.


:




:

































 

 

 

 


Daşary ýurt pedagogikasynda terbiýäniň maksady




Daşary ýurt pedagogikasy terbiýäniň maksatlaryny kesgitlände goýlan maksadyň peýdalylygyny, güýçýeterligini göz öňünde tutýarlar.

Ösen döwletleriň häzirki zaman pedagogikasy nähili maksatlary öňe sürýär? Nazary filosofiki akymlaryň sanyna görä, olar köp we biri-biri bilen deň gelmeýärler. Her pedagogik konsepsiýa bu mesele boýunça öz çözgüdini hödürleýär.

Pragmatik pedagogikasy durmuşdan alnan maksatlary öňe sürýärler. Amerikanyň mekdepleri D. Diýunyň hödürlän ýoly bilen gidýärler. D. Diýunyň pikirine görä, terbiýe adamy durmuşa taýyarlamagyň serişdesi bolup bilmez. Sebäbi onuň özi durmuş. Geljege çagany terbiýeläp bolmaz, onuň durmuşynyň nähili boljakdygyny öňünden görüp bolmaz. Durmuş örän çylşyrymly we köp taraply, onda gapma-garşylyklar kän. Terbiýe adamlary birleşdirmelidir, ýaşlary parahatçylyk we ylalaşyklyk ruhunda terbiýelemelidir.

D. Diýu adamyň gaýtalanmazlygyny we terbiýäniň esasy maksady adamy durmuşa taýýarlamak diýip şeýle netije gelýär terbiýe adamyň tejribe sferasynda ösmegine täsir edýär, onuň tejribesiniň ösüşine, tejribe aklynyň ösüşine täsir etmelidir. Terbiýe bu ösüş ol hiç hili daşky maksatlara boýun bolmaýar. Onuň özi maksat diýip D. Diýu belleýär.

Esasy meseleleriň biri adamyň öz durmuş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen içki aktiwligini aýamaly we ösdürmeli. D. Diýunyň bu aýdanlary şahsyýetiň aýrabaşga hilleriniň ösüşi we onuň özüni alyp barşy bilen baglydyr. Terbiýäniň gowy maksady terbiýelenýänleriň, özüniň oňa süren maksadydyr.

D.Diýunyň terbiýäniň maksatlary baradaky öňe süren usulýet talaplaryny häzirki zaman amerikan nazarýetçi pedagoglary A. Maslou, A. Kombs, E. Kelli, K. Podjers, T. Brammeld goldanýarlar. Olar terbiýäniň gymmatlygy onuň şahsyýeti ösdürişi bilen baglydygy, durmuşyň onuň öňünde goýan soraglara jogap tapmaga kömek edýänligi, bilen ýüze çykan ýagdaýlara uýgunlaşyp, olardan baş alyp çykmaga kömek edýänligi bilen ylalaşýarlar. Amerikan pedagoglaryň pikirlerini jemläp, şeýle netije gelip bolar pragmatik pedagogikanyň terbiýesiniň esasy maksady şahsyýetiň öz-özüni terbiýelemegidir.

Neopozitiwizm esasynda ösýän täze ynsanperwerlik pedagogikasy terbiýäniň esasy maksadyny intellektual şahsyýeti kämilleşdirmek diýip hasap edýärler. Bu konsepsiýanyň ýüze çykyşy barada köp işler ýazan belli nemes pedagogy we psihology L. Kolbergdir. D. Diýunyň we Piaženiň pikirleriniň täsiriniň astynda bolup L. Kolberg terbiýe aňly, guramaçylykly ulgamly ösýän, wajyp moral we sosial meseleleri seljerip, düşündirip we çözgüt tapmaga başarýan şahsyýeti terbiýelemäge gönükdirilen bolmaly diýýär. Neogumanisteleriň (täze ynsanperwerlik) öňe süren terbiýe meseleleriniň arasynda ýaşlaryň zähmet taýyarlygy ýok. Olaryň pikirine görä, zähmet terbiýesi okaýanlaryň wagtyny we güýjüni alyp, onuň intellektiniň (akylyň) ösmegine päsgel berýär.

Ekzistensializm pedagogikasy terbiýäniň maksady adamy ýaşamak endikleri bilen ýaraglandyrmakdyr diýip düşündirýär: Terbiýe bu kemala gelmegiň, saýlawyň, adamyň kim-de bolsa biri bolmak baradaky göreşiniň görnüşleridir. Terbiýäniň esasy maksady adama özüni şahsyýet edip ýetişdirmegi öwretmekdir.

Ekzistensialistleriň terbiýe konsepsiýasynyň esasy ünsi aýratyn şahsyýeti terbiýelemekdir, onuň içki dünýäsini seljermekdir. Bu konsepsiýanyň esasy merkezi wezipeleriniň biri adama dogry moral saýlaw etmegi öwretmek we düşündirmek.

XX asyryň 50-60-njy ýyllarynda ýewropa döwletlerinde we ABŞ-da ekzistensializm pedagogikasynyň täze ugurlary ýüze çykdy. Olaryň arasynda nemes filosofy we pedagogy. O.F. Bolnowyň garaýyşlary esasy orun tutýar. Onuň öňe sürýän pikirleriniň ýadrosy hökmünde ahlak terbiýesi konsepsiýasy ýatyr. O.F. Bolnowyň aýtmagyna görä etiki ulgamlar näçe üýtgese-de ahlak normalary üýtgewsiz galýarlar. Şonuň üçinem şu günler biz sada ahlak sypatlary (normalary) terbiýäniň esasy maksadyna öwürmeli. Ynanmak, umyt, minnetdarlyk esasy üç sany berk mylakatlylyk.

Neotomizm pedagogikasy biziň eýyam bilşimiz ýaly terbiýäniň esasy maksady edip, hudaýdan gorkýan şahsyýeti kemala getirmegi esasy maksat edip goýdy. Olaryň pikirine görä, adamyň teni we ruhy barada alada etmeli, onda-da esasy onuň ruhydyr. Terbiýäni adamyň ruhundan başlamaly. Diňe diniň üsti bilen biz çagalarda ahlak sypatlary terbiýeläp bileris diýip düşündirýärler. Adama şahsyýet hökmünde çykyş etmek üçin onuň okuwynyň esasylary ahlak terbiýesi bilen baglanyşykly bolmaly. Ol durmuşda öz ýerini tapyp bilmeli, özbaşdak ahlak saýlawlaryny edip bilmeli, özüni dogry alyp baryp bilmeli, özüniň durmuş pozisiýasy bolmaly.

Neobihewioristler (täze bihewioristler) terbiýäniň esasy maksady hökmünde dolandyrylýan indiwidi kemala getirmegi öňe sürýärler. Dolandyrylýan indiwid demokratik jemgyýetiň borçlary we hukuklaryny kabul edýän, öz şäherini, welaýatyny, döwletini, dünýäni söýýän, onuň ulgamyny goldaýan gowy terbiýelenen raýat. Terbiýelände esasy üns jogapkärçiligi kemala getirmäge gönükdirilen bolmaly. Zähmet çekende tertiplilige we jogapkärçilige esasy üns bermeli.





:


: 2018-11-11; !; : 429 |


:

:

, .
==> ...

1506 - | 1358 -


© 2015-2024 lektsii.org - -

: 0.01 .