.


:




:

































 

 

 

 


Pedagogik işiň bütewiligi




Pedagog iş terbiýäniň, okatmagyň, ösüşiň ýöne bir mehaniki arabaglanyşygy bolman, özüniň kanunalaýyklyklaryna boýun bolýan täze hilleriň emele gelmegidir. Pedagogik işiň esasy häsiýetleri bütewilik, birlik, umumylykdyr. Olar öňde goýlan ýeke-täk maksada boýun bolmagyň şertidir. Pedagogik işiň içki aragatnaşygynyň dialektikasynyň çylşyrymlylygy: 1. Onuň düzümleriniň birligi we özbaşdaklygydyr; 2. Onuň düzümine girýän ulgamlaryň bitewiligi we biri-birine boýun bolýanlygydyr; 3. Onuň umumylygy we aýratynlygyny özünde saklaýşydyr.Okatmak prosesiniň (işiniň) esasy funksiýasy (borjy) okatmak; terbiýäniň funksiýasy (borjy) terbiýelemek; ösdürmegiň funksiýasy (borjy) ösdürmek.

Agzalan prosesleriň (işleriň) her haýsy diňe öz funksiýasyny (borjuny) ýerine ýetirmekden başga-da goşmaça borçlary (funksiýalary) ýerine ýetirýär: terbiýe diňe terbiýejilik funksiýasyny ýerine ýetirmän ösdürijilik we bilim berijilik funksiýalaryny ýerine ýetirýär; okatmagy bolsa terbiýelemek we ösdürmek bilen aýra göz öňüne getirip bolmaz.

Bu arabaglanyşyk organiki berk prosesiň maksadyny, wezipesini, mazmunyny, görnüşlerini we usullaryny seljerende olaryň içinden-de esasy häsiýetleri ýüze çykarmagy talap edýär. Mysal üçin okatmagyň mazmunynda ylmy bilimleri bermek, düşünjeleri, kanunlary, ýörelgeleri, nazarýetleri öwretmäge esasy orun berilýär. Olar öz gezeginde şahsyýetiň ösüşine we terbiýesine täsir edýärler. Terbiýelemegiň mazmunynda ynançlary, düzgünleri, gymmatlyk garaýyşlary, itergiler (motiw), talaplary kemala getirmäge esasy üns berilýär, ýöne olar öz gezeginde bilimleriň we başarnyklaryň kemala gelmegine getirýär. Pedagogik işiň iki esasy düşünjesi şol bir maksady çözmäge gönükdirilen, ýöne ol maksada ýetmek üçin her haýsy öz serişdesini ulanýar.

Bu prosesleriň aýratynlyklary maksada ýetmek üçin usullaryň we görnüşleriň saýlanmagynda aýdyň ýüze çykýar. Egerde okatmakda esasy orun synp-sapak ulgamyna berilse, terbiýelemekde jemgyýete peýdaly, sport, döredijilik işleri, söhbetdeşlik, zähmet birnäçe erkin formalar ulanylýar. Bu işleri ýerine ýetirmekde, usullardan peýdalanmakda, olary saýlamakda-da aýratynlyklar ýüze çykýarlar. Eger-de okatmakda ulanylýan usullar esasanam çaganyň intellektual sferasyna täsir edýän bolsa, onda terbiýelemek olary inkär etmän, çaganyň saýlaw we emosional täsir sferalaryna täsir edýän usullardan peýdalanýar. Okatmakda we terbiýelemkde gözegçilik, öz özüňe gözegçilik usullarynyň saýlawynda-da aýratynlyklar ýüze çykýar. Okatmak dil üsti gözegçilik, ýazuw işleri, hasaplar, synaglardan peýdalanylýar. Terbiýäniň netijelerine gözegçilik etmekde okuwçylaryň işleri ýerine ýetirişine, özüni alyp barşyna syn etmek, jemgyýetçilik pikir, öňde goýlan terbiýeçilik maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, öz-özüňi terbiýelemek ýaly usullar ulanylýar.

 





:


: 2018-11-11; !; : 617 |


:

:

, , .
==> ...

1740 - | 1439 -


© 2015-2024 lektsii.org - -

: 0.009 .