.


:




:

































 

 

 

 


Okuw işiniň ýokary netijeligini gazanmak.




Pedagogik ulgamyna degişli innowasiýalaryň (täzelikleriň) biride okuw terbiýeçilik işini optimizasiýalaşdyrmakdyr. Bu pikiri XX asyryň 70-nji ýyllarynda belli rus alymy akademik Ýu.K. Babanskiý öňe sürdi. Onuň ýolbaşçylygynda bu iş uly gerim aldy we okuw-terbiýeçilik işleriniň kämilleşmegine getirdi. Şol döwürde gazanylan netijeler şu günlerem hem öz täsirini ýitirmän gelýärler.

Optimizasiýa (latyn sözi optimum örän gowy) dürli, gowy mümkin bolan wariantlardan iň gowusyny saýlamak işi. Çylşyrymly, köp meýilnamaly, ösüp gelýän, pedagogik sistemada (ulgamda) okuw-terbiýeçilik işiniň gidişini, guralyşyny üýtgetmek, öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin müňler sany mümkinçilikler bar. Diňe şolaryň biri şu günki talaby ödäp iň gowusy bolup çykyş edip biler. Müňlerçesiniň içinden şony tapmak optimizasiýanyň iň esasy wezipesidir.

Pedagogik sistemanyň (ulgamyň) öz öňünde goýan maksatlara ýetmegine laýyklygyna-da optimizasiýa diýse bolar.

Optimizasiýanyň esasy kriteriýalary:

1. Okuwçylaryň biliminiň, terbiýesiniň we ösüşiniň netijesi mekdebiň real ýagdaýlarynda amala aşyrylmaly;

2. Okuwçylaryň synp işleri, öý işleri üçin goýberilen normatiw talaplaryny doly berjaý etmek.

Pedagogik ulgamy optimizasiýalaşdyrmagyň esasy metodologik talaplary:

1. Pedagogik sistemany optimizasiýa işi bilen bütewi gurşap almak;

2. Optimal warianty saýlap alanda okuw-terbiýeçilik işleriniň kanunalaýyklyklaryna daýanmak;

3. Pedagogik ulgamyň ähli komponentleri (düzümlerini) optimizasiýalaşdyrmagy hasaba almak;

4. Optimizasiýany hemişelik hereket edýän täze (innowasion) iş hökmünde hasap etmek.

 

 

 

Okuw-terbiýeçilik işini optimizasiýalaşdyrmagyň esasy pedagogik hereketlerini gysgaça jemlesek, onda:

- meseleleri toplamak we anyklamak;

- generalizasiýa (esasyny saýlamak);

- dersara we gönükdirilme ara gatnaşygy dogrulamak;

- deňeşdirme bahalar esasynda wariantlary saýlap almak;

- ynsanperwerleşdirmek;

- wajyp bolan şertleri döretmek;

- dolandyrmagy we öz-özüňi dolandyrmagy gatyşdyryp ulanmak;

- işi wagtynda dogrulamak we döretmek;

- işiň netijelerini ýörite düzülen talap boýunça bahalandyrmak;

- çylşyrymly meselelere geçmek;

- innowasion (täze) işiň hemişeligi we haýallygy.

 





:


: 2018-11-11; !; : 570 |


:

:

- , - .
==> ...

1279 - | 1227 -


© 2015-2024 lektsii.org - -

: 0.01 .