.


:




:

































 

 

 

 


Nesle geçijilik ýa-da tohum yzarlama.




Genotip- (grek dilinde gen-gelip çykyş, tip-görnüş, nusga).

Fenotip -(gr.ỳüze çykỳaryn, bölünmeỳän, nusga). Nesle geçirilýän ýagdaýlar genleriň üsti bilen berilýär. Organizimiň miraslyk esasy /genotipi/ adamynyň ösüş prosesinde kabul edip alýan taraplary /fenotipi/ bilen baglanyşyp gidýär. Tutuş organiziminiň, onuň aýry-aýry sistemalarynyň fiziologik gurluşy, ýetişiş döwri, esasy morfologik we amal ediş alamatlary, jynsy, birtopar indiwidual aýratynlyklary /derisiniň, saçynyň, gözüň fiziologik gurluşy, ýetişiş döwri, esasy morfologik we amal ediş alamatlary, jynsy, birtopar indiwidual aýratynlyklary /derisiniň, saçynyň, gözüniň reňki, formasy, ýüz-keşbi, barmaklarynyň aýratynlyklary we ş.m./, ganyň haýsydyr bir topara degişliligi genler arkaly kesgitlenilýär. Ýokary nerw işiniň belli tipleri /holerik, sangwinik, flegmatik, melanholik ýaly temperamentler/, iýmit göreninde tamşanmak, güýçli çykan sese tarap birden seretmek, juda gyzgyn ýa sowuk zada elini degireninde ondan eliňi silkip almak, güýçli ýalpyldyly yşga gözüni gyrpyldatmak ýaly şertsiz refleksleriň döremegi hem tohum yzarlamanyň täsiri bilen bolýar. Adam organiziminiň ösüşine nesle geçijilik bilen baglanyşylykly käbir fiziologik, psihologik ýetmezçiliklerde-de gabat gelinýär. Bu ýagdaý galapyn çaga dünýä inýänçä we dünýä inenden soňky birentek ýakymsyz şertleriň täsiri bilen baglanyşykly. Şoňa görä çaganyň kadaly ösmegi entek ol dünýä inmänkä çynlakaý alada etmegi talap edýär. Türkmenler öňlerem çaga dogran aýallara örän aýawly garapdyrlar, oňa guýruk ýagyny iýdiripdirler, uzak wagtlap işletmändirler. Garaşsyz Türkmenistanda göwreli hem körpe çagaly eneler üçin döredilýän ýeňillikler, edilýän aladalar ýaş nesiliň kadaly ösmegi hem döwrebap edilip terbiýelenmegi üçindir.

Nesile geçijilik ata-enesinden geçen kesgitli hilleriň we aýratynlyklaryň jemidir. Genler organizm hakyndaky maglumatlaryň tutuş toplumyny özünde jemleýär we indiki nesile geçirýär. Bu bolsa adamlaryň umumylygyny we şol bir wagtyň özünde biri-birine meňzemeýänligini kesgitleýär. Öz-özüňi terbiýelemek adama tebigat taýdan berlendir. Haýwanlarda bolsa tersinedir, olar tebigatyň kanunyna laýyk hereket edýärler. Pedagogik nukdaýnazardan adamyň ösüşiniň kanunalaýyklyklary 3 esasy meseläni öz içine alýar (1.Intelektual. 2.Ýörite-belli bir işi ýerine ýetirmek üçin zerur bolan mümkinçilikler. 3.Moral-adamyň nähili bolmagy daşky gurşaw bilen baglydyr).

2.Sosial sreda. Çaga dünýä inenden soň ilkinji hepdede onda şertli refleksler döräp başlaýar. Kem-kemden ikinji signal sistemasy /sözleýiş dili/ emele gelýär, kämilleşýär. Çaganyň baý tebigy fonduna sosial sreda birsyhly täsir edip durýar. Sosial sredanyň neneňsidigine garap, adam tebigatdan alan mümkinçiliklerini giňden ösdüribem, ösdürmänem biler. Eger adam sosial sredadan üzňe bolsa, onda ol tebigatdan gymmatly fondy alanlygyna garamazdan, haýwanlardan onçakly tapawutlanybam durmaz. Muny ynsanyň kijijikkä haýwanlaryň arasyna düşen, soňra adamlar tarapyndan ele salnan, her näçe alada edilse-de, ony kadaly adamlaryň hataryna goşmak başartmanlygy baradaky mysallar hem subut edýär. Ýa-da başga bir mysal. Paragwaýda gyaýkiller atly iň bir yzda galan taýpa ýaşaýar.Taýpanyň adamlary ýabany arylaryň baly bilen oňnup edýärler, özlerem ýarym-ýalaňaç halda gezýärler. Wellar atly fransuz etnografi şol ýerde bolanda, ýoluň gyrasynda galdyrylyp gidilen 2 ýaşly gyzjagazy öz ýurduna alyp gaýdýar hem ejesine terbiýelemäge berýär. Gyzjagaz ulalyp, 1958-nji ýylda 20 ýaşyny doldurýar. Şonda ol Ýewropanyň beýleki intelligent aýallaryndan birjik-de tapawutlanmaýar. Ol etnograf bolup ýetişýär, fransuz, ispan, portugal dillerini birkemsiz öwrenýär. Belli alym-pedogog Ş.A.Amonaşwili muny şeýle düşündirýär: ynsanyň hakyky ösüşini üpjün etmek üçin onuň ömrüniň ilkinji sekiz-on ýylynda zerur bolan şertler gerek, sebäbi adamyň tebigatynda sözleýşi emele getirýän mehanizm herekete gelip başlanda, onuň adamzat jemgyýetinde bolmagy hökmandyr. Eger Guaýkilleriň taýpasyndan alnyp gidilen gyzjagaz 2 ýaşynda bolman, aýdaly, 8-10 ýaşynda bolan bolsady, onda onuň terbiýesiniň netijesi arzuw ederlik bolmasa-da bolmazdy. Görşümiz ýaly, şahsyýetiň kemala gelmegi üçin sosial sreda möhüm faktorlaryň biri bolup durýar.

Mekdep okuwçylarynyň sredasy olaryň daş-töwereginde bolup durýan wakalar, hadysalar, ýaşaýyşyň maddy we medeni şertleri, ýaşaýan we okaýan ýeri, iş salysýan adamlary, çagalar, ýetginjekler we beýleki jemgyýetçilik guramalary, önümçilik prosesi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we başgalar. Olar çagany gurşap almak bilen onuň şahsyýetiniň ösüşine birsyhly öz täsirini ýetirip durýar.

Biz adamy adam edýän jemgyýetdigini ýatdan çykarmaly däldiris. Adam diňe jemgyýetde ýaşap, tebigat tarapyndan berlen üstünliklere ýetip biler. Daşky gurşaw-bu adamyň ösýän we real hakyky şertidir. Olara geografiki, sosial, mekdep, maşgala degişlidir. Pedagogika daşky gurşawy 2-ä bölýär: 1.Sosial gurşaw-jemgyýetiň gurluşy, önümçilik gatnaşyklary, ýaşaýyş şertleri, sosial prosesler. 2.Ýakyn gurşaw-maşgala, garyndaşlar, dostlar. Pedagogikada çekişme döredýän meseleleriň biri-de adama nesilegeçijilik ýa-da sosial sreda köp täsir edýärmi diýen meseledir. Biogenetikler -şahsyýete nesilegeçijilik täsir edýär diýip belleseler, sosiogenetikler- daşky gurşaw esasy orun tutýar diýip belleýärler. Iňlis alymy D.Şattlewort (1935) geçiren tejribesi boýynça: Akyl ösüşiniň 64 göterimini nesilegeçijilik, 16 maşgala gurşawy, 3 maşgaladaky çaga terbiýesi, 17 nesilegeçijilik tutýar diýip belleýär.

Häzirki zaman ylmynyň berýän maglumatlaryna görä şahsyýetiň ösüşine täsir edýän faktorlar:

1. Maşgala, öý goşlary, jaý, deň-duşlary şahsyýete dogry ýa-da nädogry täsir edip biler;

2. Mezofaktorlar-habar beriş serişdeleriniň täsiri;

3. Makrofaktorlar-halk, medeniýet, döwlet, jemgyýet.

4. Megofaktorlar-kosmos, planetalaryň täsiri. Asmanda we howada bolup geçýän hadysalaryň adama täsiri.

5. Akselerasiýa-adamyň beden (fiziologik) ösüşiniň tizlenmegi. Bu esasan dem alýan howaňa, iýmitiňe bagly bolup durýar. Meselem, dişiň düşmegi, saçyň agarmagy, jyns ösüşiniň tizligi, adamyň boýy we beý.

3.Terbiýe şahsyýetiň ösmegine esasy faktor bolup durýar. Onuň roluna irki wagtlaryň akyldardyr pedagoglary-da aýratyn zähmet beripdirler. Halk pähimleriçe At seýse bagly, adam-terbiýä, Çaga eziz, edebi ondanam eziz diýilip nygtalypdyr. Perzent üçin terbiýeden gowy miras ýokdyr diýilip Kowusnamada aýdylýar.

XVIII asyryň görnükli alym-pedagogy Döwletmämmet Azady adamyň ösüp kemala gelmeginde terbiýäniň uly güýjüniň barlygyny belläpdir. Ol özüniň meşhur Wagzy-azat kitabynda ýaş nesle terbiýe bermegiň 40 sany düzgüni ylmy taýdan işläp, ata-enelere, pedagoglara sagdyn gollanmany hödürläpdir. Şol pedagogik düzgünler, normalar sazlaşykly ösen şahsyýete mahsus bolan ahlaklylyk, belent adamkärçilik sypatlary özünde jemleýär.

Terbiýe meselesi halk döredijiliginiň dürli žanrlarynda-da, klassyklaryň eserlerinde-de, türkmen halkynyň jemgyýetçilik-syýasy garaýyşlarynda-da, ýazuw ýadygärliklerinde-de öz beýanyny tapypdy. Çaganyň güýjüni, başarnygyny ugrukdyryp, il-günüň, jemgyýetiň bähbitleri bilen utgaşdyryp goýberýän terbiýe a)ýaş nesliň durmuşyny, işini maksada laýyk edip gurýar, b)çaganyň sazlaşykly peýdalanmagy göz öňünde tutup, ç)adamyň kadaly ösmegine zyýan berýän zatlary aradan aýyrmagy maksat edinýär. d)ösüp barýan nesliň sosial sreda, adamlara we olaryň işlerine, ýaşaýyş-durmuşyň akymlaryna, wakalara, zatlara, hadysalara bolan garaýyşyny emele getirýär.

Şahsyýetiň ösüp kemala geliş prosesinde ösüş döwürleriniň häsiýetli aýratynlyklaryny, indiwiduallygyny öwrenmek pedagog üçin örän möhümdir.

II.Adam ömrüniň ýaş aýratynlyklary boýunça döwürlere bölünişi we onuň praktiki ähmiýeti. Pedogogikanyň taryhynda çagalaryň ýaş taýdan döwürlere bölünişiň birnäçe döwürleri bellidir. Mysal üçin, Gadymy Gresiýada Platon (b.e.427-343) ýaş aýratynlyklaryny: 3-6 ýaşa çenli, 7-12 ýaş, 12-16 ýaş, 16-18 ýaş, 18-20 ýaş, 20-30 ýaş, 30-35 ýaş, 35-50 ýaş diýip bölüpdir. Aristotel (384-322) doglanda 7 ýaş, 7-14 ýaş, 14-21 ýaş çenli diýip bölüpdir we Rimde her ýedi ýyl, çeh pedogogy Ý.A.Komenskiniň sistemasynda her alty ýyl çaganyň ösüş döwri hasaplanypdyr. Bu mesele geçmişiň filosoflarynyň hem ünsüni özüne çekýär. Adam ösüş döwrüni ýaş aýratynlyklary boýunça parhlandyrmaklyga olaryň hersi özüçe, dürli nukdaýnazardan baha beripdir.

Bu babatda beýik akyldar Magtymgulyny fiziolog, psihalog hem pedagog hökmünde göz öňüne getirip bolar. Onuň Nahana geldi, Joşa ýetdiň, Ýaşynda, Düşen günlerim atly eserlerinde her bir ýaş aýratynlyklarynda, bäş-on ýaşy öz içine alýan döwürler hem aýratynlykda häsiýetlendirilýär. Akyldaryň düşündirişine görä, çaga dünýä inen döwründen mekdep ýaşyna çenli bolan aralykda fiziologik hem psihalogik taýdan özgerýär, dürli oýunlar arkaly özara ýaryşyp türgenleşýär, bedenlerini berkidýär, ýagşy bilen ýamany parhlandyrmagy öwrenip başlaýar. Üç ýaşynda bolsa iň möhüm zada-sözläp bilmek ukybyna eýe bolýar. Dört-bäş-alty ýaşlaryndan tä ýedi-sekiz ýaşlaryna çenli aralykda bolan günleriň her birini Bahar-ýaz edip geçirýär. Şeýdibem ösýär hem ulalýar.

Çaganyň ýedi-sekiz ýaşlarynda onuň ösüşiniň möhüm döwri başlanýar. Ol mekdebe gatnap ugraýar, bilim alýar, edep öwrenýär. Akyldaryň sözleri bilen aýtsak, onda ol ýola girýär:

Ýediňe mekdep gördüň,





:


: 2018-11-11; !; : 922 |


:

:

- , 20 40 . - .
==> ...

1849 - | 1805 -


© 2015-2024 lektsii.org - -

: 0.017 .