.


:




:

































 

 

 

 


Pedagogika ylmynyň ulgamlary




 

Pedagogika giň, çylşyrymly ylymdyr. Özüniň ösüş döwründe toplan maglumatlarynyň netijesinde ol öz ulgamyny döretdi. Her ulgamyň özüniň obýekti, predmeti bar.

1. Pedagogikanyň esasy filosofiýadyr. Filosofiýanyň ýörite terbiýe we bilim bilen meşgullanýan bölümi bar, oňa terbiýe filosofiýasy diýilýär. Bu ugur terbiýe meselesiniň dürli filosofiki akymlardaky orny öwrenýär. Iňlis pelsepeçisi (filosofy) A. Brentin aýtmagyna göräterbiýe filosofiýasy terbiýelemegiň we okatmagyň ýörelgelerini, usullaryny kesgitleýär.

2. Pedagogikanyň taryhy terbiýäniň ýüze çykyşyny, onuň ösüşinde esasy rol oýnan pedagoglaryň işini beýan edýär. Pedagogikanyň bu ulgamy taryhylyk ýörelgesine daýanyp: könä düşünip täze durmuşa seredýäs diýen ýol bilen ösýär. Pedagogikanyň taryhyny öwrenmek bize diňe geçen döwürlerden maglumat bermän, öň goýberilen ýalňyşlyklary mundan beýläk gaýtalamazlygy öwredýär.

3. Umumy pedagogika bu ders dürli okuw jaýlarynda, adamy terbiýelemegiň, okuw-terbiýeçilik işleriniň umumy kanunalaýyklyklaryny öwrenýär. Umumy pedagogika dört esasy bölümden ybaratdyr. 1. Pedagogikanyň umumy esaslary; 2. Didaktika (okatmak nazarýeti); 3. Terbiýe nazarýeti; 4. Mekdebi dolandyrmak.

4. Mekdebe çenli pedagogika mekdebe çenli çagalar terbiýelenýän edaralaryň işini mazmunyny beýan edýär.

5. Mekdep pedagogikasy mekdeplerde alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işleriniň mazmuny beýan edýär.

6. Ýokary mekdep pedagogikasy onuň predmeti ýokary okuw jaýlarynyň okuw terbiýeçilik işleriniň kanunalaýyklyklaryny we ýokary bilim almak meselesini çözmekden ybarat.

7. Harby pedagogikasy esgerler bilen, harby işgärler bilen, harby orta we ýokary okuw jaýlarynda alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik meselelerini beýan edýär.

8. Lukmançylyk (medisina) pedagogikasy bu ýokary lukmançylyk (medisina) okuw jaýlarynyň talyplary bilen alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işleriň geçirilişi baradaky dersdir.

9. Önümçilik pedagogikasy her bir hünär bilen baglanyşykly orta we ýokary okuw jaýlarynda bolşy ýaly halk hojalyk, oba hojalyk, politehniki okuw jaýlarynyň okuw-terbiýeçilik işiniň meselelerini çözmäge gönükdirilen ders. Wagtyň durmuşyň talaby indi her bir ýokary okuw jaýlarynda öz hünäri bilen berk baglanyşykly pedagogika derslerini okatmagy talap edýär.

10. Halk pedagogikasy her milletiň gadymdan gelýän milli däp-dessurlaryny, oýunlaryny, aýdymlaryny, nakyllaryny, matallaryny özünde jemläp, ösüp gelýän ýaş nesli döwrebap terbiýelemäge gönükdirilen dersdir. Onuň ylymda ady etnopedagogikadyr. Bu ylmy adalgany öňe süren rus pedagogy G.N. Wolkowdyr.

11. Sosial pedagogikasy (jemgyýet pedagogikasy) bu dersiň esasy mazmuny jemgyýet bilen okuw-terbiýeçilik edaralarynyň işiniň arabaglanyşygyny beýan etmekden ybaratdyr.

12. Deňeşdirme pedagogikasy dünýäniň dürli döwletleriniň bilim ulgamlaryny deňeşdirip, olaryň okuw-terbiýeçilik işleriniň arabaşgalygyny, birligini öwredýän dersdir.

13. Ýörite pedagogika bu ders öz gezeginde surdopedagogika lal we ker çagalar bilen; tiflopedagogika kör çagalar bilen; oligofrenopedagogika akyl taýdan şikesli çagalar bilen; logopediýa dil kemçilikleri (sözlüginde kemçiligi) bar bolan çagalar bilen okuw-terbiýeçilik işlerini geçirýän dersler toparydyr.

14. Ekologik pedagogikasy daş-töweregi, tebigaty goramak meseleleri we adam ekologiýasy (adamyň içki we daşky arassalygyny) terbiýelemek meseleleri bilen meşgullanýan şu günler ösüp gelýän dersdir.

15. Pedagogika ylmynyň ulgamynyň aýratyn bir bölegi bolup hususy dersleriň usuly çykyş edýär. Olaryň wezipesi ähli okuw-terbiýeçilik edaralarynda konkret dersleriň okadylyşynyň we özleşdirilişiniň kanunalaýyklyklaryny öwrenmekdir.

16. Şu günler pedagogika ylmynyň ösüşi netijesinde onuň ulgamy-da giňelýär: mysal üçin prenetal pedagogikasy çagany enesiniň göwresindäkä terbiýelemek; penitensiar pedagogikasy gaýtadan terbiýelemek meseleleri bilen meşgullanýan dersler, şol bir wagtyň özünde teleýnama pedagogikasy-da ösüş ýolunda`





:


: 2018-11-11; !; : 606 |


:

:

! . .
==> ...

1816 - | 1620 -


© 2015-2024 lektsii.org - -

: 0.009 .