.


:




:

































 

 

 

 


Din ýoldaşy iman bolar.




Uuml;Ç ASYL

 

 

Şeýhul islam imam müjeddid

Muhammed ibn Abdulwahhäb et-Temimi

hijri 1115 1206

miladi 1703 1791

Allahtagala oňa rehmet etsin

 

Sözbaşy.

Ähli öwgiler älemleriň Robby bolan Allah üçin bolsun. Ondan biz kömek we ýalkamaklygyny soraýarys. Nebsimiziň erbetliginden we amallarymyzyň ýaramazlygyndan Oňa sygynýarys. Kimi Allah dogry ýola salan bolsa, ony hiç kim azaşdyryp bilmez, kimi Allah azaşdyran bolsa, ony hiç kim dogry ýola getirip bilmez. We salawat we salam Onuň ilçisi Muhammede onuň maşgalasyna we onuň sahabalaryna bolsun!

Hormatly musulman doganlar! Allah Subhanahu we Tagala öz kelami-şerifinde imanly bendelerine ýüzlenip şeýle diýýär.

<<Eý, iman getirenler Allahdan çyn gorky bilen gorkuň we diňe musulman bolan halyňyzda dünýeden ötüň.>> (Äli Imron surasynyň 102-nji aýaty).

<<Eý, iman getirenler sizi bir täk nefisden ýaradan we ondan taýyny ýaradan we ikisinden köp adamlary we aýallary ýaradan we garyndaşlyk gatnaşygynda, araňyzda dileg edeniňizde ady ulanylýan Robbuňyzdan gorkuň. Tahkyk Allahtagala üstüňizde gözegçidir.>> (Nisa suwrasynyň 1-nji aýaty.)

<<Eý, iman getirenler Allahdan gorkuň we dogry söz sözläň. (70) Işleriňizi düzeltsin we günähleriňizi bagyşlasyn. Kim Allaha we Resuwlyna etagat etse, ol beýik rowaçlyga ýetdi (71).>> (Ahzab suwrasynyň 70-71-nji aýatlary). We resulallah sollollohi aleýhi we sellem bir hadysynda şeýle diýýär:

<<Sözleriň iň haýyrlysy Allahyň kela-mydyr we ýollaryň iň haýyrlysy Mu-hammed sollollohi aleýhi we sellemiň ýo-lydyr. Amallaryň iň ýamany bolsa, (din-de) soňra çykarylan zatlardyr. We dindäki islendik soňra çykan zatlar hem bidgatdyr we islendik bidgat bolsa, azaşmakdyr we islendik azaşmaklyk bolsa, otdadyr.>> Muslim (867), Näsäi (3/188). We Resuwlallah sollollohi aleýhi we sellemiň başga bir hadysynda bolsa, şeýle diýýär. <<Din nesihatdyr>>. Şonuň üçin eý, musulman doganlar geliň bu dinden ýagny, nesihatdan peýdalanalyň elimizdäki kitapçany doly öwreneliň we şoňa görä amal edeliň. Magtymguly atamyz bolsa iman hakynda şeýle diýýär:

Elin tut Allah dostunyň

Asy bolma sakla diniň,

Inşallah Magtymgulynyň

Din ýoldaşy iman bolar.

 

Bu kitap Muhammed (sollollohi aleýhi we sellemiň) Sahyh Buhary we Muslimiň kitaplarynda Baro ibn Azybdan (rozy Allohy anhuma) rowaýat edilen hadysy esasynda düzüldi. Ol hadysda Pygamberimiz (sollollohi aleýhi we sellem) şeýle diýýär. Adam ogly bu dünýeden gaýdyp, ahyrede gabra baranynda ondan Müňker we Nekir diýilýän iki perişde üç sorag sorajakdyr. Ol üç sorag Robbyňkim, diniňnäme we pygamberiňkim diýen soraglardyr. Eger adam ogly bu dünýede iman gazanyp bilmän, öz bäş günlik ömürini ynanyçsyz ýaşaýyş bilen ötüren bolsa ol perişdeleriň beren soraglaryna <<ah... ah...>> diýip aljyran ýagdaýda jogap berip bilmez. Emma başga bir adam bu dünýede aýathadyslara daýanylmaýan delilleri özüne ýol edinip, belli bir adama meniň mollam şu meselede şeýle diýdi diýip, ol meseläniň delili aýat ýada hadys bilen tassyklanylýarmy, haýsy kitapda bar? - diýen soragy bermän, mollasy näme diýse kabul eden adam bolsa, ýada munafyk adam bolan bolsa, ýadyma düşenok adamlar bir zatlara diýýärdiler diýip, anyk jogap berip bilmez ýagny, ol adam bu dünýede şol soraglaryň jogabyny bilýärdi emma, onuň bilen zatlaryny aýat hadislara çapraz gelýärdi. Şonuň üçin ol adam şol perişdelere jogap bermeli bolanda ol anyk jogap berip biljek däldir. Beýle betbagtlykdan Allahyň özi gorasyn. Emma hakyky musulman adam Allahtagalanyň kitaby we pygamberimiz (sollollohi alaýhi we sellemiň) hadyslaryna görä ýaşan adam bolsa, şol perişdeleriň soraglaryna dogry we dürs jogap berip biljekdir. Adam ogly haýatynda diri gezip ýörkä, bu üç meseläniň ylmyny öwrenip, ony özünde doly özleşdirmegi zerurdyr. Men musulmandyryn diýip bu ylymlardan bihabar bolup, dininde öwrenmeli wäjip bolan zatlary öwrenmän ölüp gitse, ol perişdeleriň berjek soraglaryna jogap berip biljek däldir. Beýle beladan Allahyň özi saklasyn we Allahtagaladan towfyk hidaýat diläp, günälerimizi geçmekligini we fazly keremi bilen bizi özüniň jennetine salmaklygyny dileg edeliň. Ämin ýä Robb al-alamin.

 

Mähriban we Rehimli Allahyň ady bilen.

Bilgin - Allah saňa rehmet etsin, elbetde bize bilmek parz bolan dört mesele bardyr.

1-nji mesele: Ol - ylymdyr; we ol Allahy tanamak we pygamberi tanamak we delili bilen Islam dinini tanamaklykdyr

2-nji mesele:Onuň bilen amal etmek

3-nji mesele: Oňa, ýagny Islama çagyrmak

4-nji mesele: Çagyrmaklykda ýüze çykan kynçylyga sabyr etmek.

Delili:Allahtagalanyň aýdany:

(1) ,,Asyr (wagtyna) kasam. (2) Hakykatdanda, insan hökman zeleldedir. (3) Iman getirýän we salyh amallary edýän we öz aralarynda hakykaty düşündirýän we öz aralarynda sabyr etmekligi düşündirýänlerden başga-lardyr.

Imam Şafygy Allah oňa rehim etsin aýtdy: Allahtagala öz bendelerine şu suwradan başga suwra, delil ibermedik bolsa hem (hökman) ýeterlik bolardy.

Imam Buhary Allah oňa rehim etsin aytdy: Ylym diymek sözden we amaldan öňdedir Delili Allahtagalanyň aýdany:

,,Bilgin, Allahdan başga hak iläh ýokdur we günähiň üçin toba et. (Muhammet suwrasynyň 19-njy aýaty). Sözden we amal etmekden öň ylym bilen başla.

Bilgin - Allah saňa rehmet etsin, hakykatdanda her bir musulman erkege we her bir musulman aýala bu aşakdaky üç meseläni öwrenmeklik we onyň bilen amal etmeklik parzdyr.

1-nji mesele: Hakykatdanda, Allah bizi ýaratdy we bize ryzk berdi we hiç wagt ähmiýetsiz taşlan däldir, gaýta Ol bize resul ýagny, pygamber iberdi kim oňa boýun bolan bolsa jennete girdi we kim onuň diýenini etmese (günäkär) bolan bolsa oda ýagny, jähenneme girdi. Delili Allahtaga-lanyň aýdany:.

,,Hakykatdanda biz size (garşyňyza) şaýat bolujy resuly iberdik, edil Firgawna resul iberşimiz ýaly. We Firgawn resula (Musaga) günäkär boldy. We biz ony berk tutuş bilen tutduk. (Muzzammil suwrasynyň 15-16-njy aýatlary).

2-nji mesele: Hakykatdanda ne Allaha ýakyn bolan perişdäni ne-de iberilen pygamberi Onuň ybadatynda Onuň (Allah) bilen bir zady şärik etmeklikde Allah razy bolmaýar. Delili Allahtagalanyň aý-dany: ,,Hakykatdanda mesjidler (ýeriň ýüzi) Allahtagalanyňky-dyr bes, Allah bilen bile hiç bir kimsäni çagyrmaň. (Jyn suwrasynyň 18-nji aýaty).

3-nji mesele: Hakykatdanda kim Allahtagalany birläp pygambere boýyn bolan bolsa, Allah we Onuň resulyny duşman tutan kimseleri dost tutmaklygy bolmaýar. Eger şolar öz ýakynlary bolsada. Delili:

,,Allaha we ahyret gününe iman getirýän kowmyň Allaha we Onuň resulyna garşy çykanlar bilen we eger olar atalary ýada ogullary ýada doganlary ýada garyndaşlary bolsalarda söýenlerini tapmarsyň (Allah) olaryň ýüregine iman ýazdy we Özünden bolan,,Ruh (Kurän) bilen kuwwatlandyrdy we olary aşagyndan derýalar akyp duran olaryň ol ýerde baky galjak jennetine girizer. Allah olardan razy boldy. Olar hem Ondan, ýagny (Allahdan) razy boldylar. Olar Allahyň toparydyr, hakykatdanda, Allahyň topary bolanlar bagytlylar dälmidir. (Mujädele suwrasynyň 22-nji aýaty).

Bilgin, Allah seni tagatyna dogrylasyn. Hakykatdanda Hanifiýýa Ibrohimyň milletidir, ýagny (dinidir). Dininde yhlasly bolup Allahyň bir özüne boýun bolmakdyr. Sebäbi Allahyň emri adamlaryň hemmesinedir we şonuň üçin Ol, ýagny (Allah) olary oňa (dini üçin) ýaratdy. Allahtagalanyň aýdyşy ýaly: ,,Jyny we insany (özüme) ybadat etmeklikden başga zat üçin ýaratmadym. (Zäriýät surasynyň 56-nji aýaty).,,Ybadat sözüniň manysy bir Allahyň emirlerini ýerine ýetirmekdir. We Allahtagalanyň emirleriniň ulysy Oňa, ýagny (Allaha) muwahhyd bolmakdyr. Muwahhyd diýmek - ybadatynda Allahy birlemekdir. We gaýtaran zadynyň iň ulysy bolsa,,şirkdir. Ýagny, başga bir zady Onuň, ýagny (Allahyň) ýany bilen çagyrmakdyr. Delili Allahtagalanyň aýdany: ,,We Allaha ybadat ediň we oňa hiç bir zady şärik etmäň. (Nisa suwrasynyň 36-njy aýaty).

We haçanda senden insana bilmekligi parz bolan ,,üç asyl näme? diyip soralsa aýtgyn: Bendäniň Robbuny tanamaklygy we islam dinini tanamaklygy we pygamberi Muhammed sollollohi aleyhi we sellemi tanamaklygydyr.

 

Birinji asyl.

Robbyňy tanamak.

Haçanda senden Robbuň kim?,, diyip soralsa aýtgyn! Meniň robbym meni we bütin älemleri nygmaty bilen tertipleýji Allahdyr. We Ol meniň ybadat edyän we sygynýanymdyr. Meniň üçin Ondan başga ybadat edilyän we sygynylýan ýokdyr. Delili Allahtagalanyň aýdany:,, Hamd älemleriň Perwerdigäri Allah üçindir (Fatyha suwrasynyň 2-nji aýaty).

Allahdan başga zat ýaradylandyr we men hem şol ýaradylan zatlaryň biridirin.

Haçanda senden Robbyňy näme bilen tanaýarsyň?- diýip soralsa aýtgyn. Gudratlaryndan we ýaradan zatlaryndan, gije we gündiz, aý we gün we ýaradylan zatlaryndan bolan ýedi gat asmanlardan we ýedi gat ýerlerden we şondaky we ikisiniň arasyndaky bar bolan zatlardan tanaýaryn. Delili Allahtagalanyň aýdany: We Onuň (Allahyň) gudratlaryndan bolan gije we gündiz, gün we aý sejde etmäň güne we aýa we olary ýaradan Allaha sejde ediň eger siz Oňa (Allaha) boýun bolýan bolsaňyz. (Fussilat suwrasynyň 37-nji aýaty). We başga aýatda şeýle diýýär. ,,Elbetde, siziň Robbyňyz asmanlary we ýeri alty günde ýaradan Allahdyr, soňra arşda karar tapdy dowamatly gijäni gündiz bilen örtýär, yzygiderli ( dowamatly bolmagyny) talap edýär, gün we aý Allahyň emrine boýun bolýarlar. Älemleriň Robby bolan bereketli Allaha emir etmek we ýaratmak oňa (Allaha) mahsus dälmidir? (Agraf suwrasynyň 54-nji aýaty.) Robb: Oňa ybadat edilýän we sygynylýandyr. Delili Allahtagalanyň aýdany: ,,Eý, insanlar sizi we sizden öňkileri ýaradan Robbyňyza ybadat ediň belki siz, takwalardan bolarsyňyz. Ol siziň üçin ýeri düşek eden we asmany bina eden we asmandan suw (ýagyş) ýagdyrdy size ryzk üçin onuň bilen miweleri çykardy we Allaha hiç bir zady deňemäň haçanda siz ony bilýärkäňiz. (Bakara suwrasynyň 21-22-nji aýatlary).

Ibn Kesir Allah oňa rehmet etsin aýtdy: Allah bu zatlary ýardan. Allah hakykatdan hem ybadata mynasypdyr.

Allahtagalanyň buýran ybadatynyň görnüşleri: Islam, iman we yhsan ýaly, we olardan bolan. Ed-duau: Ony Allahy çagyrmak. El-howfu: Allahdan gorkmak. Er-rojäu: Allahdan umyt etmek. Et-täwäkkülu: we Allaha töwekgellik etmek (bilbaglamaklyk). Er-rogbätu: hoş niýetiň bilen öz islegiň bilen islemek (umydyň aýratyn görnüşi). Er-rohbätu: Allahdan gorkyda bolmak (gorkmak, galpyldamak, sandyramak şol bir wagtyň özünde umytdan kesilmezlik). El-huşuu: gorky bilen umydyň arasyndaky ýagdaýyň bir görnüşi. El-inäbätu: dolanmak Allahdan kömek soramak. El-istianatu: Allaha sygynmak. El-istyazatu: Şer zatlardan Allaha sygynmak. El-istigozau: Allahtagaladan heläkçilikden kömek soramak. Ez-zabhu: Allahyň ady bilen malyň damagyny çalmak gurbanlyk etmek. En-näzru: Allahyň ýoluna özüňe bir zady şert etmek. We Allahyň şuňa meňzeş ybadatlary. Delili Allahtagalanyň aýdany: ,,Hakykatdanda mesjidler (ýeriň ýüzi) Allahyňkydyr bes, Allah bilen bile bir kimsäni çagyrmaň . (Jyn suwrasynyň 18-nji aýaty).

Kim şu zatlardan birini Allahtagaladan başga bir zada ýöňkese, ,,müşrikdir, käfirdir. Delili Allahtagalanyň aýdany:,, Kim Allah bilen bile başga bir ilähi çagyrsa, oňa bunuň delili ýokdyr. We elbetde, onuň hasaby Robbunyň huzuryndadyr. Elbetde ol käfirler bagytly bolmaýarlar. (Muminun suwrasynyň 117-nji aýaty). We hadisda gelipdir: Doga ybadatyň başydyr. We delili Allahtagalanyň aýdany: We Robbyňyz aýtdy; Maňa doga ediň, size jogap bereýin. Elbetde, Maňa ýbadat etmeklikden ulymsy bolýanlar peseldilen halda jähenneme salynjakdyr. (Gafyr surasynyň 60-njy aýaty.)

Ýokardaky agzalan ybadatlara deliller:

Al-howfu hakynda hakynda delili: ,,Eger siz imanly bolsaňyz olardan (şeýtanlardan) gorkmaň menden gorkuň. (Ali Imron suwrasynyň 175-nji aýaty).

Ar-rojäu hakynda delil: ,,We kim Robby bilen duşuşmaklygy umyt etse, salyh amallary etsin we Robbyna ybadat etmekde hiç bir zady şärik etmesin. (Kähf suwrasynyň 110-njy aýaty).

Ät-täwekkülu hakynda delil: ,,We Allaha töwekkellik ediň eger imanly bolsaňyz. (Mäide suwrasynyň 23-nji aýaty). ,,Kim Allaha töwekkellik etse, Ol oňa ýeterlikdir. (Talak suwrasynyň 3-nji aýaty).

Är-rogbätu, är-rohbätu we äl-huşuu hakynda: Hakykatdanda olar (pygamberler) haýyrly işleri etmeklikde ýaryşýardylar, we olar umyt we gorky bilen bize boýun bolan hallarynda bizi çagyrýardylar. (Enbiýa suwrasynyň 90-njy aýaty).

El-hoşiýäti hakynda: Olardan gorkmaň menden gorkuň (Bakara 150)

El-inäbätu hakynda: ,,We Robbyňyza boýun bolan halyňyzda oňa dolanyň. (Zümer suwrasynyň 54-nji aýaty)

El-istianaty hakynda: ,,Saňa ybadat edýäris we saňa sygynýarys. (Fatyha suwrasynyň 5-nji aýaty). (Hadisda gelipdir) ,,Haçanda sygynanyňda Allaha sygyngyn.

El-istiazati hakynda: ,,Säher wagtynyň Robbuna sygynýaryn (diýip) aýt. (Falak suwrasynyň 1-nji aýaty). ,,Adamlaryň Robbuna sygynýaryn (diýip) aýt. (Näs suwrasynyň 1-nji aýaty).

Äl-istigosatu hakynda: ,,Haçanda Robbuňyzy kömege çagyranyňyzda Ol size jogap berdi. (Enfäl suwrasynyň 9-njy aýaty).

Ez-zäbhu hakynda: Hakykatdanda meniň namazym, gurbanlygym, diriligim we ölümim (hiç hili) şärigi bolmadyk älemleriň Perwerdigäri Allah üçindir. (Engam suwrasynyň 162-163-nji aýatlary). Hadisdan: Kim Allahdan başga zat üçin (malyň) damagyny çalsa, Allah ony näletledi.

En-näzru hakynda:,, Olar aýdan nezirlerini ýerine ýetirýärler we howp hatary daş töwerege ýaýraýan kyýamat gününden gorkýarlar. (Insan suwra-synyň 7-nji aýaty)

Ikinji esas.

Delili bilen Islam dinini tanamak.

Ol - Allahy birlän ýagdaýyňda özüňi Allaha tabşyrmakdyr. We Onuň tagatynda boýun bolmak. (buýruşy ýaly ybadat etmek). We şirkden we şirk amallaryny edýänlerden (ýagny, Allahtagalanyň islendik ýaradan mahluklaryndan haýsyda bolsa birini mysal üçin, oda çokunmak, güne we aýa ýada elde ýasalan butlara çokunýan adamlardan) daş bolmakdyr.

Onuň (islam dininiň) üç derejesi bardyr: Islam,iman hem-de ihsan. Ol derejelere ,,Rüknler diýilýär.

Birini dereje: Islam

Islamyň rüknleri bäşdir: Allahdan başga ybadat edilýäniň we sygynylýanyň ýoklugyna şaýat bolmaklyk. We hakykatdanda Muhammed sollollohi aleýhi we sellem Allahyň resulydygyna şaýat bolmak we namazy dikeltmek we zekat bermek we remezanda agyz beklemek hemde Allahtagalanyň öýüne (käbä) haj etmek.

Şahadatyň delili: ,,Ondan (Allahdan) başga ilähiň ýoklugyna Allah şaýat boldy. Ol Azyz we Hekimden başga ilähiň ýoklugyna berk adalatly periş-deler şaýat boldylar. (Äli Imron 18-nji aýaty).

Şahadatyň manysy: Ybadat etmeklige Allahdan başga hiç kim hakly däldir. (Lä ilähä) -Allahdan başga islendik zada ybadat etmezlik peýdalydyr. (Illa Alloh) -ybadatynda oňa hiç bir zady hem şärik etmezlik. Onuň mülkünde Oňa hiç bir zady şärk edip bolmaýşy ýaly, Allaha ybadat etmeklik säbitlenendir (berkidilendir). Delili:

,,We ynha Ibrohym kakasyna we (öz) halkyna aýtdy: Elbetde men, ýaradandan başga (zada) siziň, edýän ybadadatyňyzdan ýüz döndirýändirin. Hakykatdanda Ol (meni) hidaýat etjekdir. Ýagny:(dogryýola gönderjekdir.) Ol bu kelemäni (ýagny,Allahdan başga ilähiň ýoklugyna şaýat bolmaklygy) öz nesillerine goýup gitdi. Belki olar (dogry ýola) dolanarlar. (Zahruf 26-27-28).

Başga bir delili: ,,Aýt, (eý, Muhammet) eý, kitap eýeleri (ýagny, hristiýanlar we ýahudiler) biziň we siziň araňyzdaky deň bolan bir söze geleliň, Allahdan başga bir zada ybadat etmezlik we oňa bir zady şärik etmezlik üçin,we Allahtagaladan başga biri - birimizi hudaý tutunmalyň. Egerde olar ýüz öwürse, elbetde biz musulmandyrys (diýip) şaýat boluň. (Äli Imron 64-nji aýaty).

Hakykatdanda Muhammed sollollohi aleýhi we sellem Allahtagalanyň resulydygyna şaýat bomaklyga delili: ,,Tahkyk, öz (içiňizden) size bir ilçi geldi, siziň edýän günäleriňiz oňa agyr degýär we siziň (dogry ýola gelmekligiňizi) ähli hyjywy bilen isleýär. Muminlere bolsa, mylaýym we rehimli. (Toba 128-nji aýaty).

Muhammed sollollohi aleýhi we sellem Allahyň ilçisidiginiň manysy. Onuň buýruklaryna boýun bolmak we onuň habarlaryny tassyk etmek we onuň gaýtaran zatlaryndan gaçmak we başgalarada duýdurmak. We Allahtagalaga şerigatyndan bolmadyk zat bilen ybadat etmezlik (ýagny, edýän ybadatyň ygtybarly delillere daýansyn).

Namaz, zekat we towhydyň delili: ,,olara (hristiýanlara, ýahudiýlara we müşriklere) Onuň dininde Hanif bolup, namazy dikeldip, zekady berip Allahdan başga bir zada ybadat etmezlikden başga zat buýrulmady, we bu dogry dindir. (Beýýine 5-nji aýaty)

Orazanyň delili: ,,Eý, iman getirenler sizden öňkilerden bolanlara ruwza parz edilşi ýaly size hem ruwza parz edildi belki syz takwalardan bolarsyňyz. (Bakara 184-nji aýaty)

Haç etmekligiň delili: ,,Ýoluny başaran adamlara Allah üçin, käbä haç etmeklik borç boldy. We kim iman getirmese, hakykatdanda Allah älemlerden baýdyr. (Äli Imron 97-nji aýaty)

 

Ikinji dereje: Iman

Ol - ýetmiş dereje edip goýulandyr. Iň beýik derejesi (Lä ilähä illallohdyr), iň aşaky derejesi ýoldan zyýan berjek zatlary aýyrmaklyk. We (günä etmeklige) haýa hem imanyň derejesindendir.

Sünnet rüknleri: Allahtagalaga, perişdelerine, kitaplaryna we resullaryna we ahyret gününe hemde haýyr we şer takdyrdanlygyna iman getirmek. Bu sünnet rüknlerine delili: ,,Siziň gündogara we günbatara ýüziňizi öwürmekligiňiz bagtlylykdan däldir. Emma bagytlylyk Allaha we ahyret gününe, perişdelere, kitaba we pygamberlere iman getirmeklikdedir. (Bakara suwrasynyň 177-nji aýaty).

Takdyryň delili: ,,Hakykatdanda biz islendik zady takdyry bilen ýaratdyk. (Kamar suwrasynyň 49-njy aýaty).

Üçinji dereje: Ihsan

Ihsan ol, hem bir rükndir.,,Sen Ony (Allahy) görýän ýaly Allaha ybadat etmekligiňdir, eger sen Ony görmeseňde Ol seni görýändir. Delili: ,,Hakykatdanda Allah takwalar we ihsan edýänler bilendir. (Nahl surasynyň 128-nji aýaty).

Başga bir aýatda: ,,Azyz we rehimlä (Allaha) bil bagla. Ol haçanda dik duranyňyzda (namazda) görýändir. We sejde edýänler bilen ýüzlenýärsiň. Ol eşidijidir bilijidir. (Şuara 217-220-nji aýaty).

Başga bir aýatda: ,,Sen nähili ýagdaýda bolsaňda Kuränden näme okasaňda we siz nähili iş etseňizde biz şol işleri edýärkäňiz size şaýat bolarys. (Ýunus 61-nji aýaty)

We jibril el-meşhur hadisdan delil:,,Omardan Allah ondan razy bolsun aýtdy:

,, Bir gezek biz Allahyň resuly bilen bile otyrdyk. Birden ap-ak eşikli gapgara saçly adam biziň ýanymyzda peýda boldy. Ondan sapardaky adamynyň eseri görünmeýärdi (ýagny üsti-başy tämizjedi). We ony bizden birimiz hem tanamaýardyk, hatda ol pygamber sollollohi aleýhi we sellemiň ýanynda oturdy. We dyzyny Muhammed sollollohi aleýhi we sellemiň dyzyna degirdi, we iki elini pygamberimiziň butlarynyň üstünde goýdy. We ol aýtdy:





:


: 2017-01-28; !; : 399 |


:

:

.
==> ...

1594 - | 1420 -


© 2015-2024 lektsii.org - -

: 0.055 .