.


:




:

































 

 

 

 


TÜRKMENISTAN ÜÝTGEDIP GURMAK ÝYLLARYNDA




Üýtgedip gurmak döwründe Türkmenistanyň syýasy, ykdysady we sosial ösüşi. 1985-nji ýylyň mart aýynda Mihail Sergeýewiç Gorbaçýow SSKP-niň MK-niň baş sekretarlygyna saýlandy. SSSR-de bu wezipe iň ýokary ygytyýarlykly wezipedi. 1985-nji ýylyň aprelinde SSKP MK-niň plenumy SSSR-de üýtgedip gurmak syýasatyny kabul etdi. Bu syýasat sowet döwletini we jemgyýetini üýtgedip gurmagy, ýagny birnäçe reformalary geçirmegi göz öňünde tutýardy. Sebäbi şol döwre çenli SSSR çuňňur krizise düşüpdi. Üýtgedip gurmak syýasaty boýunça jemgyýeti demokratiýalaşdyrmaga ugur alyndy. Milli respublikalaryň,
edara-kärhanalaryň hukuklary has giňeldilmelidi. Ykdysadyýetde kärhanalaryň özbaşdaklygy artmalydy. Azajyk mukdarda hususy eýeçilige ýol berilmelidi. Jemgyýetde aç-açanlyk, ýagny ähli kemçilikleri açmak we olary öwrenmek, olary aradan aýyrmak syýasaty agalyk etmelidi.

Türkmenistanda 1985-nji ýylyň 21-dekabrynda TKP-niň MK-niň birinji sekretary Muhammetnazar Gapurow wezipesinden boşadylyp ýerine Saparmyrat Nyýazow saýlandy. Şol döwürde bütin SSSR-däki problemalar Türkmenistanda-da bardy. Türkmenistan agrar, ýagny oba hojalyk respublikasy görnüşinde galýardy. Onuň senagaty örän gowşakdy. Senagaty oba hojalyk önümlerini we tebigy baýlyklary gaýtadan işleýän senagatdy. Taýýar önümler örän az öndürilýärdi. Türkmenistanyň senagat kärhanalarynyň 90%-inden köprägi Türkmenistana
däl-de SSSR-iň merkezi hökümetine degişlidi. Olaryň girdejileri hem Türkmenistana gelenokdy. Merkeze iberilýärdi (Bu bolsa şol döwürde Türkmenistan dotasiýada otyr diýmäge esas berýärdi). Meselem Türkmenistanda senagat önümleriniň 40%-inden gowragy Merkeziň hasabyna ugradylýardy. Meselem 1987-nji ýylda ol kärhanalar ýerli sowetiň býujetine diňe 0,5 mln manat geçiripdir. Merkeze bolsa 530 mln manat geçiripdir. Şol bir wagtyň özünde bolsa respublika merkezden 344 mln manatlyk dotasiýa alypdyr.

Türkmenistanyň oba hojalygy hem merkeze tabyn edilendi. Oba hojalyk boýunça meseleleri Merkez çözýärdi. Oba hojalyk önümleri ýarpy-ýalta täzeden işlenip merkeze ugradylýardy. Meselem Türkmenistanyň pagtasy pagta arassalaýjy zawodlarda täzeden işlenilip has dogrusy çigitden, hapadan arassalanyp, pamyk görnüşinde Merkeze ugradylýardy. Ol ýerlerde türkmen pamygyndan taýýar önüm öndürilip, Türkmenistana gymmat bahadan gelýärdi. Türkmenistanda dokma kärhanalary örän azdy. SSSR-iň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly ykdysadyýetiň pese gaçmagy Türkmenistanda-da ençeme sosial problemalary döretdi. Adamlaryň ýaşaýyş derejesi pese gaçdy.

Üýtgedip gurmak döwründe öňki käbir düzgünler üýtgedilipdi. Täze düzgünler bolsa ýol alyp bilmeýärdi. Bu döwür geçiş döwrüdi. Şol sebäpli sosial meseleler, ýagny adam durmuşy bilen bagly meseleler ýitileşdi. Türkmenistanda-da işsizlik köpeldi. Sebäbi köp edaralar ýapyldy. Kolhozlar we sowhozlar pul ýoklugy sebäpli işgärlere aýlyp töläp bilmediler. Meselem 1989-nji ýylda Türkmenistanda işe ýaramly adamlaryň arasynda işsizlik 40%-e çenli golaýlady. 1979-njy ýyl bilen deňeşdireniňde bu san tas iki essä golaýlady. Işsizligi birneme azaltmak üçin Türkmenistan hökümeti käbir çäreleri amala aşyrdy. Meselem kolhozlarda mellek ýerleri adamlara paýlanyp başlandy. Ol ýerlerde adamlar ekerançylyk bilen meşgullanyp önüm öndürip we satyp eklenç edinmäge mümkinçilik aldylar. Şäher ilatyna hem şäheriň daşynda daça ýerleri paýlanylyp berilmäge başlandy. Ol ýerlerde şäher ilaty hem ekerançylyk we maldarçylyk bilen meşgullanyp başladylar. Oba hojalykda kärendeçilik giňden ýaýrady. 1990-njy ýylda ähli kolhoz ýerleriniň 64%-i kärendeçilere berilýärdi. Şeýle-de kärendeçilik maldarçylygam öz içine aldy.

1991-nji ýylyň ýanwarynda SSSR-de pul çalşygy geçirildi. Bu wagta çenli sowet pulunyň hümmeti örän pese gaçypdy. 3 günüň içinde ellilik we ýüzlük pullar çalşyldy. Adamlaryň elindäki pullaryň diňe müň manady çalşyldy. Eldäki beýleki pullar çalşylmady. Süýşürintgiler kitapçasynda bolsa diňe 500 rubl almaga mümkinçilik berdiler. Pul çalşylandan soň yz ýanynda birnäçe aýyň içinde bahalar 5 esse ýokarlandy. Süýşürintgiler depderçesindäki pullar hümmetsizlendi. Munuň netijesinde adamlar örän köp pul ýitirdiler. Bahalaryň örän ýokarylygy sebäpli hem-de birinji derejeli önümleriň örän azlygy sebäpli 1991-nji ýylyň martynda Türkmenistanda kartoçka düzgüni girizildi. Bu çäre adamlary önümleriň iň bolmanda minimal möçberi bilen üpjün etmek üçin gerekdi.

Üýtgedip gurmak döwründe Türkmenistanyň medeni ösüşi. Üýtgedip gurmak döwründe esasy özgerişler halkyň ruhy we medeni durmuşynda bolup geçdi. Bu döwürde SSSR-iň ähli halklary öz taryhyna we medeniýetine täzeçe garap başlady. Sowet döwründe gadagan edilen eserler täzeden çap edildi. Sowet döwründe ýapyk bolan taryhy temalar öwrenilip başlandy. Sebäbi Gorbaçýow üýtgedip gurmak bilen birlikde aç-açanlyk syýasatyny hem yglan edipdi. Bu syýasat Türkmenistanda-da giň gerim bilen alnyp baryldy. Meselem 1989-njy ýylda
TKP-niň MK-niň býurosy Gorkut ata eposy baradaky 1951-nji ýylda çykarlan kararyny ýatyrdy. Gorkut ata eposy kitap bolup çykdy. Şeýle-de milli baýramçylyklara, käbir däp-dessurlara goýlan gadagançylyklaram ýatyryldy. Dini däp-dessurlar, baýramçylyklar aç-açan edilip başlandy. Türkmen dilini, edebiýatyny, taryhyny dogryçyl öwrenmek üçin işler edildi. Ylymlar Akademiýasynyň Dil we edebiýat institutynda Magtymguly bölümi açyldy. Bu bölümde diňe Magtymgulynyň mirasy öwrenilmän, eýsem, ähli türkmen şahyrlarynyň eserleri öwrenildi. Türkmenistanyň taryhyny dogruçyl öwrenmek boýunça ýörite komissiýa döredildi. Oňa Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Nyýazow ýolbaşçylyk etdi. Şeýle-de 1989-njy ýylda Magtymguly jemgyýeti we medeniýet hazynasy atly jemgyýetçilik guramalary döredildi. Olar halkyň edebi we medeni mirasyny öwrenmekde we ile ýetirmekde köp iş etdiler. Ýedigen tele žurnaly, Meniň watanym radiostansiýasy efire çykyp başladylar. Olar hem türkmen medeniýetiniň ýaýramagyna goşant goşdylar.

Bu döwürde Oguznama eseri çap edildi. Görogly eposynyň üsti ýetirilip täzeden çap edildi. Döwletmämmet Azadynyň Wagzy-Azat eseri, onlarça dessanlar, nusgawy şahyrlaryň eserleri çap edilip, halka ýetirildi. 1990-njy ýylyň 24-nji maýynda TSSR-iň Ýokary soweti dil hakynda kanun kabul etdi. Bu kanun boýunça türkmen diline döwlet dili derejesi berildi. Türkmen dilini durmuşa ornaşdyrmak boýunça anyk işler bellendi. 1989-njy ýyldan başlap Türkmenistanda ençeme täze metjitler, medreseler açyldy. 1991-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda ilkinji gezek Hatyra güni bellenildi. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde türkmen topragyny gorap wepat bolanlaryň hatyrasyna sadakalar berildi. Olaryň ruhlaryna bagyş edip aýat-töwürler okaldy. Gökdepe galasyndaky sadaka bolsa Saparmyrat Nyýazowyň özi gatnaşdy.





:


: 2017-02-11; !; : 1381 |


:

:

, .
==> ...

1697 - | 1470 -


© 2015-2024 lektsii.org - -

: 0.009 .