.


:




:

































 

 

 

 


Halk pedagogikasynda akyl terbiýesiniň mazmuny.

Meýilnama:

1. Akyl terbiýesiniň mazmuny we wezipeleri.

2. Akyl terbiýesiniň serişdeleri.

3. Akyl terbiýesiniň usullary.

 

Türkmen halk pedagogikasynda adamyň akyllydygyna uly baha berilýär. Halkyň pikiriçe, akyl her bir adamyň öz işinde üstünlik gazanmagynyň şertidir, diňe akylly adam daşyny gurşap alan durmuş wakalaryndan dogry baş çykarmaga ukyplydyr, diňe akylly adam öz işini dogry gurap we maksadyna ýetip biler. Halk akyla we akyllylyga özüniň bu hili garaýyşlaryny köp sanly nakyllarda beýan edipdir:,,Akyl bazarda satylmaz,,,Akylly iş, ganatly guş,,,Akyl güýç berer, güýç ýürek,,,Akyllyň işinden göwnüň söýüner, Akmagyň işinden pähmiň käýiner we başgalar. Halk akyllylygy bagtlylykdan ýokary goýýar.,,Akylly we Bagt diýen ertekide akyl bilen bagt haýsynyň adama has gereklidigi barada özara jedelleşýärler. Ertekiniň ahyrynda bagt bilen deňeşdirende, adam üçin akylyş gerekdegi anyk bolýar.

Halkyň pikiriçe, ähli adamlar akyl taýdan deň bolmaýar. Akyllylyk adamyň durmuşa taýýarlygynyň esasy görkezijileriniň biridir. Akylly adamyň gymmaty aýratyn hem ony akmak bilen deňeşdireniňde bildirýär. Halk pedagogikasynda akyl terbiýesiniň mazmuny halkyň tebigat, adam we jemgyýet hakyndaky bilimlerini öz içine alyp, ýaş nesliň özbaşdak durmuşa ynamly aýak basmagy üçin esasy daýanç bolup hyzmat edipdir. Ol ençeme nesilleriň tebigat we jemgyýet hadysalaryny synlamak, olardaky kanunaleýyklyklary göz ýetirmäge synanyşmak netijesinde toplan tejribesine we empirik bilimlerine esaslanýar, Munda aýratyn hem durmuşyň, hojalygyň, zähmet praktikasynyň hajatlaryny kanagatlandyrmak zerurlygynyň uly rol oýnandygy bellidir. Mysal üçin, oba hojalygynyň hajatlary biologiýa we meteorologiýa boýunça bilimleriň maldarçylyk bilen meşgullanmak zoologiýa we weterinariýa boýunça bilimleriň we endikleriň zerurlygy orta çykarypdyr ş.m.

Halkyň bilimleriniň birtopary obýektiw hakykaty belli derejede dogry beýan edipdir we durmuş we zähmet praktikasynyň hajatlaryny kanagatlandyrmaga hyzmat edipdir. Emma şonuň bilen bir hatarda, olaryň arasynda nädogrylary, hakykata çapraz gelýänleri, dini- fantastik häsiýetleri, hiç hili real esasy bolmadyk yrymlara daýanýanlary hem az däl. Ýagdaýy şeýle bolmagyna esasan zähmetkeş, garamaýak halkyň sowatsyzlyk zerarly, tebigatdaky we jemgyýetdäki hadysalaryň öňünde ejizlik etmegi, olardan dogry baş çykaryp bilmezligi, olaryň kanunalaýyklyklaryny açyp bilmezligi sebäp bolupdyr.

Halk pedagogikasynyň çagalary dürli ugurlardan bilimler bilen ýaraglandyrmakdan olara uly nesliň tejribesini öwretmekde ýaş nesliň ýadykeşligini, pikirlenişini, ünsüni göz öňüne getirmek ukybyyn ösdürmekde ulanan serişdeleri köpdürli bolupdyr. Munda aýratyn hem hgalk döredijilik eserleriniň uly rol oýnandygyny bellemelidiris. Halk döredijiliginiň uly rol oýnandygynyň sebäbini onuň çagalary dürli ugurdan bolan bilimler bilen komplekisleýin tanyşdyrmak üçin oňaýly bolanlygy bilen düşündirmek bolar. Çagalar eýýam kiçiliginden başlap hüwdileri köp eşidipdirler. Olar arkaly ene diliniň sesleri we sözleri onuň ýakymlylygy, labyzlylygy bilen tanyşypdyrlar. Hüwdiler çagalaryň eşidiş ukybyny, ünsüni, labyzly ses bilen aýdylýan aýdymlara söýgüsini terbiýelemekde ähmiýetli bolup, olarada dil öwrenmek, aýdym aýtmak boýunça geljekde özbaşdak meşgullanmak üçin esas döredipdirler. Çaga sanawaçlary we oýun aýdymlary has hem giň wezipeleri çözmek üçin ähmiýetli bolupdyr. Olar çagalar üçin diňe dil öwrenmek boýunmça peýdaly bolman, eýsem olary arifmetikda, tebigat, astranomiýa we beýleki ugurlar boýunça bilimler bilen ýaraglandyrmaga hyzmat edipdirler. Mysal üçin, aşakdaky sanawajy alyp göreliň,,Bir, Iki, üç, dört, bäş, alty, ýedi, sekiz, dokuz, on, tilki don, tilki donuň bahasy birýüz on . Munda birden ona çenli9 sanlar we,,110 diýen san bolup, ol çagalary sanlar, bilen tanyşdyrmak üçin ühmiýetlidir. Onda üç sany at sözi hem bar. Olar çagalaryň gözýetimini giňeldýär.,,Bir tigir, iki sygyr, üç üzüm, dört düzüm, baş pişik, alty aşyk, ýedi eşek, sekiz sebet, dokuz böwet, on don, ýene kän öwren oglan ýekän-ýekän.

Bu sanawaçda hem sanlaryň onusy, haýwan we predmetiň atlary bolup olary eşitmek hem aýtmak arkaly çagalar dillerini ýençýärler, sözleriň aýdylyşyny, aýladýan zatlaryny tapawutlandyrmagy öwrenýärler, ona çenli sanamagy özleşdirýärler, sanawajyň sözlerini ýat tutmak boýunça türgenleşdirmekleri çagalaryň ýatkeşligini hem pikirlenşini ösdürýär. Çagalaryň arasynda aýdylýan sanawaçlar mukdar taýdan köp we tema taýdan dürli-dürli bolup, olar ýaş nesli terbiýesinde belli hyzmaty ýerine ýetiripdirler. Akyl terbiýesinde ýaňlytmaçlar hem peýdalanypdyr. Ýaňlytmaçlar aýdan adamdan sesleri we teksti tutuşlygyna çalt aýtmagy talap edýär. Sähelçe aljyramagy, parhsyzlygy çaganyň ýalňyşmagyna sebäp bolýar. Teksti hem çalt, hem ýalňyşsyz aýtmak üçin, çaga özbaşdak ýa-da başga biriniň kömek bermegi bilen türgenleşik geçýär.Ýaňyltmaç aýtmaklyk çaganyň

Ýadykeşligini, çalt we ýalňyşsyz sözlemek, sözleriň seslerini açyk aýtmak endigini, pikirlenişini terbiýeleýänligi üçin ähmiýetlidir.

Çagalary akyl taýdan teerbiýelemekde matalar aýratyn orun tutupdyrlar. Mälim bolşy ýaly, matallaryň jogabyny tapmaklyk çagada ýiti synçylygyň pikirleniş+ ukybynyň, ýadykeşliginiň bolmagyny, onuň daş-töwerekdäki predmetlere, zatlara, hadysalara belet bolmagyny, her birtiniň häsiýetli aýratynlyklaryny gowy bilmegini talap edýär. Çagalarda şu hili zerur bilimleri we endikleri ösdürmegi matallary halk pedagogikasynyň iň ühmiýetli terbiýeçilik serişleriniň birine öwürýär.

Mysal üçin,,Atasy üç ýaşynda, ogly bazara gider (üzüm) diýen mataly alyp göreli. Munuň jogabyny tapmak üçin bagçylyga, üzümçilige belet bolmak ösümlikleriň aýratynlygyny üzümiň üç ýyldan soň miwe berýändigini bilmek gerek. Ýa-da:,, Boýy bir garş, sakgaly iki garş (mekgejöwen) matal bar. Mekgejöwene belet bolmadyk, ösüp otyrka onuň daş görnüşini oňa synlamadyk we ýatda saklamadyk çaga bu matalyň jogabyny tapyp bilmeýär. Ýaş nesle akyl terbiýesini bermeklige ertekiler hem oňaýly hyzmat edipdirler. Sebäbi ertekilerde durmuşyň dürli taraplary suratlandyrylýar. Olarda halkyň ýaşaýşy we garaýyşlary, arzuw-islegleri öz beýanyny tapýar. Şoňa göräde ertekiler diňleýjileriň gözýetimini giňeltmekde, durmuşa çyn aralaşmaklarynada dünýägaraýyşlaryny kemala getirmekde, ýagşy näme, ýaman näme, adalatsyzlyk näme, adalatlylyk näme, durmuşda zähmetkeş halkyň tutýan orny näme, onuň ezijileri kim, we ş. m. Birtopar soraglara dogry jogap tapmaklarynda uly rol oýnaýyşlary ýaly olaryň sözleýiş dilini, pikirlenşini, aň-düşünjesini göz öňüne getirmek ukybyny, fantaziýasyny ýadykeşlige ötürmek üçin hem ähmiýetli bolupdyrlar. Ertekileriň üýtgeşik, özüne çekiji başlanyşy we gutaryşy, wakalaryň gyzyklylygy we obrazly beýan edilmegi, käbir ertekide kiçijik, aňsat ýatda galýan goşgujyklaryň hem bolmagy çagalarda owadan obrazda we baglanyşykly sözlemeklige höwesi ösýär. Olary öz sözleýiş dilini kämilleşdirmek üstünde türgenleşmäge ugrukdyrýar.

Öň hem belleýşimiz ýaly türkmenlerde taryhy gürrüňler, rowaýatlar meşgur bolupdyr. Olaryň arasynda hem türkmenleriň öz taryhy bilen baglanyşykly gürrüň-rowaýatlar ýörgünli eken N.N. Ýomudskiý-Garaş han oglunyň habar berişi ýaly,, türkmenler, umuman öz gelip çykyşlaryny iň uşajyk jikme-jikdiklerini we egremlerine çenli öwrenmegi gowy görüpdirler.

 



<== | ==>
| Tema: Täze Galkynyşlar we özgertmeler zamanasynda pedagogika ylmynyň öwrenýän zady we onuň wezipeleri.
:


: 2018-11-11; !; : 257 |


:

:

.
==> ...

1919 - | 1698 -


© 2015-2024 lektsii.org - -

: 0.016 .