.


:




:

































 

 

 

 


AWAZA Milli syýahatçylyk zolagy




2009-njy ýylyň iýunynda Hazar deňziniň kenarynda Awaza Milli syýahatçylyk zolagynda täze binalaryň açylyş dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan başy başlanan Awaza taslamasy geljekki onýyllyklar üçin ýurduň strategiki meýilnamasynda aýratyn orny tutýar, şonuň üçin ol dünýä arhitekturasynyň we inžener-tehniki pikirleriniň iň öňdebaryjy üstünliklerini, döredijilik ideýalary özünde jemlemäge mynasypdyr. Häzirki wagtda bu ýerde gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň bahasy 1,5 milliard ABŞ dollaryndan artdy. Gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäginde ýene-de 10-15 sany dünýä derejesindäki sanatoriýalar we myhmanhanalar ulanylmaga berler.

 

Dynç alyş we göwün açyş industriýasynyň akwaparklaryň, ýaht we sport klublaryň, restoranlaryň, kempingleriň, dürli görnüşdäki attraksionlaryň we söwda merkezleriniň gurluşygyna aýratyn üns beriler. Häzirki wagtda ýedi kilometrlik emeli derýa kurortyň bütin meýdanyny kesip geçýär. Bu gidrotehniki desganyň iki tarapynda hem abadanlaşdyrylan dynç alyş zolagy ýerleşer, bu ýerde baýdarkada, kanoeda sport bäsleşikleri we ýelkenli regata geçiriler.
Türkmenbaşy şäherinde täze aeroport ulanylmaga tabşyryldy, Awaza awtomobil ýoly çekmek, kuwwatly gazturbina elektrostansiýany, deňiz suwuny süýjediji desgasyny, arassalaýjy desgany gurmak, agyz suwy ulgamyny çekmek boýunça işler güýçli depginde alnyp barylýar. Deňiz menzili doly kämilleşdiriler, deňiz kruizy üçin täze teplohodlar, ýahtalar we beýleki gämiler bilen flotuň üsti ýetiriler. Türkmenbaşy şäheri Ýewropa bilen Günorta Aziýa döwletlerini gysga ýol boýunça birleşdirmek üçin gurulýan Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň demir ýol merkezine öwrüler. Syýahatçylyk zolagynyň çägi giňeldilip, onuň meýdany bäş müň gektara çenli giňeldildi. Bu taslamanyň üçünji tapgyrynda birnäçe kazinoly we göwün açyş merkezli özboluşly türkmen Las Wegasy peýda bolar. Türkmenbaşy şäherine täze durmuş geler, köne şäher täze ýere göçüriler. Onuň ýanynda ähli gerek bolan infrastrukturaly, şertleri oňaýly döwrebap ýaşaýyş jaýly täze şäher gurlar.

Maglumatlar Awaza saýtynda görkezilýär.

Saglygy goraýyş

Türkmenistan milli saglygy goraýyş ulgamyny özgertdi we ösdürdi hem-de oňa ilatyň durmuş taýdan goraglylygy boýunça köpmaksatly ulgam derejesini berdi.

Ilatyň saglyk derejesini ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli durmuşa geçirilýän strategiýa, döwlet syýasatynyň saglygy goraýyş ulgamynda wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistan ilaty waksinalar we immunizasiýa bilen üpjün etmekligiň derejesi boýunça sebitde öňdebaryjy orny eýeläp, immunoprofilaktika boýunça çäreleri geçirýän döwletleriň birinji hatarynda durýar. Türkmenistanda waksina sanjymlary tölegsiz geçirilýär. 2010-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan ilat üçin wajyp profilaktiki çäreleriň biri bolan Hib-waksina sanjymy geçirilip başlandy.

Türkmenistan Saglyk maksatnamasyny tapgyrlaýyn amala aşyryp, ilatyň saglyk derejesini ýokarlandyrmak boýunça strategiýany durmuşa geçirip, keselleriň köp görnüşinden dolulygyna ýa-da bölekleýin azat boldy. Türkmenistan 2000-nji ýylda drakunkulýozy ýok edendigi üçin Bütindünýä saglyk guramasynyň sertifikatyna mynasyp boldy, 2002-nji ýylda ýabany poliwirusyň Türkmenistanyň çäginde ýok edilendigi üçin sertifikata mynasyp boldy, bu bolsa poliomelitiň dolulygyna ýok edilendigine şaýatlyk edýär. Türkmenistan hemmeler tarapyndan kabul edilen halkara ölçeglerine laýyklykda, GDA we Merkezi Aziýa döwletleriniň içinde birinji we dünýäde dördünji bolup nahar duzuny ýodlaşdyrdy we adamzadyň wajyp meseleleriniň biri bolan ýod ýetmezçiligi ýok edilen ýurt hökmünde ykrar edildi hem-de 2004-nji ýylda bu barada Bütindünýä saglyk guramasynyň sertifikatyny aldy. Adam bedeninde demir ýetmezçiligi bilen bagly keselleriň öňüni almak maksady bilen Türkmenistanda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde azyk iýmitleri bolan uny we duzy demir bilen baýlaşdyrmak boýunça birnäçe uly möçberli taslamalar durmuşa geçirilýär.

 

Enäni we çagany goramak boýunça maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi döwlet syýasatynyň derejesine çykarylan saglygy goraýyş ulgamynyň düzüm bölegidir. Ýurduň ähli künjeklerinde ýokary dereje enjamlaşdyrlan Ene mähri merkezleriniň döredilmegi, çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmek we gan azlyk bilen göreşmek boýunça milli maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ir halkara guramalary tarapyndan ýokary baha mynasyp boldy. Bu we beýleki çäreler 1990-2008-nji ýyllar aralygynda bäbekleriň ölümini iki esse, eneleriň ölümini on esse azaltmaga mümkinçilik berdi.

Gyzzyrma, gyzamyk we gyzylja ýaly kesellere garşy göreşmek ep-esli güýçlendirdi. Ýurtda gyzzyrma keselini doly ýok etmek ýagdaýy tamamlanyp barýar, inçekesel bilen kesellänler gözegçilik etmekligiň taryhynda iň pes derejesi bellenildi. WIÇ infeksiýasynyň ýaýramagynyň öňüni almak we ýol bermezlik boýunça üstünlikli halkara hyzmatdaşlyk etmekligiň netijesinde Türkmenistan WIÇ infeksiýasynyň we SPID-iň ýaýramadyk az sanly döwletleriň hatarynda dur.

Bilim

Türkmenistanda milli bilim ulgamyny hem-de ýokary okuw mekdep ylmyny ösdürmek we dünýä derejesine çykarmak maksady bilen ägirt uly işler alnyp barylýar.

Soňky ýyllarda döwlet tarapyndan berilýän goldawyň çäklerinde Türkmenistanda Bilim hakyndaky kanun kabul edildi. Şoňa laýyklykda, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bilim berilmeginiň hilini hem-de netijeliligini artdyrmak üçin bilim ulgamyna döwrebap informasion we aragatnaşyk tehnologiýalary girizilýär, orta we ýokary okuw mekdepleri kompýuter we multimediýa enjamlary bilen üpjün edilýär we çagalar baglary, orta we ýokary okuw jaýlary gurmakda uly işler alnyp barylýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanda 1741 sany orta mekdep, 848 sany çagalar bagy, 23 ýokary okuw jaýy, 127 sany başlangyç bilim berýän ýöriteleşdirilen mekdepler, 27 sany tehnikum hem-de ýörite orta mekdepler bar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýyla çenli obalaryň, şäherleriň, etraplaryň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş üpjünçiligini kämilleşdirmek baradaky milli maksatnamasyna laýyklykda ýurdumyzyň çagalar baglarynyň sany 428-e, orta mekdeplerniň sany bolsa 328-e ýeter.

Ylym

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda milli ylymda düýpgöter özgertmeler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasy gaýtadan dikeldildi,

Ýokary Geňeşiň ylym we tehnika bölüminiň esasynda ylym we tehnika gaznasynyň düýbi tutuldy, Ýokary komitet ýörite ugurlar boýunça geňeş bilen bilelikde işleri alyp barýar. Türkmenistanda 2012-20126-nji ýyllarda ylym ulgamyny ösdürmek baradaky döwlet maksatnamasy, ylmy işleri goramak baradaky döredilen geňeş, akademiki institutlaryň laboratoriýalarynda ylmy barlaglaryň toplumyny amala aşyrmaga ýardam berýän döwrebap enjamlar bilen üpjün etmek, şol sanda fizika, himiýa, biotehnologiýa, ekologiýa we beýleki pudaklarda alnyp barylýan işleriň hemmesi ýurdumyzyň ylmy-tehniki potensialyny ösdürmäge ýardam edýär.

Şolaryň arasynda - türkmen paýtagtynda ylmy-barlag edaralaryny we okuw jaýlaryny birleşdirýän ýörite Tehnopark toplumy, beýleki obýektleri döretmek, şeýle hem, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň düzümine girýän ylmy-barlag institutlaryna maddy-tehniki binýadyny berkitmäge degişli resminamalary, ylmy derejeleri we ylmy atlary dakmakhakyndaky çözgüt kabul edildi. Şu günki günde türkmen alymlarynyň ykdysady-guramaçylyk, agrosenagat toplumyny, oba hojalygynda ekin dolanyşygyny, we köp ugurly oba hojalyk senagatyny kämileşdirmegi, ylmy seleksiýa taýdan, gowaça sortlarynyň, bugdaý we beýleki ekinleriň köp hasylly bolmagy esasy maksady bolup durýar. Garagum çölünde gurlan Altyn Asyr türkmen kölüniň ekologiýa taýdan işläp taýýarlanylan kartasyndaky miweli baglaryň we genetiki gaznasynyň baýlaşmagyna uly üns berilýär.

 





:


: 2017-01-28; !; : 905 |


:

:

,
==> ...

1918 - | 1830 -


© 2015-2024 lektsii.org - -

: 0.01 .