.


:




:

































 

 

 

 


Pedagogika ylmynyň düzümi ýa-da esasy ugurlary.

Ahlakly adamy terbiýeläp ýetişdirmek üçin bilim, terbiýe berilýär, edep öwredilýär. Sazlaşykly ösen şahsyýeti terbiýeläp ýetişdirmek niýeti bilen edilýän aladalar terbiýeçilik işiniň düzümini emele getirýär, onuň esasy ugurlaryny anyklaýar. Şol ugurlar barada pedagogikanyň ýörite bölümimde giňden söhbet edilýänligi sebäpli, şu ýerde olaryň üstünde gysgaça durup geçmek bilen çäklenmegi makul bildik.

Akyl terbiýesi. Bu köp taraply, giň düşünje bolup, her bir ynsanyň akylly-başly, sowatly, düşbi, ugur tapyjy bolup ýetişmegini aýratyn ähmiýet beripdir, tebigat dünýäsiniň, jemgiýetçilige, durmyşynyň dürli taraplary hakyndaky bilimleri onuň aňyna siňdirip gelipdir. Çünki türkmenler bilimli, sowatly adamyň birek-birege, goňşulara, beýleki adamlara hemişe hoşniýetli, mährem bolýanlygyna, kesekiniň malyna göz gyzdyrman, halal zähmet bilen ýaşanlygyna, halklaryň arasyndaky dostluga biparh garamazlygyna, kalbynyň päk, ýüreginiň arassa bolanlygyna örän gowy düşünipdirler. Ata-babalarymyz Bilene zor birini ýykar, bilimi zor müňini ýykar diýipdirler. Hadysalar hem ylymly-bilimli bolmagy, ylyma degişli gürrüňleri diňlemegi, ýatda saklamagym, ylmy söýmegi ündeýär. Kowusnamada-da Akyl bilen maýa toplan bolar welin, maýa bilen akyl toplan bolmaz diýilýär. Mahmyt Kaşgarynyň meşhur Diwany luçat et türk atly sözlüginde bilime şowlulyga, bagtlylygyň alamaty hökmünde seredilse, Oguznamada ýaşuly nesliň akyl-paýhasyna belent sarpa goýulýar. Magtymguly akyldarymyz hem Kitap gören gullar magnydan dokdur. Olaryň kalbynda şeýtan bolarmy diýip akylly bolmak üçin okamagyň zerurlygyny nygtaýar. Ahlak terbiýesi. Ahlak adamyň özüniň alyp baryşyny, gylyk-häsiýetlerini kesgitleýän kadalardyr we şol kadalaryň jemlenmegidir. Ol adamlaryň bir-birine bolan garaýyşlaryny, watana, halka, jemgyýete, maşgala bolan garaýyşlaryny kesgitleýär. Türkmenler adamyň mertebesine baha berenlerinde onuň adamkärçilik sypatlaryny: watanperwerligini, ynsanperwerligini, dostluk-ýoldaşlyk gatnaşyklaryny, myhmanparazlygyny, dogryçyllygyny, pespälligini, namysjaňlygyny, tygşytlylygyny, ata-enäni, ýaşuly adamlary näderejede hormatlaýanlygyny we beýleki ahlaklylyk taraplaryny nazara alypdyr. Pedagogika ylmy ýaş nesli ahlaklylyk ruhunda rbiýelemegi türkmen halkyyň şu ugurda döreden pähim-paýhasnyň esasynda alyp barmagy maksada laýyk diýip hasap edýär.

Zähmet terbiýe-türkmen halkynyň röwşen geljegi üçin zahmet cekmage uyply, ruhubelent hem sagdyn, gaýratly hem başarjaň adamlary terbiýeläp ýetişdirmegi göz öňünde tutýar.

Zähmet terbiýe barada Saparmyrat Türkmenbaşynyň Hiç bir ýurt zähmetsiz baý bolan däldir. Biz öz baýlygymyzy halal zähmetimiz bilen hem akylymyz bilen gazanarysdiýen sözlerindenugur almagy,Ata Watanyň,il-günüň bähbidi,ýşaýyş durmuşynyň eşreti, herb br ynsanyň bol ýaşamagy üçin ukyply, jepakeş bolmgyň

Zerurlygy baradaky düşünjeleri ýaş nesliň aňyna guýmagy esasy maksat edip öňde goýmaly, zähmet terbiýesi maşgala ojagyndan başlanýar,soňra ýaş nesliň akyl zähmetini hem-de zähmet okywyny (hyzmat ediş zähmeti,oba hojalyk zähmeti tehniki zähmeti,zähmet okuwlaryny) dogry guramak, hünärlere gönükdirmek, klasdan daşary geçirilýän çäreleri göwnejaý ýola goýmak arkaly dowam etdirilýär.

Estetiki terbiýe ýaş nesliň tebigat dünýäsiniň, adamzat jemgyýetiniň hem-de onyň ýaşaýyş durmyşynyň süňňüne ornaşan gözellikleri görüp olara düşünip, guwanyp, baha berip, başardygyndan goşant goýup bilmegini göz öňünde tutýar. Bu ugurda dumuşa geçirilýän okuw terbiýeçilk işler akyl, ahlak, zähmet terbiýesi bilen sepleşip gidýär. Çünki tebigat dünýäsiniň gözellikleridir, täsinliklerine akyl ýetirmek, olary çeper sözüň hünäri diliň üsti bilen wasp etmek, medeni we ruhy gymmatlyklary döretmäge gatnaşmak bularyň hemmesi hyjuwly zähmetiň netijesinde mümkin bolýar. Estetiki terbiýe ynsany ruhybelent edýär,daşky gözellik bilen içki gözelligi utgaşdyrýär.Türkmen halkynyň estetiki terbiýe bermek babatyndaky peýdalanan serişdeleri: aýdyn-sazy, halk döredijiligi, klassiki edebiýaty, sungat eserleri, medeni arhitektura ýadygärlikleri, edep-ekramy, däp-dessurlary we ş.m. giden bir ulgamyny emele getiripdir.Häzirki döwürde ýaş nesli gözellik ruhda terbiýelemekde egsilmez çeşme bolup hyzmat edýär,belli türmen alymyň Sähet Rejebowyň gözellik baradaky düýpli işleri hem-de pedagoglar üçin esasy gollanmadyr.

Beden terbiýesi berk bedenli, sagdyn, gaýratly he çydamly adamlary terbiýeläp ýetişdirmegi maksat edinýäler.Türkmeniň ata-babdan gelýän arzuw aladasy hem şeýle şahslary kemala getirmek bilen baglanyşykly bolupdyr.Beden terbiýesi adam bedeniniň ösmegine hem berkleşmegine, ýaş nesliň şähdiaçyk hem çydamly bolmagyna, onda ahlak sypatlarynyň berk erkinligiň, durnukly gylyk-häsiýetniň, düzgün-nyzamlylygyň, dostlugyň, borçluk duýgusynyň emele gelmagine ýardam edýär. Şonda bedenterbiýe sapaklarynyň, klasdan daşary geçirilýän sport- türgenleşik çäreleriniň mümkinçilikleri biçak uludyr. Bu ugurda alnyp barylýän işleriň maksady gönükdirilip guralmagy Garaşsyz Türkmen döwletiniň abraýyny ýokary galdyrmagyň esasy şertleriniň biridir. Biž mekdeplerde alnyp barylýan oku-terbiýeçilik işleriniň esasy ugurlaryny atlandyryp geçdik. Terbiýeçilik işiniň ady tutulan hem agzalmadyk ugurlary özara gatnaşykda, bir-birine baglylykda bolup bilelikde hereket edýändiklerini-de ýatdan çykarmaly däldir.

Pedagogika ylmyň pudaklary. Tälim terbiýe, ylym-bilim bermek, edep-ekram, edim-gylym öwretmek baradaky jaýdar pikirler ençeme asyrlaryň dowamynda beýik akyldarlaryň, şahyrlaryň eserlerinde, taryhy we medeni yadygärliklerde halk döredijiliginde ýaşap geldi. Pedagogika özbaşdaklygyny gazanandan soň onuň öz içinde differensileşme prosesi başlanyp, bu baradaky giden bir ulgama öwrüldi, ýagny pedagogikanyň pudaklary, görnüşleri emele geldi.

1. Maşgala pedagogikasy çagany maşgalada terbiýelemegiň esasy ugurlary bilen iş salyşýar, ata-enäniň, beýleki uly ýaşly adamlaryň tälim-terbiýe, edep-ekram öwretmekdäki terbiýesini öwrenýär, nusga alarlyk bolanlaryny ile ýaýar. Maşgala terbiýesiniň pedagogik esaslary baradaky ylmy-usulyýet gollanmalary döredýär.

2. Halk pedagogikasy bilim, tälim bermek, edep öwretmek babatynda halk köpçüligi tarapyndan asyrlar dowamynda döredilen düzgünler, serişdeler, usullar bilen iş salyşýar. Onuň täsir edijilik güýji hemme wagtda-da uly bolupdyr.

3. Mekdebe çenli ýaşly çagalaryň edaralarynda terbiýelemegiň hem okatmagyň meseleleri bilen iş salyşýan pedagogikasy.

4. Mekdep pedagogikasy okuwçylary döwrebap edip okatmagyň we terbiýelemegiň meselelerini derňeýär.

6. Tebigy taýdan ýetmezi bolan (ker, kör, kemakyl, lal) çagalar üçin niýetlendirilen pedagogika akyl-huşunda, hereketde, gepleýişde ýetmez bolan çagalar üçin ýörite okuw jaýlary, okuw gollanmalary döredilip hünärli pedagogik hünärmenleri bilen üpjün edýär.

7. Hususy metodika aýry-aýry dersleri okatmagyň usullaryny, ýörelgelerini, serişdelerini öwrenýär. Mysal üçin, türkmen dilini okatmagyň usulyýeti we ş.m.

8. Pedagogikanyň taryhy terbiýäniň we pedagogika ylmynyň döreýşi we ösüşi bilen baglanyşykly meseleleri derňeýär.

Ýokarda agzalanlaryndan başg-da pedagogika ylmynyň ulgamynda hünärmen professional bilim pedagogikasy, ýokarda okuwjaýlarynyň pedagogikasy, harby pedagogikasy ýaly pudaklar döräp we ösüp başlady.

 

 

Pedagogikanyň beýleki ylymlar bilen arabaglanyşygy. Pedagogika ylmy filosofiýa, sosialogiýa, taryh, folklor, edebiýat, psihologiýa, adam anatomiýasy we fiziologiýasy, mekdep gigiýenasy bilen berk baglanyşyklydyr. Ol zerur bolanda, özüne gerek maglumatlary logika, matematika, ykdysadyýet, dil, din ýaly ylymlardan hem süzüp alýar. Tebigat dünýäsiniň adamzat jemgyýetiniň, ynsanyýet aňynyň ösüşiniň umumy kanunlary baradaky ylym bolan filosofiýa pedagogikanyň metodologik esasy bolup durýar. Terbiýäniň kanuna laýyklygy, içki arabaglanyşygy, özara gatnaşygy, ýeneki ösüşleri dialektiki materializmiň kanunlary hem düzgünleri esasynda ýüze çykarylýar. Mahlasy. Pedagogika hemme babatda-da filosofiýa ylmyna daýanýar, ýaş nesle terbiýe hem bilim bermegiň çylşyrymly meselelerini ylmy nukdaýnazardan işläp düzmekde oňa esaslanýar.

Pedagogika özüniň käbir anyk meselelerini işläp düzende, sosiologiýa ylmyna-da daýanmaly bolýar, çünki sosiologiýa hem sosial sredanyň şahsyýetiň kemala gelmegine edýän täsirini, adamlaryň arasyndaky sosial gatnaşyklary derňeýär. Pedagogika taryh aýratyn hem onuň etnografiýa diýen bölümi bilen arabaglanyşygy-da, edebiýat, halk döredijiligi bilen erkli bolup durýandygyda berkdir. Türkmen halkynyň öz aslyna dolanmagy üçin mümkinçiligiň dörän mahalynda medeni we ruhy gymmatlyklaryň we pedagogika üçin uly roly bar.

Şu ýerde adam anatomiýasynyň we fiziologiýasynyň pedagogika bilen arabaglanyşygy barada-da ýatlap geçmek gerek, çünki ol pedagogikanyň hem, psihologiýanyň hem tebigy ylmy esasy bolup durýar. Fiziologiýa ylmynyň gazananlary okatmagyň we terbiýelemegiň pedagogik esaslaryny öwrenmekde, okuw işiniň prinsiplerini ylmy esaslarda düşündirmekde, okuw terbiýeçilik işiniň mazmunyny kesgitlemekde hem-de beýleki möhüm wezipeleriň çözgütlerinianyklamakda aýratyn ähmiýete eýedir. Pedagogika psihologiýa ylmy bilen has hem ýakyn arabaglanyşykdadyr. Eger psihologiýa adamyň içki dünýäsi hem onuň onuň ösüşi kanunlary bilen iş salyşýan bolsa, pedagogika şolşahsyň içki dünýäsine, adamkärçilik sypatlarynyň sagdynlaşmagyna täsir edýän serişdeleri, usullary açyp görkezýär. Eger psihologiýa adamyň gylyk-häsiýetindäki ýetmezçiligi açyp görkezýän bolsa, pedagogika şol kemçiligi nähili serişdeleriň, haýsy usullaryň kömegi bilen terbiýeläp boljakdygyny salgy berýär.

Pedagogika beýleki ylymlar bilen hem baglanyşyklydyr. Bu bolsa pedagogika bilen iş salyşýanlaryň şol ylymlardan belli bir derejede habarly bolmalydygyny, olardan ýerlikli peýdalanyp bilmelidigini aňladýar.

Pedagogika ylmynyň ylmy-barlag usullary. Pedagogika mekdeplerde we döwlet tarapyndan ýörite guralan okuw jaýlarynda, maşgalada, önümçilikde amala aşyrylýän terbiýäniň okatmagyň, bilim bermegiň kanunlary düzgünleri hakynda, mekdebi öwreniş hakynda ylymdyr. Pedagogikanyň ösüşi okuw terbiýeçilik işini ylmy taýdan derňemegi ylmy taýdan derňemegi talap edýär. Her bir ylmy barlag öňki bir barlaglarda gazananlaryň esasynda gurulýar. Ol hökman eýýäm nämeleriň bellidigini nazarda tutmalydyr, pedagogik tejribede toplanan faktlary analizlemelidir hem-de täze barlaglaryň barlanan meseleleri nähili gowylandyrjakdygyny olary çözmäge uly kömek berjekdigini kesgitlemelidir.

Pedagogiki barlaglarda gözegçilik, anketa, eksperiment, gürrüň, ýazuw üsti bilen soramak, okuwçylaryň ýazuw işlerini öwrenmek, mekdep dokumentasiýasyny öwrenmek, çagalaryň işiniň netijelerini öwrenmek, maglumatlary matematiki we statistiki taýdan işlemek usullar, edebi çeşmeleri öwrenmek we başgalar ulanylýar. Pedagogikanyň umumy metodologiýasy ylmy dünýägaraýşydyr. Ýagny materialistik dialektikasydyr. Şöhlelendirmegiň we akyl ýetirmegiň nazaryýeti ylmy derňewlere çemeleşmegiň ugruny kesgitleýär.

Dialektiki we taryhy materializm terbiýäniň durmuş manysy, admyň kämilleşmegine täsir edýän obýektiw we subýektiw şertler, hemme taraplaýyn sazlaşykly ösdürmek ýaly iňňän wajyp pedagogik esas bolup durýar. Biziň pedagogikamyz terbiýelemek, okatmak-bilim bermek we şahsyýetiň ösüşi boýunça, mekdep işini guramagy öwrenmek boýunça ylmy barlaglarda şol öwrenilýän zatlara jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň netijesi hökmünde seredilmelidir. Dialektiki-materialistik taýdan çemeleşmek pedagogik hadysalary we işleri hemme taraplaýyn öwrenilmegi talap edýär. Olaryň arasynda bolan içki we daşky baglanyşyklary açmagy, hadysalary we prosessleri hemişe ösüşde, özgerişde, hereketde görmegi talap edýär. Olardaky içki garşylyklary, olaryň bitewiligine hem-de şonuň esasynda öwrenilýän hadysalaryň hereketlendiriji güýjüni görmegi talap edýär. Mukdar taýdan üýtgemeleriň hil taýdan üýtgeşmelere getirýändigini görüp bilmegi talap edýär.

Öwrenilýä hadysalary nazaryýetiň we tejribäniň bütewiliginiň nukdaý nazaryndan derňemegi talap edýär. Sebäbi tejribe bilimleriň, akyl ýetirişiň çeşmesi hem-de onuň hakykylygynyň görkezijisidir. Pedagogika boýunça ylmy barlaglaryň esasy maksady şahsyýete bilim, terbiýe bermegiň we onuň ösüşiniň kanunalaýyklaryny açmakdan ybaratdyr. Olary we öň belli bolan kanunalaýyklaryny aňly düşünjesi hem-de maksady gönüklendirilip ulanmakdyr. Barlaglarda hemişe pedagogika haysalaryň ösüşiniň we üýtgeýşiniň sebäpleri gözlenmelidir. Her bir pedagogik ylmy barlag şol barlaglaryň öz içki manysyny, onuň predmetini şöhlendirilmegidir. Diňe şeýle ýgdaýda hadysa hakyky ylmy taýdan akyl ýetirip bolýar. Her bir barlagda öwrenilýän hadysanyň içki manysyna laýyk gelýän usullar ýa-da usullaryň ulgamyny ulanmak hökmandyr. Ylmy barlaglaryň usullary mazmuny bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Pedagogika boýunça ylmy barlag täze pedagogik bilimleriň kemala geliş prosesidir. Onuň esasy düzüm bölekleri şulardan ybaratdyr:

1. Barlagyň ulgamyny kesgitlemek;

2. Barlagyň wezipesini kesgitlemek;

3. Barlaga çenli bolan ýagdaýy derňäp baha bermek, ýagny bar bolan şertleri we akyl ýetirişi wezipelerini, meselelerini hem-de bar bolan maglumatlary analizlemek.;

4. Başlangyç gepotizany döretmek;

5. Olary nazaryýet we eksperimental taýdan barlamak;

6. Alynan netijeleri (ylmy faktlary) analizlemek, umumylaşdyrmak;

7. Olara ylmy taýdan düşündiriş bermek.

8. Nazaryýet netijelere gelmek we okuw-terbiýeçilik işiniň tejribesini kämilleşdirmek boýunça ylmy usulýyet maslahatlary işläp düzmek.

Pedagogika boýunça ylmy barlaglayň üç derejesini, görnüşini tapawutlandyrmak bolýar:

1.empirik;

2. nazaryýet;

3. metodologik barlaglar;

Empirik dereje- ylmyň täze faktlary açylyp, şolara umumylaşdyrmagyň esasynda emprik kanunalaýyklyklar kämilleşýär. Emprik ylmy barlag öwrenilýän pedagogik obýekte gös-göni gönükdirilendir. Ol syn etmegiň we eksperimentiň netijelerine daýanýar.

Nazaryýet (teoretik) dereje öňki açylan faktlory herm-de geljekki faktlory we wakalary öňünden aýtmak üçin mümkinçilik berýän esasy umumy kanunalaýyklyklar kesgitlenýär we öňe sürülýär. Ol pedagoik düşünjeleriň apparaty bilen bagly bolup şolary ösdürmäge gönükdirilen. Ol obýektiw hakykatyň möhüm baglanyşyklaryny kanunalaýyklaryny hemme taraplaýyn akyl ýetirmäge gönükdirilendir. Ol iň çylşyrymly hadysalara düşünmäge mümkinçilik berýär. Ol mydama sintez bilen alnyp barylýar. Ol sinteze geçir şonuň bilen gutarýar. Usullaryň şu aşakdaky görnüşleridir:

1. syn etmek.

2. Gürrüň etmek

3. Ankete (açyk we ýapyk)

4. Eksperiment (tebigy hem laborator)

5. Statistik matematik usuly.

Dia Pedagogika



<== | ==>
| GaraŞsyz, Bitarap türkmenistanda pedagogika ylmynyŇ öwrenýän wezipeleri
:


: 2018-11-11; !; : 306 |


:

:

,
==> ...

1912 - | 1680 -


© 2015-2024 lektsii.org - -

: 0.039 .