.


:




:

































 

 

 

 


Pedagogik işiň gurluşy we kanunalaýyklyklary




Pedagogik iş (proses latyn sözi öňe hereket, üýtgeýiş) diýen many berýär. Mugallym bilen okuwçynyň ösýän aragatnaşygynda öňünden goýlan maksada ýetmäge, terbiýelenýäniň häsiýetini we hilini üýtgetmägä gönükdirilen arabaglanyşyga pedagogik proses ýa-da pedagog iş diýilýär. Başga söz bilen aýdylanda pedagogik prosesde sosial tejribe şahsyýetiň hiline öwrülýär. Öňki ýyllaryň pedagogik edebiýatlarynda okuw-terbiýeçilik işi (prosesi) diýlen düşünje ulanýardy. P.F.Kapterowyň, A.I. Pinkewiçiň, Ýu.K. Babanskiniň we başga pedagoglaryň barlaglary bu düşünje pedagogik prosesiň bütewilik, umumylyk ýaly wajyp häsiýetlerini gysga we doly däl düşündirýär diýip belleýärler. Okatmagyň, terbiýelemegiň, ösdürmegiň birligini bütewilik esasynda amala aşyrmak pedagogik prosesiň esasy mazmunydyr.

Pedagogik prosesi ulgam hökmünde seljereliň.

 

 

 


Bu shemadan görnüşi ýaly biri-biri bilen berk baglanyşykly ulgamlar toplumy. Pedagogik proses bu ulgamlary birleşdirýän esasy ulgamdyr.

Onda kemala gelmek, ösüş, terbiýe we okatmak özleriniň ähli şertleri, görnüşleri we usullary bilen birigendir.

 

 

Pedagogik prosesiň amala aşyrylýan ulgamlary hökmünde bilim ulgamy, mekdep, synp, sapak we başgalar çykyş edýärler. Bu ulgamlaryň her biri kesgitlenen daşky şertler esasynda hereket edýärler: tebigy-geografiki, jemgyýetçilik, önümçilik, medeni we başga. Her ulgama aýratyn degişli şertleri hem bar. Material-tehniki, sanitar-gigiýeniki, moral-psihologik, estetiki şertler içerki mekdep şertlerine degişli.

Struktura (latyn sözi gurluş diýen manyny berýär). Ulgamlarda elementleriň ýerleşişine struktura diýilýär. Ulgamyň strukturasyny (guluşyny) ýörite kriteriýalar boýunça kesgitlenen düzümler we olaryň arabaglanyşygy düzýär. Ulgamlaryň gurluşyny we olaryň arabaglanyşygyny bilmek onuň gurluşyny, hilini gowulandyrmak, ony dolandyrmak, meselelerini dogry we doly çözmäge kömek edýär.

Pedagogik prosesi ulgam hökmünde seljermek üçin ýörite kriteriýalary (barlagnamalary) düzmeli.

Kriteriýa (barlagnama) hökmünde islendik bir okuw-terbiýeçilik işiniň görkezijisi çykyş edip biler.

Ulgamyň komponentleri (düzümi). Pedagoglar, terbiýelenýänler, terbiýäniň şertleri pedagogik prosesiň komponentleridir. Pedagogik proses bolsa pedagoglar bilen terbiýelenýänleriň aragatnaşygynyň maksadyny, wezipesini, mazmunyny, usullaryny, görnüşlerini olaryň netijesini häsiýetlendirýär. Pedagogik prosesiň düzümleri (komponentleri) maksat, mazmun, iş, netije komponentler görnüşinde bolýar.

Maksat komponenti (düzümi). Bu komponent öz içinde pedagogik işiň maksatlaryny we wezipelerini jemleýär. Ol maksatlar hemmetaraplaýyn we garmoniki ösen şahsyýeti, şahsyýetiň aýratyn hillerini terbiýelemek ýollaryny öz içine alýar.

Mazmun komponenti (düzümi) - umumy we her bir aýratyn alnan hili terbiýelemegiň mazmuny öz içine alýar.

Iş komponenti (düzümi) pedagoglar bilen terbiýelenýänleriň aragatnaşygyny öz içine alýar. Pedagogik çeşmeler bu komponenti guramaçylyk ýa-da guramaçylyk dolandyryş diýlip hem alynýar.

Netije komponenti pedagogik prosesiň geçişini, öňde goýan maksadyny amala aşyrylyşyny, onuň effektiwligini şöhlelendirýär.

Pedagogik düzümleriň (komponentleriň) arasyndaky aragatnaşyklary seljermek üçin pedagogik proses tarapyndan şu aşakdaky aragatnaşyklar ýüze çykaryldy. Pedagogik arabaglanyşykda habar beriş (informasion), guramaçylyk, kommunikatiw aragatnaşyklar esasy orun tutýarlar.

Pedagogik ulgamda amala aşyrylýan pedagogik prosesi göz öňüne getirmek üçin bilim ulgamynyň gurluşyny doly ýüze çykarmaly. Amerikan pedagogy F.G. Kumbişyn Bilimiň krizisi. Ulgamlaýyn seljerme ( . .1970) çap eden kitabyndaky maglumatlar esasy üns bermegi talap edýär. Awtor bilim ulgamynyň esasy komponentleri diýip: 1) ulgamyň işiniň maksadyny we onuň wajyp wezipelerini; 2) okuwçylary okatmak ulgamyň esasy wezipesi hökmünde; 3) ulgamy dolandyrmagy; 4) okuw wagtynyň strukturasyny we wagtyny onuň wezipeleri bilen. 5) bilimiň mazmunyny; 6) mugallymlary; 7) okuw kitaplaryny, synp tagtalaryny, kartalary, kinofilmler, laboratoriýalary; 8) okuw prosesi üçin gerek bolan jaýlary; 9) tehnologiýany okatmakda ulanylýan usullar, tärler. 10) bilimleri barlamak we bahalandyrmak; 11) ulgamy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan barlag işler; 12) ulgamyň görkezijileri.

Professor I.P. Raçenko bilim ulgamynyň şu aşakdaky komponentlerini ýüze çykardy:

1. Ulgamyň maksadyny,wezipelerini, kesgitleýän işler.

2. Okatmagyň we terbiýelemegiň mazmuny.

3. Okatmagyň terbiýelemegiň maksatlaryny durmuşa geçirýän pedagogik kadrlar.

4. Bilim ulgamyny kämilleşdirýän, onuň mazmunyny we usullaryny döwrüň talabyna laýyk edip öwrenýän ylmy kadrlar.

5. Okuwçylar;

6. Mekdebiň material-tehniki bazasy.

7. Ulgamy maliýeleşdirmek.

8. Döredilen şertler.

9. Guramak we dolandyrmak.

 

Her bir zähmet prosesi (işi) ýaly pedagogik proses hem zähmetdir. Pedagogik prosesiň aýratynlygy pedagoglaryň we okuwçylaryň zähmetiniň özboluşly aragatnaşyk emele getirip birikmegidir.

Başga zähmet proseslerinde bolşy ýaly pedagogik işiň hem obýekti, serişdesi, önümi bardyr. Ösýän şahsyýet, terbiýelenýänleriň topary pedagogik işiň obýektdir. Pedagogik işiň obýektleriniň aýratynlygy olaryň özbaşdak ösüşidir.

Pedagogik işiň predmeti. Pedagogik işiň predmetimugallymdan aratapawutlylykda öz ösüşiniň irki basgançagynda duran adamy döwrebap terbiýelemek.

Pedagogik işiň obýektiniň aýratynlyklarynyň biri-de adamy kemala getirmek-de ol oňa edilýän pedagogik täsirleriň esasynda ösmän, özüniň psihikasyna mahsus bolan kanunlary kabul etmegiň, pikirlenmegiň, düşünmegiň, erkiň we häsiýetiň emele gelmeginiň netijesinde ösýär.

Pedagogik işiň serişdeleri.Oňa mugallymyň bilim derejesi, tejribesi, terbiýeleýänlere şahsy täsirinden başgada, okuwçylar bilen alyp barýan işleriniň görnüşleri, okuwçylar bilen düşünişmek, pedagogik täsiriň usuly degişlidir. Bular zähmetiň ruhy serişdeleridir.

Pedagogik işiň önümleri (netijesi). Giň manyda bu terbiýelenen, durmuşa taýýar edilen, jemgyýetiň adamy.

Wagt pedagogik işiň iň ýokary häsiýetnamasydyr. Wagt amala aşyrylýan işiň näçe tiz, ýokary hilli geçirilişine doly baha berip bilýär.

 





:


: 2018-11-11; !; : 600 |


:

:

.
==> ...

1593 - | 1451 -


© 2015-2024 lektsii.org - -

: 0.011 .