.


:




:

































 

 

 

 


Pedagogik prosesiň (işiň) kanunalaýyklyklary




Kanunalaýyklyklarda obýektiw, hökmany, esasy, gaýtalanmaýan ara baglanyşyklar şöhlelendirilýär. Ýörite barlag geçirmänem çylşyrymly pedagogik prosesde (işde) dürli görnüşli köp sanly aragatnaşyklaryň we garaşlylyklaryň ýüz çykýanlygyna göz ýetirip bolar..

Belli bir arabaglanyşyklary öwrenmek üçin bu arabaglanyşyklar açyk ýüze çykýan ulgamlar saýlanýarlar. Pedagogik prosesiň (işiň) esasy aragatnaşyklary barada umumy maglumaty integratiw (hemme bölümleri birikdirýän) kriteriýalar ulgamy berýär.

Pedagogik işiň (prosesiň) umumy kanunalaýyklyklary şu aşakdakylar:

1. Pedagogik işiň dinamiki (ösüşi) kanunalaýyklygy. Pedagogik iş, pedagog bilen terbiýelenýäniň arasyndaky ösüp barýan ara gatnaşyk bolup basgançak häsiýetlidir; aralykdaky ösüşler näçe ýokary bolsa, soňky netijede ýokarydyr. Haýsy okuwçy okuwyň dowamynda doly düşünip okap bilse, onuň bilim derejeside ýokarydyr.

2. Pedagogik prosesde (işde) şahsyýetiň ösüş kanunalaýyklygy. Şahsyýetiň ösüpşiniň tizligi we derejesi 1) neslegeçijilige; 2) terbiýelenýän we okaýan daşky gurşawyna; 3) okuw-terbiýeçilik işindäki ornuna; 4) pedagogik täsir etmegiň serişdelerine we ýollaryna baglydyr.

3. Okuw-terbiýeçilik işini dolandyrmak kanunalaýyklygy. Pedagogik täsiriň güýji: 1) pedagog bilen okuwçynyň aragatnaşygynyň netijesine; 2) terbiýeleýänlere edilýän täsiriň göwrümine, häsiýetine we esaslandyrmalaryna baglydyr.

4. Höweslendirmek kanunalaýyklyklary. Pedagogik işiň (prosesiň) öndürijiligi: 1) okuw-terbiýeçilik işini, içki höweslerine (motiwlerine); 2) höweslendirmegiň wagty-wagtyndalygy, häsiýeti (jemgyýetçilik, pedagogik, moral (ahlak) material) bilen baglydyr.

5. Pedagogik işide (prosesde) duýgunyň, logikanyň we tejribäniň birlik kanunalaýyklygy: Okuw-terbiýeçilik işiniň effektiwligi: 1) duýgy bilen kabul edişiň güýjüne; 2) kabul edileni logiki aňlamaga; 3) aňlanan, özleşdirilen maglumatlary durmuşda ulanmaga baglydyr.

6. Daşky (pedagogik) we içerki (bilesigelijilik) işleriň birlik kanunalaýyklygy. Pedagogik işiň (prosesiň) effektiwligi: 1) Pedagogik işiň hiline; 2) terbiýelenýänleriň özüniň okuw-terbiýeçilik işiniň hiline baglydyr.

7. Pedagogik işiň (prosesiň) kanunalaýyklygy. Okuw-terbiýeçilik işiniň geçişi we netijesi. 1) jemgyýetiň we şahsyýetiň talabyna; 2) jemgyýetiň (material-tehniki, ykdysady we başga) mümkinçiliklerine 3) pedagogik prosesiň geçiş şertlerine (moral-psihologik, sanitar-gigiýeniki, estetiki) baglydyr.

Pedagogik prosesiň (işiň) kanunalaýyklyklary ýokarda agzalanlar bilen gutarmaýar. Bu işiň kanunalaýyklaryny hemmetaraplaýyn öwrenmäge indi girişildi.

 

Pedagogik prosesiň etaplary (tapgyrlary)

Pedagogik prosesler (işler) sikl häsiýetlidir. Pedagogik prosesleriň (işleriň) ählisiniň ösüşinde şol bir etaplary (tapgyrlary) ýüze çykaryp bolar. Tapgyr bu işiň (prosesiň) yzygider ösüşidir. Esasy etaplar (tapgyrlar) - taýýarlaýyş, esasy, jemleýji.

Taýýarlaýyş etapy (tapgyry). Bu tapgyrda pedagogik prosesiň (işiň) bellene ugur we tizlik boýunça amala aşyrylmagy üçin ýörite şertler döredilýär. Bu tapgyrda şu meseleler çözülýär: maksadagönükdirilenlik, şertleriň anyklanyşy; netijeleriň maglumaty, işiň ösüşiniň meýilnamalaşdyrylyşy.

Maksadyň goýluşy, mazmuny halk magaryf ulgamynyň öňünde duran maksat bilen pedagogik işiň maksadyny bar bolan şertlerde anyk wezipelere öwürmek. Maksadyň goýluşy pedagogik işiň (prosesiň) anyk ulgamlarda amala aşyrylyşyna baglydyr. Olar mekdep, synp, sapak.

Pedagogik işiň (proresiň) maksadyny, wezipesini olary anyklamazdan (diagnostika) dogry goýup bolmaz. Pedagogik diagnostika (grek sözi dia dury, arassa, aýdyň we gnozis - bilim) diýen manyny berýär. Barlag işi pedagogik prosesiň haýsy şertlerde, haýsy ýagdaýlarda geçilýänligini anyklaýar. Onuň esasy maksady geçirilýän işe päsgel berýän we ýardam edýän sebäpleri barada aýdyň maglumat almak. Diagnostika (anyklaýyş geçirilende) pedagoglaryň we okuwçylaryň real mümkinçilikleri barada, olaryň taýýarlygy barada, pedagogik işiň geçiş şertleri barada gerek bolan esasy maglumatlar toplanýar. Diagnozyň (anyklaýyşyň) netijesinde käbir şertler gaýtadan gözden geçirilýär we talaba laýyk edilýärler.

Anyklaýyşdan soň pedagogik işiň gidişiniň we netijeleriniň çaklamalary başlanýar. Çaklamanyň mazmuny pedagogik proses başlamanka, öňünden bar bolan anyk şertlerde onuň boljak netijesini kesgitlemek. Ylmy çaklamany ulanmak bilen biz häli ýok zady öňünden ölçäp, onuň netijesini bileris. Çaklama çylşyrymly usullaryň üsti bilen amala aşyrylýar. Ýöne oňa sarp edilen wagt we başga serişdeler tiz öwezini doldurýarlar. Sebäbi çaklamanyň netijeleri okuw-terbiýeçilik işine aralaşmaga kömek edýär.

Taýýarlaýyş tapgyry prosesiň amala aşyrmagyny guramak (proýektirlemek) bilen gutarýar. Prosesi amala aşyrmak anyklamakdan we çaklamakdan soň meýilnama öwrülýär. Meýilnama bolsa proses ýaly anyk ulgama bagly.

Pedagogik tejribede: mekdebiň okuw-terbiýeçilik işine ýolbaşçylyk etmek; synpda terbiýeçilik işi, aýry-aýry terbiýeçilik işleri geçirmek, sapaklaryň meýilnamalary ulanylýarlar. Pedagogik prosesiň meýilnamalary belli bir wagt hereket edýärler. Meýilnama bu kime, haçan näme etmegiň jemleýji resminamasydyr.

Pedagogik prosesiň amala aşyrylyş etapy (tapgyry). Pedagogik prosesi amala aşyryş etapyna (tapgyryna) özünde wajyp berk arabaglanyşykly elementleri jemleýän aýratyn bir özbaşdak ulgam hökmünde garamaly. Onuň ulgamynda: geljekki ýerine ýetiriljek işiň maksatlarynyň we wezipeleriniň goýluşy we düşündirilişi; mugallymlar bilen okuwçylaryň aragatnaşygy, pedagogik prosesde görkezilen, bellenilen, usullaryň, serişdeleriň, görnüşleriň ulanylyşy. Ýörite gowy şertleriň döredilişi; okuwçylaryň işiniň dürli hilli we ölçegli höweslendirilişi; pedagogik prosesiň başga prosesler bilen arabaglanyşygy öz ornuny tapýar. Pedagogik prosesiň (işiň) netijeliligi şu elementleriň biri-biri bilen arabaglanyşygyna, olaryň biri-biriniň gönükdirlenligine, umumy maksatlarynyň ters bolmazlygyna baglydyr. Mysal üçin, pedagogik aragatnaşyk amala aşyrylanda höweslendiriji rol oýnaýan operatiw gözegçilik ýola goýulýar. Egerde bu gözegçiligiň gönükdirilenligi, göwrümi, maksady öňde goýlan umumy maksada işiň gönükdirlenligine boýun edilmese, onda ol höweslendirýänden päsgel berýäne öwrülýär.

Pedagogik prosesiň (işiň) sikli gazanylýan netijeleri seljermek bilen tamamlanýar. Bu näme üçin gerek? Pedagogik iş (proses) amala aşyrylandan soň, onuň netijelerini ýene bir gezek gaýtadan seljermek näme üçin wajyp? Geljekde ýüze çykýan ýalňyşlyklary gaýtalamazlyk üçin. Iş nähili gowy guramaçylykly ýerine ýetirilende bolsa onuň kemçiligi bardyr. Seljerip öwrenýäs. Diňe goýberen ýalňyşlaryny düzedýän, olardan netije çykarýan pedagog ösýän pedagogdyr. Pedagogik ussatlyga ýetmekligiň esasy ýolarynyň biri-de ýerine ýetiren işiňi hemme taraplaýyn seljermek we öz-özüňi seljerip bilmekdir.

Nirde, nähili we näme üçin ýalňyşlyklar ýüze çykandygyny we olaryň sebäplerini bilmek wajypdyr. Mugallymlaryň anyklaýyşy, çaklamany inkär edýänleriniň köp ýalňyşlyklaryň üstünden barýandygyny tejribe görkezýär. Olar sapaklaryny öz ugruna bulaşyk, düşüniksiz geçýärler. Bu sapaklar okuwçylarda okuwa gyzyklanmany ýitirdýär we olara hiç zat berip bilmez.

 

Pedagogik täzelikler (täzeornaşmalar)

Soňky wagtlar ylmyň ösmegi netijesinde, käbir ýazarlaryň, žurnalistleriň makalalarynda täze sözler ulanylyp başlandy. Olaryň arasynda innowasii (iňlis sözi innovation täze girizilmeler, täzelikler) diýen söz hem bar. Bu söz pedagogik nukdaý nazaryndan seljerilende bilim ulgamynda ýüze çykýan okuw-terbiýeçilik işiniň geçişini, netijesini ýokarlandyrýan täzelikler diýmegi aňladýar. Ýöne täzelikler ulgamyň işini peseldip hem bilerler. Okuw-terbiýeçilik işlerinde täzelikler bolýandygyny görkezmek maksady bilen täze sözleriň ulanylmagyda mümkin.

Hemişe bolşy ýaly başga bir dilden adalgany alyp, onuň doly manysyna düşünjek hem bolmaýarlar. Täzelikleri aňlatmak üçin, könäni täze bilen çalyşmak üçin nowation diýen iňlis sözi ulanylýar. Innowasiýa diýen söz ulgamyň özüniň içki ( in - içki) resurslarynyň hasabyna täzelenmegini aňladýar. Innowasiýalar (täzelikler) pedagogik ulgamy hil taýdan kämilleşdirýän pikirler, işler (prosesler), serişdeler, netijelerdir.

Pedagogik ulgamy täzelemek wajyp, aktual, hemmetaraplaýyn seljermegi talap edýän mesele. Soňky iki ýylyň içinde pedagogik ulgamda köp zatlar üýtgedi. Täze konsepsiýalar, döwlet standarty, bilim ulgamyndaky täzelikler, täze okuw meýilnamalary, täze tipli mekdepler guruldy.

Indi geliň pedagogik sistema (ulgam) we pedagogik ulgamdaky täzelikler diýen düşünjeleriň manysyny kesgitläliň.

Pedagogik proses (iş) pedagogik sistemada (ulgamda) amalaaşyrylýar. Pedagogik sistema (ulgam) üýtgeýişler täzelikler ýüze çykanda üýtgemeýän komponentleriň (bölümleriň) birleşigidir. Egerde üýtgetmeler (täzelikler) gereginden köp bolsa ulgam dargaýar. Onuň ýerine täze häsiýetli täze ulgam döreýär.

Pedagogik ulgam örän durnukly we berk elementleriň birleşigidir. Islendik bir pedagogik ulgamyň strukturasyny (gurluşyny) iň gadymy döwürden orta asyrlara çenli, orta asyrlardan biziň günlerimize çenli alsak, olar biziň şu günlerimizide-de biri-biri bilen berk arabaglanyşykly elementler toparydyr: 1. okuwçylar; 2. terbiýäniň maksatlary (umumy we hususy); 3. terbiýäniň mazmuny; 4. terbiýe prosesi (işi); 5. mugallymlar; 6. Okatmagyň tehniki serişdeleri; 7. terbiýeçilik işiniň guramaçylyk formalary; 8. netije; 9. okuw-terbiýeçilik işini dolandyrmak; 10. tehnologiýa.

Bu ulgamyň her bir komponenti dürli elementlere bölnüp bilerler.

Surata syn edeliň.

 

 

 

Suratda görnüşi ýaly maksatlar netijeler bilen deň gelip, ýapyk sikl emele getirýärler. Pedagogik prosesiň (işiň) effektiwliginiň kriteriýasy hökmünde maksat bilen işiň netijeleriniň deň gelmegi çykyş edýär. Pedagogik ulgamyň ähli düzümlerini birleşdirýän dolandyrmak aýratyn özbaşdak düzümdir, sebäbi onuň özüniň maksatlary we wezipeleri bardyr.

Pedagogik sistemanyň (ulgamyň) ulgam emele getiriş komponenti (düzümi) diýip okuw-terbiýeçilik işiniň tehnologiýasyna aýdylýar. Şu goraýyş esasynda pedagogik ulgam (sistema) öňde goýlan maksada ýetmäge mümkinçilik berýän berk guramaçylyk-tehnologik kompleksdir. Pedagogik ulgamyň (sistemanyň) hemişe tehnologiýalylygyny belläp goýmaly. Şu nukdaýnazardan pedagogik ulgamy (sistemany) başga ulgamlar toplumyndan aratapawutlandyryp bolar. Tehnologiýalylyk ulgamyň içki hili bolup, berk gurnalan, dolandyrylýan logika boýun egip, onuň mümkinçiliklerini kesgitleýär.

Tehnologiýa özüniň netije berýänligi, onda eger gowy mugallym, gowy mekdep, gowy okaýan okuwçylar bolsa diýen gürrünleriň ýoklugy bilen aratapwutlanýar. Tehnolog-ikirjiňlenmä döredmeýän barlanan, öňden belli, esaslandyrylan faktlara daýanýar.

Ulgamyň iň esasy kriteriýasy netijelikdir. Ulgamdan bir elementi aýyryň. Netije üýtgedimi? Ýok? Diýmek bu ulgam däl. Ulgamdaky üýtgetmeler hökmany suratda netijäniň üýtgemegine getirýär.

Pedagogik ulgamy kämilleşdirmegiň esasy iki ýoly bar: intensiw we ekstensiw. Intensiw ýolpedagogik ulgamyň içkirezerwleriniň hasabyna ösmegidir. Ekstensiw ýol pedagogik ulgamyň täze serişdeleriň, abzallaryň, tehnologiýalaryň, goýumlaryň hasabyna ösmegidir.

Pedagogik ulgamyň intensiw ösüşiniň mümkinçilikleri gutardy birnäçe müňýyllyklar dowam edip gelýän mekdepde eýýam öz güýjüni ýitirdi diýip hasap edýärler. Ýöne bir zada üns bereliň: mekdep işläp dur, çagalary okadyp durlar, mekdep häli durar, öser. Käbir pedagog nazarýetçiler pedagogikadaky täzelikleri diňe geçmişe daýanmak, ruhy terbiýelemek, akylly başly adamy taýýarlamak bolar diýip belleýärler.

Günbatar mekdepleri ekstensiw ýol bilen ösýärler. Bu ösüş täze habar beriş tehnologiýalaryň, okuw wagtyň dürli işleri ýerine ýetirmäge paýlanmagy, synp işiniň differensirlenmegi we aýrabaşgalygynda amala aşyrylýar. Bu işleriň netijesinde okuw işiniň önümi gowulanýarmy? Käbir ekspertler baha bermäge şübhelenýärler.

Bu pedagogik ulgamyň ösüş ýollary bolan intensiw we ekstensiw ýollary birleşdirip ýüze çykan ýagdaýdan baş alyp çykmak üçin integrirlenen täzelikler öňe sürülýär. Bu öz gezeginde pedagogik ulgamyň ulanylmadyk rezerwlerini ähli taraplaýyn öwrenmegi talap edýär.

Umumy we hususy täze proýektleriň köp mukdaryny seljerip şu aşakdakylary umumy pedagogik täzelikler diýip aldyk.

1. Pedagogik ylmy we pedagogik tejribäniň ulgamyny öz içine alýan okuw-terbiýeçilik işini optimizasiýalaşdyrmak.

2. Gumanistik (ynsanperwer) pedagogikasyny, onuň nazary düzgünleri we tejribe tehnologiýalary bilen.

3. Pedagogik prosesi (işi) guramak we dolandyrmak boýunça täze pikirler.

4. Täze pikirleri, habar beriş serişdelerini öz içine alýan tehnologiýalar.

Pedagogik ulgamda (sistemada) baş (innowasion) täze üýtgetmeler ugurlary:

- pedagogik ulgam (sietama) umumylykda;

- okuw jaýlar;

- pedagogik nazarýet;

- mugallym;

- okadylýanlar;

- pedagogik tehnologiýa;

- mazmun;

- görnüşler, usullar, serişdeler;

- dolandyrmak;

- maksatlar we netiler.

Häzirki zaman pedagogik prosesiň (işiň) täzelikleriniň seljermesi şu aşakdaky derejeleri aratapawutlandyrmaga mümkinçilik berdi.

1. Aşak käbir atlaryň, kesgitlemeleriň üýtgemegi bilen bagly täzelikler.

2. Orta mazmunyna täsir etmän, onuň formasyny üýtgetmek.

3. Ýokary ulgamy ýa-da onuň esasy düzümlerini doly üýtgetýän.

Diňe ýokary dereje ylmy we tejribe gymmatlygy bar bolan täzelikler. Ol hem umumy bahanyň 100 %-den bary ýogy 3% öz içine alýar. Galan 80% - birinji aşak dereje, 17 % orta derejäniň görkezijileridir.

Pedagogik nazarýetiň ösüşinde birinji, täze ugur diýip öň inkär edilen Ýan Amos Komenskiniň tebigata uýgunlylyk nazarýetine gaýdyp gelmegi hasap etse bolar. Ikinji täze ugur bu K. Rodjersiň gumanistik pedagogika ulgamydyr. Bu iki nazary ugur dünýä pedagogikasy üçin täze däl, ýöne biziň şu günki pedagogikamyz üçin uly gyzyklanma döredýär. Biziň şu günki pedagogikamyz XX asyryň 20-nji ýyllaryndan başlanyp, köp maglumatlaryny ýok etdi, köp täze maglumatlara eýe boldy we bu gün ýene-de öňki ýerine gaýdyp barmaga mätäç boldy.

Geliň tebigata uýgunlylyk ýörelgesini gözden geçireliň we onuň obýektiw pedagogik nazarýeti gurmaga täsirini bileliň. Ýan Amos Komenskiý bu ýörelgäni şeýle sada düşündirdi: Otlarda, daragtlarda, haýwanlarda dürli tebigy aýratynlyklary bardyr. Olaryň birine bir hili, başga birine başga bir hili çemeleşmeli. Şol bir maksada ýetmek üçin hemmesine bir hili çemeleşmek bolmaz. Adamlarda-da edil şeýle tebigy aýratynlyklary bardyr. Hemme zada düşunmek olar üçin hiç kynlyk talap etmeýän bagtly adamlarada duşup bolýar. Özüni tapyp bilmän, bir zady öwrenip bilmän ýörän adamlarda bar.

Käbir nazary bilimleri tiz ele alýan, tejribede kynçylyk çekýär. Käbiri saza düşunip we ony öwrenip bilmeýärler, ýöne okuwyň başga görnüşlerinde erjel. Bu ýerde näme etmeli? Eger adamyň bir ugurdan erjelligi bolmasa ony ol tarapa itekleme. Onuň bilen söweşmek boş işdir. Egerde okuwçylara hudaý tarapyndan berlen öz gyzyklanýan ugurlaryny ýapyk instinkt bilen alyp gaýtsak, onda ol öser, öz ýerinde peýda getirer, Hudaýa we halka hyzmat eder. Egerde biz oňa bir zady zor bilen öwretjek bolsak, onda öwredilýän maglumatlara ýigrenç dörär, ol hiç zady öwrenip bilmez.

Džon Lokk bu pikiri tassyklap sýle diýýär: Her bir adamyň ruhuna hudaý tarapyndan onuň daşky keşbi ýaly, kesgitlenen möhür basylandyr, belki ony azrak üýtgedip bolar, ýöne düýbünden başga bir ters tarapa üýtgedip bolmaz. Çagalar bilen işleýän adamlar şonuň üçin hem olary synaglaryň üsti bilen olaryň haýsy tarapa ýykgyn edýänligi, tebigy berlen mümkinçiliklerini, olary kämilleşdirmegi, olar nämä üçin gerek boljakdygyny doly öwrenmeli.

I.G. Pestolossi bu temany ösdürip şeýle diýýär: Islendik bir ylmyň soňky maksady adamyň tebigatyny ýokary derejede kämilleşdirmekdir. Ylmy ösdürmek däl, ylmyň üsti bilen adamyň tebigatyny ösdürmek esasy meseledir. Şonuň üçin ylmyň predmetleri adamyň tebigatyna deňeşdirilmeli, ugrukdyrylmaly, adamyň tebigaty ylmyň predmetine deňeşdirilmeli däl.

Tebigata uýgunlylyk ýörelgesine gaýdyp barmak bilen nazarýet nähili ösüş gazanýar? Birinjiden, okadylýanlaryň mümkinçiliklerine düşünmek, olaryň okuwynyň hiline obýektiw esaslandyrma berilýär. Bu nazarýetde taslama ýok. Diňe birnäçe müňýyllyklaryň netijesinde tejribede barlanan düzgünler hakykat diýlip alnan. Diňe esaslandyrylan logiki nazarýet eýýam dolandyrylmasy kyn tejribe ýol görkezip biler.

Ähli çagalary söýmeli, sylamaly we olaryň ösüşi üçin bar aladalary etmeli, gerek bolan şertleri döretmeli. Çaganyň öz mümkinçiliklerini ösdürmegi, özüne gerek bolan hünäri, öz ornuny durmuşda tapmagy, adam bolmagy, öz durmuşyny gowy ýaşap geçmegi mekdebe bagly. Egerde tebigata uýgunlylyk pedagogikasy çaganyň tebigatyna ýüzlenmegi tala eden bolsa, ynsanperwerlik pedagogikasy mekdep aragatnaşyklarynyň esasynda çagany goýmagy talap edip, onuň ösmegi üçin ähli tagallalary edilmelidigi pikiri öňe sürýär.

Gumanistik (ynsanperwerlik) pedagogikasyny täze diýyärler. Ýöne ol biziň üçin täzedir. Günbatar pedagogikasy öňden bäri ynsanperwerligi saýlap alyp, adamlaryň täze aragatnaşyklaryny gurup başlady.

Ynsanperwer pedagogikasyny täze akym diýip alsa bolar, sebäbi ol pedagogik ulgamyň daşky gurluşyny üýtgetmegi talap etmeýär. Okuw-terbiýeçilik işiniň netijesiniň ýokarlanmagy diňe içki ulgamyň üýtgedilip gurulmagy bilen gazanylýar. Bu pedagogikanyň mazmuny näme, näme üçin ony öwrenijiler dürli-dürli düşündirýärler, awtoritar we totalitar mekdep ulgamlary ony kynçylyk bilen durmuşa ornaşdyrýarlar?

Gumanizm (latyn sözi humanus adamçylykly diýen manyny berýär). Bu adamyň dünýäde iň ýokary gymmatlykdygy baradaky bütewi konsepsiýadyr. Şahsyýetiň abraýyny goraýan, onuň erkinlige, bagtly bolmaga, ösmäge, öz endiklerini görkezmäge hukugynyň barlygyny ykrar edýän we onuň ösmegi üçin gerek bolan ýagdaýlary döretmek (durmuşynda, zähmetde, okuwda) bu konsepsiýanyň baş düzgünidir. Gumanizm (ynsanperwerlik) aýry bir alnan şahsyýetiň we umumy adamzat durmuşyny umuman tassyklaýan pikirler we gymmatlyklardyr, birleşigidir. Gymmatlyklar ulgamy gymmatlyklar gönükdirijisi we onuň talaplaryny berkidiji hökmünde ynsanperwerlik jemgyýetiň idealy hökmünde çykyş edýär.

Ynsanperwerlik pedagogikasy bu ylmy nazarýetleriň ulgamy bolup, terbiýelenýäni okuw-terbiýeçilik prosesiniň (işiniň) deňhukukly, aktiw (işjeň), aňly öz mümkinçilikleri boýunça ösýän gatnaşyjysy hökmünde tassyklaýar. Özüniň göz-görnetin täsirligine, netijeliligine garamazdan, ynsanperwer pedagogika pedagogik ulgamynyň (sistemasynyň) fundamenti bolmady? Jogap belli: totalitar döwlet gurluşygy bar ýurtlar ynsanperwerlik pikirleri ornaşdyrmaga garşy çykyş edýärler. Olar mümkin boldugyndan awtoritar pedagogikasynyň ösmegine goldaw berýärler. Biziň döwletimiz adamy iň ýokary gymmatlyk derejesine göterip, ynsanperwerlige giň ýol açdy. Adam döwlet üçin däl-de, döwlet adam üçin diýip Türkmenistanyň Prezidenti G.M. Berdimuhamedowyň öňe süren ideýasy ynsanperwerligiň açary bolup çykyş edýär. Şu günler mekdep terbiýesinde ynsanperwerligiň ösüşi pes depginde barýar. Ýöne, eýýam iş başlandy.

Ynsanperwerlik nukdaýnazaryndan terbiýäniň maksady her bir terbiýelenen adamy durmuşyň, okamagyň, söhbetleşmegiň deň derejeli subýekti, özbaşdak şahsyýeti edip ýetişdirmekdir. Bu prosesiň (işiň) şahsyýetiň öz-özüni açyp, onda bolan tebigy zadatkalary, onuň erkinlige bolan endiklerini, jogapkärçiligini we döredijiligini ulanyp bilmegi ynsanperwerligiň ölçegidir.

Ynsanperwer pedagogikasy şahsyýete gönükdirilendir. Esasy ünsüň şahsyýetiň psihiki, fiziki, intellektual, ahlak we başga taraplaýyn ösüşlerine berip, belli bilimler we endikleriň toplumyny öwrenmän, ähli ünsi erkin, özbaşdak pikirlenýän we hereket edýän ynsanperwer raýaty, durmuşyň we okuwyň dürli ýagdaýlarynda esaslandyrylan saýlaw edip bilýän şahsyýeti terbiýelemek üçin gerek bolan guramaçylyk şertleri, okuw-terbiýeçilik işleri täzeden gönükdirmek ynsanperwer pedagogikanyň aýratyn häsiýetdir.

Okuw-terbiýeçilik işini ynsanperwerleşdirmek diýmek şahsyýete gönükdirilen pedagogikadan, şahsyýetiň erkin okamagyny we işlemegini üpjün edýän pedagogika geçmekdir, şahsyýetiň gyzyklanmalaryna üns bermän, onuň mümkinçiliklerini inkär edip mugallym bilen okuwçynyň arasynda talaba laýyk aragatnaşyk döretmeýän awtoritar pedagogikadan saplanmakdyr.

Okuw-terbiýeçilik işini ynsanperwerleşdirmek diýmek, okuwçylaryň okasy gelýän, öz mümkinçiliklerinden pes okamaýan, geçirilýän terbiýeçilik işlerine ýa-da gaýnap duran durmuşa çetden seredip durman, oňa işeňňir gatnaşmak diýmekdir. Ynsanperwer pedagogikanyň esasy talaby mekdebi okuwçylara ýakynlaşdyrmak, olar üçin mekdepde, psihologik howpsuzlyk ýagdaýy döretmek, arkaýyn okap terbiýelener ýaly atmosfera döretmekdir.

Işlemegiň täze görnüşlerini ynsanperwer pedagogikasy, ynsanperwer mekdepleriň tejribesi eýýam we usullaryny işläp düzdüler. Olaryň arasynda:

1. Okuw-terbiýeçilik işini differensirlemek.

2. Terbiýelemek we okatmak işinde aýrybaşga aýratynlyklara üns bermek.

3. Her bir terbiýelenýäniň başarjaňlyklarynyň, gyzyklanýan ugurlarynyň ösmegi üçin zerur bolan şertleri döretmek.

4. Synplara okuwçylary bilim derejesi boýunça toplamak.

5. Okuw-terbiýeçilik işiniň üstünlikli geçirilmegi üçin gerek bolan ýagdaýlary döretmeli.

6. Okuwçylary goramaly, olar üçin psihologik howpsuzlyk ýagdaý döretmek.

7. Okuwçynyň güýjüne we mümkinçiliklerine ynanmak.

8. Okuwçyny bolşy ýaly kabul etmek.

9. Okatmakda we terbiýelemekde üstünlikler gazanmak ýagdaýlaryny döretmek.

10. Mekdebiň maksadynyň talabyny üýtgetmek.

11. Her bir okuwçynyň ösüş derejesini esaslandyrmak.

12. Gaýybana (eksternat) mugallym bilen ruhy aragatnaşygy inkär edýän okuwlardan ýüz döndermek.

13. Mugallymlaryň içki şahsy taraplaryny okuwça gönükdirmek.

14. Ynsanperwer okuwy güýçlendirmek.

 

Ynsanperwerligiň mugallymy (bu pikiri öňe süren adam) diýip Karl Rodžers hasap edilýär. Ol 1902-nji ýylda ABŞ-da eneden bolýar. Mekdepde okan ýyllary bilim derejesi pes okuwçy hökmünde mugallymlar tarapyndan kemsidilýär. Ýöne bu ýagdaýlar oňa geljekde mugallymçylyk hünärini saýlamaga päsgel bermeýär. Ol belli pedagog Dž. Diýunyň elinde okaýar. Soň mugallym bolup işleýär. Okadýan okuwçylary bilen gowy aragatnaşykda bolýar. Rodžers hemişe ýagşylygyň ýeňýänligine düşünýärdi. Öz kärdeşlerinde-de ynsanperwer garaýyşlar döretmäge çalyşdy. Soňabara ynsanperwerlik pikirlerini öwredýän, ýradýan gurnak döretdi. Wagtyň geçmegi bilen bu gurnak uly ylmy barlag merkezine öwrüldi we şu güne çenli işleýär. K. Rodžers 1987-nji ýylda ýogaldy.

 

Täze tipli okuw jaýlary (innowasion okuw jaýlary)

Innowasion, täze okuw jaýlary adyny alan mekdepler täzelikleri ýa-da onuň elementleri geçiren mekdeplerdir. Umuman alnanda ähli tipli mekdepleriň ýolbaşçylary täzelikleri girizendiklerini aýdýarlar. Girizilen täzelikleri mazmun taýdan we gönükdirilenligi boýunça öwrenip olaryň esaslandyrmalaryny ýüze çykarmaly.

Mekdebiň innowasion (täzeliginiň) kriteriýasyny kesgitlemek üçin:

- girizilen innowasion (täzelikler) mekdebiň okuw-terbiýeçilik işiniň netijesini ýokarlandyryp hem, peseldiribem bilerler;

- mekdebe täzelik girizdik diýmek gowy netije aldyk diýmegi aňlatmaýar;

- täzelik täzelik üçin girizilmeýär, ol okatmagyň we terbiýelemegiň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin girizilýär.

- Pedagogik ulgamy (sistemany) bir wagtyň içinde birnäçe ugurlar boýunça gowulandyryp bolmaýar. Egerde girizilen täzelik okuw-terbiýeçilik işiniň bir tarapynynyň netijeliligini ýokarlandyryp, başga bir tarapynynyň netijeliligini düşürse ol gerekmi?

- adyna däl, diňe öz manysyna dogry gelýän täzelikler, okuw we pedagogik zähmetiň şertlerini gowulandyryp biler.

Okuw jaýyna innowasion (täze) diýip haçan aýdyp bolar. Eger:

1. okuw-terbiýeçilik işi tebigata uýgunlylyk we oňa boýun bolýan klassik pedagogikasynyň ýörelgelerine daýansa, esaslansa;

2. Pedagogik ulgam (sistema) ynsanperwerlik ugurdan gitse;

3. Okuw-terbiýeçilik işiniň guralyşy mugallymlaryň we okuwçylaryň okuw ýüküni artdyrmasa;

4. Okuw-terbiýeçilik işiniň netijesi saýlanan okuwçylaryň we pedagoglaryň hasabyna däl-de, öňden açylmadyk, ulanylmadyk ulgamyň täze mümkinçilikleriniň hasabyna ýokarlansa;

5. Okuw-terbiýeçilik işiniň önümi gymmat bahaly serişdeleriň we multi media ulgamlaryň girizilmegi bilen baglanyşdyrylmasa.

Bu kriteriýanyň talabynyň mazmuny dürli mümkinçilikli mekdepleriň işini deňeşdirmekdir: mekdebiň bazasy, mugallymlar we okuwçylar, serişdeler, enjamlar, maliýeleşdirmek we ş.m. Egerde biz bu garaýşy ulanmasak täze açylan (elit) gimnaziýasy täzelikler girizilen okuw jaýy bolar, oba mekdebi bolsa yzda galýan okuw jaýlarynyň biri hasabynda durar. Ýöne täze gimnaziýanyň okuw-terbiýeçilik işiniň netijeliliginiň ýokarlanmagy saýlanyp alnan mugallymlaryň we okuwçylaryň hasabyna bolsa, oba mekdebiniň önümi içki rezerwleriň hasabyna ýokarlansa, ol innowasiýa täzelikdir.

Täzelikler konsepsiýasy işlenip düzülenden soň, okuw jaýynyň imidži meselesi ýüze çykýar. Bu öz gezeginde täzeligiň görkezme berkitmesidir.

Imidž diýen söz iňlis dilinden terjime edilende obraz, şöhlelendirme diýen manyny berýär. Okuw jaýynyň içki mazmunynyň wezipeleriniň we işiniň aýratynlyklarynyň onuň daşky görnüşinde şekillendirilmegine okuw jaýynyň imidži diýilýär. Elbetde, ata-eneleri, pedagolary, okuwçylary özüne çekýän pozitiw obrazyň orny uludyr. Dünýäniň ähli künjeklerindäki okuw jaýlary özüniň obrazyny hemmetaraplaýyn kämilleşdirýärler, saklaýarlar we goraýarlar.

ABŞ-da okuw jaýynyň obrazy üçin wagtyda, güýjide, serişdeleri-de gysganmaýarlar. Bazar ykdysadyýeti şertlerinde her bir okuw jaýynyň arasynda saklanmak üçin berk konkurensiýa gidýär bu ýagdaýda özüni saklamak we goramak üçin okuw jaýynyň obrazy uly rol oýnaýar.

Bu gowy guralan reklama. Onuň ugry firmanyň stilini ýüze çykarmak. Firma stili öz içine:

- firma belgisini okuw jaýyny beýlekilerden tapawutlandyrmaga kömek edýän, bellenen tertip boýunça belgä alnan grafiki şekildir.

- logotip okuw jaýynyň doly ýa-da gysgaldyrylyp alnan ady, söz;

- firma reňki;

- firma ýazgylar komplekti (toplumy);

- firma bloklary we ş.m.

Barlaglaryň netijesiniň berýän maglumatlaryna görä ene-atalaryň we okuwçylaryň 70 % göterimi mekdepleri olaryň imidžine (obrazyna) görä saýlapdyrlar.

Elbetde, biziň oba mekdeplerimiz biri-biri bilen öz imidži (obrazy) boýunça ýaryşmazlar. Uly şäherlerde eýýäm mekdepleriň arasynda imidž (obraz) meselesi ýüze çykyp başlady.

Pedagogikada täzelikler prosesleri (işleri) köp meseleleriň ýüze çykmagyna getirýärler. Mekdepleriň köpdürliligi umuman gowy. Ýöne olaryň sanynyň köpelmegi otrisatel netijelere getirmegi mümkin. Mekdebiň atlarynyň dürliliginiň, olaryň aňyrsynda täzeligiň özi ýok wagtlaram az däl. Biziň döwletimizde zehinliler mekdebi, gimnaziýalar, liseýler. Russiýanyň her bir şäherinde diýen ýaly gimnaziýa, Akademiki gimnaziýa, Akademiýa, Şkola-gimnaziýa, Şkola s akademiçeskimi klassami, Kazaçiý kupeçesko-fermerskiý liseý, Kadetskiý korpus, Şkola radosti, Şkola raznourewnewogo i raznonaprawlennogo obuçeniýa we başgalar. Bu mekdep ýazgylarynyň aňyrsynda näme dur? Bu ýazgylar çagalaryň gyzyklanmasy we islegleri bilen deň gelýärmi? diýen soraglar ýüze çykýar.

Geliň professor W.M. Polonskiniň sözlüginden gimnaziýa we liseý diýen sözleriň düşündirilişine üns bereliň.

Gimnaziýa okuwçylar tarapyndan saýlanan (ynsanperwerlik, tebigy-ylmy, estetiki we ş.m.) dersleri we kurslary okadýan, öz ugry bolan, saýlanan ugurlar boýunça çuň, umumy bilim berýän okuw jaýydyr. Russiýada gimnaziýalar gumanitar, pedagogik, tehniki ugurlara bölünýärler. Onuň düzümi: I-VII synplar progimnaziýa; VIII-XI gimnaziýa synplary; XII synp (abitura okuwy gutarýan) öz islegi boýunça okalýan synp.

Liseý belli bir hünär boýunça dersleri çuňlandyryp okadýan umumy bilim berýän okuw jaýy. Liseýler öz gezeginde tehniki-matematiki, biologo-himiki, tehniki bölümlere bölünýärler. Liseýlerde hünärden öňki taýyarlyk berilýär. Okuw 3 ýyllyk bolup biler. Şol bir wagtda mekdebiň dowamy hökmünde onuň 2-nji ýa-da 3-nji basgançagy hem bolup biler.

Mekdebiň agzyndaky ýazgy okuwyň hiliniň, şertleriniň, mümkinçilikleriniň ýokarydygy barada maglumat bermeýär. Köp babatda gowy okuw jaýlarynyň ady sada bolýar. Bu meselede okuw jaýynyň geçirýän okuw-terbiýeçilik işini seljermeli. Iň esasy meselesi gimnaziýalarda we liseýlerde zehinli çagalaryň okamagyny gazanmaly. Näçe zehinli çaga bolsa şolaryň sanyna görä gimnaziýalar, liseýler açylmaly.

 





:


: 2018-11-11; !; : 679 |


:

:

: , , , , .
==> ...

1470 - | 1346 -


© 2015-2024 lektsii.org - -

: 0.12 .