynyň okuw işleri baradaky orunbasarynyň durmuşa geçirýän işleri mekdep işiniň özenidir. Onuň iş çygry mekdep direktorynyňka grnd birneme çäklidir, emma juda jogapkärlidir. Onuň ussatlygy, adamkärçiligi murallymlar kollektiwiniň agzybirligini hem asudalygyny üpjün edýän esasy zatdyr, okuwçylar kollektiwine täsir edýän uly güýçdür. Bilim syýasatynyň durmuşa geçirilmegi bilen mekdep ýolbaşçylarynyň, şol sanda okuw müdiriniň, mugallymlaryň işi ep-esli anyklaşýar.

Okuw işleri baradaky orunbasar pedagogik täzeligi hemmelerden öňürti duýýan, şol täzeligiň ulanarlyklydygyny, peýda berip biljekdirini bilýän ýolbaşçydyr. Ol her bir mugallymyň, aýratyn hem ýaňy işe başlan ýaş mugallymyňsapagyna gatnaşyp,oňa eserdeňlik bilen mtdik kömek bermegi başarýan, şol bir wagtyň özünde-de ökde, tejribeli mugallymlardan öwrenmeri özüne kiçilik bilmeýän sd hem ýürekdeş ýolbaşçydyr, sapak okatmakda görelde bolup bilýän kalby arassa janypkeş pedagogdyr. Şeýle hem gözleg agtaryşa bolan ymtylyşy oňlaýan,her bir mugallymyň öz ýüzüniň, özüne häsiýetli pdggiki tejribesiniň bolmagyny gazanýan halypadyr. Ol öz işini beýleki ýolbaşçylaryň iş planlary,durmuşa geçirýän çäreleri bilen utgaşykly alyp barýandyr.

 

28. Ilkinji türkme magaryfçylary

Türkmenistanda sowet düzgüni ýyllarynda pedagogikanyň ýagdaýy magaryfyň ösüşi bilen aýrylmaz bagly bolupdyr. Pedagogikanyň ösmegine saldamly goşant goşan ilkinji pedagoklaryň biri bolsa, Muhammet Geldiýewdir (1889-1931)onuň mekdepleri okuw kitaby bilen üpjün etmegi ömrüniň 42 ýylyny mugallymçylyk bilen meşgul bolandygyny görkezdi. 20nji ýyllarda ylmyň guramaçysy, terjimeçi we dilçi hökmünde giňden tanalan Kümüşaly Böriýewdir. (1896-1942)Latyn harpy esasynda düzülen türkmen elipbiýi, täk özüniň,,Elipbiý,,,Daýhan elipbiýi ady bilen çap edilen harplyklary birnäçe ýyl bäri peýdalanylýar. Bulardan başgada Hojamyrat Baýlyýew (1905-1946), Tagan Berdiýew, Abdylla Gurbanow, Mämmetdurdy Annagurdo dagylar ylmy pedagogik kadyrlary ösdürip ýetişdirmekde uly meşgurly gazanandyrlar.

 

 

29 Türkmenistanyň okuw jaylarynda okatmagyň kanunalaýyklary we ugur alynýan esaslar

,,Esasy mesele çaganyň näçe ýyl okanlygynda däl-de, eýsem oňa näme we nähili öwredilendigindedir diýilşi ýaly Häzirkibagtyýarlyk döwürde Mähriban Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy düýpli galkyndyrmakda, onuň ösüşlerini berkitmekde we bu ösüşleriň badyny gowşatman alyp gitmekde ylmyň ähmiyetini öwran-öwran nygtaýar. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň golaýda geçen mejlisinde hem hormatly ýurt Baştutanymyz Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň öňünde duran, ylmyň ýagty geljegine we akademiýanyň bölümleriniň işine dahylly adalatly bellikleri aýdyp geçdi. Häzirki bagtyýarlyk döwürde yurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny dünýä ylym-biliminiň ösen derejelerine üstünlikli ýetirmek maksady bilen köptaraply işlere uly badalga berildi. Gadymy golýazma çeşmelerimiziň esasynda türkmeniň mukaddes dili, edebiýaty, taryhy, medenýeti boýunça möhüm ylmy barlaglary geçirmek, gadymy ýazuw ýadygärliklerini we halk döredijiliginiň dürdäne eserlerini toplap wagyz etmek hem neşir etmek, golýazmalary sowatly dikeltmek, olary abat saklamak, türkmeniň şöhratly taryhynyň milli ruhy mukaddeslikleriniň dünýäniň ylmy medeni jemgyýetçiliginde tutýan orny halkara sergilerde we halkara maslahatlarda açyp görkezmek ýaly işler döwrüň öňe çykaran örän möhüm wezipeleriň biri boldy. Ylymlar akademiýasynyň öňünde arheologiýa hem-de etnografiya boýunça hem-de düýpli ylmy barlaglary geçirmek, maddy we ruhy gymmatlyklarymyzy ýygnamak,öwrenmek ýaly ençeme jogapkärli işler durýar. Okuw prossesinde okatmagyň esaslary bir-birleri bilen bilelikde hem berk arabaglanşykda çykyş edýärler. Okuw materialynyň häsiýeine, bilim bermegiň wezipelerine, okuwçylaryň ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda mugallymyň şol bir sapagyň dowamynda okatmak usullarynyň birnäçe görnüşinden peýdalanýan wagtlary az bolmaýar. Şonda olaryň käbiri sapakda ulanylýan esasy usula kömekçi bolmak hyzmatyny ýerine ýetirip, okuw işiniň belli bir böleginde gysga wagtlyk ullanylýar. Okuw prossesinde peýdalanylýan iş usullary bitirýän hyzmaty taýyndan düri-dürlidir. Olaryň hersine häsiýetli bolan aýratynlyklary bar. Mekdepleriň okuw meýilnamasynda bu dersiň peýda bolmagy Türkmenistanyň täzeden galkynan döwründe ýurduň jemgyýetçilik durmusynyň dürli ugurlarynda bolup geçýän özgerişlikler bilen gös-göni bagly. Uly özgerişlikler bilim ulgamynda hem bolup geçýär. Ýeri gelende aýtsak, ýurduň bilim ulgamyndaky durmuşa geçirilen we durmuşa geçirilýän täze düýpli özgerişler Tiirkmenistanyň Mähriban Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüniň şahsy tagallasy esasynda başlangyç aldy. Milli bilim ulgamynyň düýpli özgerdilmeler baradaky garaýyşlar Gurbanguly Berdimuhamedowyň Prezident saýlawlarynyň öňüsyrasynda saýlawçylaryň öpünde we onuň döwlet başyna geçenden soňky çykyşlarynda özüniň giňişleýin beýanyny tapdy. Onuň ýurt baştutany hökmünde ilkinji gol çeken kararlary olam gönüden-göni bilim we terbiýe meseleleri bilen baglanyşykly boldy.

Ösüp gelýän ýaş nesliň ýokary ahlak-gylykly, edepli terbiýeli, sowatly we bilimli adamlar bolup ýetişmelerinde orta mekdeplere aýratyn orun degişli. Türkmenistanyň orta mekdeplerini tamamlan ýigitlerdir gyzlar täze bilimleri ele almaga we täze hünärlerden baş çykarmaga ukyply, giň dünýägaraýyşly, täze döwrüň yzygiderli ösýän talaplaryna tiz uýgunlaşmagy başarýan adamlar bolup ýetişmelidirler. Olar dine bir saýlap alan ugurlarynda ýokary hünärli adamlar bolmak bilen çäklenmän, eýsem, jemgyýetiň, tutuş dünýä siwilizasiýasynyň ösüş derejesine göz ýetirmäge we oňa özüçe baha bermäge çalyşýan, özbaşdak pikirlenmekligi başarýan, bazar ykdysadyýeti we hukuk döwleti şertlerinde erkin hereket edip bilýän adamlar şahsyýetler bolup ýetişmelidirler.

 

30. Okatmagyň, bilim bermegiň görnüşleri.

Mekdepde we beýleki okuw jaýlarynda ylmy dünýägaraýşy kemala getirmegiň esasy ýollaryny we serişdelerini bir kemsiz ýerine ýetirmek mugallymyň öz üstüne düşýän uly wezipeleriniň biri bolup durýar. Emma muňa garamazdan mugallym bu işde öz üstüne düşýän uly jogapkärçiligi duýmaklyk bilen ýaş nesle tälim bermeklikde, olary giň dünýägaraýşly edip ýetişdirmekde özüniň başarnygyny görkezmelidir. Okuwçyny aňly-düşünjeli, düzgün-nyzamly, akyl-paýhasly, giň dünýägaraýşly terbiýelemekde zähmetiň roly hem uludyr. Emma bu babatda mugallymyň roly uly bolansoň ýaş nesli okatmaklykda şu aşakdakylar ýaly usullar bilen baglanyşdyrýar.

1. Bilimi dilde beýan edýän usullar.

2. Beýanetme usuly.

3. Görkezip okatmak usuly.

4. Okatmagyň praktiki işler bilen baglanyşykly usullary.

Okatmagyň differensirlenen usuly we problemalaýyn häsiýeti.

 

 

31. Berkarar Türkmenistanda zähmet terbiýesiniň we hünäre gönükdirmegiň esaslary. Ykdysady terbiýe.

Zähmet terbiýesi ýaş nesliň sazlaşykly ösen kemally adamlar edip ýetişdirmegiň ugurlarynyň biri. Ol agzybir,asuda hem jebis halkyň röwşen geljegi üçin zähmet çekmäge ukyply, ryhybelent hem sagdyn, gaýratly hem başarjaň şahslary kemala getirmegi gözöňünde tutýar.Ata Watanyň, il günüň bähbidi, ýaşaýyş durmuşyň eşreti her bir ynsanyň bol elin ýaşamagy üçin işe ukyply bolmagyň zerurlygy baradaky düşünjeleri ýaşlaryň aňyna guýmagy, olaryň islegine hem endigine öwürmegi maksat edinýär. Terbiýeçilik edaralarynda, soňra mekdepde maksada gönikdirilip dowam etdirilýär. Mekdep maşgala bilen berk arabaglanşykly bolup, okuwçylaryň zähmete bolan isleglerini öwrenýär, olaryň ymtylyşlaryny ösdürmegi hem berkitmegi guraýar. Okuwçylara zähmet terbiýesi berlende, olaryň öz bitirýän işlerinden lezzet alyp bilmeklerini gazanmak, olarda il bähbidi üçin çekýän zähmetine guwanç duýgusyny döretmek, ýaş nesilde hojalyk hasaplaşygy, bazar ykdysadyýeti, kärendeçilik ýaly düşnjeler emele getirmek. Olaryň,,Zähmet soňy rehnetdir diýen halk pähminden ugur alyp, hereket etmeklerini gazanmak möhüm wezipeleriň biridir.

 

32. Gorkut ata, Kowusnama, Görogly eposy milli bitewilik duýgusyny terbiýelemegiň çeşmesidir. Bu günki edebi mirasymyza goýulýan sarpanyň aňyrsynda Mähriban Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atalyk aladalary ýatyr. Gorkut ata barada aýdylanynda bolsa aýdylmaly zatlar sanardan kändir. Mukaddes Ruhnamada Gorkut ata barada birnäçe ýerde bellenýär. Onuň pentlerinden belläp geçsek Ata seniň Alladan soňky ikinji hossaryňdyr. Eneň seniň içiňi bina edýändir, ataň bolsa daşyň galasydyr. Eneň seniň dadyňdyr, ataň haraýyňdyr. Çaga gorksa eje diýip gygyrar, uly aljyrasa, atasyndan haraý gözlär. Türkmende ata akyl parasadyň, watanparazlygyň, ar-namysyň, adalatyň nusgasy. Türkmende ata terbiýe beriji hökmünde, edim-gylymy bilen nusga bolýar. Perzende atasyna seredip baha bererler.Ataň barka at gazan, atyň barka ýol gazan diýip belleýär. Beýik akyldarymyz Gorkut ata Türkmeniň ynsanyň ruhy dünýäsiniň kemala gelmeginde ata enäniň orny hakynda aýdan üç sany aýratyn pähimleri bar: Patyşa haky-Taňrynyň hakydyr; Ata haky-aňrynyň hakydyr; Ene haky-Taňrynyň hakydyr.,, Görogly eposynyň döremegi halk döredijiliginiň, halkyň jemgyýetiniň çeper aňynyň ösen, galkynan döwrüne gabat gelipdir. Eposda ummasyz çeper çözgütler, täze gözlegler halkyň söz sungatyna bolan uly sarpasynyň netijesinde döräpdir. Halkyň bu eposda utan zady zalymlygy, eden etdiligi, hany- begi terk edip, hiç kime garaşsyz özbaşdak döwleti dag çatrygynda Çandybil diýen ýurdy döredenligi bolsa gerek. Şoňa görä onda türkmen halkynyň gahrymançylykly epikasynyň gazananlarynyň iň kämil nusgalary jemlenipdir. Görogly edermenligiň gözbaşyny gadymy gahrymançylykly mifologiýadan, hekaýatlardan, Oguznamalardan we Gorkut atadan alypdyr, halk soňky gahrymançylykly wakalaryň hasabyna onuň üstüni doldurypdyr.

"Görogly" şadessany türkmen halkynyň iň ajaýyp edebi mirasydyr. Ol dünyä edebiyatynyň altyn hazynasynda öz mynasyp ornuny tutýar, sebäbi bu şadessan hakyky halkylygy we halk dilinde beýan edilendigi bilen meşhurdyr. "Görogly" şadessanynda tutuş türkmen halkyna mahsus bolan adamkärçilik, ynsanperwerlik, türkanalyk, mertlik, gaýduwsyzlyk, batyrlyk, gahrymançylyk, başarjaňlyk, il-günüň aladasy bilen ýaşamak, erkinlik, ruhubelentlik, aýdym-saza sarpa goýmak, jomartlyk, ejizi-naçary goldamak, watansöýüjilik, myhmanparazlyk, ygrarlylyk, wepalylyk ýaly ynsan mertebesini beýgeldýän häsiýetler giňişleýin öz beýanyny tapýar. Türkmende özünden ulyny sylamak, onuň pendi-nesihatlaryna uýmak esasy türkmençilik ýörelgeleriniň gyşarnyksyz ugrudyr.

 

 

33. Türmenistanyň Prezidentiniň,,Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakyndaky permanyndan gelip çykýan özgertmeler.

Hormatly Prezidentimiziň Bilim ulgamyny kämilleşdirmek baradaky Permany we Kararlary ýaşlarymyza berilýän bilim-terbiýäniň dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesinde berilýän bilimiň mazmunyna laýyk edip guralmagyny hem talap edýär. Şol esasda geljekki dilçi-terjimeçi hünärmenlere ýokary bilimiň berilmegi döwrüň talabalaýyklygydyr. Mähriban Prezidentimiziň:,,Ýaş nesil hakyndaky alada Türkmenistanyň Garaşsyzlyga eýe bolan ilkinji günlerinden başlap döwlet syýasatynyň has köp üns berýän ugruna öwrüldi. Munuň özi biziň ýaş raýatymyzyň hukuklarynyň doly berjaý edilmegini kepillendirýän kanunçylyk namalarynda we dürli anyk maksatnamalarda öz beýanyny tapdy. Ýurdumyzda Çaganyň hukuklarynyň kepillikleri hakynda hem-de ýaşlaryň zähmet çekmäge bolan hukugynyň kepillendirmesi hakynda Türkmenistanyň kanunlary kabul edildidiýip bellemegi geljekki ýaş hünärmeniň kämil bolmagy barada edilýän aladalaryň subutnamasydyr.Mekdepde we beýleki okuw jaýlarynda ylmy dünýägaraýşy kemala getirmegiň esasy ýollaryny we serişdelerini bir kemsiz ýerine ýetirmek mugallymyň öz üstüne düşýän uly wezipeleriniň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz G.Berdimuhamedow Ministrler Kabinetine bilim ulgamyna innowasiýalary ornaşdyrmak boýunça öňde duran wezipeleri nazara alyp, umumybilim berýän mekdeplerde okuwyň mazmunyny baýlaşdyrmak we möhletini 12 ýyla çenli uzaltmak meselesine seretmegi teklip etdi. Biz häzirki döwürde daşary ýurt dilinde okadylýan ýokary okuw mekdeplerini döretmek, şeýle hem kanunçylyga laýyklykda tölegli bilim edaralaryny döretmek boýunça bilim ulgamynda özgertmeleri geçirmek bilen bagly meseleleri çalt we netijeli çözmeli diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Bilim ministrligi, Maliýe ministrligi, Merkezi bank bu meseleleri düýpli öwrenmeli we tölegli okuwlary girizmegi 2013-2014-nji ý. okuw ýylyndan başlamagy göz öňünde tutup, degişli resminamalary taýýarlamagy tabşyrdy.

 

34. Berkarar Türkmenistanda terbiýeçilik işiniň maksady.

Munda terbiýeçilik işiniň maksadyny belläp geçsek, ilki bilem çaga terbiýesi we soň uly ýaşly terbiýe göz öňünde tutulyp ony ýurdumyzda mala aşyrmaklygyň maksady bolsa ösüp gelýän ýaş neslip edepli tertipli, ylymly-bilimli, düzgün nyzamly, utanç, haýa, ar-namys easasy hem Watançylyk duýgularyna düşünmek bolup durýär. Bular dogrusynda bolsa ýurdumyzda herhili işler alnyp barylýar. Ýurdumyz terbiýeçilik işini maksat edinmek bilen köp köp işleriň rowaç bolmagyny gazanyp bildi häzirki ýaş nesklimiziň ylymly, bilimli halal ýaşlar bolup ýetişmegine getirdi.

 

35. Klas sapak ulgamynyň taryhyndan gysgaça maglumat. Sapak okuw işiniň esasy görnüşleri. Sapak okuw işiniň formasy kabul edilýär. Ol ýaşy hem bilim derejesi esasan deň bolan okuwçylaryň bir klasda jem bolup okadylmagyny, her bir okuw predmetine degişli programmamateriallaryň böleklere bölüniň, bellibir yzygiderlikde öwrenilmegini göz öňünde tutýar.Ilki bilen Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdan parasatly sözlerini belläsim gelýär.Geljekde bilim ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns berler. Ýurdumyzda täze mekdepler, ýokary okuw mekdepleriniň binalary guruldy. Bu iş güýçlendirilen depginde dowam etdiriler. Asyl şeýle bolýan bolsa ilki ylym öňe gitmeli bolsa aslymyza ýagny taryha göz ýetişdirmekden başlamalydyr. Ilki dörän medreselerden başlap häzirki günde sapak berlişini deňeşdirsek ol birnäçe esse özgerdi. Eýsem bu özgerişiň formasy nämedir? Okuw işini guramagyň formasy munuň özi okuwy ýola goýmagyň anyk sistemasydyr, onuň içki gurluşydyr, şol işiň belli bir tertipde geçirilişidir. Okatmagyň usuly bolsa ylmy bilimi öwretmegiň, praktiki başarnyklary hem endikleri bermegiň usulydyr, okuwçylarda dogry garaýşlary, ynamy döretmegiň ýolydyr. Okatmagyň formasy bilen usuly özara baglanşykly, bir-birlerini şertlendirip durýan düşünjelerdir. Kä mahallar bu iki düşünjäniň garyşdyrylýan, ýerleriniň çalşyrylyp ulanylýan wagtlaryda ýok däl. Okuw işini guramagyň formasy okatmagyň usuly arkaly anyk mazmun bilen baýlaşýar. Şol bir wagtyň özünde-de okuw işiniň formasy okamak usulynyň hil taýdan täzelenmegine täsir edýär. Mysal üçin: okuw işini guramagyň ekskursiýa formasy bilen baglanşykly herekete gelýän birnäçe usullar bellidir. Ekskursiýa taýýarlyk görlende, geçirilen hem onuň netijesi jemlenende okatmagyň düşündiriş, gürrüň, söhbetdeş bolmak, görkezmek, leksiýa ýaly usullardan peýdalanmaly bolýar. Ýa-da başga bir mysal. Konsultasiýa geçirlende düşündiriş, gürrüň bermek, anyk pedagogik hadysalary analiz etmek, şol hadysalaryň çözgütlerini ýüze çykarmak ýaly usullar ulanylýar. Leksiýa ýokary okuw jaýynyň praktikasyndan mekdebe geçen usuldyr. Ol adatça ýokary klas okuwçylary bilen äýry-aýry pretmetler (edebiýat, taryh, biologiýa we ş.m.) öwrenilende geçirilýär. Okuwçylar programmanyň uly hem möhüm temasyndan okalýan lekçiýalary diňlemäge kem-kemden taýýarlanýar. Ilki ilkiler lekçiýanyň temasy, maksady, plany aýdylyp berilýär. Söhbetdeşlik piker alyşmak, sala salmak, geňeş etmek niýeti bilen giňden peýdalanýan usuldyr. Öwrenilýän temanyň haýsydyr bir meselesi dogrusynda piker ýöredilende bu usuldan peýdalanylýar, şeýdibem okuwçylaryň şol meselä bolan garaýyşlary ýüze çykarylýar.Bu usul ulanylanda oňa gatnaşýänlar biri-birleriniň garaýyşlaryna, ymtylyşlaryna, isleglerine göz ýetirýär. Her kes aňynda öz garaýyşlary bilen özgäniňkini deňeşdirip görýär, pikirleriň mamla ýa bimamladygy barada oýlanýar. Beýanetme usuly: Okatmagyň bu ýoluna gürrüň bermek usuly diýmegem bolýar.sebäbi programma materialyň esasy mazmuny adatça mugallym tarapyndan gürrüň berilýär, özem galapyn monolok häsiýetde beýan edilýär.

 

 

36. Türkmen halk pedagogikasyny klasdan daşary terbiýeçilik işlerinde ulanmagyň ähmiýeti. Halkyň bilimleriniň birtopary obýektiw hakykaty belli derejede dogry beýan edipdir we durmuş we zähmet praktikasynyň hajatlaryny kanagatlandyrmaga hyzmat edipdir. Emma şonuň bilen bir hatarda, olaryň arasynda nädogrylary, hakykata çapraz gelýänleri, dini-fantastik häsiýetleri, hiç hili real esasy bolmadyk yrymlara daýanýanlary hem az däl. Ýagdaýy şeýle bolmagyna esasan zähmetkeş, garamaýak halkyň sowatsyzlyk zerarly, tebigatdaky we jemgyýetdäki hadysalaryň öňünde ejizlik etmegi, olardan dogry baş çykaryp bilmezligi, olaryň kanunalaýyklyklaryny açyp bilmezligi sebäp bolupdyr. Türkmen halk pedagogikasynda terbiýeçilik işindäki edilmeli işleri bolsa her bir pedagogyň wezipesidir. Terbiýeçilik işlerinde bolsa oýunlary, aýdymlary peýdalanyp, ahlaklylygy özüňi alyp barmak endiklerini terbiýeläpdirler. Şeýdip ýaş nesli durmuşa taýarlapdyrlar.

 

 

37. Türkmenistanyň döwlet nyşanlarynyň terbiýeçilik ähmiýeti.

Munuň üçin ilki bilen Türkmenistanyň döwlet nyşanlary barada gürrüň etmegimiz ýerlikli bolsa gerek. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda döwlet nyşanlary milli Baýdak, Tugra we Döwlet Senasydyr. Olar 1992-nji ýylyň 19-njy fewralynda kabul edildi. Türkmenistanyň Ilkinji Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň ýolbaşçylygynda döwlet nyşanlaryny döretmäge döredijilik topary gatnaşdy. Döwlet nyşanlaryna türkmen halkynyň we olaryň ata-babalarynyň däp-dessurlarynyň alamatlary siňdirildi.

Däp boýunça biziň halkymyza gyzyl we ýaşyl reňkler mahsusdyr. Milli reňkler milli egin-eşiklerde, halylarda we ş.m. has hem oňat şöhlelenýär. Döwlet Baýdagynyň ýerligi ýaşyl reňkde. Tugranyň esasy hem ýaşyl reňkde bolup, Bagtyýar Türkmenistanyň döreýşini şöhlelendirýär. Baýdak we Tugramyzdaky bäş göl bäş welaýaty aňladýar. Baýdak we Tugramyzdaky Aý, bäş ýyldyz aýdyňlygyň we durmuşyň esasy alamatlarydyr. (Sekiz burçluk barada bolsa öz bileniňi aýtmaly)

38. Okuw işiniň görnüşleri Eýsem okuw işini guramagyň formasy nämedir? Okuw işini guramagyň formasy munuň özi okuwy ýola goýmagyň anyk sistemasydyr, onuň içki gurluşydyr, şol işiň belli bir tertipde geçirilişidir. Okatmagyň usuly bolsa ylmy bilimi öwretmegiň, praktiki başarnyklary hem endikleri bermegiň usulydyr, okuwçylarda dogry garaýşlary, ynamy döretmegiň ýolydyr. Okatmagyň formasy bilen usuly özara baglanşykly, bir-birlerini şertlendirip durýan düşünjelerdir. Kä mahallar bu iki düşünjäniň garyşdyrylýan, ýerleriniň çalşyrylyp ulanylýan wagtlaryda ýok däl. Okuw işini guramagyň formasy okatmagyň usuly arkaly anyk mazmun bilen baýlaşýar. Şol bir wagtyň özünde-de okuw işiniň formasy okamak usulynyň hil taýdan täzelenmegine täsir edýär. Mysal üçin: okuw işini guramagyň ekskursiýa formasy bilen baglanşykly herekete gelýän birnäçe usullar bellidir. Ekskursiýa taýýarlyk görlende, geçirilen hem onuň netijesi jemlenende okatmagyň düşündiriş, gürrüň, söhbetdeş bolmak, görkezmek, leksiýa ýaly usullardan peýdalanmaly bolýar. Ýa-da başga bir mysal. Konsultasiýa geçirlende düşündiriş, gürrüň bermek, anyk pedagogik hadysalary analiz etmek, şol hadysalaryň çözgütlerini ýüze çykarmak ýaly usullar ulanylýar. Leksiýa ýokary okuw jaýynyň praktikasyndan mekdebe geçen usuldyr. Ol adatça ýokary klas okuwçylary bilen äýry-aýry pretmetler (edebiýat, taryh, biologiýa we ş.m.) öwrenilende geçirilýär. Okuwçylar programmanyň uly hem möhüm temasyndan okalýan lekçiýalary diňlemäge kem-kemden taýýarlanýar. Ilki ilkiler lekçiýanyň temasy, maksady, plany aýdylyp berilýär. Söhbetdeşlik piker alyşmak, sala salmak, geňeş etmek niýeti bilen giňden peýdalanýan usuldyr. Öwrenilýän temanyň



<== | ==>
. | 2.
:


: 2018-11-11; !; : 724 |


:

:

, .
==> ...

1739 - | 1565 -


© 2015-2024 lektsii.org - -

: 0.125 .