.


:




:

































 

 

 

 


Göroglynyň pedagogik pikirleri.

 

Berkarar Döwletiň Bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň ruhy dünýäsine özüniň milli özboluşlulygy we täzelikleri bilen geldi.

Biz bu gün Bagtyýarlyk döwrüniň datly miwelerini her bir ugurda-da görýäris. Taryhymyza Altyn harplar bilen girjek şu günki özgerişlikler türkmen edebiýatynyň-da taryhyny, şu gününi we geljegini täze bir öwüşgine boýady.

Bu günki edebi mirasymyza goýulýan sarpanyň aňyrsynda Mähriban Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atalyk aladalary ýatyr.Şu atalyk aladalary netijesinde ylma,bilime giň ýol açyldy. Türkmen halk pedagogikasynda adamyň akyllydygyna uly baha berilýär.

,, Görogly eposynyň döremegi halk döredijiliginiň, halkyň jemgyýetiniň çeper aňynyň ösen, galkynan döwrüne gabat gelipdir. Eposda ummasyz çeper çözgütler, täze gözlegler halkyň söz sungatyna bolan uly sarpasynyň netijesinde döräpdir. Halkyň bu eposda utan zady zalymlygy, eden etdiligi, hany- begi terk edip, hiç kime garaşsyz özbaşdak döwleti dag çatrygynda Çandybil diýen ýurdy döredenligi bolsa gerek. Şoňa görä onda türkmen halkynyň gahrymançylykly epikasynyň gazananlarynyň iň kämil nusgalary jemlenipdir. Görogly edermenligiň gözbaşyny gadymy gahrymançylykly mifologiýadan, hekaýatlardan, Oguznamalardan we Gorkut atadan alypdyr, halk soňky gahrymançylykly wakalaryň hasabyna onuň üstüni doldurypdyr. Göroglynyň döwrebaplygy, çeper pähim-paýhasa, täsin çeper çözgütlere, şahyrana ussatlyga baýdygy onuň gadyr-gymmatyny artdyrypdyr. Şu aýdylanlar Göroglynyň edermenliginiň, adalatly hereketleriniň, adamkärçiliginiň nusga alarlyk derejä galmagyna söýgüli halky gahrymana öwrülmegine sebäp bolupdyr. Halk Göroglyda gahrymançylygy söz ýaragydyr pähim-paýhas bilen bezäpdir. Soňky döwre degişli Keýmir Körde esasy aýratynlyga öwrülen söz ýaragy sözüň güýji bilen garşydaşyny ýeňmek Görogly eposynda aýratynlyga öwrülmän, diňe ýylpyldap gidipdir. Görogly samsyklyga salan bolupdyr, syrly sözi oklan bolupdyr, garaz, pursat gelende, çeper söz bilen garşydaşyndan üstün çykypdyr. Emma ol köplenç minneti gaýduwsyz batyrlygyndan, egri gylyjyndan, wepaly atyndan çekipdir.

"Görogly" şadessany türkmen halkynyň iň ajaýyp edebi mirasydyr. Ol dünyä edebiyatynyň altyn hazynasynda öz mynasyp ornuny tutýar, sebäbi bu şadessan hakyky halkylygy we halk dilinde beýan edilendigi bilen meşhurdyr. "Görogly" şadessanynda tutuş türkmen halkyna mahsus bolan adamkärçilik, ynsanperwerlik, türkanalyk, mertlik, gaýduwsyzlyk, batyrlyk, gahrymançylyk, başarjaňlyk, il-günüň aladasy bilen ýaşamak, erkinlik, ruhubelentlik, aýdym-saza sarpa goýmak, jomartlyk, ejizi-naçary goldamak, watansöýüjilik, myhmanparazlyk, ygrarlylyk, wepalylyk ýaly ynsan mertebesini beýgeldýän häsiýetler giňişleýin öz beýanyny tapýar. Türkmende özünden ulyny sylamak, onuň pendi-nesihatlaryna uýmak esasy türkmençilik ýörelgeleriniň gyşarnyksyz ugrudyr.

Görogly ýaşlygynda babasy Jygalybegiň görüm-göreldesi, edep-ekramy we parasatly wagyz-nesihatlary esasynda terbiýelenýär. Hut şol nukdaýnazardanam bolsa, onuň bütin ýaşan ýyllarynyň içinde adama görüm-görelde bolup geldi. Ol mundan beýläk hem şol ýagdaýda bolsa gerek.Sebäbi Jygalybeg öz agtygyna ilkinji nobatda watansöýüji, myhmanparaz we mert bolmaklygy nesihat edýär:

 

Ýalňyz balam, algyn pendim, Ýurduň terk ediji bolma. Özüňden gaýry namardyň, Minnetin çekiji bolma.

Jygalybeg, öwüş-öwüş, Myhman gelse, etgin söwüş. Döwüşseň mert bilen döwüş. Namardy kowujy bolma.

Ine bu goşgudan görlüşi ýaly hem Göroglybütin ömrüniň dowamynda babasynyň pendine eýerýär. Türkmençiligiň şeýle ýol bilen durmuş tejribesini ýeterlik toplan dana gojalaryň wesýetlerine eýeren Görogly şadessanyň dowamynda uly halkyň tutuş bir eýýamynyň wekili hökmünde orta çykýar.

Wagtyň geçmegi bilen Göroglynyň özi hem dana kişi bolup ýetişýär. Ol ýigitlerine akylly-başly öwüt nesihat edýär.

 

Ýigit diýen batyr bolsa şir bolar,

Ar-namysly bir zeberdest är bolar,

Lebzi halal, aýdan sözi bir bolar,

Gulak salyp, pendim alyň, ýigitler!

 

Şeýlelikde, Görogly Watanyň asudalygyny, ilatyň parahatçylygyny, ýurduň erkinligini goramak maksady bilen atly ýaragly ýigitleriň kyrkysyny ýanynda saklaýar.

Görogly beg türkmen eýýamynda pedagogiki hil taýdan täze basgançaga gadam basdy. Bu eýýamda türkmenlerden uly alymlar, şahyrlar öňe çykdylar. Has dogrusy, olary sanap geçmek hem mümkin däl. Emma olaryň has görnüklileri barada durup geçmek we döredijiligi bilen mümkingadar yüzleýem bolsa tanşyp geçmek mekdep mugallymlary üçin-de, uly synplaryň okuwçylary üçin-de has dogrusy türkmen talyplary üçin hem artykmaçlyk etmese gerek.

Sebäbi häzirki Berkarar Döwletiň Bagtyýarlyk döwründe ägirt uly ylmy açyşlar bilen bir hatarda dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna öwrülen çeper eserler döredi. Şygyr älemi bütinleý täze akaba düşdi.Şygryýet dünýäsi mazmun we forma taýdan kämil görnüşe eýe boldy. Biz talyplar hem Göroglynyň pedagogik pikirleri barada köp zatlary bilmeklige borçlanýarys.

Oguznamaçylyk, Gorkut ataçylyk, Göroglyçylyk däpleriniňýörelgesi bolan kyssa bilen goşgyny utgaşdyryp ýazmak Bagtyýarlyk döwürde hasda ösdürildi.

Görogly barada beýik Saparmyrat Türkmenbaşy şeýle belleýär:

- Görogly beg beýik adamkärçiligi, merdanalygy bilen gyratyňýüzin salyp, göni halkyň kalbyna girip gidendir. Sözümiziň ahyrynda bolsa görogly barada şu ajaýyp setirler bilen jemlemegi makul bildim.

Görogly

Görogly beg - gerçekleriň gerçegi,

Iki jahan serkerdesi, serweri, Ýagyrnyňda ýagşyzadaň penjesi!

Owazasy dolup ýedi yklyma, Gulluk kylýar Ýedi yklym begleri!

Gardaşy-Gyraty, Syrdaşy-dutar, Jygalybeg

akyl alan danasy, Syýasatyaýdym bile namasy! Başda göwher jyga,

tylla tagty bar, Söwer halkyonuň ary-namysy!

Görogly begarkasynda dutary, Ata-babalaryň ýolun saýlady. Aýdym bile ulus-ile ýan salýar, Aýdym onuň parasadypaýhasy, Aýdym onuň pasyrdaýan baýdagy!

Görogly beg namasyny gaýyrsa, Dälisil deý galkýar Çandybil halky, Yedi derya, yedi dagdan aňyrda Gagşaýar Baly beg,

Hünkär soltanlar! Görogly beg namasyny gaýyrsa, Däli sil deý galkýar Çandybil halky, Ýedi derýa, ýedi dagdan aňyrda Garalýar jeňparaz duşmanyň bagty!

 

Edebiýat:

1. Gurbanguly Berdimuhammedow,,Täze Galkynyş eýýämi Aşgabat 2007ý.

2. Gurbanguly Berdimuhammedow,,Döwlet Adam üçindir Aşgabat 2008ý.

3. Berdimuhamedow G. Türkmenistan-sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy. A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2009.

4. Balakaýew,,Çaga terbiýesi Aşgabat 1978ý.

5. Ş.Haljanow Garaşsyzlyk pedagogikasy Aşgabat 1995ý.

 

 



<== | ==>
1 | 1. - . .
:


: 2018-11-11; !; : 290 |


:

:

, .
==> ...

1797 - | 1674 -


© 2015-2024 lektsii.org - -

: 0.016 .