.


:




:

































 

 

 

 


Ata-eneler özlerini aşakdaky orunlarda görkezmelidirler.




1.Mekdebiň kadaly işini serişdeler bilen üpjün etmekde (özüniň şahsy mümkinçiliklerini ulanyp);

2.Okuw tutumynda (meselem, ahlaknama-etika, kaşañnama-estetika, hukugyň esaslary sapaklaryny alyp barmakda);

3.Terbiýeçilik işinde (mekdep bilen ylalaşyklykda okuwçylaryň durmuş meýilnamalarynyň, isleghöwesleriniň, boş wagtynda toplan maglumatlarynyň bahalandyrylmagynyň şertleriniñ kemala getirilmegine täsir etmek);

4.Okuwçylaryň synpda galdyrylmagynyň öňüni almak, okuwa höwesini ýitirenleriň oňa höwes-gyzyklanmasyny döretmek;

5.Okuwy gutaranlary täze durmuş keşbine öwrenişmekde goldamak, olarda zähmetsiz gazanç etmek meýliniň döremeginiň öňüni almak.

Özara gatnaşyklarynda mugallymlar ata-enelere diňe maşgala terbiýesinde goýberýän säwliklerini görkezmän, eýsem ata-eneler hem mugallymlara mekdebiň işindäki hut şeýle kemçilikleri ýaňzytmalydyrlar. Ýöne özara tankyt düýpli esaslandyrylan we meseläniň anyk çözgüdine gönükdirilen bolmalydyr. Bu işde umumy sözlerden, birek-biregi esassyz ynjalyksyzlandyrmalardan gaça durup, takyk teklipler bolmalydyr.

6.Sözleýiş we çekişme guramak medeniýeti diňe bir mugallymyň we ata-eneleriň özara gatnaşmagynda däl-de, eýsem okuwçylaryň özara gatnaşygynda hem deň-derejede möhümdir. Elbetde, pedagogyň okuwçylar bilen aragatnaşygynda, olara täsir edişinde kynçylyklaryň döremegi tebigydyr. Ýöne ýagdaýdan çykalgany arzaşikaýat etmek, okuwçynyň gündeligine hemleli talaplar ýazmakdan gözlemeli däl-de, döreýän meseleleri bilelikde maslahatlaşyp, terbiýäniň netijeli guralyşyny gazanmaga çalyşmalydyr.

7.Ata-eneler jemgyýeti muny mugallymlardan aýgytly talap edip bilýär. Diňe şeýle ýagdaýda mekdebiň we maşgalanyň esasy maksady bolup durýan jemgyýete peýdaly şahsyýeti we raýaty terbiýelemeklik doly amala aşyrylyp bilner. Ata-eneleriň, olaryň jemgyýetiniň mekdebiň işine gatnaşmagy haýyr-sahawat işi däldir. Mekdebe kömek etmek bilen maşgala çaga terbiýelemekde h ut özüne kömek edýär.

Häzirki zaman maşgalasy üçin onuň agzalarynyň özara aragatnaşyk usuly wajyp meseleleriň biridir.

Maşgala pedagogikasy maşgala terbiýesiniň görnüşleriniň esasylary h ökmünde onuň iki sany gapma-garşylykly görnüşini ýüze çykarýar: awtoritar we demokratiki.

1. Awtoritar usul ata-eneleriň (esasan atanyň) hökmürowanlygy bilen tapawutlanýar. Bu babatda ata-eneler hut şeýle terbiýe bilen çagada ses-üýnsiz tabyn bolmaklygy döretmek bolar diýen ynançdan ugur alýar. Ýöne şeýle maşgalalarda ýürekdeş bitewilik, agzybir jemgyýetçilik bolmaýar. Ulular çaganyň ýaş indiwidual aýratynlyklaryna göz ýumup, olaryň isleg-höwesleri bilen gyzyklanmaýarlar. Çagalar gulak asýan, tertipli bolup ulalsalar-da, bu häsiýetler olarda ululara oňyn emosional-duýgy, aňly gatnaşyk mazmunda bolmaýar. Bu köre-kör tabynlyk köp derejede çaganyň özüne temmi berilmeginden gaça durmaklygyna esaslanýar (käbir maşgalalarda temminiň urgy usullary-da heniz dowam edýär). Şeýle usulyň esasynda çagalarda özbaşdaklyk, ugurtapyjylyk, döredijilik ýaly häsiýetler örän pes ösýär. Barlaglaryň görkezişine görä awtoritar usully maşgalalarda ýetginjeklik ýaşyndaky çagalar ata-eneler bilen dartgynly aragatnaşykda bolup, maşgaladan daşlaşýarlar.

2. Maşgala terbiýesiniň demokratik usulynda ata-eneler bütin maşgala kollektiwiniň durmuşyny guraýjy bolýarlar. Är we aýalyň hem-de maşgalanyň beýleki agzalarynyň (eger maşgala çylşyrymly, özünde birnäçe nesili jemleýän bolsa) gatnaşyklary özara söýgi we hormat, ulularyň we çagalaryň bir-birine aladasy bilen gurşalýar. Maşgalanyň demokratik görnüşinde çagalar irgözünden maşgala durmuşynyň işine we guramaçylykly dynç alşyna işeňňir gatnaşyp başlaýarlar. Ol ýa-da beýleki ýumuşlary tabşyryp, ulular çaganyň duýgusyna we aňyna ýüzlenýärler, onuň özünden bilijiligini höweslendirip, şahsyýetine hormat goýýarlar. Şol bir wagtyň özünde çagalar mümkin, bolar, zerur, bolanok ýaly sözleriň manysyny örän gowy aňşyrýarlar. Maşgala terbiýesiniň demokratik usuly çagalarda işjeň gulak asyjylygy we aňly tertipdüzgüni, maşgalanyň işine, durmuş wakalaryna aňly ahlak dahyllylygy kemala getirmekde örän netijelidir. Oýun ýagdaýlarynda çagalarda ugurtapyjylyk, tabşyrylýan işe döredijilikli çemeleşmek döreýär. Temmi bermeklik şeýle maşgalalarda adatça ulanylmaýar, çagalara igenç ýa-da ata-eneleriň lapykeçligi ýeterlik bolýar. Maşgala terbiýesiniň demokratiki usuly şu günki günüň durmuş talaplaryna örän laýykdyr.

Kähalatlarda maşgalada daşky görnüşi boýunça terbiýäniň demokratik usuly hereket edýän-de bolsa, ol garaşylýan netijäni bermeýär. Munuň sebäbi ata-eneleriň möhüm pedagogik düzgünleri bozýanlygy bilen baglanyşyklydyr (meselem, olaryň talap edijiligiň möçberini anyk kesgitläp, çagalaryň iş günini elýeter zähmet ýumuşlary bilen gurap bilmezligi we ş.m.). Başga bir ýagdaýda çagalar çenden aşa düşündirmeklige, subut etmeklige ýykgyn edip, olara ulularyň sözüne gaýtawul bermeklige ýol berýärler. Ata-eneler öz talap edijiliginde yzygiderlilik saklaman, çagalara nusga alarlyk bütewi çemeleşiş döredip bilmeýärler. Maşgala terbiýesiniň agzalan esasy usullary oba we şäher maşgalalaryna deň derejede häsiýetlidir.

9.Maşgalada ulularyň at-abraýynyň aýratyn terbiýeçilik ähmiýeti bardyr. Belli pedagog A.S.Makarenkonyň belleýşi ýaly at-abraýyň esasy manysy onuň ulularyň şübhesiz mertebesinde, onuň ýönekeý çaga görejine ilýän güýji we gymmatyndadyr. Çagalary gulak asmaýan käbir ata-eneler at-abraý tebigy zehin görnüşde b erilmese, takdyra ten bermekden özge çykalga ýok h asaplaýarlar. Olar çuňňur ýalňyşýarlar. Atabraý islendik maşgalada döredilip bilner. Ýöne onuň binasynyň esasynda talap we hoşgylawlyk, açyklyk we ähli aladalara dahyllylyk, ynanç we jogapkärçilik, çagalara we olaryň durmuşyna ünslülik ýaly gymmatlyklar bolmalydyr.

Gynansakda şeýle at-abraýy yrga esasda guraýan ata-eneler seýrek däl. Şeýle ýalan atabraýyň aşakdaky görnüşlerine durmuşda du ş gelinýär.

1.Basmarlamak. Ata-eneler her bir dörän ýagdaýa gazaplanyp, ellerine kemer alýar, çaganyň islendik sowalyna gödek jogap berip, onuň etmişine hemişe temmi bermäge çalyşýar. Şeýle düzgün çagalara ata-enelerden mümkingadar uzakda bolmaklygy öwredýär, olarda çaga ýalançylygyny we gorkaklygy, şol bir wagtyň özünde hem çagada rehimsizligi terbiýeleýär. Atabraýyň şeýle wagşy görnüşi diňe medeniýetsiz ata-enelerde bolýar.

2.Aralyk saklamak, alysda durmak. Käbir ata-eneleriň ynanjyna görä çagalary özüňden daşrakda saklap, mümkingadar azrak sözleşip, diňe wagtal-wagtal olaryň öňünde ýolbaşçy hökmünde peýda bolmaly. Ata-eneleriň öz durmuşy, öz höwesleri, pikiri bolup, çagalar ol barada hiç zat bilmeli däl hasaplanýar. Şeýle at-abraýyň terbiýe üçin hiç hili peýdasy ýokdur.

3.Gopbamlyk. Käbir ata-eneler özlerini aňrybaş at-owazly, iň bir möhüm adam hasaplap, bu tutumyny her bir ädimde çem gelene, şol sanda çagalaryna duýdurmaga çalyşýarlar. Olar üznüksiz öz mertebesini mahabatlandyryp, beýleki adamlara ulumsylyk bilen seredýärler. Olaryň bu edim-gylymyny çagalarynyň gaýtalajakdygy öz-özünden düşnüklidir.

4.Çygyrda saklamak. Ata-eneleriň bir topary çagalar olaryň her bir sözüni galdyrap, çekinjeňlik bilen diňlemelidir diýen pikire gulluk edýärler. Özlerini çagalary bilen aňrybaş kanunçy ýaly alyp barýarlar. Olaryň esasy ünjüsi çagalarda özleriniň ýalňyşýandygy barada pikiriň döremegidir. Özleriniň bimamladygyna garamazdan çagalarynyň öňünde öz diýenini gögertmäge ymtylýarlar. Çagalaryň durmuşy şeýle ata-eneleriň duşundan sowa geçýär. Her edip, hesip edip öz sözüni gögertmeklige ýykgynlygyň aladasy bilen olar çagalaryň içki dünýäsinden bihabar galýarlar.

5.Akyl öwretmek. Bu ýagdaýda ata-eneler öz çagalaryna her ädimde öwrediji takal okap, hyrydarsyz öwüt bermekligi esasy kemalyýet pähim hasaplaýarlar. Şeýle maşgalalarda şatlyk azdyr. Ata-eneler çagalaryna dert-azar hossar, aladaçyl görünmäge çalyşsalar-da, çaganyň durmuşy özakymyna, olardan üzňelikde geçýär.

6. Söýg i. Bu ýalan at-abraýyň iň bir ýaýran görnüşidir. Hoşamaý sözler, üznüksiz öwgüler, jan ujuna deňemeler çagalaryň üstüne ysygider ýagdyrylýar. Ata-eneler çaganyň gözüne gabanjaň seredip, olardan söýgä, hoşamata garaşýar. Eger çaga gulak asmasa ondan şol bada Diýmek sen ejeňi ýa-da kakaňy söýeňokda? diýip soralýar. Şeýle maşgala ejiz ýürekliligiň deňzinde ýüzüp, başga hiç zada üns bermeýär. Çaga irgözünden ulularyň duýgusyna laýyk hereket edip, ondan peýda gazanyp bolýandygyna düşünýär. Netijede ol at-abraýy, kesekiniň söýgüsini öz bähbidine öwürmekligi öwrenýär.

7.Re h imdarlyk. Bu ýagdaýda ata-eneler çagalaryň tabynlygyny özleriniň geçirimliliginiň we ýumşaklygynyň hasabyna gazanmakçy bolýarlar. Olaryň pikiriçe çagalar özlerini diňe şu sypatlary üçin hormatlaýar. Özlerini çagalaryň öňünde rehimdar perişde hökmünde görkezip, hemme zadyň gülala-güllüligini hut şeýdip gazanmaga çalyşýarlar. Çagalar üçin hiç zat gaýgyrylmaýar, hemme zada rugsat edilýär. Tiz wagtdan şeýle maşgalada çagalar öz hökmüni ýöredip ugrap, özüniň ynjyklygy bilen ähli isleglerini kanagatlandyryp başlaýarlar. Käwagt ata-eneler muňa ýumşaklyk bilen garşy durmakçy bolýarlar. Ýöne ol indi hiç hili netije bermeýär.

8.Dostluk. Ata-eneler bilen çagalaryň arasyndaky dostluk özüniň toýnuk çägine ýetirilmese, ol uly terbiýeçilik mümkinçiligine eýedir. Ýöne ol şeýle çäge ýetirilende özüniň ters mazmunyna girip ugraýar. Şeýle maşgalalarda çagalar ulularyň her ädimde üstünden gülüp, olaryň ähli iş-pişesinden kemçilik tapyp başlaýarlar. Şonuň üçin şeýle maşgalada iki tarapyň hormatyna esaslanmaýan dostluk çalt ýitýär, ulular we çagalar dostlugyň ters mazmunly tutumynda ýaşap başlaýar.

9.Peşgeşlemek. Bu ýagdaýda tabynlyk sowgat etmek, söz bermeler arkaly satyn alnyp, ol çagalary azdyrýar, olary gazanç meýillerine ugrukdyrýar. Ata-enelerden degişli muzdy almak üçin çagalar öz işlerini diňe mahabatlandyrmak bilen bolýarlar. Ähli nogsanlyklary gizläp, ýalançylyga, peýdakeşlige ýüz urýarlar. Köp sanly terbiýeçiler özleriniň pedagogik çäreleriniň şowsuzlygynda ähli günäni çagalaryň dogabitdi bozuklygyna, ýa-da göz öňünde tutmasy kyn bolan daşky gurşawyň göze görner, görünmez täsirlerine syrykdyrmaga çalyşýarlar. Ýöne şeýle düşündirişler esassyzdyr. Maşgala kemalyýeti, onuň nazaryýeti we amalyýeti muňa ynandyryjy subutnamadyr.

 

 





:


: 2018-11-11; !; : 496 |


:

:

- , 20 40 . - .
==> ...

1756 - | 1702 -


© 2015-2024 lektsii.org - -

: 0.013 .