.


:




:

































 

 

 

 


Ouml;süş we terbiýe




Neslegeçijiligiň we daşky gurşawyň adama täsiri terbiýe bilen anyklaşdyrylýar. Jemgyýete hemmetaraplaýyn ösen şahsyýeti taýyarlaýan esasy güýç terbiýedir. Terbiýäniň güýji onuň maksadagönükdirilenliginde, üznüksizliginde we dogry ýolbaşçylyk edilmegindedir. Terbiýäniň ejizligi onuň adamyň aňyna esaslanyp, onuň işde gatnaşmagyny talap etmegidir. Neslegeçijilik we daşky gurşaw bolsa adama aňsyz we aňasty täsirindendir. Şunuň bilen terbiýäniň adamy kämilleşdirmekdäki orny, roly, mümkinçilikleri kesgitlenýär. Pedagogikanyň Terbiýe ähli zady edip bilýär diýen şygary özüni ödemedi. Terbiýe bilen köp hilleri ösdürip bolar, ýöne adamy düýbünden üýtgedip bolmaz. Adamlaryň durmuşyna terbiýe iň kiçiden uly möçberdäki goşantlary goşup biler. Olaryň möçberi şahsyýetde bolup geçýän üýtgeşikler bilen ölçenýär.

Görnükli adamlaryň terbiýäniň güýjüniň täsiri barada aýdan pikirlerini okan. Siz kimiň pikiri dogry diýýäňiz, nämä üçin?

Terbiýe ähli zady edip bilýär

Gelwesiý.

Çagalary mümkin boldygyndan az okatmaly. Eger-de çagalar käbir zatlary öwrenmän ulalsalar bu köp zyýan getirip bilmez. Köp zyýan getiryän, howply ýagdaý haçan döreýär, haçanda öz çagalarynyň okaýan derslerini bilmeýän eneler olaryň terbiýesine ýolbaşçylyk etse.

L. N. Tolstoý.

Eý meniň dostum, dürli terbiýeden mümkin boldygyndan halas boljak bol.

Wolter.

Terbiýe çäklidir, ýöne ol köp zatlary edip bilýär. Bagban ýabany almany sapmak ýoly bilen bag almasyny alyp biler. Ýöne ol ýabany almany sapmak ýoly bilen ondan dub agajynyň tohumyny alyp bilmez.

B. G. Belinskiý.

Terbiýe ösüşi gönükdirýär ol şahsyýetiň kämilleşmeginiň esasy güýjüdir. Şol bir wagtda terbiýäniň güýçsizligi barada aýtmaly. Çaganyň şahsyýetiniň kämilleşmeginde oňa durmuşyň otrisatel (ters) täsir edýän durmuş şertlerine terbiýe garşy durup bilmeýär.

S. L. Rubinşteýn.

 

Terbiýe adamyň ösüşini öňde goýlan maksada boýun edýär. Terbiýeçileriň maksadagönükdirilen we üznüksiz täsiri adamda täze, öňünden meýilleşdirilen şertli reflektor baglanyşyklarynyň emele gelmegine getirýär. Onuň ýaly arabaglanyşyk hiç hili başga ýol bilen amala aşyrylmaýarlar. Adamyň ösüş maksatnamasynda emele gelen boşluklary doldurýan terbiýedir. Terbiýäni dogry ýola goýmagyň esasy meseleleriniň biri çaganyň gyzyklanmagyny we zehinini kesgitlemekdir - olary adamyň mümkinçiliklerine we aýrabaşga ösüş aýratynlyklaryna görä ösdürmekdir. Ýörite geçirilen barlaglaryň netijesiniň maglumatlaryna görä terbiýe çaganyň tebigy berlen mümkinçiliklerine eýerip, onda kesgitlenen hilleriň ösmegine täsir edýär. Maýmyn çagalary adamlaryň çagalarynyň arasynda birmeňzeş şertlerde adamlar bilen aragatnaşykda bolup, gowy iýmitler iýip terbiýelense-de, adama häsiýetli birjikde psihiki hili alyp bilmediler. (N.I. Ladygina-Kostyň barlaglary).

Ösüşe täsir etmek bilen terbiýäniň özüde ösüş bilen bagly bolýar. Ösüşiň ýeten derejesine daýanýar. Terbiýäniň effektiwligi adamyň terbiýeçilik täsiri kabul edip bilişi bilen kesgitlenýär. Ol öz gezeginde neslegeçijilik we daşky gurşaw bilen esaslanylýar. Adamlaryň terbiýäniň täsirine boýun bolşy dürli-dürlidir. Käbir adamlar düýbünden terbiýäniň talaplaryna boýun bolmaýarlar, käbirleri doly boýun bolýarlar. Bu ýerde adamlaryň terbiýeçilik işine aragatnaşygy, konkret ýagdaýlar kesgitleýji rol oýnaýarlar.

Terbiýäniň täsiriniň güýji birnäçe şertlere we ýagdaýlara baglydyr. Rus pedagog-psihology Z.S. Wygotskiniň (1896-1934) esaslandyran kanunalaýyklygyna görä terbiýäniň maksady we usullary çaganyň ösüş derejesine deň bolman, eýsem onuň ýakyn ösüş zonasyna-da deň gelmelidir. Ol akyl ösüşiniň iki derejesini aratapawutlandyrýar. 1. aktual ösüş dereje; 2. ýakyn ösüş zonasy. Birinji derejede çaga ýumuşlary özbaşdak ýerine ýetirýär. Ikinji-de ol ýumşy ýerine ýetirip bilmeýär. Öňde goýlan meseläni ulularyň kömegi bilen amala aşyrýar. Diňe ösüşden öňde gidýän terbiýe gowy terbiýe hasaplanýar. Terbiýäniň maksady ýakyn ösüş zonasyny döretmek, onam öz gezeginde soňundan ösüşiň aktual zonasyna geçirmek. Ösüşiň yzy bilen ösüşi alyp barýan terbiýe şahsyýeti kämilleşdirýär.





:


: 2018-11-11; !; : 619 |


:

:

80% - .
==> ...

1752 - | 1606 -


© 2015-2024 lektsii.org - -

: 0.013 .