.


:




:

































 

 

 

 


Mugallymdan edilýän talaplar




Mugallymlaryň hünär we jemgyýetçilik funksiýalarynyň aýratynlyklary okuwçylaryň, ata-eneleriň, jemgyýetiň onuň şahsyýetinden, moral hereketlerinden edýän ýokary talaplarydyr. Mugallymdan edilýän talap onuň pedagogik işiniň netijeliligini kesgitleýän hünär hilleriniň imperatiw talap edijilik ulgamydyr.

Mugallymdan edilýän ilkinji talaplar onda pedagogik ukyplaryň bolmagydyr. Şu günler pedagogik ukyplar intensiw ösüş ýolunda. Çagalar bilen işlemäge islegi bolan, olary söýýän, olar bilen söhbetleşip lezzet alyp bilýän şahsyýetiň hillerine pedagogik ukyplar diýilýär. Käbir wagt peagogik ukyplar gysga manyda-da anyk işleri başarmak manysynda-da ulanýarlar. Mysal üçin, owadan sözlemek, aýdym aýtmak, surat çekmek, çagalar bilen işleri gurap bilmek. Pedagogik ukyplar esasy toparlary şu aşakdakylardyr.

1. Guramaçylyk ukyplary. Okuwçylary bir topara jemläp bilmek, oýlary bir iş bilen güýmemek, borçlary paýlamak, işi meýilnamalaşdyrmak, edilen işiň jemini jemlemek.

2. Didaktiki ukyplary. Okuw maglumatlaryny elýeter, düşnükli, gyzykly, ynandyryjy we yzygiderli düşündirip bilmek, görkezme esbaplary sapakda ulanylmaly materiallary, abzallary saýlap bilmek we taýýarlamak, okuwçylaryň bilesigelijiligini we ruhy talaplaryny höweslendirmek, okuw isleglerini aktiwleşdirmek.

3. Perseptiw ukyplary. Okuwçylaryň ruhy dünýäsine aralaşyp bilmek, psihikasynyň aýratynlyklaryny ýüze çykarmak we olaryň emosional ýagdaýyny obýektiw (dogry) bahalandyryp bilmek.

4. Kommunikatiw ukyplary. Okuwçylar bilen, kärdeşler bilen, ata-eneler bilen, mekdep ýolbaşçylary bilen dogry pedagogik maksada gönükdirilen aragatnaşyk gurap bilmek.

5. Suggestiw ukyplary. Okuwçylara emosional erkli täsir edip bilmek.

6. Barlag ukyplary. Özüniň tejribe işinde ýüze çykan pedagogik situasiýalary we prosesleri öwrenip we obýektiw bahalandyryp bilmek.

7. Ylmy öwrenijilik ukyplary. Öz saýlan hünäri boýunça ylmy bilimleri ele alyp bilmek.

Mugallymyň esasy hünär hiller diýip zähmetsöýerlik, işjeňlik, tertiplilik, jogapkärlik, maksat goýup bilmek, oňa ýetmek üçin ýollary saýlap bilmek, guramaçylyk, talapkärlik, öz hünär derejesini ulgamlaýyn we meýilnamalaýyn kämilleşdirmek, öz zähmetiň hilini ýokarlandyrmaga çemeleşmek we ş.m. hasap etse bolar.

Bu talaplaryň üsti bilen pedagog işçi hökmünde häsiýetlenýär.

Bazar ykdysadyýeti döwründe, mekdeplerde täze talaplaryň (kontrakt, meýilnama) ýüze çykmagy mugallymda okuw-terbiýeçilik işlerinde gowy aragatnaşyk gurmagy başarýan adamkärçilik hilleriniň wajyplygyny kesgitledi.

Bu häsiýetler şulardyr: adamkärçilik, mylaýymlylyk, mylakatlylyk, çydamlylyk, paýhaslylyk, jogapkärçilik, dogruçyllyk, adalatlylyk, hökmanylyk, obýektiwlik, ýokary ahlaklyk, optimizm, emosional deňagramlylyk, arkaýynlyk, söhbetdeşlige talap, terbiýeleýänleriniň durmuşyna gyzyklanma, öz-özüni tankyt edip bilmeklik, dostluk, özüni elde saklap bilmeklik, watany söýmek, öz-bahasyny bilmek, dini garaýyş, prinsipiallyk, emosinal medeniýet, elinden gelse kömek bermeklik.

Mugallym üçin esasy hil ynsanperwerlikdir.

Mugallym bu hemişe aktiw, döredijilikli şahsyýet. Ol okuwçylaryň gündelik durmuşynyň guramaçysy bolup çykyş edýär.

Synpa ýolbaşçylyk etmek mugallymdan döredijiligi, talap-edijiligi, islendik ýagdaýlardan özbaşdak baş alyp çykarmagy talap edýär.

Çydamlylyk, öz-özüňi ele almak, ruhy duýgurlyk, adalatlylyk, talap edijilik, ýumor duýgusy, hünär takty mugallymyň hökmany hilleridir.

Mugallymyň şahsy hilleri onuň hünär hilleri bilen berk arabaglanyşyklydyrlar. Hunär hillerine hünär taýýarlygy döwründe ýörite alan bilimleri, başarnyklary, pikirleniş ukyplary, işiniň usullary degişlidir. Olaryň arasynda: öz okadýan dersiňi, ony okatmagyň usulyny bilmek, psihologik taýýarlyk, umumy erudisiýa, giň medeni dünýägaraýyş, pedagogik ussatlyk, pedagogik işiň tehnologiýalaryny ulanyp bilmek, guramaçylyk başarnyklar we endikler, pedagogik takt, pedagogik tehnika, söhbetdeşligiň tehnologiýalaryny ulanyp bilmek, oratorlyk ussatlyk we başga hiller.

Haýsy-da bolsa bir hünäre hödürlenýän hillere hünär häsiýetnamasy diýilýär. (professiogramma).

Ilkinji hünär häsiýetnamasy XX asyryň 20-30-njy ýyllarynda, işi ylmy esasda gurmak pikirini öňe süren alymlar tarapyndan düzüldi. Bu hünär häsiýetnama şol döwrüň sowet mugallymyna niýetlenenipdi. Onda mugallymdan edilýän talaplar şu aşakdakylardy:

1. Beden saglygy.

2. Häsiýetiň deňagramlylygy.

3. Ösen erklik.

4. Inisiatiwlilik, döredijilik.

5. Guramaçylyk ukyplar we endikler.

6. Doly orta bilim we öz dersiňi gowy bilmek.

7. Öz bilim derejäňi täze maglumatlar bilen baýlaşdyryp bilmek we daş-töwerekde bolýan hadysalardan habarly bolmak.

8. Häzirki zaman psihologiýasynyň, pedagogikasynyň we metodikasynyň esasy akymlary bilen tanyş bolmak.

9. Öz okadýan dersiň usuly bilen tanyş bolmak.

10. Öz okadýan okuwçylar toparyňy bilmek.

11. Sosial-ykdysady we syýasy taýýarlyk.

12. Jemgyýetçilik durmuşy bilen gyzyklanmak we oňa işjeň gatnaşmak.

13. Geçirýän işiň maksady we wezipelerini doly we aýdyň aňlamak.

14. Öz hünäriň bilen ýakyn syýasy-köpçülik işleri bilen tanyş bolmak.

15. Okuwçylary söýmek.

16. Mugallym tertipli, arassa, owadan geýinmeli, onda kollektiwizm, öz borjuňy duýmak duýgulary bolmaly. Işiňe söýgi, ak ýürekli bolmalydyr.

XX asyryň 80-nji ýyllarynda mugallymyň hünär häsiýetnamasyny işlän alym W.A. Slastenindir. Onuň hödürleýän hünär häsiýetnamasy (professiogrammasy) dört bölümden ybarat bolup, olar:

1. Häzirki zaman mugallymyň hili we häsiýetnamasy. Bu bölüm özünde a) maksada gönükdirilenligi; b) hünär-pedagogik gönükdirilenligi; ç) öwrenijilik gönükdirilenligi jemleýär.

2. Psihologik we pedagogik taýýarlygyna talaplar. Olara a) bilim; b) başarnyk; ç) endikler degişlidir.





:


: 2018-11-11; !; : 792 |


:

:

, , .
==> ...

1817 - | 1703 -


© 2015-2024 lektsii.org - -

: 0.01 .