.


:




:

































 

 

 

 


Häzirki zaman daşary ýurt pedagogik konsepsiýalary




Biz eýýam pedagogikanyň usulýet esasynyň filosofiýadygyny bilýäris. Köp sanly pedagogik konsepsiýalaryň we terbiýeçilik ulgamlaryň esasynda filosofik nazarýetiň ýatanlygy belli. Pragmatizm, neopozitiwizm, ekzistensializm, neotomizm, bihewiorizm bular özüne degişli filosofiki ugurlara daýanýan esasy pedagogiki konsepsiýalardyr.

Pragmatizm (grek sözi pragma - iş) terbiýe bilen durmuşy ýakynlaşdyrmak, terbiýäniň maksatlaryna tejribe işinde ýetmek pikiriniň goldap çykyş edýän filosofiko pedagogik ugurdyr. Pragmatiki filosofiýany esaslandyryjylar Ç. Pirs (1839-1914) we U.Džems (1842-1910) täze filosofiýany döretmäge ymtyldylar. Olaryň filosofiýasy idealizmden we materializmden aýry duran bolmalydy. Irki pragmatistleriň pikirini amerikan filosofy we pedagogy Dž. Diýu (1859-1952) ösdürdi. D.Diýu olaryň pikirlerini bir ulgama getirdi we instrumentalizm diýip atlandyrdy.

Bu ulgamyň esasy düzgünleri şulardyr. Mekdep durmuşdan, okatmak terbiýeden üzňe bolmaly däldir.

Okatmakda we terbiýelemekde çaganyň işjeňligine daýanmaly we ony hemmetaraplaýyn ösdürmeli we stimulirlemeli. Okuw işi çagalaryň anyk tejribe işleri ýerine ýetirmegi, dünýäni, bilelikde işlemegi öwretmek, kynçylyklary, näsazlyklary ýeňip geçmegi öwretmek bolmaly. Diňe şeýle okadylýan mekdeplerde çagalar durmuşa gowy uýgunlaşyp bilerler. Okuw-terbiýeçilik işiniň esasynda çaganyň gyzyklanmalary ýatmaly: biz çaganyň ýerine durup, onuň ýaly bolmaly. Meýilnama däl, çaga okatmagyň hilini we mukdaryny kesgitlemeli.

XX asyryň 60-njy ýyllarynda pragmatizm filosofiýasy we oňa daýanýan pedagogika öz täsirini ýitirdi. D. Diýunyň pikirleri okatmagyň hiliniň pese düşmegine getirdi. Bu öz gezeginde pragmatizmi täzeden gözden geçirip ony täze garaýyşlar bilen baýlaşdyrmagy talap etdi. XX asyryň 70-nji ýyllarynda pragmatizm neopragmatizme öwrüldi.

Neopragmatizm konsepsiýasynyň esasy mazmuny şahsyýetiň öz-özüni tassyklamagydyr. Bu konsepsiýanyň tarapdarlary (A. Maslou, A. Kombs, E.Kelli, K.Rodjers. T.Brammeld, S. Huk we başgalar) terbiýäniň aýrabaşga gönükdirilenligini güýçlendirýärler. A. Maslou şeýle diýýär: Şahsyýetiň ösüş we ynsanperwerlik çeşmeleri diňe onuň özündedir, ol hiç nähili derejede-de jemgyýet tarapyndan döredilmeýär. Jemgyýet diňe ösüşine, ynsanperwerligine kömek edip biler, ýa-da päsgel berip biler. Edil bagban bagda ösýän bägüliň ösüşine kömek edişi, ýa-da päsgel berip bilşi ýaly. Ýöne ol bägüliň deregine dub agajynyň ösmegini kesgitläp bilmez. Başga söz bilen aýdanymyzda neopragmatistler şahsyýetiň özüni alyp barşyna, özüne bahalandyryşyna doly özbaşdaklyk berýärler. Muňa garamazdan şu günler neopragmatizm amerikan pedagogikasynyň esasy ugry hökmünde çykyş edýär we günbatar döwletlerinde giň ýaýrandyr.

Neopozitiwizm ylmy tehniki rewolýusiýanyň netijesinde toparlaýyn hadysalaryň ýüze çykyşyny düşündirjek bolýan filosofiki pedagogiki ugurdyr.

Klassiki pozitiwizmiň içinde Platonyň, Aristoteliň, Ýumyň, Kantyň, estetiki pikirleriniň esasynda dörän, täze akym ýuwaş-ýuwaşdan berkäp Günbatarda ulydan ýaýrady. Häzirki pedagogik neopozitiwizm köplenç täze gumanizm, täze ynsanperwerlilik diýlip atlandyrylýar. Onuň käbir ugurlary siýensizm (iňlis sözi ylym) diýlip hem atlandyrylýar. Täze ynsanperwerlik we siýentizmiň görnükli wekilleri P. Hers, Dž, Wilson, R. S. Piters, A. Harris, M. Uopnak, L. Kolberg we başgalardyr.

Neopozitiwizm pedagogikasynyň esasy düzgünleri şulardyr. Terbiýe dünýägaraýyş pikirlerinden arassalanmaly, sebäbi ylmy-tehniki progress rasional pikirlenmä mätäç, oňa ideologiýa gerek däl. Bu akymyň tarapdarlary terbiýe ulgamyny doly ynsanperwerleşdirmek barada çykyş edýärler. Okuw işinde esasy üns adamyň intellektini ösdürmek, terbiýäniň esasy wezipesi rasional pikirlenýän adamy kemal getirmekdir. Siýentizmiň tarapdarlary duýgyny inkär edip, logika ynanyp, şahsyýetiň ösüşiniň esasy kriteriýalary rasional pikirlenmedir, diňe oňa daýanyp şahsyýet başga adamlar bilen söhbetleşmegi başarýar, öz-özüni ýerleşdirmegi başarar. Adam öz ösüşini özi meýilnamalaşdyrýar, olam öz gezeginde öwrülip onuň sosial tejribesine täsir edýär.

Neopozitiwizm pedagogiasynyň täsiri uludyr. Ol özüniň täsirini köp döwletleriň terbiýeçilik ulgamlarynyň ösüşine ýetirdi. Şol hatarda biziň bilim ulgamymyzy ynsanperwerleşdirmek ýörelgesi-de şol akymyň täsiridir.

Ekzistensializm (latyn sözi ehstensia bar bolan) şahsyýet dünýäniň iň ýokary gymmatlydygyny boýun alýan uly täsirli filosofiki ugurdyr. Adamyň Men diýen barlygynyň bolmagy onuň mazmunyny kesgitleýär we ony döredýär. Her bir şahsyýet gaýtalanmaýan, aýratyn, unikaldyr. Her bir adam özüniň ahlagyny özi göterijidir. Ekzistensialistleriň aýtmagyna göräadam hemişe we hemme ýerde ýeke, durmuşdan üzňe we özüne garşy daşky gurşawda ýaşamaga mejbur. Jemgyýet şahsyýetiň ahlak özbaşdaklygyna zelel ýetirýär, sebäbi ony özüne boýun bolujy edip terbiýelelýär. Terbiýe nazarýeti obýektiw kanunalaýyklyklary bilmeýär, olar ýok. Köke ideologiýa eýermeli däl.Her kim öz ykbalyny özi döredýär diýen pikirini goldap çäklenmeli. Ekzistensializmiň esasy düzgünleri şulardan ybarat. Bu filosofiki ugur Günbatar Ýewropa, Amerika, Ýaponiýa döwletlerinde giňden ýaýrady.

Ekzistensializm pedagogik nazarýete, terbiýäniň maksatlaryna we mümkinçiliklerine ynanmaýar. Adam diňe özi özüni terbiýeleýär, terbiýe oňa hiç hili kömek edip bilmeýär. Esasy ugur aýrybaşgalyk, şahsyýeti daşky täsirelerden goramak. Hiç nähili programmalar gerek däl, hiç hili usullary we tärleri oýlap tapmagyň geregi ýok, gerek bolsa mekdepdenem ýüz döndermeli. Şahsyýete öz ornuny tapmaga kömek edýän uly güýçler durmuş, tebigat, intuisiýadyr. Olar kollektiwiň (toparyň) şahsyýetiň kämilleşmegine täsirini-de inkär edýärler. Belli fransuz ekzistensialisti G. Marsel şeýle diýýär: Topary terbiýeläp bolmaz. Diňe indiwid, dogry aýtsak, şahsyýet terbiýä boýun bolýar. Başga edilen işler, türgenleşikdir. (dressirowka).

Häzirki zaman ekzistensializm pedagogikasynyň görnükli wekilleri Dž. Kneller, K. Gorild, E. Breýrah (ABŞ), U. Barret (Beýik Britaniýa), M. Marsel (Fransiýa), O.F. Bolnow (Germaniýa), T. Morita (Ýaponiýa), A. Falliko (Italiýa) we başgalar terbiýäniň täsir edýän merkezini aňasty diýip düşündirýärler. Adam intuisiýasy, duýgusy, özüni duýuşy, impulsy bu iň esasylardyr. Aň, intellekt, logika bular ikinji derejede durýarlar.

Pedagogik ekzistensializm mugallyma özboluşly orun berýär. Birinjiden, okuwçylara erkin atmosfera döretmek, olaryň şahsyýetleriniň özboluşlyklarynyň ýüze çykmagyny ýola goýmak, azrak öwüt-ündew etmek, köpräk döstlukly kömek etmek, kime ruhy daýanç gerek bolsa kömek etmek, her bir okuwça öz ýoly bilen gitmäge kömek etmek.

Neotomizm dini filosofiki ylmy akym. Onuň adynyň gelip çykyşy katolik dindarynyň Foma (Toma) (1225-1274) Akwinskiniň ady bilen baglanyşdyrylýar. Foma Akwinskiniň aýtmagyna görä, din bu adamyň durmuşyny we terbiýesini ugrukdyrýan ömürlik baş filosofiýadyr.

Neotomistler real dünýäniň barlygyna ynanýarlar, ýöne bu dünýäniň barlygyny hudaý bilen baglanyşdyrýarlar. Terbiýe meselesinde ylym we din bir-birini goldap, bilelikde hereket etmeli. Ylym ýerde bolup hadysalary öwretmeli, din bolsa hudaýdan gelýän tebigatyň kanunanyna boýun bolmaýan ruhy ideýalary öwretmeli.

Häzirki zaman neotomizminiň pedagogik konsepsiýasyny belli fransuz filosofy, neotomizmiň baştutany Ž. Mariten giňişleýin düşündirýär. Katoliki pedagogikasynyň görnükli wekilleri U. Kaningam, U. Makgaken (ABŞ). M. Kazotti, M. Stefanini (Italiýa), W. fon lowenih (Germaniýa), R. Liwigston (Angliýa), E. Žilson (Fransiýa).

Neotomizm pedagogikasy umumyadamzat häsiýetleri - haýyrlylygy, ynsanperwerligi, mylakatlylygy, dogryçyllygy, ýakyn adamyňa söýgüni we şuňa meňzeş häsiýetleri terbiýeleýär. Diňe şu häsiýetleri terbiýelesek, onda öz-özüňizi ýok edip barýan siwilizasiýamyzy gorap saklap bileris.

Öz pikirlerini tassyklamak üçin olar dünýäde bolup geçýän ekologiki hadysalary mysal getirýärler. Oňa köp adamlar ynanýarlar. Haýran galaýmaly zat: dünýäde dini mekdepleriňem sany giňelýär. Katoliki mekdepepler şu günler Italiýada Portugaliýada, Irlandiýada, Belgiýada, Fransiýada, Germaniýada, Polşada abraýdan peýdalanýarlar.

Bihewiorizm (iňlis sözi behevior özüňi alyp barmak). Bu tehnokratik terbiýäniň psiholog-pedagogik konsepsiýasydyr. Bu konsepsiýanyň mazmuny häzirki zaman adam baradaky ösen maglumatlaryna eýerip, şahsyýetiň talaplaryny, başarnyklaryny, onuň özni alyp baryş faktorlaryny barlap terbiýelemekdir. Bihewiorizmiň esasyny goýan görnükli amerikan filosofy we psihology Dž. Uotson, özüňi alyp barmagyň gyjyndyryja bardygy baradaky düzgüni öňe sürdi we ony şu aşakdaky formula görnüşinde hödürledi. .

Neobihewioristler (B.F. Skinner, K. Hall, E. Tolmen, S. Pressi) onuň pikirini berkitmek düzgüni bilen doldurdylar. Ondan soň zynjyr stimul reaksiýa - berkitmek görnüşinde boldy.

Neobihewioristleriň esasy terbiýe bilen bagly ideýasy adamyň özüni alyp barşy bu dolandyrylýan prosesdir. B.F. Skinner özi eksperimentçi psiholog haýwanlary türgenleşdirende (dressirowka) öwredende uly üstünlikler gazandy. Eden işini seljerip ol adamlaryda edil şonuň ýaly terbiýeläp bolar diýen netijä geldi. Skinneriň aýtmagyna görä häzirki zaman ýaşlary bilimleri dünýäni özgertmek üçin öwrenmeýärler, olar diňe ýokary wezipe almak üçin okarýarlar diýip düşündirýär. Ýaşlaryň bu ymtylmalaryny berkitmek bilen gerek bolan hereketi terbiýeläp bileris. Bihewioristleriň hödürnamalary esasynda gurlan okuw-terbiýeçilik proses okuw jaýlarynda akyl işiniň, dolandyrylýan algoritmleriň üsti bilen amala aşyrmak, aýrabaşga işleri stimulirlemek bilen, ýokary netije üçin ýaryşmak bilen industrial adamy işjeň guramaçy, tertipli adamy terbiýelemekdir.





:


: 2018-11-11; !; : 529 |


:

:

, .
==> ...

1375 - | 1278 -


© 2015-2024 lektsii.org - -

: 0.013 .