.


:




:

































 

 

 

 


GaraŞsyz, Bitarap türkmenistanda pedagogika ylmynyŇ öwrenýän wezipeleri

Her bir ylmyň öz öwrenýän, iş salyşýan derňeýän zady bolýar. Mysal üçiň taryh ylmy adamzat jemgyýetiniň döreýşini hem ösüşini öwrenýär. Pedagogika ylmy bolsa ahlaky şahsyýeti terbiýeleýän ýetişdirmegiň tärleri bilen iş salyşýar. Başgaça aýdanymyzda, pedagogika dersi ýaş nesle ylym-bilim, tälim-terbiýe bermegi häzirki döwrüň talyplaryna laýyk edip ýola goýmagyň kanunlary bilen düzgünlerinden, olaryň içki sepleşiklerinden hem gatnaşyklaryndan ybarat.

Pedagogika ylym-bilim, tälim-terbiýe, edep-ekram bilen baglanyşykly möhüm meseleler bilen iş salyşýar, irki wagytlardan bäri şu çaka çenli, toplanan tejribeleri, häzirki döwürde amala aşyrylýan, geljekde durmuş geçirilmeli işleri öz içine alýar. Pedagogika ylmyň ýurduň bilim ulgamynyň işini herekete getirýän, ony öňe iterýän güýçdür. Gysgaça aýdanymyzda pedagogika ynsan terbiýesi hakyndaky ylymdyr.

Bu düşünje peýdagogos diýen grek sözünden bolan, ilki ol çanagy mekdebe äkidip getirýän ýörite hyzmatkär gul bolupdyr. Soňabaka adamzat jemgyýetiniň ösmegi bilen, pedagogika ilki başdaky manysyny üýtgedip giň mana eýe bolup başlaýar. Ol jemgyýetçilik ylymlarynyň düzüminde esasy orunlarynyň birini eýeleýär. Türkmenlerde pedagogika düşünjesi tälim- terbiýe, edep-ekram, edim- gylym ýaly aňlatmalaryň üsti bilen berlendir.

Beýleki ylymlar ýaly, pedagogika hem adamzat jemgyýetiniň tejribe islegine, durmuşyň öňe süren talabyna laýyklykda döräpdir hem ösüpdir. Çünki dowam edýän jemgyýetçilik önümçiligini saklamak, ýene-de ösdürmek üçin ýaş nesli durmuşa taýýarlamak, jemgyýetiň talaplaryna jogap berip biler ýaly adamlary kemala getirmek zerurlygy hiç wagt aradan aýrylmaýar. Şeýle bolansoň terbiýe nesilleiň arasyndaky baglanşygy emele getirip, berkidip hem ösdürip durýar. Ýaş nesil kemala gelýän mahalynda, özünden öňki nesliň durmuş tejribesini döreden ylymyny- bilimini, medeni-mirasyny, ruhy gymmatlyklaryny özüne kabul edip alýar, şol bir wagtyň özünde-de täze wezipeleri öňe sürýär.

Şu ýerde terbiýe bilen pedagogikanyň nazarýeti diýen düşünjelerini her-birinden parhlandyryp geçmek ýerlikli bolýar. Bu ikisi bir düşünjäni aňlatmaýar, olaryň döreýşide deň däl. Terbiýe adamzat jemgyýeti döräli bäri bardyr, pedagogika ylmy bolsa ep-esli soň çykýar. Has takygy, jemgyýetde okuw-terbiýeçilik edaralaryna bolan zerurlyk dörän mahallaryndan pedagogika ylmy höküminde emele gelip başlaýar. Terbiýe bolmasa jemgyýetiň ýaşamagy we öne itermegi mümkin däldir. Şol nazarýetden seredeniňde, terbiýä umumy we hemişelik düşünje diýip aýtmak bolar. Beýle diýildigi terbiýe işiöňler hem bolupdyr, häzirem bar,geljekde-de bolardiýildigidir.Türkmenistanyňbir jemgyýetçilik gurluşyndan beýleki bir jemgyýetçilik gurluşyna geçýän döwründe-de terbiýä özüniň ösüşi üçin giň mümkinçiliklere eýe bolýar. Şu ýerde terbiýäniň jemgyýetçilik-ykdysady gurluşlaryň hemmesi üçin meňzeş bolan taraplaryň, hem-de ýagny umumy alamatlarynyň bolýandygyny hem aýtmak gerek.Mysal üçin: uly nesil tarapyndan toplanan tejribäniň ýaş nesle geçirilişi, belli bir pikirleriň emele getirilmegi, ýaş nesliň saglygy barada edilýän aladalar, bilim bermek, sowatly, edepli edip ýetişdirmek ýaly işler jemgyýetçilik-ykdysady gurluşlaryň hemmesi üçin hem häsiýetli bolan zatlardyr. Dogry, şonda öňde goýulan maksat, geçirilýän işiň mazmuny, tärleri, usullary başgaça aýdanda, ýagny dürli dürli bolup biler.

Pedagogikanyň nazarýeti barada aýdylanda bolsa munuň özi bir ýa-da birnäçe adamyň bilelikde döreden ylmy işiniň jemi, gözleg- agtaryşlaryň netijesi bolup durýar. Ol nädeňde häli şindi ýüze çykyp duran çylşyrymly pedagogik hadysalardan baş çykaryp boljakdygyny öwredýär, okuw-terbiýeçilik işini ýolbaşçylyk edip bilmegiň, ony dolandyryp hem ugrukdyryp durmagyň dogry ýollaryny salgy berýär. Pedagogikanyň nazarýeti diňe bir tejribede gabat gelýän hadysalara ylmy taýdan düşündirmek bilen çäklenmän, eýsem ol ýeneki durmuşda gabat gelip biläýjek hadysalary düşindirmägede ukyplydyr.

Beýleki pedagogikanyň nazarýetiniň güýji onuň halk magaryfynyň meselelerini önden görüjilik bilen beýan edip bilýänligindedir. Ol şeýle hyzmaty bitirip bilmese, onda nazarýet güýçsiz bolup galar. Pedagogikanyň nazarýeti tejribe dörejilikli pikirlenmägeniň esasy guralydyr. Gynansagam, ol tejribe işgärleriň öňünde entek bergidar bolmagynda galýar.

Pedagogikanyň esasy maksady, sazlaşykly ösen şahsyýeti kemala getirmäge tabyn edilendir.Bu bolsa ylymlaryň esaslaryny özleşdiren sowatly, daşky we içeri syýasat babatynda-da, ykdysadyýet, durmuş we medeni meseleler babatynda-da, sagdyn pikirli, berk bedenli, hünärli adamlary terbiýeläp ýetişdirmegi göz öňünde tutýar diýildigidir. Garaşsyz türkmen diýaryna, onuň sabyrly, parasatly, agzybir hem asuda halkyna buýsanç duýgusy bilen garamagy, Ata Watanyň hatyrasyna zähmet çekmegi başarýan ruhubelent, ynsaply milli hünärmenleri taýýarlap ýetişdirmegiň ýollaryny salgy berýär diýildigidir. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň kesgitleýşi ýaly,,Sagdyn bilimli, sowatly ýaşlar biziň röwşen gelejegimiziň girewidir. Pedagogikanyň esasy maksady şulardan ybaratdyr.

Pedagogika ylmynyň wezipeleri. I asyrda ýaşajak halk hojalygynyň, ylmyň, medenýetiň dürli pudaklarynda zähmet çekjek hönärmenleri taýýarlap ýetişdirmekde esasy ýörelgäni öňünden aýdyňlaşdyrmalydyr.

Durmuşyň öňde goýan degaply talaplary pedagogika ylmynyň häzirki zaman wezipelerini anyklamaga mümkinçilik döretdi. Şol wezipeler:

1.Sazlaşykly ösen şahsyýeti, jebis we agzybir (jemagaty) terbiýeläp üetişdirmegiň dürs ýollaryny agtaryp tapmakdan;

2. Okuw terbiýeçilik işiniň kämil, döwre bap usullaryny işläp düzmekden, şeýlelikde terbiýeçilere, mugallymlara, ata-enelere terbiýede kömek etmekden;

3.Öndebaryjy pedagogik terbiýäni mugallymlaryn iş usullaryny öwrenmekden, umumylaşdyrmakdan hem-de tebiýede ulanmakdan;

4.Mugallymlar mekdep ýolbaşçylary halk magarfynyň baýry işgärleri üçin häzirki döwriň talaplaryna laýyk gelýän ylmy ysylyýet gollanmalary işläp taýýarlamakdan;

5.Okuwçylaryň ýaş, fiziologik, psihologik aýratynlyklaryny ýykgyn edýän taraplaryny göz öňinde tutmak bilen ylym-bilim, tälim-terbiýe bermegiň ylmy esaslaryny işläp düzmekden.

 

2. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdymuhamedow belent wezipede işläp başlan ilkinji gününden,,Meniň iň esasy we ygtybarly daýanjym halkym bolar'' diýen nurana jümleleri il-günüň, berkarar ýurduň kuwwatlanmagynyň hatyrasyna durmuşa geçirýän parz işlerinde ýolgörkeziji şamçyrag boldy. Sarpaly ýurt baştutanymyz G.Berdimuhamedowyň saýasynda erkinligine, halal baýlygyna, asyrlar arzuwlanan bagtyna gowşan adamlar ajaýyp maksatlaryň, ähli dünýäniň ünsüni özüne çekýän deňsiz-taýsyz tutumlaryň, aýdyň geljegi nazarlaýan ykdysady, bilim-ylym, saglygy goraýyş we beýleki ähli ugurlarda bolup geçýän özgerişikleriň mysal bolmagynyň şanyna döredijilikli zähmet çekmek, päk zähmetiň hözirini görmek, gurmak bagtyna eýe boldular. Hakyky abadançylygyň, agzybirligiň hem ruhubelentligiň Watanyna öwrülen Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň görlüp-eşidilmedik ösüşleriniň, ilatyň ýaşaýyş durmuşynyň düýpgöter gowylanmagynyň, parahatçylygyň we asudalygyň hatyrasyna döwletleriň onlarçasy bilen giň möçberli halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň özeninde hut çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiziň pähim-paýhasynyň, dana öňdengörüjiliginiň parasatly, oýlanyşykly, täsin başlangyçlary bilen Ýer ýüzüne özüni aldyrmaga mümkinçilik beren hyjuw-yhlasyny indi bütin dünýä bellidir.

Türkmenistanyň Prezidenti gije-gündiz arman-ýadaman çekýän zähmeti netijesinde amala aşyrylýan batyrgaý, aklyňy haýran edýän möçberdäki reformalaryň, özgerişleriň, il bähbitli Kararlar, Permanlar her bir ynsan üçin ýakymly hem buýsançlydyr. Häzirki wagtda bütin dünýäniň ünsüni özüne çekip, berkarar ýurdumyzyň Bilim ulgamynda üstünlikli amala aşyrylýan oňyn özgertmeleri Hormatly Prezidentiň halk söýgüsine mynasyp bolan beýik işleriniň biridir. Sarpaly ýurt baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine işe başlan ilkinji gününde,,Türkmenistanyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda'' Permana gol çekdi. Oňa laýýyklykda bolsa orta mekdep 10 ýyllyk, ýokary okuw mekdeplerinde okuwyň möhleti 5, aýry-aýry ugurlar boýunça 6 ýyllyk edildi. Diňe bu hem däl: eziz ýaşlarymyzyň ýokary derejede bilim-sowat almaklaryny, hünär edinmeklerini gazanmak, olary ylma-bilime höweslendirmek, halallyk, ahlaklylyk, agzybirlik, beýik watançylyk ruhunda terbiýelemek işini ýurdumyzda alnyp barylýan ähli özgertmeleriň özeni hasaplaýan sarpaly ýurt baştutanymyzyň,,Bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işini kämilleşdirmek hakynda'' Kararynyň hem-de,,Türkmenistanda bilim işgärleriniň iş haklarynyň we talyp haklarynyň möçberlerini köpeltmek hakynda'' Permanynyň kabul edilmeginiň ýaşlara berilýän bilim-terbiýäniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny gazanmaklyga, mugallymlaryň ösüp gelýän nesillerimiziň bilim-terbiýe işine has-da höweslenmeklerine, olaryň iş, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowylandyrmaklyga ýardam edendigi, şeýle-de talyp ýaşlarymyzyň ylym-bilim almaga, ylmy işler bilen döredijilikli meşgullanmaklyga işjeň gatnaşmaklaryna höwes döredendigi ikiuçsuzdyr.

Diňe 2007-nji ýylyň özünde ylmyň we tehnologiýanyň iň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylan orta we ýokary okuw mekdepleriniň hakyky köşgi ýada salýan çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň onlarçasynyň binalary gurlup ulanylmaga berildi.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň sosial-durmuş şertlerini gowylandyrmak baradaky Milli matsatnama kabul edildi.

Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň ulgamyny giňeltmek üçin umumy bahasy iki milliard Amerikan dollaryna golaý bolan desgalaryň 426-syny gurmak, şeýle hem umumy möçberi 1,9 milliard Amerikan dollaryndan ybarat mekdepleriň 316-syny gurmak göz öňünde tutulýar.

,,Durmuş üpjünçiligi hakynda'' Bitewi Kanunyň esasynda pensiýa tölegleri ýokarlandyrylyp, ilatyň kömege mätäç gatlagynyň sosial goraglylygy üpjün edildi, oba hojalygynda zähmet çeken adamlaryň pensiýalary täzeden dikeldildi.

Döwlertimiziň binýadyny berkitmekde hormatly Prezidentimiz halkymyzyň halallyga ýugrulan päk zähmetine, gujur-gaýratyna, akyl-paýhasyna, ygrarlygyna, wepalylygyna bil baglady. Onuň ýurdumyzy kuwwatly döwlete öwürmekdäki ilkinji ädimleri şowly boldy. Ol ilki başdan bilim ulgamyny döwrebap guramaga, ylym gözlegleriň rowaçlanmagy ýaly örän wajyp meseleleriň çözgüdine girişdi. Döwletimizde ylym we bilim ulgamyndaky özgertmeleri durmuşa geçirmegiň ýolunda iňňän möhüm ädim ädildi: jemgyýetimiziň ösüşini ýokarlandyrmak, halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowylandyrmak üçin ylyma uly ähmiýet berilýär. Osüp barýan ýaş döwletimiziň binýady ylymdan bilimden mäkäm berkidilýär. Bilim ulgamy düýpgöter kämilleşdirilmegi sebäpli Altyn asyrymyzyň ruhy Galkynyş eýýamynda ýurdumyz dünýä derejesinde özgerýär. Seýle-de, Hormatly Prezidentimiz ylym-bilim bilen bagly Ministler kabinetinde dünýäniň abraýly okuw jaýlarynda okajak ýaşlarymyzyň bank tarapyndan kömek berilmelidigini ýurt baştutanymyz nygtady. Seýle şatlykly buýsançly habaryň özi-de, ýaşlarymyzyň başlaryny gök diretdi diýsek, hakykatdan daşlaşdygymyz bolmasa gerek. Şonuň ýaly-da, okatmagyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmaga mümkinçilik berýän multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen ilkinji mekdebiň paýtagtymyzda hut Hormatly Prezidentimiz tarapyndan açylmagy, nesil daragtymyzyň aňynda ýatdan çykmajak taryhy waka boldy. Şu günki günde ýokary okuw mekdeplerinde ýaşlarymyzy internet arkaly okatmaga, multimediýa tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün edilen ýöriteleşdirilen mekdepleriň gurluşyna giň gerim berilýär.

Hormatly Prezidentimiziň bimöçber tagallasy netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde Türkmenistanyň ylymlar akademiýasyny gaýtadan dikeldildi. Ýokaryokuwmekdeplerinde, ylymedaralarynyňýanyndaaspiranturalar we doktoranturalaraçyldy.Ýurdumyzdageçirilýänylmy-amalykonferensiýalaryň, geljekkiylmyaçyşlaryňmillibilimulgamymyzyňösmeginetalypýaşlaryňoňaýlygoşantgoşjakdylarynaşübhebolupbilmez.

Türkmenistan dünýä döwletleri bilen ylmy ösdürmek barada özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrýar. Ählitaraplaýyn gatnaşyklaryň, hyzmatdaşlyklaryň, ylmyň, medeniýetiň, sungatyň, umuman ähli ulgamlaryň ösdürilmegine hemaýat berilýär.

Türkmen halkynyň üçünji müňýyllygynda ähli babatda ösüşi dünýä döwletlerinde uly gyzyklanma döredýär. Umumy aýtsak, şu wagty dünýä halklarynyň nazary Türkmenistanda. Beýik Galkynyş eýýamynda halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmakda, hususan-da bilim ulgamynda netijeli işler alnyp barylýar. Döwletara gatnaşyklaryň bähbitleri nazara alnyp, oňyn çözgüdi tapylýar. Dünýäniň iň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde ähli ugurlar boýunça türkmen oglan-gyzlary okap, bilim almaklary üçin Ýurt Baştutanymyz Atalyk aladasyny edýär. Hormatly Prezidentimiz daşary ýurtlara iş sapary bilen baran wagtynda talyplarymyzyň okaýyşlary, ýaşaýyşlary bilen içgin gyzyklanmagynyň özi-de ýokarda aýdanlarymyza güwä geçýär.

I-nji asyr taryhymyzyň iň möhüm wakalarynyň biri bolan milli ylmy ösdürmek barada Milli Liderimiziň aýdan parasatly sözleri ruhyösüşe badalga berdi. Hormatly Prezidentimiz:,,Güýçli döwletde ylym esasy orny eýeleýär, diýmek biz ylmyň täze gazananlary bilen aýakdaş gitmelidiris diýmek bilen, dünýä boýunça ylymda gazanylan täzeliklerden birjikde üzňe bolmaly däldgini öňe sürýär. Milli ylmymyzyň gazananlaryny beýik Galkynyş eýýamynda jahan içre ýaýyp, dünýä ylymlarynyň gazananlary bilen aýakdaş gitmelidigini nygtaýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň halkyna ertirki gün nähili döwlet boljakdygymyz gaty köp babatda biziň häzirki ýaş neslimize-de baglydyr diýip aýdan taryhy pikiri okuw-terbiýeçilik işiniň mazmunyny täzelemegi, has hem kämilleşdirmegi talap edýär, adamlarda ruhy birlik bilen kämil aňy terbiýelemegi baş maksat edip öňe çykýar. Türkmen halkynyň agzybirliginiň, asudalygynyň kepilnamasy hem-de ýurdyň ykdysady, durmuş, syýasy we medeni ösüşiniň girewibolan On ýyl abadançylyk maksatnamasynyň öňe sürülmmegi, döwletiň bu günki hem ahyrky maksadynyň kesgitlenmegi, bilime, terbiýä, taryha, medeni we ruhy mirasa bolan garaýşyň anyklanmagy, beýleki möhüm meseleleriň çozüdiniň görkezilmegi pedagogika ylmy üçin aýdyň ýörelge boldy.

Jemgyýetçilik durmuşynyň tutuşlygyna üýtgedilip durulýan ençeme onýyllyklaryň dowamynda göýberilen kemçilikleriň getiren betbagytçylyklaryň ýoguna ýanmak ugrunda aýgytly hereket edilýän, demokratiýanyň, ynsansöýijiligiň türkmeniň durmuşyna bütinleý ornaşdyrylýan türkmen halkynyň taryhyna, durmuş meselelerine ruhu baýlygyna, milli diline, däp- dessurlaryna aýratyn ähmiýet berulýän, häzirki döwürde sazlaşykly ösen şahsyýeti terbiýeläp ýetişdirmek wezipesi öz boýuna galdy. şeýle ýagdaýda ýaş neşli dowrebap edip kemala getirmekde gollanma bolup hyzmat edýän bilim ulgamyny döwriň talaplaryna laýyk edip guramagyň ylmy esasyny berip bilýän pedagogikanyň gymmaty has hem ýokarydyr. Ol häzirki geçiş döwründe üýtgedilip gurulýan jemgyýetiň raýatlarynyň hakyky sypatyny açyp görkezmelidir,berilýän bilimiň we terbiýäniň täze mazmunyny, usullaryny we tärlerini ylmy esasda derňemelidir.

3. Esasy pedagogik düşünjeler. Türkmen halky hemişe-de, ähli zamanda-da ýaş nesliň edepli-ekramly, bilimli bolup ýetişmegine aýratyn ähmiýet beripdir. Bu barada Beýik SaparmyratTürkmenbaşy Mukaddes Ruhnamada: Türkmen ata babalarymyz merdana halk bolup öz geljeki nesillerini eneleriniň göwresidekä terbiýeläp başlapdyr. Türkmen çagasy 10-12 ýaşynda kämillige, batyrlyga, milli terbiýä we uly durmuş gözýetimine eýe bolupdyr. Şol sebäplere görä, ten sagdynlygy, akyl päkligi, ýürek arassalygy türkmene mahsum bolupdyr diýýär.

Terbiýe, okuw, bilim,edep, özbaşdak okuw,öz-özüňi terbiýelemek, şahsyýetiň ösüşi-bular esasy pedagogik düşünjeler, ýa-da pedagogik kategoriýalar diýip atlandyrylýar.

Terbiýe-giňden ulanylýan pedagogik düşünje bolup, onuň mazmunyna edim-gylym, tälim, däp-dessur, adat, pent, öwüt- ündew, nesihat,maslahat,wesiýet ýaly kategoriýalar girýär.

Edim-gylym-halkyň gylyk häsiýeti, däp-dessury, kimdir biriniň sypaty, özüni alyp barşy arada söhbet açylanda ulanylýar.

Tälim-bir ýa-da birnäçe ugurd sapak bermegi, öwretmegi göz öňünde tutýar. Şägirt ussadan,okuwçy mugallymdan tälim alýar.

Däp-köpçülik tarapyndan kabul edilen ýörelgäni,kada-kanuny,dessury aňladýar.

Dessur-nesilden nesle gheçip gelýän kada,düzgün,endik.

Adat-jemgyýtçilik durmuşynyň süňnüne ornaşyp giden däp-desury,kada-kanuny,ýöelgäni aňladýar.Ol adamyň gyiyk häsiýeti,endigi bilen baglylykda hem ulanylýar.

Pent-ýaşulylaryň,danalaryň,ata-eneleriň,pedagoglaryň ýaş nsle berýän wesýetleri.Ol nesihat görnüçinde-de öwüt,akyl bemek görnüşine-de gbat gelýar.

Öwüt-ündew-pent manysynda gelip,köplenç ata-eneler,aksakallar,mugallymlar tarpyndan amala aşyrylýar.

Wagyz nesihat,maslahat wesýet ýaly düşünjeleri öwüt-ündewiň sinonimi diýmegem bolar.Olar terbiýäniň usullary bolubam hyzmat edýärler.

Edep-terbiýä garanda birnäçe ayklanan düşünje.Olgiňden ülanylýan pedagogik kategorýa.Edep-ekram düşünjesi ynsanyň gowy gylyk-häsiýetlerini, belent adamkärçiligini jemgyýetçilik gatnaşyklaryny, medenýetliligini we beýleki ahlaklylyk sypatlaryny özünde jemläp, hoşgulaw, halaly-haramy, günäni-sogaby, utaç-haýany saýgarýan, ulynyň kiçiniň sarpasyny başarýanynsanlaryň bolmamagynygöz öňünde tutýar.

Edeplilik- munuň özi asyrlaryň jümmüşinde dörän, halkyň paýhas eleginden geçirilip, birsyhly timarlanan, nesillere miras edilip geçirilen ahlak-etiki düzgünleriň, kanynlaryň giden bir ulgamydyr. Ol halk pedagogikasy bilen berk baglanyşyklydyr.

 

Okuw diýilende bir tarapdan haýsydyr bir endigi, bilimi, hünäri özleşdirmek göz öňünde tutulýan bolsa, ikinji tarapdan aýry-aýry derslere ýörite guralýanokuwlar bagyşlanan sapaklar nazara alynýar. Okuw umumy manyda ullanylýan pedagogikdüşünjedir.

Okatmak bolsa okuw düşünjesiniň anyklanan görnüşidir. Ol mugallymyň, halypanyň, ussadyň ýolbaşçylydynda talybyň, şägirdiň ylmy, bilimleri, terbiýäniň başarny`klaryny ele almaklaryny göz öňünde tutýar: okatmak esasan ikitaraplaýyn amala aşyrylýan akyl işidir. Oktmak we okamak, öwretmek we öwrenmek, tälim bermek we tälim almak iäi maşgalada ene-ata bilen çagalaryň durmuşda, önümçilikde ussat bilen şägirdiň, mekdepde bolsa mugallym bilen okuwçunyň arasynda guralýar. Olaryň biri(pedagog) näçe işiň bolsa-da, ikinjisi (talyp) şol işeňligi, yhlasy kabul edip bilmese, oňa goşulyp gidibermegi başarmasa, okuw- terbiýeçilik işiniň netijesi pes bolar. Bu bolsa pedagogik işiň kitaplaýyn gyzyklanma, höwes esasynda alynyp barylmalydygyny aňladýar.Munuň şeýledigini Türkmenistanyň mekdeplerinde aýratyn hyjuw bilen zähmet çekýän mugallymlaryň iä tejribesi tassyklaýar.

Bilim bermek ýaş nesle ylym bilimleriň esaslaryny öwretmegi göz öňünde tutýar. Bilim bermek arkaly okuwçylar ylmy bilimleriň ulgamy öwredilýär, olaryň düňýä garaýşyny, düşünjeliligini emele getirýärler,akyl ýetiriş başarnyklary, özüni alyp baryş ebndiklerini ösdürilýär, tejribä bolan taýýarlygy üpjün edilýär. Adamhaýsydyr bir hünäri ele almak üçin maksada gönükdirilip erjelmek bilen zähmet çekýär, kynçylyklara döz gelip okaýar, bilim alaýar. Düýpli hem durnukly bilim almakyhlas bilen okamagyň netijesinde hasyl bolýar.

Özbaşdak okuw diýilende mugallymyň kömegi bolmadyk ýagdaýynda tutanýerli hem aýratyn hyjuw bilen okalyp öwrenilen bilim, sowat, ylmy garaýyş nazara alynýar. Özbaşdak okap bilim alýan adamlar edebi çeşmeleri, metbugat, maglumatlaryny, ylmy edbiýatyny, yhlas bilen öwrenýärler. Olar haýsydyr bir ýa-da birnäçe ugurdan täze pikirleri orta goýmagynda da, belli bir derejede ylma goşant goşmagynda-dabaşarýarlar. Okuwçylaryň özbaşdak okap bilim almak hasabatyndaky isleglerini oýarmakda hem ösdürmekde Gündogaryň beýik danalarynyň, türkmen klassik edebiýatynyň belliwekilleriniň eserleri iňňän täsirli serişde bolup hyzmat edýär.

Öz- özöni terbiýelemek bilen meşgul bolýan adam gylyk-häsiýetinde, özüni alyp barşynda bar bolan kemçiliklere akyl ýetirýär, olaryň nädogrylygyna düşünýär hem nogsanlyklary düzetmegiň ýoluna düşýär, özünde asylly sypatlary emele getirmegi niýet edinýär. Elbetde, şol şahsyň içki duýgy-düşünjesi bolmasa, kalbynda oýanyp döremese, ol öz-özüne täsir edip bilmez. Şol oý- pikiri, galkynyşy, adam ösüşiniň irki döwründe oýandyrmak möhümdir, ýogsam, Magtymguly akyldaryň aýdyşy ýaly, ol 40ýaşyarka atyp jahyllykdabolan işlere geň galmak bilen garamaly bolýar. Öz ýetmezini duýan, ony düzetmegiň ýoluna düşen adama diňe guwanmak bolýar. Ilçilikde şeýle kişä: Tüweleme ol indi akylyna aýlanypdypdyr diýip baha berilýär.

Adamyň ösüşi diýilende onuň bedeniniň, ýaşynyň, akyl-paýhasynyň, duýgy-düşünjesiniň, ruhy dünýäsiniň tutuşlygyna bilelikde özgermegi ilerlenmegi we sagdynlaşmagy nazara alynýar. Şol ösüş içerki hem daşarky täsirleriň netijesinde mümkin bolýar. Şol täsirleriň iň güýçlüsi hem netijelisi bolsa maksada gönükdirilip ýola goýulan okuw-terbiýeçilik işidir, özem türkmeniň milli ruhynyň esasynda guralyp, häzirki zaman durmuş, ylmy-tehniki ösüşiniň gazananlary bilen üstüniň ýetirilýän okuw-terbiýeçilik işidir. Ýokarda agzalan pedagogik düşünjeler bir-birleri bilen özara baglanyşykly, bir-birlerini şertlendirip durýan düşünjelerdir.



<== | ==>
Pedagogika ylmynyň düzümi ýa-da esasy ugurlary. |
:


: 2018-11-11; !; : 193 |


:

:

. .
==> ...

1641 - | 1576 -


© 2015-2024 lektsii.org - -

: 0.06 .