.


:




:

































 

 

 

 


Pedagogikanyň esasy düşünjeleri




Pedagogikanyň esasy düşünjelerine terbiýe, okatmak, bilim bermek, okamak, bilim, başarnyk, endik, maksat, mazmun, guramaçylyk, görnüş (forma), usul, serişde, netije, ösüş we kämilleşmek degişlidir.

Terbiýe bu adamy kämilleşdirmek maksady bilen ýörite gurnalan, maksadagönükdirilen iş. Pedagogika ylmynda terbiýe giň we dar sosial, giň we dar pedagogik manylarda ulanylýar.

Terbiýe giň sosial manyda ýaşy uly nesliň ösüp gelýän ýaşlara öz durmuş tejribesini öwredip, olary durmuşa taýýarlamagydyr. Tejribe diýlende adamlaryň belli bolan bilimler, başarnyklar, pikirlenmegiň görnüşleri, ahlak, etiki, hukuk normalary umuman adamzadyň özüniň taryhy ösüş döwründe toplan ruhy mirasy diýip düşünmeli.

Terbiýe taryhy häsiýetlidir. Ol adamzat jemgyýeti döremegi bilen ýüze çykdy, onuň durmuşynyň we ösüşiniň esasy bölegi boldy, tä jemgyýet bolýança mundan beýläk bolaram. Şonuň üçin terbiýä umumy we baky kategoriýa (düşünje) diýilýär.

Terbiýe jemgyýetiň ösüşine täsir edýär, öz gezeginde jemgyýetde terbiýelemäge ýagdaý döredýär.

Döwrüň üýtgemegi bilen terbiýäniň görnüşide üýtgeýär. Jemgyýetçilik aragatnaşyklaryň üýtgemegi bilen terbiýäniň maksady, wezipesi, görnüşleri we guralyşy üýtgeýär. Durmuş we ýaşaýyş şertler terbiýäniň häsiýetini, onuň adamlaryň aňyna, özüni alyp barşyna täsirini üýtgedýär.

Terbiýe düşünjesini giň manyda seljerip biz onuň konkret jemgyýetçilik, pedagogik manysyna az üns berdik. Adamzadyň toplan tejribesini ösüp gelýän ýaş nesle geçirmek ýa-da terbiýelemek bilen diňe ýörite gurnalan okuw-terbiýeçilik edarasynda pedagog hünärmenler meşgullanman, eýsem maşgala-da, habar beriş serişdeleri-de, edebiýat, sungat, zähmet kollektiwleri we tertip-düzgüne gözegçilik edýän edaralar-da meşgullanýar. Şonuň üçin terbiýe diýen düşünje aýdyňlaşdyrylmaga we dar manyda düşündirilmäge mätäç.

Terbiýe dar manyda - jemgyýetçilik institutlarynyň täsirinde adamda belli bilimleriň, garaýyşlaryň we ynamlaryň, ahlak gymmatlyklaryň, syýasy düşünjeleriň, onuň durmuşa taýýarlygynyň emele gelmegidir.

Terbiýe meselesine köp taraplaýyn çemeleşmeklik bu işde hyzmat edýän sosial institutlaryň (okuw-terbiýeçilik edaralary, maşgala, habar beriş serişdeleri, zähmet kollektiwleri, edebiýat sungat we ş.m.) işiniň bir maksada gönükdirilmegini talap edýär. Eger-de olaryň her haýsy özüçe bu işe çemeleşse, onda netije bolmaz. Bu bir taraplaýyn täsir bolar we terbiýäniň maksadyny çözmäge mümkinçilik bermez.

Terbiýe giň pedagogik manyda bu okuw-terbiýeçilik edaralarynyň işiniň ähli mazmunyny öz içine alyp, ýörite gurnalan, maksada gönükdirilen we dolandyrylýan, terbiýeçileriň terbiýeleýänlere toparlaýyn täsiri bolup, adamda gerek bolan hilleri emele getirmäge gönükdirilen täsirdir.

Terbiýe dar pedagogik manyda bu öňde goýlan aýdyň terbiýeçilik meselesini ýerine ýetirmäge gönükdirilen iş we onuň netijesidir.

Pedagogika ylmynda terbiýe düşünjesi onuň esasy toparlaryny aňlatmak üçin-de ulanylýar. Mysal üçin beden terbiýesi, ahlak terbiýesi, etiki terbiýe we başgalar.

Pedagogikanyň esasy düşünjeleriniň biri-de okatmakdyr. Okatmak bu ýörite gurnalan, maksada gönükdirilen, dolandyrylýan mugallymlar we okuwçylaryň aragatnaşygy bolup onuň netijesinde bilimler, başarnyklar, endikler özleşdirýär, akyl derejesi ösýär, okuwçylaryň dogry dünýägaraýşy terbiýelenýär, olaryň özbaşdak okamak endikleri berkidilýär. Okatmagyň esasyny bilimler, başarnyklar, endikler we öwrendikler düzýär. Mugallym tarapyndan maglumatlar beýan edilýär, okuwçylar tarapyndan olar özleşdirilýär.

Bilim bu tejribede barlanan, adamyň aňynda dogry özleşdirilen maglumatlardyr.

Başarnyk alnan bilimleri ulanyp bilmäge taýýarlyk, olaryň hereketlenip başlanmagy. Adamyň özbaşdak bilim almaga we käbir tejribe we nazary hereketleri ýerine ýetirmäge taýýarlygy.

Endik başarnyklaryň köp ulanylyp kämilleşmegidir. Olar gerek bolan hereketi etmekde ýüze çykýarlar.

Öwrendik özleşdirilen bilimleriň, başarnyklaryň, endikleriň durmuşda ulanylyşy.

Mugallym okatmak işinde okuwçylara şol ýa-da başga bilimleri habar berip, olarda dogry dünýägaraýyş, wajyp, sosial, ideologik ahlak sypatlary emele getirýär. Okatmagyň terbiýeçilik häsiýeti bardyr. Edil şeýle-de terbiýeçilik işiniň islendiginde bilim berijilik häsiýeti bardyr. Okadýarkak terbiýeleýäs, terbiýeleýärkäk- okadýas.

Bilim bu okatmagyň netijesidir. Öwredilýän dersleriň doly özleşdirilmegidir. Bilim okuwçynyň özleşdiren, ulgamlaşdyrylan bilimleriniň, başarnyklarynyň, endikleriniň, pikirlenmeleriniň görnüşleridir.

XIX asyrda bilim alan adam kämilleşen hasaplanypdyr. Häzirki döwürde adamzadyň toplan biliminiň göwrümini näçe wagtlap okasak-da özleşdirip bilmeris.

Belli bir ugurdan ulgamlaşdyrylan bilimi özleşdiren, onuň sebäplerini we netijesini aýyl-saýyl edip bilen, logiki pikirlenip bilýän adama bilimli adam diýip bolar. Ulgamlaşdyrylan bilimleri ele almak we ulgamly pikirlenip bilmek logiki pikirlenmegiň netijesinde özbaşdak bilimleri ele alyp bilmek bilimliligiň kriteriýasydyr.

Gadymy aforizmleriň birinde şeýle diýilýär: Bilim bu ähli öwrenilen maglumatlar ýatdan çykandan soň, adamda galan maglumatdyr.

Käbir adamlar özüniň güýçli ýady bilen, köp maglumatlary bilýänligi bilen daş-töwerekdäkileri haýran galdyrýarlar. Onuň ýaly adamlary bilimli adam hasap edýärler. Ýöne bu nädogrydyr. Eger-de adamda öz pikiri bolmasa, aýdýan zatlarynyň sebäplerini we netijelerini bilmese, ol bilimliligiň alamaty däldir. Her bir orta ýa-da ýokary mekdebi gutaran adamy-da bilimli diýip bolmaz. Şol bir hatar-da ýokary bilimi bolmadyk adamyda bilimsiz diýip bolmaz. A. Disterweg şeýle diýipdir: Ösüş we bilim hiç kime berlenem däldir, habaram edilmändir. Kim oňa ýetjek bolsa, bilimli boljak bolsa, ony öz güýji, öz üstünde işläp ýetmeli. Daşdan ol diňe bilim almaga itergi alyp biler.

Alnan bilimiň göwrümine görä, özbaşdak pikirlenip bilşine görä bilimler başlangyç, orta we ýokary bolup biler. Häsiýeti we gönükdirilenligi bilen bilim umumy, hünärment we politehniki toparlara bölünýär.

Umumy bilim tebigat, jemgyýet, adam barada ylymy bilimleriň esasyny berip, dialektiki materialistik dünýä garaýşy formirleýär, bilesigelijilik ukyplaryny ösdürýär. Umumy bilim her bir adamda gerek bolan okuw we zähmet başarnyklaryny, dürli tejribe endiklerini ösdürýär, oňa ony gurşap alan dünýäniň ösüş kanunalaýyklary barada düşünje berýär. Umumy bilimiň göwrümi we gönükdirilenligi döwlet tarapyndan amala aşyrylýar. Köp döwletlerde umumy (ýa-da orta) bilim hökmany hasaplanylýar.

Hünärment mekdeplerinde dürli ugurdan işgärler taýýarlanýar. Ýörite orta hünärment we ýokary hünärment okuw jaýlarynda halk hojalygy üçin ýörite orta bilimli we ýokary bilimli hünärmenler taýýarlanylýar.

Politehniki bilim okuwçylary häzirki zaman önümçiliginiň esasy ýörelgeleri bilen tanyşdyrýar. Olarda gündelik durmuşynda ulanylýan önümçiligiň iň sada zähmet gurallary bilen ismejek endiklerini emele getirýär.

Pedagogikada ylmyara kämilleşmek we ösüş düşünjeleri-de giňden ulanylýar. Kämilleşmek ekologiki, sosial, ykdysady, syýasy, psihologiki täsirleriň esasynda adamyň jemgyýetleşmek prosesidir. Terbiýe kämilleşmegiň iň bir wajyp, ýöne ýeke-täk bolmadyk faktorydyr. Kämilleşmek diýmek adamyň şahsyýetleşmegi diýip düşünilýär. Kämilleşmek düşünjesini doly manyda pedagogik kategoriýa diýip kabul edip bolmaz. Onuň manysy bir görseň gysgalýar, bir görseňem çäksiz giňelýär. XX asyryň 50-60-njy ýyllarynyň pedagogik edebiýatlarynda kämilleşmek düşünjesi şahsyýete dolandyrylmaýan, tötänleýin täsirleriň netijesi diýlip düşündirilýär. Mysal üçin pedagogika okuw kitabynyň awtory P.N. Gruzdew kämilleşmegi öz akymlaýyn terbiýe adamlara aňly hereketlerine garamazdan olara dürli ýagdaýlarda edilýän täsir diýip düşündiriýär.

Biz kämilleşmek pedagogikanyň esasy kategoriýasy diýen pikiri orta atýas. Adamda maksada gönükdirilen dolandyrylýan täsirlerden soň, onuň bilim derejesinde özüni alyp barşynda üýtgeşmeler ýüze çykýar. Bu üýtgeşikler kämilleşmekdir. Elbetde, adama daşky gurşawdan dürli dolandyrylmaýan, tötänleýin täsirler edilýär olaryň diňe adamyň bilimine we terbiýesine dogry täsir edip bilýänini kämilleşmegiň çeşmesi diýip bolar. Galanyny şahsyýetiň kämilleşmegine päsgel berýän täsirler diýip hasaplaýas. (J.Ş.T)

Umumyylmy düşünjeleriň pedagogika ylmynda köp ulanylýanlarynyň biri-de ösüşdir. Şu güne çenli bu düşünje berlen kesgitlemeleri seljerip, biz şeýle netije geldik. Ösüş - adamyň organizminde bolup geçýän hil we möçber prosesleriň netijesidir. Ösüş elmydama, hemişe dyngysyz üýtgeşikde bolup, bir görnüşden başga bir görnüşe - sadadan çylşyrymla, aşakdan ýokara geçyär. Adamyň ösüşinde filosofiýanyň hil üýtgeşikleriň möçber üýtgeşiklerine we tersine möçber üýteşikleriň hil üýtgeşiklerine geçiş kanunyny ýüze çykarýar.

Şahsyýetiň ösüşi çylşyrymly prosesdir. Bu prosesi çuň öwrenmek maksady bilen häzirki zaman ylmy ösüşiň esasy taraplaryny doly öwrenmek üçin differensirlenen ýol bilen gitdi. Bu ýol bilen öwrenmegiň netijesinde şahsyýetiň ösüşinde beden, psihiki, ruhy, sosial we başga taraplary kesgitlenildi. Pedagogika ylmy şahsyýetiň ruhy ösüş meselesini öwrenýär. Ony öwrenende hökmany suratda şahsyýetiň ösüşiniň beden, sosial, psihiki taraplary bilen berk baglanyşdyrýar.

Käbir pedagogikany öwrenijiler onuň esasy düşünjeleriniň toparyna öz-özüňi terbiýelemek, özbaşdak bilim almak, özbaşdak ösüş, pedagogik proses, pedagogik işiň netijeleri, sosial kämilleşmek ýaly düşünjeleri goşmagy hödürleýärler. Bu düşünjeleri biz hem pedagogik nazarýetiň wajyp düzümleri diýip hasap edýäris we olaryň manysyny degişli temalar geçilende açyp görkezeris.

Kesgitlenen pedagogik düşünjeleriň arabaglanyşygyny mysaly shemada şeýleräk görkezse bolar.

 

Elbetde pedagogik prosesiň gidişinde bu düşünjeleriň arabaglanyşygyny nazary shemalardakydan çylşyrymlyrakdyr.

 





:


: 2018-11-11; !; : 1014 |


:

:

, , .
==> ...

999 - | 767 -


© 2015-2024 lektsii.org - -

: 0.025 .