.


:




:

































 

 

 

 


Okatmagyň usullarynyň klassifikasiýasy (toparlara bölünişi).




Emele gelişi köp ölçegli bolany üçin okatmagyň usulynyň köp taraplary bardyr. Olaryň her haýsysyndan usullary ulgamlara toplap bolar. Belli bir ýa-da umumy häsiýetlerine görä birleşmegi netijesinde usullaryň köp toparlara bölünişi ýüze çykýarlar. Toparlaryň haýsy maksadalaýyk diýen sorag ýüze çykýar. Emeli, pikirlenilmän gurlan usullar topary diňe mugallymlar üçin kynçylyklar döredýär, usullaryň nazarýetini bozýarlar. Diňe okatmagyň tejribesi bilen ylalaşýan we onuň peýdalylygyna esas bolup hyzmat edýän toparlara gowy usullar topary diýip bolar.

Okatmagyň usullarynyň klassifikasiýasy olaryň belli bir kesgitlenen häsiýetleri boýunça tertipleşdirilen ulgamydyr. Şu wagtlar okatmagyň usullarynyň klassifikasiýasynyň onlarçasy bellidir. Ýöne häzirki zaman didaktikasy belli bir, ýeke-täk usullar nomenklaturasyny gurmaga ymtylmagyň gerek dälligine doly düşünýär. Okatmak örän hereketjeň, dialektiki ösýän prosesdir. Okatmagyň usullarynyň ulgamy ösýän bolup, hereketjeňligi şöhlelendirip, tejribede usullaryň ulanylyşynda geçyän üýtgeşikleri hasaba almalydyr.

Okatmagyň usullarynyň esaslandyrylan klassifikasiýasynyň aýratynlyklaryny we esaslaryny gözden geçireliň.

1. Okatmagyň usullarynyň adaty klassifikasiýasy. Bu klassifikasiýasy häzirki şertlerde ulanmaga dogrulanyp, özüniň başlangyjyny gadymy filosofiki we pedagogiki ulgamlardan alýar. Onda saýlanyp alnan usullaryň umumy häsiýeti hökmünde bilim çeşmesi alynýar. Bu çeşmeler öňdenem belli, olaryň 3 (üç) sany: tejribe, görkezme esbap, söz diýen topary bar. Medeniýetiň ösmegi netijesinde olara ýene-de bir çeşme goşuldy, olam kitapdyr. Soňky on ýylyň dowamynda kagyzsyz habar beriş çeşmesi ýüze çykdy, olam täze kompýuter ulgamlary bilen bilelikde ulanylýan wideo tehnologiýadyr. Berlen klassifikasiýada 5 (bäş) usul saýlanýar: tejribe esbap, söz üsti, kitap bilen işlemek, wideo usul. Bu umumy usullaryň her haýsysynyň özüniň modifikasiýasy (aňladyş ýollary) bardyr.

 

 

Tejribe usuly Görkezme esbaplyk usuly Söz üsti usul Kitap bilen işlemek Wideometod
Tejrbe Gönükme Okuw-önümçilik zähmeti Illýustrasiýa Görkezmek Okuwçylaryň syn etmegi Düşündirmek Gürrüň söhbetdeşlik instruktaž umumy okuw (leksiýa) çekeleşik (diskussiýa) Disput Okamak Öwrenmek Referat ýazmak, Gözden geçirmek Saýlap okamak Beýan etmek Meýilnama düzmek Konspekt ýazmak Görmek (prosmotr) Okatmak elektron mugallymyň gözegçiliginde gönükmeler Gözegçilik

 

 

2. Usullaryň bellenişi boýunça klassifikasiýasy (M.A. Danilow, B.P. Ýesipow). Bu usullaryň umumy häsiýeti hökmünde, sapakda okuw işiniň amala aşyrylşynyň yzygiderli etaplary çykyş edýärler. Şu aşakdaky usullar bellenilýärler:

- bilimleri ele almak;

- başarnyklary we endikleri kämilleşdirmek;

- bilimleri ulanmak;

- döredijilik işi;

- berkitmek;

- bilimleri, başarnyklary, endikleri barlamak.

 

Bu usullaryň klassifikasiýasy mugallyma okuw-terbiýeçilik işini ýerine ýetirmäge kömek edip, okuw sapaklaryny guramagyň klassyky shemasy bilen ylalaşyp, usullar nomenklaturasyny sadalaşdyrýar.

3. Usullaryň öwreniş işiniň tipi (häsiýeti) boýunça klassifikasiýasy (I. Ý. Lerner, M.N. Skatkin). Öwreniş işiniň häsiýeti bu mugallymyň hödürlän okamak shemasy boýunça işläp okuwçylaryň ýetýän öwreniş işiniň özbaşdaklyk derejesidir. Bu häsiýetnama okuwçylaryň eýýam bize belli bolan pikirleniş işjeňliginiň derejeleri bilen berk baglanyşyklydyr. Bu klassifikasiýada şu aşakdaky usullar saýlanylýar:

- düşündiriş-görkeziş (habar beriş reseptiw (kabul ediş));

- reproduktiw (görkezmek);

- problem beýan etmek (meseleleýin beýan etmek);

- ewristiki, (gözleýiş) açyş;

- barlag usullary (barlag- bölekleýin gözleýiş, agtaryş) usullary;

Eger-de mugallym tarapyndan gurnalan öwreniş işi okuwçylar tarapyndan aňladylmak diňe taýýar bilimleri ýatlamaga we olary ýalňyşsyz aýdyp bermäge mümkinçilik berse, onda bu ýerde pikirleniş işjeňliginiň örän pes derejesi we oňa mahsus reproduktiw usulynyň orny bardyr. Bilimler okuwçylaryň özbaşdak döredijilik öwreniş zähmetiniň we okuwçylaryň pikirlenişiniň ýokary derejesiniň netijesinde ele alynsa, onda bu ýerde ewrika (açyş) ýa-da ondanda ýokary okatmagyň barlag gözleýiş usulynyň orny bardyr.

Bu klassifikasiýa goldaw tapdy we ýaýrady. Onda saýlanan usullaryň esasyny gözden geçireliň.

Habar-beriş reseptiw (kabul ediş) usullaryň esasy onuň şu häsiýetlerinde ýüze çykýar:

1) Okuwçylara bilimler taýýar görnüşinde hödürlenýärler;

2) Mugallym bu bilimleriň kabul eilmegini dürli ýollar bilen guraýar;

3) Okuwçylar bilimleri kabul edip, aňlap öz ýadynda saklaýarlar;

Kabul edişde (resepsiýa) ähli habar beriş çeşmeleriniň (söz, görkezme esbaplar we başgalar) logiki beýan edilişi induktiw we deduktiw ýollar bilen amala aşyrylýarlar. Mugallymyň dolandyryş işi bilimleri kabul etmegi guramak bilen çäklenýär.

Okatmagyň reproduktiw (görkezmek) usullary şu aşakdaky häsiýetler bilen aňldylýarlar:

1) Bilimler okuwçylara taýyar görnüşinde hödürlenýärler;

2) Mugallymlar bilimleri diňe gürrüň bermek bilen çäklenmän, olary düşündirýär hem;

3) Okuwçylar bilimleri aňlap özleşdirýärler, olara düşünýärler we ýadynda saklaýarlar. Özleşdirmegiň kriteriýasy hökmünde bilimleri dogry aýdyp bermek çykyş edýär.

4) Özleşdirmegiň berkligi bilimleri köp gezek gaýtalamak bilen amala aşyrylýar.

Bu usulyň gowy tarapy tygşytlylykdyr. Bu usul gysga wagtyň içinde az güýç sarp edip, bilimleriň, başarnyklaryň uly göwrümini özleşdirmäge mümkinçilik berýär. Bilimleriň berkligi, olaryň köp gezek gaýtalamaga mümkinçiliginiň barlygy bilen düşündirilýärler.

Adamyň işi reproduktiw, ýerine ýetiriji we döredijilik bolup biler. Reproduktiw iş döredijilik işinden öň amala aşyrylýar, şonuň üçin ony okatmakda terk etmeli däl we köp hem ulanmaly däl. Reproduktiw usul beýleki usullar bilen baglanyşdyrylmalydyr.

Meseleleýin beýan etmek usuly (problem usuly) ýerine ýetiriliş işinden döredijilik işine geçiş hökmünde ulanylýar. Okatmagyň belli bir etapynda okuwçylar goýlan meseleleýin gönükmeleri, ýumuşlary özbaşdak ýerine ýetirip bilmeýärler, şonuň üçin mugallym goýlan meseläniň çözülişini başdan soňuna çenli düşündirýär, meseläniň barlag ýoluny görkezýär. Bu usul ulanylanda okuwçylar işiň ýerine ýetirilişine gatnaşýan diňe syn edijiler bolsalar-da, olar öwrenmekde ýüze çykýan kynçylyklary çözmegiň gowy sapaklaryny alýarlar.

Okatmagyň bölekleýin gözleýiş (ewristiki) açyş usuly şu aşakdaky häsiýetler bilen aňladylýar:

1) bilimler okuwçylara taýýar hökmünde hödürlenmeýärler, olary özbaşdak ele almaly;

2) mugallym bilimleri habar bermegi, beýan etmegi guramaýar-da, dürli serişdeleriň kömegi bilen täze bilimleri gözlemegi guraýar;

3) Okuwçylar mugallymyň ýolbaşçylygynda özbaşdak pikirlenýärler, ýüze çykýan öwrediji meseleleri çözýärler, problem (meseleleýin) ýagdaýlary döredýärler we çözýärler, seljerýärler, deňeşdirýärler, jemleýärler we netije çykarýarlar, olarda aňlanan berk bilimler emele gelýärler.

Usulyň adynyň bölekleýin gözleýiş diýilmeginiň sebäbi okuwçylaryň çylşyrymly okuw problemasyny başdan soňuna çenli özbaşdak çözüp bilmeýänligi bilen düşündirilýär. Şonuň üçin okuw işi mugallym okuwçy mugallym okuwçy shemasy boýunça amala aşyrylýar. Bilimleriň belli bir bölegini mugallym habar berse, belli bir bölegini okuwçylar goýlan soraglara jogap bermek ýa-da problem ýumuşlary çözmek bilen özbaşdak tapyp alýarlar.

Bu usulyň (modifikasiýanyň) bir görnüşi hökmünde ewriki (açyş) söhbetdeşligi çykyş edýär.

Okatmagyň bölekleýin gözleýiş usulynyň esasy:

1) Mugallym okuwçylar bilen bilelikde problemany ýüze çykarýar, ony çözmek üçin okuw wagtynyň belli bir bölegi ulanylýar;

2) Bilimler okuwçylara habar berilmeýär. Okuwçylar olary öňde goýlan problemanyň, alnan jogaplaryň dürli wariantlaryny deňeşdirmek netijesinde ele alýarlar. Netijä ýetmek serişdelerini-de okuwçylaryň özi kesgitleýärler.

3) Mugallymyň işi problem ýumuşlaryň çözüliş işini operatiw (wagtynda) dolandyrmak bolup durýar.

4) Okuw işini özüniň ýokary derejeligi bilen häsiýetlenýär, okuw ýokary gyzyklanma bilen amala aşyrylýar, alnan bilimler özüniň çuňlugy, berkligi, hereketjeňligi we täsirligi bilen aratapawutlanýarlar.

Okatmagyň gözleýiş usuly bilimleri döredijilikli özleşdirmekligi göz öňünde tutýar. Köp wagtyň sarp edilmegi we mugallymlar bilen okuwçylaryň köp güýjüniň sarp edilmegi bu usullaryň kemçilikleri hasap edilýärler. Gözleýiş usulyny ulanmak ýokary pedagogik taýýarlyk derejesini talap edýär.

4. Didaktiki maksatlar esasynda okatmagyň iki topary bellenilýär:

1) Okuw maglumatlarynyň başlangyç özleşdirilmegine kömek edýän usullar;

2) Alnan bilimleri berkitmek we kämilleşdirmek usullary (G.I. Şukina, I.T. Ogorodnikow we başgalar);

Birinji topara: habar beriş ösdüriş usullary (mugallymyň dil üsti beýany, söhbetdeşlik, kitap bilen işlemek); ewristiki (gözleýiş - açyş) usullary (ewristiki söhbetdeşlik, disput, laborator işler); gözleýiş-barlaýyş usuly degişlidir.

Ikinji topara: gönükme (görkezilişi boýunça, düşündirişli gönükmeler, wariatiw (üýtgeýji) gönükmeler); tejribe işler.

5) Soňky wagtlar binar (iki häsiýetiň birikmegi) we polinar (birnäçe häsiýetiň birikmeginiň netijesinde) okatmagyň usullaryny klassifikasiýa etmäge birnäçe gezek synanyşdylar. Mysal üçin M.I. Mahmutowyň okatmagyň usullaryny binar (iki häsiýetiň birikmegi) klassifikasiýasy: 1) okatmagyň usullarynyň we 2) okamagyň usullarynyň birikdirilmegi netijesinde düzüldi.

Okatmagyň usullary

Okatmak usuly Okamak usuly
Informasion habar beriş ýerine ýetiriji
Düşündiriş reproduktiw
Instruktiw - tejribe önümli-tejribe
Düşündiriş-oýandyryş bölümleýin-gözleýiş
Oýandyryjy gözleýji

Okatmagyň usullarynyň polinar (birnäçe häsiýetiň birikmegi) klassifikasiýasyny W.F. Palamarçyk we W.I. Palamarçyk hödürlediler. Olar bilimleriň çeşmesini, okuwçylaryň bilesigelijiliginiň derejesini we okuw maglumatlaryny özleşdirmegiň logiki ýollaryny birleşdirdiler.

Başga klassifikasiýa-da köp. Nemes didakty L. Klinberg okatmagyň usullaryny okatmak-da hyzmatdaşlyk etmegiň formalary bilen birikdirýär.

 

Monolog usullary Hyzmatdaşlygyň formalary Dialog usullary
Leksiýa (umumy okuw) Gürrüň Görkezip okatmak Aýrybaşga Toparlaýyn Frontal (hemmetaraplaýyn) Kollektiw Söhbetdeşlik

 

Polýak alymy K. Soçniskiý okatmakda iki usul bar, olar: emeli (mekdep) we tebigy (okkazional), olara öz gezeginde iki usul deň gelýär: düşündiriş we gözleýiş diýen pikiri orta atýar.

6. Soňky on ýylyň içinde didaktikada akademik Ý. K. Babanskiniň hödürlän okatmak usullarynyň klassifikasiýasy uly orun tutýar. Ol okatmagyň 3 (üç) uly usullar toparyny düzüpdir:

1) okuw-bilim alyjylyk işini guramagyň we amala aşyrmagyň usullary;

2) okuw-bilim alyjylyk işini höweslendirmek we itergi (motiw) usullary;

3) okuw-bilim alyjylyk işiniň effektiwligine gözegçilik we öz-özüňe gözegçilik usullary.





:


: 2018-11-11; !; : 643 |


:

:

, , . , .
==> ...

1774 - | 1624 -


© 2015-2024 lektsii.org - -

: 0.03 .