.


:




:

































 

 

 

 


Okuwçylaryň okatmakda ýerine ýetirýän işleri




Spesifiki iş hökmünde okamagyň gurluşynyň, ösüşiniň we ýerine ýetirýän işiniň kanunalaýyklyklary bardyr. Onuň amala aşyrylyş mümkinçilikleri adamyň öz hereketlerini goýlan maksada laýyklykda regulirläp bilmegi bilen şertlendirilendir.

Okamagyň maksady akyl ýetirmek daşky dünýä boýunça maglumatlary toplamak we gaýtadan işlemekdir. Onuň netijesi ulgamlar gatnaşygynda we umumy ösüşde, bilimlerde, başanyklarda we endiklerde ýüze çykýar.

Okatmagyň esasy düzümi motiwlerdir (itergilerdir). Olar şol ýa-da başga bir okuw işini, ýa-da bütewi okuw işini ýerine ýetirende okuwçylary bu işi ýerine ýetirmäge itergi berýän, olary ugrukdyrýan täsirlerdir. Okuwçyny okamaga bir itergi däl, dürli häsiýetli birnäçe itergiler ugrukdyrýar. Olar biri-biri bilen üzňe bolman, özarabaglanyşykda täsir edýärler.

Okuwçylaryň okuw işiniň köpdürli itergilerini 3 (üç) sany özara baglanyşykly toparlar hökmünde görkezmek bolar.

1. Hökmany-oýaryjy motiwler (itergiler);

2. Perspektiw-oýaryjy motiwler;

3. Intellektual-oýaryjy motiwler; (Motiwler-itergiler barada biz 14-nji mowzugymyzda aýratyn durup geçipdik, şonuň üçin olar barada giňişleýin maglumatlara seret).

Häzirki zaman pedagogik psihologiýasynyň berýän maglumatlaryna görä her bir ýaş aýratynlyklar döwri üçin aýratyn işiň görnüşi bardyr: mekdebe çenli döwür üçin oýun; kiçi ýaşly okuwçylar üçin okuw, orta mekdep ýaşly okuwçylar üçin jemgyýete peýdaly zähmet (okuw, zähmet, sport, çeperçilik). Ýokary synp okuwçylaryna hünärä ugrukdyrylan, özbaşdak pikirler bilen, bahalandyrmalar bilen geçýän okuwyň aýratyn görnüşi hödürlenýär.

Käbir psihologlar söhbetdeşligi-de işiň bir görnüşi hasap edýärler. Şonuň üçin okatmak prosesini beýan edende diňe bir ýerine ýetirilýän işler aspektini saýlaman, eýsem söhbetdeşlik aspektini-de goşmaly.

Akyl ýetiriş we zähmet işlerinde bilimleri ele almak işjeň amala aşyrylýar. Söhbetdeşlik bolsa bilimleri özleşdirmek we işjeňleşdirmek üçin şert döredýär. Akyl ýetirişi, söhbetdeşligi we zähmeti dogry guramak okuw prosesinde goýlan şahsyýeti hemme taraplaýyn ösdürmekde maksadyna üstünlikli ýetmegiň wajyp şertidir.

Okuw-akyl ýetiriş işi okadylýanlaryň okuw maglumatlaryny kabul edişiniň içki psihologiki prosesi bilen baglydyr. Iş bu ýol bilen amala aşyrylanda okuwçylarda bilimler emele gelmän, käbir işleri ýerine ýetirmek endikleri emele gelýär, bilim bolsa onuň kesgitlenen elementi hökmünde çykyş edýär.

Okuwçylaryň okuw işini iki topara bolup bolar. Olaryň biri sapak wagtynda dowam edýär, onda esasy dolandyryjy hökmünde mugallym çykyş edýär. Ikinji topary okuwçylaryň sapakda ýa-da öý işlerini ýerine ýetirende özbaşdak işleridir.

Okuw işi mugallymyň ýolbaşçylygynda ýerine ýetirilende okuwçylaryň şu aşakdaky okuw hereketlerini belläp bolar:

mugallym tarapyndan hödürlenen okuw ýumuşlary we hereket meýilnamasyny kabul etmek;

goýlan ýumuşlary ýerine ýetirmek üçin, çözmek üçin edilmeli okuw hereketleri we operasiýalary;

mugallym tarapyndan alnyp barylýan okuw işiniň netijelerini seljermek.

Mugallymsyz, özbaşdak okuw işleri ýerine ýetirilende şu aşakdaky hereketleri saýlap bolar:

öz okuw işiniň wezipelerini meýilnamalaşdyrmak we anyklamak;

okuw işiniň formalaryny, usullaryny we serişdelerini meýilnamalaşdyrmak;

okuw işiňi özbaşdak guramak;

okuw işiňi ýerine ýetirende öz-özüňe gözegçilik;

okuwy özbaşdak dolandyrmak;

okuw işiniň netijelerini özüň seljermek.

Mugallym tarapyndan ýolbaşçylyk edilen ýagdaýynda okuw işi mugallymyň hereketleriniň gurluşy bilen deň gelýärler. Eger-de mugallym ýumuşlary, okuwçylaryň ýerine ýetirmeli işlerini, höweslendirmeleri meýilnamalaşdyrsa, onda okuwçy bu ýumuşlary kabul eder, ýerine ýetirer. Eger-de mugallym okuwçylaryň edýän işine gözegçilik etse we öz bilim beriş hereketlerini regulirlese, onda okuwçylarda mugallymyň täsiri astynda öz hereketlerini düzederler (regulirlärler). Mugallymyň ýolbaşçylygynda ýerine ýetirilen işler bilen özbaşdak, öýde ýerine ýetirilen işleriň amala aşyrylyşynyň berk arabaglanyşygyny gazanmaly.

 

 

Okatmagyň usullary

Nähili okatmaly diýen adaty soraga jogap gözlemek bizi okatmak usullarynyň kategoriýasyna alyp barýar. Usulsyz öňde goýlan maksada ýetip bolmaýar, öňde goýlan mazmuny durmuşa geçirip bolmaýar, okatmagy bilim almak iş bilen dolduryp bolmaýar. Usul okuw işiniň merkezi, öňde goýlan maksat bilen soňky netijäni birleşdirýän zynjyr Maksat - mazmun usul- forma okamagyň serişdeleri ulgamynda kesgitleýji orny usul eýeleýär.

Okatmagyň usulyny kesgitlemek köp babatda biziň eýýam seljeren ylmy barlag usullarymyzy gaýtalaýar. Usul (metod grek sözi metodos ýol, bizr zada ýetmäge ýol) diýen manyny berýär. Okatmagyň usullary okatmagyň öňünde goýlan maksada ýetmäge gönükdirilen mugallymlar bilen okuwçylaryň tertipleşdirilen işidir. Okatmagyň usullary (didaktiki usullar) diýip köplenç maksada ýetmegiň, bilim bermek wezipelerini çözmek ýollarynyň, tärleriniň umumylygyna aýdylýar. Pedagogik edebiýatda usul düşünjesini käbir wagtlar mugallymyň işine ýa-da okuwçylaryň işine degişli edýärler. Birinji ýagdaýda okadylyş usullary barada gürrüň etmeli. Ilkinji ýagdaýda okamagyň usullary barada gürrüň etmeli. Eger gürrüň mugallym bilen okuwçynyň bilelikdäki işi barada gitse bu ýerde eýýam okatmagyň usullary ýüze çykýarlar.

Okatmagyň usullarynyň gurluşyndan tärler aýrylyp görkezilýärler. Eger-de usul göwrümi boýunça uly bolmasa gurluşy boýunça-da sada bolsa, onda tär bu usulyň ýerine ýetirilişiniň aýratyn ädimidir, elementidir, onuň düzüminiň bölegidir, bir gezek ýerine ýetirilýän hereketidir.

Okatmagyň usuly çylşyrymly, köp ölçegli, köphilli häsiýetlidir. Eger-de bize usulyň giňişleýin modelini gurmak başartsady, onda biziň öňümizde uly, özüniň reňklerini üýtgedýän, köp taraply kristal emele gelerdi. Okatmagyň usullarynda okatmagyň obýektiw kanunalaýyklyklary, maksatlary, mazmuny, ýörelgeleri, okatmagyň formalary öz şöhlelenmelerini tapýarlar. Usullaryň didaktikanyň beýleki düşünjeleri (kategoriýalary) bilen aragatnaşygynyň dialektikasy biri-birine ters gaýtalanmadyr. Özleri okatmagyň maksatlaryndan, mazmunyndan, formalaryndan döräp, usullar şol bir wagtyň özünde bu düşünjeleriň (kategoriýalaryň) emele gelşine we ösüşine gaýtarma, örän uly täsir edýärler. Maksatlary-da, mazmuny-da işiň formalary-da, olaryň tejribede durmuşa geçiriliş mümkinçiliklerini hasaba alman ulanyp bolmaz. Olara edil şeýle mümkinçilikleri usullar berýär. Didaktiki ulgamyň ösüşiniň tizligi (depgini), okatmagyň tiz we peýdaly amala aşyrylyşy, ulanylýan usullaryň olara hereket etmäge berýän mümkinçiliklerine bagly.

Okatmagyň usullarynyň gurluşyndan olaryň obýektiw we subýektiw bölümlerini ýüze çykaryp bolar. Usullaryň obýektiw bölümi hökmany islendik usulda bölüp dürli pedagoglar tarapyndan ulanylyşyna garamazdan hemişelik aýrylmaz düzgünler bilen şertlendirilendir. Onda hemme umumy bolan didaktiki düzgünler, kanunlaryň we kanunalaýyklyklaryň, ýörelgeleriň we düzgünleriň, talaplary, maksatlaryň, mazmunyň, okuw işiniň formalarynyň hemişelik düzümleri şöhlelenýärler. Usullaryň subýektiw bölümi mugallymyň şahsyýeti, okuwçylaryň aýratynlyklary we anyk ýagdaýlar bilen şertlendirilendir. Şu güne çenli usulda obýektiw we subýektiw bölümleriň biri-biri bilen aragatnaşygy örän çylşyrymly we doly çözülmedik meseledir. Bu aragatnaşyk barada dürli pikirler bar. Bir topar alymlar usul arassa obýektiw emele gelen diýip düşündirse, beýleki bir topar alymlar bu pikiri inkär edip usul subýektiw, pedagogyň gaýtalanmaýan eseri diýip düşündirýärler.

Usulda hemişelik, hemmeler üçin umumy obýektiw bölümiň bolmagy didaktlara usullaryň nazarýetini işlemäge, tejribä köp babatda örän peýdaly ýollary hödürlemäge, usullary logiki saýlamaga, optimizasiýalaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Usullaryň emele gelmeginde mugallymlaryň şahsy döredijiliginiň aýrybaşga ussatlygynyň hem ýüze çykýandygy dogry. Şonuň üçin hem usullar hemişe ýokary pedagogik sungatyň sferasy bolupdy we şunlugynagalar.

Ilkinji ýazylan didaktiki işlerde usula şeýle kesgitleme berlen: usul bu mugallymyň okuwçylaryň pikirini gerek bolan tarapa gönükdirýän we işi bellenen meýilnama boýunça guraýanyň sungatydyr. Ýöne usulda diňe sungat esasy diýip hasap etsek, onda tejribede bolýan ýagdaýy inkär etdigimiz bolar. Diňe ussat mugallymlar däl, ussat bolmadyk logikler hem gowy okadýarlar. Onuň üçin usulyň kesgitlemesini şeýleräk alsak bolar. Usul bu öňde goýlan maksada ýetmek üçin algoritimleýin logiki hereketler ulgamydyr. Usulda sowuk logika köpmi ýa-da ýyly mugallymyň ýüregi köpmi?

Bu bir ýöne sorag bolman, onuň dogry çözülmegine usullaryň nazary we tejribe esaslandyrylyşy garaşlydyr. Ýene-de bir gezek göz öňüne getirilen kristaly synlap, ondaky ýazgylary okalyň: mugallym tarapyndan meýilnamalaşdyrylan okuw-terbiýeçilik işleri; pedagog tarapyndan bu maksatlara ýetmek üçin saýlanan ýollar; goýlan wezipelere laýyk aragatnaşygyň usullary; anyk okuw maglumatlary bolan okatmagyň mazmuny; okuw-terbiýeçilik işiniň logikasy (kanunlary, kanunalaýyklyklary, ýörelgeleri); maglumatlar çeşmesi; okuw-terbiýeçilik işine işeňňir gatnaşyjylar; mugallymyň ussatlygy; okatmagyň tärleri we serişdeleri. (surata seret). Ýene-de, usul pedagogik işiň esasy guralydyr. Diňe şonuň kömegi bilen mugallymlar bilen okuwçylaryň aragatnaşygy amala aşyrylýar we okatmagyň önümi öndürilýär.

 

 

Şonuň üçin usula belli bir doly kesgitleme bermek kyn.

 

 





:


: 2018-11-11; !; : 583 |


:

:

, - , ; , - .
==> ...

1588 - | 1598 -


© 2015-2024 lektsii.org - -

: 0.015 .