.


:




:

































 

 

 

 


Zähmet terbiýesi we politehniki bilim




Şu gün döredijilikli işlemegi başarmaýan, daş-töwerekdäki önümçiligiň ösüşinden, önümçilik aragatnaşyklaryndan, olarda ulanylýan zähmet gurallaryndan habary bolmadyk, başy çykmadyk adamy göz öňüne getirip bolmaz. Asyrlar boýy barlanan zähmet terbiýesi şahsyýetiň hemmetaraplaýyn we garmoniki ösüşiniň esasy prinsipidir.

Zähmet terbiýesi zähmet aragatnaşyklaryny, hereketlerini, zähmet gurallaryny, olaryň ulanyşyny öwredýän terbiýe prosesini öz içine alýar.

Politehniki bilim bu okuwçylary önümçiligiň esasy ýörelgeleri bilen tanyşdyrmaga, häzirki zaman önümçiliginiň prosesleri we gatnaşyklary barada bilimleri bermäge gönükdirilendir. Onuň esasy wezipeleri önümçilik prosesine gyzyklanma döretmek, tehniki başarnyklary, täze ykdysady pikirlenmegi, oýlap tapyjylygy ösdürmekdir. Dogry ýola goýlan politehniki bilim zähmetsöýerligi tertipliligi ösdürýär we hünäri dogry we aňly saýlamaga kömek edýär.

Her bir zähmet çagalarda gyzyklanma, höwes döretmeýär. Diňe öndürijilikli zähmetiň netijesinde, maddy gymmatlyklar döredýän zähmet okuwçylara doly we dogry täsir edip bilýär. Öndürijilikli zähmetiň häsiýetleri: 1) maddy netijesi bolmaly; 2) guramaçylykly; 3) jemgyýetiň zähmet gatnaşyklaryna, ulgamyna goşulmagy; 4) maddy sylaglanmalar.

 

Ahlak terbiýesi

Adamyň jemgyýete, zähmete, adamlara bolan garaýyşlaryny kesgitleýän özüni alyp baryş normalaryna ahlak diýilýär. Ahlaklylyk bu başga adamlar üçin däl-de özüň üçin içki moral, görkezilmeýän moral. Ahlak terbiýesi jemgyýetiň talabyna laýyk ahlak düşünjeleriň, duýgularyň, ynamlaryň, pikirleriň, özüňi alyp barmak endikleriniň we öwrendikleriniň kemal getirmek wezipelerini çözýär.

Dogruçyllyk, adalatlylyk, borçlulyk, jogapkärçilik, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik, ululary sylamak, halkara gatnaşyk, döwleti, onuň organlaryny, döwlet nyşanlaryny, kanunlaryny, konstitusiýasyny sylamak, watana söýgi, raýat borjyna, öz-özüňe talap, sosial aktiwlik, mätäjä kömek bular ahlak hilleridir.

Estetiki (gözellik) terbiýe. Estetiki terbiýe terbiýäniň maksadynyň we terbiýeçilik ulgamynyň esasy bölegi bolup okuwçylaryň estetiki ideallarynyň talaplarynyň, islegleriniň umumylaşdyrylýan ösüşidir. Estetiki terbiýäniň wezipelerini iki topara bölüp bolar nazary maglumatlary ele almak we tejribe endikleri kemala getirmek. Birinji toparyň wezipeleri estetiki gymmatlyklara düşunmek, ýakynlaşmak meselelerini çözýän bolsa, ikinji wezipeler topary okuwçynyň estetiki işe aktiw goşulmagyny çözýär.

Estetiki (gözellik) gymmatlyklara düşünmek, ýakynlaşmak meseleleri.

estetiki bilimleri kemala getirmek;

estetiki medeniýeti ösdürmek;

estetiki we medeni mirasymyzy öwrenmek;

daş-töwrege estetiki garaýyşy kemala getirmek;

estetiki duýgulary ösdürmek;

adamlary durmuşdaky, tebigatdaky gözelliklere ýakynlaşdyrmak;

gözellik kanunlary esasynda durmuşy we işi guramagy ösdürmek;

estetiki idealy kemala getirmek;

daşky görnüşiň, pikiriň, işiň, hereketiň, gözel bolmagyny kemala getirmek.

Estetiki işe aktiw goşulmak wezipeleri her bir okuwçynyň öz eli bilen gözellikleri döretmäge gatnaşmagyny; saz, žiwopis, horeografiýa bilen tejribede meşgullanmak, döredijilik birleşiklerinde, toparlarynda, studiýalarda işlemekligini gazanmakdyr.

Şu günki mekdeplerde geçirilýän estetiki terbiýesi döwrüň talabyny doly ödemeýär we şahsyýetiň estetiki aňynyň ösmegine doly getirmeýär. Tä aýdym-saz, surat sapaklary öz ornuny mekdepde doly tapmaýança estetiki terbiýesi öz wezipesini doly çözüp bilmez.

 





:


: 2018-11-11; !; : 564 |


:

:

, .
==> ...

1795 - | 1657 -


© 2015-2024 lektsii.org - -

: 0.013 .