.


:




:

































 

 

 

 


Didaktika hakynda düşünje.




Ylmyň bilim berşiň we okadylyşyň meselelerini derňeýän ugry didaktika atlandyrylýar. Bu adalga ylmy ulanylyşa nemes pedagogy W.Ratke tarapyndan girizilendir. Bu söz-düşünje okatmagyň sungaty manysynda ulanylypdyr. "Beýik didaktikany" döreden Ý.Komenskiý bu adalgany "hemmelere hemme zady öwretmegiň ähliumumy sungaty" mazmunda ýokarky düşündirilişe ugurdaş kesgitläpdir.

Didaktikanyň, ylym hökmünde obýekti okadylyş bolup (onuň doly möçberi we ugurlary derejesinde), dersi bolsa "mugallym-okuwçy", "okuwçy-okuw dersi", "okuwçy-beýleki okuwçylar" gatnaşyklarynyň ulgamydyr. Bu gatnaşyklaryň köpdürliligi okadylyşyň mazmunyny düzýär. Okadýanyň we okaýanyň işiniň takyk düzüjileri didaktikanyň ähli gatnaşyklarynyň ulgamyny guraýar. Okadylyşyň gatnaşyklarynyň tutumyndan üzňelikde "okatmak -okuw " hakyky hadysa häsiýetde bolup bilmeýän bolsa, "okuwçy-okuw dersi" we beýleki gatnaşyklar bu tutumdan daşarda hem bolup biler. Akyl ýetiriş okadylyşsyz hem hereketlenýär, ýöne okadylyş akyl ýetiriş bolmasa öz manysyny ýitirýär. Didaktikanyň wezipesi okadylyş tutumyny, onuň hereketleniş şertlerini beýan etmek we düşündirmek, bu tutumyň has kämil guralyşyny, täze okadylyş ulgamlary, tehnologiýany işläp düzmekdir. Didaktikanyň özeni düşünjeleri aşakdakylardyr: okamak-okadýanyň, okamak-okaýanlaryň işi bolup, bilim beriş-okaýanlaryň ylmy düşünjeleri, amaly başarnykdyr endikleri özleşdirmegi, olaryň akyl ýetiriş ukyplarynyň, dünýägaraýşynyň, ahlaklylygynyň we umumy medeniýetiniň ösüşidir. Adatça bilimli adamy pikirlenmä ukyply giňişleýin bilim düşünjeleri we adamkärçilik duýgylary özünde jemleýän häsiýetde kesgitleýärler. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy bu barada şeýle belleýär: "Bilmek-dünýä akyl ýetirmek, dünýäde ornuňy tapmak we şol orunda öz-özüňi ykrar etdirmekdir (1, 344 sah.).

Okatmak-bu maksada gönükdirilen, öňünden nusga-meýilnamalaşdyrylan aragatnaşyk bolup, onuň tutumynda bilim beriş, terbiýe we ösüş amala aşyrylýar, adamzadyň tejribesiniň aýry-aýry taraplary, işiniň we akyl ýetirişiniň gazananlary özleşdirilýär. Okatmak şahsyýeti kemala getirmegiň, ilkinji nobatda akyl ösüşiniň we umumy bilimliligiň serişdesidir.

Okatmagyň birnäçe funksiýalary bardyr:

1. Sosial funksiýasy-bilim berijilikdir. Okuwçylary kesgitlenen bilimler, başarnyklar we endikler bilen ýaraglandyrmak.

2. Terbiýelejilik funksiýasy-dünýägaraýyşyny kemala getirmek, ynam, pikirlenmäni ösdürmek.

3. Ösdürijilik funksiýasy-bilesigeljiligini, döredijiligini, özbaşdaklygyny ösdürmek.

Didaktikanyň çözýän meseleleri: 1.Okatmagyň maksadyny we wezipesini kesgitlemek. 2.Okatmagyň düzgünlerini we kanunalaýyklyklaryny kesgitlemek. 3.Bilimiň mazmunyny kesgitlemek we ony nähili, haýsy klasda geçmeli. 4.Okatmagyň usullaryny, serişdelerini we görnüşlerini kesgitlemek. 5.Okuwçylary ähli taraplaýyn kämil ösdürmek.

Didaktika özüniň ylmy adalgalarynyň döreýiş we kämilleşmek döwürlerinde bolup, bu tutum entek gutarnykly däldir. Didaktikada okatmak tutumynyň adatça üç hyzmaty ýüze çykarylýar: bilim beriş, ösdüriş we terbiýe beriş. Okatmak tutumy bilim, başarnyk we endikleri, döredijilik işiniň tejribesini kemala getirmeklige gönükdirilendir.

Başarnyklaryň we endikleriň ösdürilişi. Bilimlere bir-biri bilen özara baglanyşykda bolan takyk düşünjeler, kanunlar, degişli kanunalaýyklary şöhlelendirýän düzgünler, şeýle hem nazary pikir jemlemeler we özeni adalgalar degişlidir.

Başarnyklar okuwçynyň alan bilimleriniň esasynda amala aşyrýan we täze bilim-düşünjeleri özleşdirmäge ýardam edýän amaly hereketleridir.





:


: 2018-11-11; !; : 472 |


:

:

: , .
==> ...

1571 - | 1539 -


© 2015-2024 lektsii.org - -

: 0.01 .