.


:




:

































 

 

 

 


Sssr-iŇ dargamagy we türkmenistanyŇ garaŞsyzlygyny gazanmagy




Türkmenistanyň garaşsyzlygyny gazanmagy. 1922-nji ýylda SSSR döredilende onuň düzümine ýüzlerçe halklar girdiler. Ol halklar biri-birinden örän tapawutlydy. Olaryň käbiri ösen, käbiri yzagalak halklardy. Şol sebäpden olaryň bähbitleri hem dürli-dürlüdi. Üýtgedip gurmak döwründe merkezi häkimiýet gowşap başlady. Bu bolsa milli çaknyşyklaryň başlanmagyna getirdi. Şeýle-de käbir halklar garaşsyzlyk üçin çykyş edip başladylar. 1986-njy ýylda Almata wakalary bolup geçdi. 1988-nji ýylda Daglyk-Garabagda ermeni-azerbeýjan çaknyşyklary başlandy. Ferganada özbek-türk çaknyşyklary boldy. Ožda gyrgyz-özbek çaknyşyklary boldy. Abhaziýada gruzin-abhaz çaknyşyklary boldy. Moldowada moldowan-rus çaknyşyklary boldy. 1989-njy ýylda Bakuda, 1990-njy ýylda Tbiliside wakalar boldy. Şu ýagdaýda birnäçe respublikalarda SSSR-iň düzüminden çykmak meýilleri güýçlendi. Bu meýiller ilki bilen pribaltika respublikalarynda başlanypdy.

1991-nji ýylyň martynda SSSR-iň geljekki ykbaly barada referendum geçirildi. Birnäçe respublikalaryň, şol sanda Türkmenistanyň hem absolýut köplügi SSSR-iň düzüminde galmak üçin ses berdiler. Emma 1991-nji ýylyň awgust wakalary
SSSR-iň ykbalyny çözdi. Şol aýda birnäçe sowet ýolbaşçylary döwlet agdarylyşygyny geçirip, Gorbaçýowy wezipesinden aýyrmak üçin dildüwşik guradylar. Emma dildüwşige gatnaşyjylar maksadyna ýetip bilmediler. Bu wakadan köp wagt geçmänkä Sowet Soýuzyna girýän respublikalar garaşsyzlygyny ykrar edip başladylar. Litwa 1990-njy ýylyň martynda, Gruziýa 1991-nji ýylyň aprelinde, Latwiýa 1990-njy ýylyň maýynda, Belarussiýa 1991-nji ýylyň iýulynda, Ukraina 1990-njy ýylyň iýulynda, Russiýa 1990-njy ýylyň iýunynda garaşsyzlygyny yglan etdi. Awgust wakalaryndan soň bolsa Moldowiýa awgustda, Ermenistan sentýabrda, Azerbeýjan awgustda, Täjigistan sentýabrda, Özbegistan awgustda, Gazagystan dekabrda, Gyrgyzystan awgustda garaşsyzlygyny yglan etdiler.

Şol ýylyň 26-njy oktýabrynda Türkmenistanda hem ählihalk sala-salşygy geçirildi. Bu sala-salşykda bir soraga jogap bermelidi. Ýagny, SSSR-iň düzüminde galmalymy ýa-da özbaşdak döwlet bolmaly? 27-nji oktýabrda Türkmenistanyň Ýokary soweti sala-salşygyň netijesini jemledi. Onuň esasynda konstitusion kanun kabul etidi. Ol kanunyň ady Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň we döwlet gurluşynyň esaslary hakynda. Bu kanun boýunça Türkmenistan garaşsyz, demokratik döwlet diýlip yglan edildi. 8-nji dekabrda Belarussiýanyň Belawežýe diýen ýerinde Ukrainanyň, Belarussiýanyň hem-de Russiýanyň döwlet ýolbaşçylary duşuşyp, SSSR-iň ýok edilýändigini yglan etdiler. 25-nji dekabrda bolsa SSSR-iň prezidenti Gorbaçýow öz wezipesinden gidýändigini yglan etdi. Şeýdip SSSR diýen döwlet ýaşamagyny bes etdi.

Garaşsyz Türkmenistan döwletiniň döwlet edaralarynyň we döwlet nyşanlarynyň döredilmegi. Türkmenistanyň Garaşsyzlygy baradaky konstitusion kanun kabul edilen badyna güýje girdi we täze dörän döwletiň, ýagny garaşsyz, demokratik türkmen döwletiniň esaslaryny düzmek boýunça işler başlandy. Ilkinji nobatda täze döwlet edaralaryny döretmelidi. Ilkinji bolup Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri döredildi. Soňra Türkmenistanyň daşary işler ministrligi, daşary ykdysady banky we ş.m. edaralar döredildi. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistan BMG-niň agzalygyna kabul edildi. Türkmenistanyň garaşsyzlygyny ençeme daşary ýurtlar ykrar etdiler. Ençeme ýurtlar bilen Türkmenistan diplomatik gatnaşyklary ýol goýdy. Türkmenistanda birnäçe döwletleriň ilçihanalary açyldy. Olar birinji nobatda şu döwletlerdir: ABŞ, Türkiýe, Eýran, Russiýa, Hindistan we ş.m. Şeýle-de Türkmenistanyň ilçihanalary bu agzalan döwletlerde açyldy. 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda garaşsyz Türkmenistan döwletiniň ilkinji konstitusiýasy kabul edildi. Ol garaşsyz Türkmenistan döwletiniň döwlet gurluşyny, Türkmenistanyň raýatlarynyň hukuklaryny, azatlyklaryny, borçlaryny, döwlet edaralaryny, saýlaw ulgamyny we ş.m. kesgitledi.

Şeýle-de 1992-nji ýylyň fewral aýynyň 19-ynda Türkmenistanyň döwlet nyşanlary kabul edildi. Şeýle-de şol ýylda birnäçe döwlet edaralary döredildi. Olar: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Halk Maslahaty, Türkmenistanyň pudaklaýyn ministrlikleri, dolandyryş edaralary, ýagny
etrap-welaýat häkimlikleri we ş.m. 1992-nji ýylyň iýul aýynyň 21-ine garaşsyz Türkmenistanda ilkinji prezident saýlawlary geçirilip, onda Saparmyrat Nyýazow Türkmenistanyň Prezidentligine saýlandy.

1991-92-nji ýyllarda Türkmenistanyň sowet döwründe hereket eden dolandyryjy edaralary, jemgyýetçilik-syýasy guramalary ýatyrylyp, olaryň ýerine garaşsyz türkmen döwletiniň dolandyryjy edaralary we jemgyýetçilik-syýasy guramalary döredildi. 1991-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň demokratik partiýasynyň esaslandyryjy gurultaýy boldy. Türkmenistanyň Kommunistik partiýasy ýatyryldy. 1991-nji ýylyň noýabrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy döredildi. Sowet döwründe hereket eden Türkmenistanyň Kommunistik Leninçi ýaşlar birleşmesi ýatyryldy. Şeýle-de
1992-nji ýylda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary döredildi. Sowet döwründe hereket eden profsoýuzlar ýatyryldy. 1992-nji ýylda Umumymilli Galkynyş hereketi döredildi. Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalary onuň düzümine girdiler. Türkmenistanyň Ýokary soweti ýatyrylyp, täze parlament, ýagny Türkmenistanyň Mejlisi döredildi. 1992-nji ýylda Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi. Oňa Türkmenistanyň iň ýokary döwlet ygtyýarlyklary berildi. Mundan başga-da 1991-92-nji ýyllarda Türkmenistanyň ykdysadyýetini, syýasatyny, medeniýetini, maliýe ulgamyny talabalaýyk dolandyrmak üçin ençeme täze edaralar döredildi. Şeýle-de buýruk beriji ykdysady dolandyryşdan bazar gatnaşyklaryna geçmek üçin ençeme işler edildi. 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda türkmen milli manady ulanyşa girizildi.





:


: 2017-02-11; !; : 2080 |


:

:

, .
==> ...

1730 - | 1520 -


© 2015-2024 lektsii.org - -

: 0.01 .