.


:




:

































 

 

 

 


Tema: Täze Galkynyşlar we özgertmeler zamanasynda pedagogika ylmynyň öwrenýän zady we onuň wezipeleri.

Pedagogika dersinden umumy sapagyň beýany.

Sapagyň maksady: talyplary pedagogika ylmynyň öwrenýän zady, onuň esasy düşünjeleri hem-de wezipeleri bilen çüňňür tanyşdyrmakdan ybarat.

 

Meýilnama:

1. Pedagogikanyň öwrenýän zady we onuň wezipeleri.

2. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilim we terbiýe hakynda.

3. Pedagogikanyň esasy düşünjeleri. Terbiýe jemgyýetçilik hadysasy hökmünde, onuň taryhy häsiýetleri.

4. Pedagogika ylmynyň düzümi we pudaklary.

5. Pedagogika ylmynyň ylmy-barlag usullary.

 

Edebiýat:

1. Gurbanguly Berdimuhamedow. Täze Galkynyş eýýamy. A.,2007.

2. Gurbanguly Berdimuhamedow.,,Döwlet adam üçin''. A.,2008.

3. Türkmenistanyň Prezidentiniň,,Okuw-terbiýeçilik edaralarynyň işini kämilleşdirmek hakynda'' Karary. Mug.gaz. 07.03.2007.

4. D.Azady.,,Wagzy azat''. A.,1962.

5. .. . .1988.

6. Garaýew R., Pirliýew G.,,Garaşsyzlyk we bilim''. A.,1994.

7. Haljanow Ş. Garaşsyzlyk pedagogikasy. Ç.,1995.

 

 

Her bir ylmyň öz öwrenýän, iş salyşýan derňeýän zady bolýar. Mysal üçin: taryh ylmy adamzat jemgyýetiniň döreýşini hem ösüşini öwrenýär. Pedagogika ylmy bolsa ahlakly şahsyýeti terbiýeläp ýetişdirmegiň tärleri bilen iş salyşýär. Başgaça aýdanymyzda, pedagogika dersi ýaş nesle ylym-bilim, tälim-terbiýe bermegi häzirki döwrüň talaplaryna laýyk edip ýola goýmagyň kanunlary bilen düzgünlerinden, olaryň içki sepleşiklerinden hem gatnaşyklaryndan ybarat.

Pedagogika ylym-bilim, tälim-terbiýe, edep-ekram bilen baglanyşykly möhüm meseleler bilen iş salyşýar, irki wagtlardan bäri şu çaka çenli toplanan tejribeleri, häzirki döwürde amala aşyrylýan, geljekde durmuşa geçirilmeli işleri öz içine alýar. Pedagogika ylmy ýurduň bilim ulgamynyň işini herekete getirýan, ony öňe iterýän güýçdür. Gysgaça aýdanymyzda pedagogika ynsan terbiýesi hakyndaky ylymdyr.

Bu düşünje peýdagogos diýen grek sözünden bolan, ilki ol çagany mekdebe äkidip-getirýan ýörite hyzmatkär gul bolup şoňa diýilen. Sebäbi gadymy Gresiýada gul eýesiniň çagasyny mekdebe äkidip-getirýän ýörite hyzmatkär guly bolupdyr. Soňabaka, adamzat jemgyýetiniň ösmegi bilen, pedagogika ilki başdaky manysyny üýtgedip, giň mana eýe bolup başlaýar. Ol jemgyýetçilik ylymlarynyň düzüminde esasy orunlaryň birini eýeleýär. Türkmenlerde pedagogika düşünjesi tälim-terbiýe, edep-ekram, edim-gylym ýaly aňlatmalaryň üsti bilen berlendir.

Beýleki ylymlar ýaly, pedagogika hem adamzat jemgyýetiniň tejribe islegine, durmuşyň öňe süren talabyna laýyklykda döräpdir hem ösüpdir. Çünki dowam edýän jemgyýerçilik önümçiligini saklamak, ýene-de ösdürmek üçin ýaş nesli durmuşa taýýarlamak, jemgyýetiň talaplaryna jogap berip biler ýaly adamlary kemala getirmek zerurlygy hiç wagt aradan aýrylmaýar. Şeýle bolan soň terbiýe nesilleriň arasyndaky baglanyşygy emele getirip, berkedip hem ösdürip durýar. Ýaş nesil kemala gelýän mahalynda, özünden öňki nesliň durmuş tejribesini döreden ylymyny-bilimini, medeni-mirasyny, ruhy gymmatlyklaryny özüne kabul edip alýar, şol bir wagtyň özünde-de täze wezipeleri öňe sürýär.

Şu ýerde terbiýe bilen pedagogikanyň nazarýeti diýen düşünjeleri bir-birinden parhlandyryp geçmek ýerlikli bolýar. Bu ikisi bir düşünjäni aňlatmaýar, olaryň döreýşi-de deň däl. Terbiýe adamzat jemgyýeti döräli bäri bardyr, pedagogika ylmy bolsa epesli soň çykýar. Has takygy, jemgyýetde okuw-terbiýeçilik edaralaryna bolan zerurlyk dörän mahallaryndan pedagogika ylym hökmünde emele gelip başlaýar. Terbiýe bolmasa jemgyýetiň ýaşamagy we öňe gitmegi mümkin däldir. Şol nazarýetden seredeniňde, terbiýe umumy we hemişelik düşünje diýip aýtmak bolýar. Beýle diýildigi terbiýe işi öňler hem bolupdyr, häzirem bar, geljekde-de bolar diýildigidir. Türkmenistanyň bir jemgyýetçilik gurluşyndan beýleki bir jemgyýetçilik gurluşyna geçýän döwründe-de terbiýe özüniň ösüşi üçin giň mümkinçiliklere eýe bolýar. Şu ýerde terbiýäniň jemgyýetçilik-ykdysady gurluşlaryň hemmesi üçin meňzeş bolan taraplaryň, hem-de ýagny umumy alamatlarynyň bolýandygyny hem aýtmak gerek. Mysal üçin: uly nesil tarapyndan toplanan tejribäniň ýaş nesle geçirilişi, belli bir pikirleriň emele getirilmegi, ýaş nesliň saglygy barada edilýän aladalar, bilim bermek, sowatly, edepli edip ýetişdirmek ýaly işler jemgyýetçilik-ykdysady gurluşlaryň hemmesi üçin hem häsiýetli bolan zatlardyr. Dogry, şonda öňde goýulan maksat, geçirilýän işiň mazmuny, tärleri, usullary başgaça, ýagny dürli-dürli bolup biler.

Pedagogikanyň nazarýeti barada aýdylanda bolsa munuň özi bir ýa-da bir näçe adamyň bilelikde döreden ylmy işiniň jemi, gözleg-agtaryşlaryň netijesi bolup durýar. Ol nädeňde hälişindi ýüze çykyp duran çylşyrymly pedagogik hadysalardan baş çykaryp boljakdygyny öwredýär, okuw-terbiýeçilik işine ýolbaşçylyk edip bilmegiň, ony dolandyryp hem ugrukdyryp durmagyň dogry ýollaryny salgy berýär. Pedagogikanyň nazarýeti diňe bir tejribede gabat gelýän hadysalary ylmy taýdan düşündirmek bilen çäklenmän, eýsem ol ýeneki durmuşda gabat gelip biläýjek hadysalary düşündirmäge-de ukyplydyr.

Beýleki pedagogikanyň nazarýetiniň güýji onuň Bilim ulgamynyň meselelerini öňden görüjilik bilen beýan edip bilýänligindedir. Ol şeýle hyzmaty bitirip bilmese, onda nazarýet güýçsüz bolup galýar. Pedagogikanyň nazarýeti tejribede döredijilikli pikirlenmäniň esasy guralydyr. Gynansagam, ol tejribe işgärleriň öňünde entek bergidar bolmagynda galýar.

Pedagogikanyň esasy maksady. Sazlaşykly ösen şahsyýeti kemala getirmäge tabyn edilendir. Bu bolsa ylymlaryň esaslaryny özleşdiren sowatly, daşary we içeri syýasat babatynda-da, ykdysadyýet, durmuş we medeni meseleler babatynda-da, sagdyn pikirli, berk bedenli, hünärmen adamlary terbiýeläp ýetişdirmegi göz öňünde tutýar diýildigidir. Garaşsyz türkmen diýaryna, onuň sabyrly, parasatly, agzybir hem asuda halkyna buýsanç duýgusy bilen garamagy, Ata Watanyň hatyrasyna zähmet çekmegi başarýan ruhubelent, ynsaply milli hünärmenleri taýýarlap ýetişdirmegiň ýollaryny salgy berýär diýýildigidir.

Pedagogika ylmynyň wezipelerini Türkmenistanyň Prezidentiniň öz halkyna ertirki gün nähili döwlet boljakdygymyz köp babatda biziň häzirki wagtda döwrebap milli bilim ulgamyny döretmegimize-de baglydyr diýip aýdan taryhy pikiri okuw-terbiýeçilik işiniň mazmunyny täzelemegi, has hem kämilleşdirmegi talap etmegi bilen, adamlarda ruhybelentlik bilen kämil aňy terbiýelemegi baş maksat edip öňe çykarýar. Türkmen halkynyň agzybirliginiň, asudalygynyň kepilnamasy hem-de ýurduň ykdysady, durmuş, syýasy we medeni ösüşiniň girewi bolan Türkmenistanyň Bilim hakyndaky Permanynyň öňe sürülmegi, döwletiň bu günki hem ahyrky maksadynyň kesgitlenmegi, bilime, terbiýä, taryha, medeni we ruhy mirasa bolan garaýşyň anyklanmagy, beýleki möhüm meseleleriň çözgüdiniň görkezilmegi pedagogika ylmy üçin aýdyň ýörelge bolýar.

Jemgyýetçilik durmyşynyň tutuşlygyna üýtgedilip gurulýan, ençeme onýyllyklaryň dowamynda goýberilen kemçilikleriň getiren betbagtçylyklaryň ýoguna ýanmak ugrunda aýgytly hereket edilýän, demokratiýanyň, ynsanperwerligiň türkmeniň durmuşyna bütinleý ornaşdyrylýan; türkmen halkynyň taryhyna, durmuş meselelerine, ruhy baýlygyna, milli diline, däp-dessurlaryna aýratyn ähmiýet berilýän, häzirki döwürde sazlaşykly ösen şahsyýeti terbiýeläp ýetişdirmek wezipesi örboýuna galdy. Şeýle ýagdaýda ýaş nesli döwrebap edip kemala getirmekde gollanma bolup hyzmat edýän bilim ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyk edip guramagyň ylmy esasyny berip bilýän pedagogikanyň gymmaty has hem ýokarydyr. Ol häzirki Täze Galkynyş döwründe üýtgedilip gurulýan jemgyýetiň raýatlarynyň hakyky sypatyny açyp görkezmelidir, berilýän bilimiň we tärlerini ylmy esasda derňemelidir.

XXI-nji asyrda ýaşajak, halk hojalygynyň, ylmyň, medeniýetiň dürli pudaklarynda zähmet çekjek hünärmenleri taýýarlap ýetişdirmekde esasy ýörelgäni öňünden aýdyňlaşdyrmalydyr.

Durmuşyň öňde goýan deslapky talaplary pedagogika ylmynyň häzirki zaman wezipelerini anyklamaga mümkinçilik döretdi. Şol wezipelr:

1. Sazlaşykly ösen şahsyýeti, jebis we agzybir jemagaty terbiýeläp ýetişdirmegiň dürs ýollaryny agtaryp tapmakdan;

2. Okuw terbiýeçilik işiniň kämil, döwrebap usullaryny işläp düzmekden, şeýlelikde terbiýeçilere, mugallymlara, ata-enelere tejribede kömek bermekden;

3. Öňdebaryjy pedagogik tejribäni, mugallymlaryň iş usullaryny öwrenmekden, umumylaşdyrmakdan hem-de tejribede ulanmakdan;

4. Mugallymlar, mekdep ýolbaşçylary, halk magarybynyň baýry işgärleri üçin häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ylmy usulýet gollanmalary işläp taýýarlamakdan;

5. Okuwçylaryň ýaş, fiziologik, psihologik aýratynlyklaryny, ýykgyn edýän taraplaryny göz öňünde tutmak bilen, ylym-bilim, tälim-terbiýe bermegiň ylmy esaslaryny işläp düzmekden.

II. Türkmen halky hemişe-de, ähli zamanda-da ýaş nesliň edepli-ekramly, bilimli bolup ýetişmegine aýratyn ähmiýet beripdir. Bu barada Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Mukaddes Ruhnamasynda: Türkmen ata-babalarymyz merdana halk bolup, öz geljekki nesillerini eneleriniň göwresindekä terbiýeläp başlapdyr. Türkmen çagasy 10-12 ýaşynda kämillige, batyrlyga, milli terbiýa we uly durmuş gözýetimine eýe bolupdyr. Şol sebäplere görä, ten sagdynlygy, akyl päkligi, ýürek arassalygy türkmene mahsus bolupdyr diýýilýär.

Adamzat jemgyýeti ylymsyz, adam akylsyz ýaşap bilmez. Pedagogika ylmynyň nukdaýnazaryndan adamzat jemgyýeti terbiýesiz hem ýaşap bilenok. Şonuň üçin, Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistanda ylym-bilim işini düýpgöter özgerdip, täzeçe guramak üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow,,Türkmenistanyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda'' Permana we,,Bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işini kämilleşdirmek hakyndaky Karara gol çekdi. Garaşsyzlygyň ilkinji döwründäki mekdep bu gün döwrüňem, durmuşyňam talabyny ödemeýär, şonuň üçin Beýik Galkynyşlar we özgerişler döwrüniň Bilim ulgamynyň baş maksady ýaş nesle bilim we terbiýe dünýä derejesinde bermekden ybaratdyr. Maşgala terbiýesini göwnejaý gurmaga ene-ata ýol görkezmekdir.

Bilim adamzat tarapyndan döredilen hazynadyr. Sowat şol hazynanyň açarydyr. Sowat hat, ýazuw we beýleki bilim serişdelerini özleşdirmek bilen bilim dünýäsine girmäge gapydyr.

Bilim öwrenmek hiç mahal hem giç däldir, çünki akyl beden ýaly garramaýandyr.

Bizden öň öten türkmenler okamagy, täze bilimleri öwrenmek hyjuwyny, ylymda nähili belentliklere ýetseler-de, dowam edipdirler, sebäbi olar bilim dowamaty bilen ýaşapdyrlar we ösüpdirler, bilim öwrenmegiň arasynyň kesilmegi, saklanmagy sebäpli, bilim solýar we guraýar diýip hasap edipdirler.

Pähim-parasatly türkmen atasy öz çagalaryna terbiýe bermek üçin onuň özi oňat şahsy görelde görkezmelidir, çagalar bilen mährem bolmalydyr, sadalyk, rehimlilik, gülerýüzlülik, söýgi, üns-alada çagalary gurşap almalydyr, ata adalatly bolmalydyr.

Gaýtalamak bilimiň enesidir, gaýtalamagy endik ediniň. Her gezek gaýtalanyňda, täze bir zady açmak ine, bilimiň hakyky gözbaşy şudur.

Öwrenmegiň iň oňat usuly okamakdyr. Okamagyň iň oňat usuly pikirlenip okamakdyr. Pikir ýok ýerinde bilim hem ýokdur.

Okaň, öwreniň! Türkmeni Altyn asyra eltjek hem ylymdyr, bilimdir'' diýip miras galdyran Mähriban Serdarymyzyň sözlerinden ugur alyp Türkmenistanyň Prezidenti Berdymuhammedow özüniň ilkinji Permanyny Bilime we ylyma bagyşlady. Bu resminama esasynda biziň döwletimiz mundan beýläkde gülläp öser. Biziň ýaşlarymyzyň bilimli, ylymly bolmagy üçin biziň döwletimizde ähli şertler döredilýär.

Esasy pedagogik düşünjeler. Terbiýe, okuw, bilim, edep, özbaşdak okuw, öz-özüňi terbiýelemek, şahsyýetiň ösüşi bular esasy pedagogik düşünjeler ýa-da pedagogik kategoriýalar diýip atlandyrylýar.

Terbiýe giňden ulanylýan pedagogik düşünje bolup, onuň mazmunyna edim-gylym, tälim, däp-dessur, adat, pent, öwüt-ündew, nesihat, maslahat, wesýet ýaly düşünjeler girýär.

Edim-gylym halkyň gylyk häsiýeti, däp-dessury, kimdir biriniň sypaty, özüni alyp barşy barada söhbet açylanda ulanylýar.

Tälim bir ýa-da birnäçe ugurda sapak bermegi, öwretmegi göz öňünde tutýar. Şägirt ussadan, okuwçy mugallymdan tälim alýar.

Däp köpçülik tarapyndan kabul edilen ýörelgäni, kada-kanuny, dessury aňladýär. Dessur nesilden nesle geçip gelýän kada, düzgün, endik. Adat jemgyýetçilik durmuşynyň süňňüne ornaşyp giden däp-dessury, kada-kanuny, ýörelgäni aňladýar. Ol adamyň gylyk häsiýeti, endigi bilen baglylykda hem ulanylýar.

Pent ýaşulylaryň, danalaryň, ata-eneleriň, pedagoglaryň ýaş nesle berýan wesýetleri. Ol nesihat görnüşinde-de öwüt, akyl bermek görnüşinde-de gabat gelýar. Öwüt-ündew pent manysynda gelip, köplenç ata-eneler, aksakallar, mugallymlar tarapyndan amala aşyrylýar. Wagyz nesihat, maslahat, wesýet ýaly düşünjeleri öwüt-ündewiň sinonimi diýmegem bolar. Olar terbiýäniň usullary bolubam hyzmat edýärler. Edep terbiýä garanda birnäçe anyklanan düşünje. Ol giňden ulanylýan pedagogik kategoriýa. Edep-ekram düşünjesi ynsanyň gowy gylyk häsiýetlerini, belent adamkärçiligini, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny, medeniýetliligini we beýleki ahlaklylyk sypatlaryny özünde jemläp, hoşgylaw, halaly-haramy, günäni-sogaby, utanç-haýany saýgarýan, ulynyň-kiçiniň sarpasyny başarýan ynsanlaryň bolmagyny göz öňünde tutýar.

Edeplilik munuň özi asyrlaryň jümmüşinde dörän, halkyň paýhas eleginden geçirilip, birsyhly timarlanan, nesillere miras edilip geçirilen ahlak-etiki düzgünleriň, kanunlaryň giden bir ulgamydyr. Ol halk pedagogikasy bilen berk baglanyşyklydyr.

Okuw diýlende bir tarapdan haýsydyr bir endigi, bilimi, hünäri özleşdirmek göz öňünde tutulýan bolsa, ikinji tarapdan aýry-aýry dersleri ýörite guralýan okuwlara bagyşlanan sapaklar nazara alynýar. Okuw umumy manyda ulanylýan pedagogik düşünjedir.

Okatmak bolsa okuw düşünjesiniň anyklanan görnüşidir. Ol mugallymyň, halypanyň, ussadyň ýolbaşçylygynda talybyň, şägirdiň ylymy, bilimleri, tejribäniň başarnyklaryny ele almaklaryny göz öňünde tutýar: okatmak esasan ikitaraplaýyn amala aşyrylýan akyl işidir. Okatmak we okamak, öwretmek we öwrenmek, tälim bermek we tälim almak işi maşgalada ata-ene bilen çagalaryň, durmuşda, önümçilikde ussat bilen şägirdiň, mekdepde bolsa mugallym bilen okuwçynyň arasynda guralýar. Olaryň biri (pedagog) näçe işjeň bolsa-da, ikinjisi (talyp) şol işjeňligi, yhlasy kabul edip bilmese, oňa goşulyp gidibermegi başarmasa, okuw-terbiýeçilik işiniň netijesi pes bolýar. Bu bolsa pedagogik işiň ikitaraplaýyn gyzyklanma, höwes esasynda alnyp barylmalydygyny aňladýar. Munuň şeýledigini Türkmenistanyň mekdeplerinde aýratyn hyjuw bilen zähmet çekýän mugallymlaryň iş tejribesi tassyklaýar. Bilim bermek ýaş nesle ylmy bilimleriň esaslaryny öwretmegi göz öňünde tutýar. Bilim bermek arkaly okuwçylara ylmy bilimleriň ulgamy öwredilýar, olaryň dünýägaraýşyny, düşünjelerini emele getirýärler, akyl ýetiriş başarnyklary, özüni alyp baryş endikleri ösdürilýär, tejribä bolan taýýarlygy üpjün edilýär. Adam haýsydyr bir hünäri ele almak üçin maksada gönükdirilip erjelmek bilen zähmet çekýär, kynçylyklara döz gelip okaýar, bilim alýar. Düýpli hem durnukly bilim almak yhlas bilen okamagyň netijesinde hasyl bolýar. Özbaşdak okuw diýlende mugallymyň kömegi bolmadyk ýagdaýynda tutanýerli hem aýratyn hyjuw bilen okalyp öwrenilen bilim, sowat, ylmy garaýyş nazara alynýar. Özbaşdak okap bilim alýan adamlar edebi çeşmeleri, metbugat maglumatlaryny, ylmy edebiýatlary yhlas bilen öwrenýärler. Olar haýsydyr bir ýa-da birnäçe ugurdan täze pikirleri orta goýmagynda-da, belli bir derejede ylma goşant goşmagynda-da başarýanlar. Okuwçylaryň özbaşdak okap bilim almak babatyndaky isleglerini oýarmakda hem ösdürmekde Gündogaryň beýik danalarynyň, türkmen klassik edebiýatynyň belli wekilleriniň eserleri iňňän täsirli serişde bolup hyzmat edýär. Öz-özüni terbiýelemek bilen meşgul bolýan adam gylyk-häsiýetinde, özüni alyp barşynda bar bolan kemçiliklere akyl ýetirýär, olaryň nädogrylygyna düşünýär hem şol nogsanlyklary düzetmegiň ýoluna düşýär, özünde asylly sypatlary emele getirmegi niýet edinýär. Elbetde, şol şahsyň içki duýgy-düşünjesi bolmasa, kalbynda oýanyp döremese, ol öz-özüne täsir edip bilmez. Şol içki-pikiri, galkynyşy, adam ösüşiniň irki döwründe oýandyrmak möhümdir, ýogsam, Magtymguly akyldaryň aýdyşy ýaly, ol 40 ýaşy arka atyp,,jahyllykda bolan işlere geň galmak'' bilen garamaly bolýar. Öz ýetmezini duýýan, ony düzetmegiň ýoluna düşen adama diňe guwanmak bolýar. Ilçilikde şeýle kişä:,,Tüweleme, ol indi akylyna aýlanypýdyr'' diýip baha berilýär. Adamyň ösüşi diýlende onuň bedeniniň, ýaşynyň, akyl-paýhasynyň, duýgy-düşünjesiniň, ruhy dünýäsiniň tutuşlygyna bilelikde özgermegi, ilerlenmegi we sagdynlaşmagy nazara alynýar. Şol ösüş içerki hem daşarky täsirleriň netijesinde mümkin bolýar. Şol täsirleriň iň güýçlüsi hem netijelisi bolsa maksada gönükdirilip ýola goýulan okuw-terbiýeçilik işidir, özem türkmeniň milli ruhunyň esasynda guralyp, häzirki zaman durmuş, ylmy-tehniki ösüşiniň gazananlary bilen üstüniň ýetirilýän okuw-terbiýeçilik işidir. Ýokarda agzalan pedagogik düşünjeler bir-birleri bilen özara baglanyşykly, bir-birlerini şertlendirip durýan düşünjelerdir.

Pedagogika ylmynyň düzümi ýa-da esasy ugurlary. Ahlakly adamy terbiýeläp ýetişdirmek üçin bilim, terbiýe berilýär, edep öwredilýär. Sazlaşykly ösen şahsyýeti terbiýeläp ýetişdirmek niýeti bilen edilýän aladalar terbiýeçilik işiniň düzümini emele getirýär, ýagny onuň esasy ugurlaryny anyklaýar. Şol ugurlar barada pedagogikanyň ýörite bölüminde giňden söhbet edilýänligi sebäpli, şu ýerde olaryň üstünde gysgaça durup geçmek bilen çäklenmegi makul bildik.

Akyl terbiýesi. Bu köp taraply, giň düşünje bolup, her bir ynsanyň akylly başly, sowatly, düşbi, ugur tapyjy bolup ýetişmegini göz öňünde tutýar. Türkmen halky geçmişde-de ýaş nesliň bilimli bolup ýetişmegini aýratyn ähmiýet beripdir, tebigat dünýäsiniň, jemgyýetçilige, durmuşynyň dürli taraplary hakyndaky bilimleri onuň aňyna siňdirip gelipdir. Çünki türkmenler bilimli, sowatly adamyň birek-birege, goňşulara, beýleki adamlara hemişe hoşniýetli, mährem bolýanlygyna, kesekiniň malyna göz gyzdyrman, halal zähmet bilen ýaşanlygyna, halklaryň arasyndaky dostluga biparh garamazlygyna, kalbynyň päk, ýüreginiň arassa bolanlygyna örän gowy düşünipdirler. Ata-babalarymyz,,Bilegi zor birini ýykar, bilimi zor müňini ýykar'' diýipdirler. Hadysalar hem ylymly-bilimli bolmagy, ylma degişli gürrüňleri diňlemegi, ýatda saklamagy, ylmy söýmegi ündeýär.,,Kowusnamada-da,,Akyl bilen maýa toplan bolar welin, maýa bilen akyl toplap bolmaz'' diýilýär. Mahmyt Kaşgarynyň meşhur,,Diwany lugat et-türk'' atly sözlüginde bilime şowlulygyň, bagtlylygyň alamaty hökmünde seredilse,,,Oguznamada'' ýaşuly nesliň akyl-paýhasyna belent sarpa goýulýar. Magtymguly akyldarymyz hem,,Kitap gören gullar magnydan dokdur. Olaryň kalbynda şeýtan bolarmy?'' diýip akylly bolmak üçin okamagyň zerurlygyny nygtaýar.

Ahlak terbiýesi. Ahlak adamyň özüniň alyp baryşyny, gylyk häsiýetlerini kesgitleýän nadalardyr we şol kadalaryň jemlenmegidir. Ol adamlaryň bir-birine bolan garaýyşlaryny, Watana, halka, jemgyýete, maşgala bolan garaýyşlaryny kesgitleýär. Türkmenler adamyň mertebesine baha berenlerinde onuň adamkärçilik sypatlaryny: watanperwerligini, ynsanperwerligini, dostluk-ýoldaşlyk gatnaşyklaryny, myhmanparazlygyny, dogruçyllygyny, pespälligini, namysjaňlygyny, tygşytlylygyny, ata-enäni, ýaşuly adamlary näderejede hormatlaýanlygyny we beýleki ahlaklylyk taraplaryny nazara alypdyr. Pedagogika ylmy ýaş nesli ahlaklylyk ruhunda terbiýelemegi türkmen halkynyň şu ugurda döreden pähim-paýhasynyň esasynda alyp barmagy maksada laýyk diýip hasap edýär. Zähmet terbiýesi türkmen halkynyň röwşen geljegi üçin zähmet çekmäge ukyply, ruhubelent hem sagdyn, gaýratly hem başarjaň adamlary terbiýeläp ýetişdirmegi göz öňünde tutýar. Zähmet terbiýe barada Saparmyrat Türkmenbaşynyň,,Hiç bir ýurt zähmetsiz baý bolan däldir. Biz öz baýlygymyzy halal zähmetimiz bilen hem akylymyz bilen gazanarys'' diýen sözlerinden ugur almagy, Ata Watanyň, il-günüň bähbidi, ýaşaýyş durmuşynyň eşreti, her bir ynsanyň bol ýaşamagy üçin işe ukyply, jepakeş bolmagyň zerurlygy baradaky düşünjeleri ýaş nesliň aňyna guýmaly. Zähmet terbiýesi maşgala ojagyndan başlanýar, soňra ýaş nesliň akyl zähmetini hem-de zähmet okuwyny (hyzmat ediş zähmeti, oba hojalyk zähmeti, tehniki zähmeti, zähmet okuwlaryny) dogry guramak, hünärlere gönükdirmek, klasdan daşary geçirilýän çäreleri göwnejaý ýola goýmak arkaly dowam etdirilýär.

Estetiki terbiýe ýaş nesliň tebigat dünýäsiniň, adamzat jemgyýetiniň hem-de onuň ýaşaýyş durmuşynyň süňňüne ornaşan gözellikleri görüp, olara düşünip, guwanyp, baha berip, başardygyndan goşant goýup bilmegini göz öňünde tutýar. Bu ugurda durmuşa geçirilýän okuw-terbiýeçilik işler akyl, ahlak, zähmet terbiýesi bilen sepleşip gidýär. Çünki tebigat dünýäsiniň gözellikleridir, täsinliklerine akyl ýetirmek, olary çeper sözüniň hünäri, diliň üsti bilen wasp etmek, medeni we ruhy gymmatlyklary döretmäge gatnaşmak bularyň hemmesi hyjuwly zähmetiň netijesinde mümkin bolýar. Estetiki terbiýe ynsany ruhybelent edýär, daşky gözellik bilen içki gözelligi utgaşdyrýar. Türkmen halkynyň estetiki terbiýe bermek babatyndaky peýdalanan serişdeleri: aýdym-sazy, halk döredijiligi, klassiki edebiýaty, sungat eserleri, medeni arhitektura ýadygärlikleri, edep-ekramy, däp-dessurlary we ş.m. giden bir ulgamyny emele getiripdir. Häzirki döwürde ýaş nesli gözellik ruhda terbiýelemekde egsilmez çeşme bolup hyzmat edýär, belli türkmen alymyň Sähet Rejebowyň gözellik baradaky düýpli işleri hem-de pedagoglar üçin esasy gollanmadyr. Beden terbiýesi berk bedenli, sagdyn, gaýratly hem çydamly adamlary terbiýeläp ýetişdirmegi maksat edinýärler. Türkmeniň ata-babadan gelýän arzuw aladasy hem şeýle şahslary kemala getirmek bilen baglanyşykly bolupdyr. Beden terbiýesi adam bedeniniň ösmegine hem berkleşmegine, ýaş nesliň şähdiaçyk hem çydamly bolmagyna, onda ahlak sypatlarynyň berk erkinligiň, durnukly gylyk-häsiýetiň, düzgün-nyzamlylygyň, dostlugyň, borçluk duýgusynyň emele gelmegine ýardam edýär. Şonda bedenterbiýe sapaklarynyň, klasdan daşary geçirilýän sport türgenleşik çäreleriniň mümkinçilikleri biçak uludyr. Bu ugurda alnyp barylýän işleriň maksady gönükdirilip guralmagy Garaşsyz Türkmen döwletiniň abraýyny ýokary galdyrmagyň esasy şertleriniň biridir. Biz mekdeplerde alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işleriniň esasy ugurlaryny atlandyryp geçdik. Terbiýeçilik işiniň ady tutulan hem agzalmadyk ugurlary özara gatnaşykda, bir-birine baglylykda bolup, bilelikde hereket edýändiklerini-de ýatdan çykarmaly däldir.

Pedagogika ylmyň pudaklary. Tälim-terbiýe, ylym-bilim bermek, edep-ekram, edim-gylym öwretmek baradaky jaýdar pikirler ençeme asyrlaryň dowamynda beýik akyldarlaryň, şahyrlaryň eserlerinde, taryhy we medeni ýadygärliklerde halk döredijiliginde ýaşap geldi. Pedagogika özbaşdaklygyny gazanandan soň onuň öz içinde differensileşme prosesi başlanyp, bu baradaky giden bir ulgama öwrüldi, ýagny pedagogikanyň pudaklary, görnüşleri emele geldi.

1. Maşgala pedagogikasy çagany maşgalada terbiýelemegiň esasy ugurlary bilen iş salyşýar, ata-enäniň, beýleki uly ýaşly adamlaryň tälim-terbiýe, edep-ekram öwretmekdäki terbiýesini öwrenýär, nusga alarlyk bolanlaryny ile ýaýar. Maşgala terbiýesiniň pedagogik esaslary baradaky ylmy-usulyýet gollanmalary döredýär.

2. Halk pedagogikasy bilim, tälim bermek, edep öwretmek babatynda halk köpçüligi tarapyndan asyrlar dowamynda döredilen düzgünler, serişdeler, usullar bilen iş salyşýar. Onuň täsir edijilik güýji hemme wagtda-da uly bolupdyr.

3. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelemegiň hem okatmagyň meseleleri bilen iş salyşýan pedagogika.

4. Mekdep pedagogikasy okuwçylary döwrebap edip okatmagyň we terbiýelemegiň meselelerini derňeýär.

5. Tebigy taýdan ýetmezi bolan (ker, kör, kemakyl, lal) çagalar üçin niýetlendirilen pedagogika akyl-huşunda, hereketde, gepleýişde ýetmez bolan çagalar üçin ýörite okuw jaýlary, okuw gollanmalary döredilip hünärli pedagogik hünärmenleri bilen üpjün edýär.

6. Hususy metodika aýry-aýry dersleri okatmagyň usullaryny, ýörelgelerini, serişdelerini öwrenýär. Mysal üçin, türkmen dilini okatmagyň usulyýeti we ş.m.

7. Pedagogikanyň taryhy terbiýäniň we pedagogika ylmynyň döreýşi we ösüşi bilen baglanyşykly meseleleri derňeýär. Ýokarda agzanylanlardan başga-da pedagogika ylmynyň ulgamynda hünärmen professional bilim pedagogikasy, ýokary okuw jaýlarynyň pedagogikasy, harby pedagogikasy ýaly pudaklar döräp we ösüp başlady.

Pedagogikanyň beýleki ylymlar bilen arabaglanyşygy. Pedagogika ylmy filosofiýa, sosiologiýa, taryh, folklor, edebiýat, psihologiýa, adam anatomiýasy we fiziologiýasy, mekdep gigiýenasy bilen berk baglanyşyklydyr. Ol zerur bolanda, özüne gerek maglumatlary logika, matematika, ykdysadyýet, dil, din ýaly ylymlardan hem süzüp alýar. Tebigat dünýäsiniň, adamzat jemgyýetiniň, ynsanyýet aňynyň ösüşiniň umumy kanunlary baradaky ylym bolan filosofiýa pedagogikanyň metodologik esasy bolup durýar. Terbiýäniň kanuna laýyklygy, içki arabaglanyşygy, özara gatnaşygy, ýeneki ösüşleri dialektiki materializmiň kanunlary hem düzgünleri esasynda ýüze çykarylýar. Mahlasy. Pedagogika hemme babatda-da filosofiýa ylmyna daýanýar, ýaş nesle terbiýe hem bilim bermegiň çylşyrymly meselelerini ylmynukdaýnazardan işläp düzmekde oňa esaslanýar. Pedagogika özüniň käbir anyk meselelerini işläp düzende, sosiologiýa ylmyna-da daýanmaly bolýar, çünki sosiologiýa hem sosial sredanyň şahsyýetiň kemala gelmegine edýän täsirini, adamlaryň arasyndaky sosial gatnaşyklary derňeýär. Pedagogika taryh aýratyn hem onuň etnografiýa diýen bölümi bilen arabaglanyşygy da, edebiýat, halk döredijiligi bilen erkli bolup durýandygy-da berkdir. Türkmen halkynyň öz aslyna dolanmagy üçin mümkinçiligiň dörän mahalynda medeni we ruhy gymmatlyklaryň pedagogika üçin uly roly bar. Şu ýerde adam anatomiýasynyň we fiziologiýasynyň pedagogika bilen arabaglanyşygy barada-da ýatlap geçmek gerek, çünki ol pedagogikanyň hem, psihologiýanyň hem tebigy ylmy esasy bolup durýar. Fiziologiýa ylmynyň gazananlary okatmagyň we terbiýelemegiň pedagogik esaslaryny öwrenmekde, okuw işiniň prinsiplerini ylmy esaslarda düşündirmekde, okuw terbiýeçilik işiniň mazmunyny kesgitlemekde hem-de beýleki möhüm wezipeleriň çözgütlerini anyklamakda aýratyn ähmiýete eýedir. Pedagogika psihologiýa ylmy bilen has hem ýakyn arabaglanyşykdadyr. Eger psihologiýa adamyň içki dünýäsi hem onuň ösüşi kanunlary bilen iş salyşýan bolsa, pedagogika şol şahsyň içki dünýäsine, adamkärçilik sypatlarynyň sagdynlaşmagyna täsir edýän serişdeleri, usullary açyp görkezýär. Eger psihologiýa adamyň gylyk-häsiýetindäki ýetmezçiligi açyp görkezýän bolsa, pedagogika şol kemçiligi nähili serişdeleriň, haýsy usullaryň kömegi bilen terbiýeläp boljakdygyny salgy berýär. Pedagogika beýleki ylymlar bilen hem baglanyşyklydyr. Bu bolsa pedagogika bilen iş salyşýanlaryň şol ylymlardan belli bir derejede habarly bolmalydygyny, olardan ýerlikli peýdalanyp bilmelidigini aňladýar. Pedagogika ylmynyň wezipeleri. Türkmenistanyň Prezidentiniň öz halkyna ýüzlenmeginde (dalaşgär hökmündäki çykyşynda),,ertirki gün nähili döwlet boljakdygymyz gaty köp babatda biziň häzirki ýaş neslimize-de baglydyr'' diýip aýdan taryhy pikiri okuw-terbiýeçilik işiniň mazmunyny täzelemegini, has hem Bilim ulgamyny kämilleşdirilmegini talap edýär, adamlarda ruhybelentlik bilen kämil milli aňyýeti terbiýelemegi baş maksat edip öňe çykarýar. Türkmen halkynyň agzybirliginiň, asudalygynyň kepilnamasy hem-de ýurduň ykdysady, sosial, syýasy we medeni ösüşiniň girewi bolan,,Türkmenistanyň 2020-nji ýyla çenli'' maksatnamasynyň öňe sürülmegi, döwletiň ýakynky hem ahyrky maksadynyň kesgitlenmegi, bilime, terbiýä, taryha, medeni we ruhy mirasa bolan garaýyşlarynyň anyklanmagy, beýleki möhüm meseleleriniň çözgüdiniň görkezilmegi pedagogika ylmy üçin aýdyň ýörelge boldy. Jemgyýetçilik durmuşynyň tutuşlygyna täze galkynyşyň talabyna laýyk üýtgedilip gurulýan, ençeme onýyllyklaryň dowamynda göýberilen kemçilikleriň getiren betbegtçylyklaryň ýoguna ýanmak ugrunda aýgytly hereket edilýän, demokratiýanyň, ynsanperwerligiň türkmen durmuşynyň bütin gurluşyna ornaşdyrylýan, türkmen halkynyň taryhyna, durmuş meselelerine, ruhy baýlygyna, milli diline, däp-dessurlaryna aýratyn ähmiýet berilýän häzirki döwürde esasy taraplary sazlaşykly ösen şahsyýet terbiýeläp ýetişdirmek wezipesi örboýuna galdy. Şeýle ýagdaýda ýaş nesli döwrebap edip kemala getirmekde gollanma bolup hyzmat edýän bilim ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyk edip guramagyň ylmy esasyny berip bilýän pedagogikanyň gymmaty has hem ýokarydyr. Ol häzirki täze Galkynyş döwründe ýütgedilip gurulýan jemgyýetiň manysyny, raýatlaryň hakyky sypatyny açyp görkezilmelidir, berilýän bilimiň we terbiýäniň täze mazmunyny, görnüşini we usullaryny ylmy esasda derňemelidir. Pedagogika ylmynyň ylmy-barlag usullary. Pedagogika mekdeplerde we döwlet tarapyndan ýörite guralan okuw jaýlarynda, maşgalada, önümçilikde amala aşyrylýän terbiýäniň okatmagyň, bilim bermegiň kanunlary düzgünleri hakynda, mekdebi öwreniş hakynda ylymdyr. Pedagogikanyň ösüşi okuw terbiýeçilik işini ylmy taýdan derňemegi talap edýär. Her bir ylmy barlag öňki bir barlaglarda gazananlaryň esasynda gurulýar. Ol hökman eýýäm nämeleriň bellidigini nazarda tutmalydyr, pedagogik tejribede toplanan faktlary analizlemelidir hem-de täze barlaglaryň barlanan meseleleri nähili gowulandyrjakdygyny olary çözmäge uly kömek berjekdigini kesgitlemelidir. Pedagogiki barlaglarda gözegçilik, anketa, eksperiment, gürrüň, ýazuw üsti bilen soramak, okuwçylaryň ýazuw işlerini öwrenmek, mekdep dokumentasiýasyny öwrenmek, çagalaryň işiniň netijelerini öwrenmek, maglumatlary matematiki we statistiki taýdan işlemek usullar, edebi çeşmeleri öwrenmek we başgalar ulanylýar. Pedagogikanyň umumy metodologiýasy ylmy dünýägaraýşydyr. Ýagny materialistik dialektikasydyr. Şöhlelendirmegiň we akyl ýetirmegiň nazarýeti ylmy derňewlere çemeleşmegiň ugruny kesgitleýär. Dialektiki we taryhy materializm terbiýäniň durmuş manysy, adamyň formirlenmegini täsir edýän obýektiw we subýektiw şertler, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmek ýaly iňňän wajyp pedagogik esas bolup durýar. Biziň pedagogikamyz terbiýelemek, okatmak bilim bermek we şahsyýetiň ösüşi boýunça, mekdep işini guramagy öwrenmek boýunça ylmy barlaglarda şol öwrenilýän zatlara jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň netijesi hökmünde seredilmelidir. Dialektiki-materialistik taýdan çemeleşmek pedagogik hadysalary we işleri hemmetaraplaýyn öwrenmegi talap edýär. Olaryň arasynda bolan içki we daşky baglanyşyklary açmagy, hadysalary we prosesleri hemişe ösüşde, özgerişde, hereketde görmegi talap edýär. Olardaky içki garşylyklary, olaryň bitewüligine hem-de şonuň esasynda öwrenilýän hadysalaryň hereketlendiriji güýjüni görmegi talap edýär. Mukdar taýdan üýtgemeleriň hil taýdan üýtgeşmelere getirýändigini görüp bilmegi talap edýär. Öwrenilýän hadysalary nazarýetiň we tejribäniň bitewiliginiň nukdaý nazaryndan derňemegi talap edýär. Sebäbi tejribe bilimleriň, akylyýetirşiň çeşmesi hem-de onuň hakykylygynyň görkezijisidir. Pedagogika boýunça ylmy barlaglaryň esasy maksady şahsyýete bilim, terbiýe bermegiň we onuň ösüşiniň kanunalaýyklyklaryny açmakdan ybaratdyr. Olary we öň belli bolan kanunalaýyklyklary aňly düşünjesi hem-de maksady gönükdirilip ulanmakdyr. Barlaglarda hemişe pedagogika hadysalaryň ösüşiniň we üýtgeýşiniň sebäpleri gözlenmelidir. Her bir pedagogik ylmy barlag şol barlagyň öz içki manysyny, onuň predmetini şöhlendirilmegidir. Diňe şeýle ýagdaýda hadysa hakyky ylmy taýdan akyl ýetirip bolýar. Her bir barlagda öwrenilýän hadysanyň içki manysyna laýyk gelýän usullar ýa-da usullaryň ulgamyny ulanmak hökmanydyr. Ylmy-barlaglaryň usullary mazmuny bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Pedagogika boýunça ylmy barlag täze pedagogik bilimleriň kemala geliş prosesidir. Onuň esasy düzüm bölekleri şulardan ybaratdyr:

1. Barlagyň ulgamyny kesgitlemek;

2. barlagyň wezipesini kesgitlemek;

3. barlaga çenli bolan ýagdaýy derňäp baha bermek, ýagny bar bolan şertleri we akyl ýetirişi wezipelerini, meselelerini hem-de bar bolan maglumatlary analizlemek;

4. başlangyç gepotizany döretmek;

5. olary nazaryýet we eksperimental taýdan barlamak;

6. alynan netijeleri (ylmy faktlary) analizlemek, umumylaşdyrmak;

7. olara ylmy taýdan düşündiriş bermek;

8. nazaryýet netijelere gelmek we okuw-terbiýeçilik işiniň tejribesini kämilleşdirmek boýunça ylmy-usulyýet maslahatlary işläp düzmek

 

Pedagogika boýunça ylmy barlaglaryň üç derejesi, görnüşi tapawutlandyrmak bolýar:

1. empirik;

2. nazarýet;

3. metodologik barlaglar.

Empirik dereje ylmyň täze faktlary açylyp, şolara umulaşdyrmagyň esasynda empirik kanunalaýyklar kämilleşýär. Empirik ylmy-barlag öwrenilýän pedagogik obýekte gös-göni gönükdirilendir. Ol syn etmegiň we eksperimentiň netijelerine daýanýar.

Nazaryýet (teoretik) dereje öňki açylan faktlary hem-de geljekki faktlary we wakalary öňünden görmek, öňünden aýtmak üçin mümkinçilik berýän esasy umumy kanunalaýyklar kesgitlenýär we öňe sürülýär. Ol pedagogik düşünjeleriň apparaty bilen bagly bolup şolary ösdürmäge gönükdirilen. Ol obýektiw hakykatyň möhüm baglanyşyklaryny kanunalaýyklyklaryny hemme taraplaýyn akyl ýetirmäge gönükdirilendir. Ol iň çylşyrymly hadysalara düşünmäge mümkinçilik berýär. Ol mydama sintez bilen alnyp barylýar. Ol sinteze geçip şonuň bilen gutarýar. Usullaryň şu aşakdäki görnüşleridir:

1. syn etmek

2. gürrüň etmek

3. anketa (açyk hem ýapyk)

4. eksperiment (tebigy hem laborator)

5. statistik matematik usuly.

 

 



<== | ==>
Halk pedagogikasynda akyl terbiýesiniň mazmuny. |
:


: 2018-11-11; !; : 360 |


:

:

,
==> ...

1876 - | 1647 -


© 2015-2024 lektsii.org - -

: 0.081 .