.


:




:

































 

 

 

 


Pedagogikanyň başga ylymlar bilen arabaglanyşygy, onuň esasy düşünjeleri. Häzirki zaman pedagogika ylmynyň ösüşi




Pedagogika beýleki ylymlar ýaly filosofiýa bilen berk arabaglanyşyklydyr. Filosofiki ylmyň bölümleri (dialektiki we taryhy materializm, sosiologiýa, etika we estetika) pedagogika ylmyna terbiýäniň mazmunyny we maksadyny kesgitlemäge kömek edýärler, adamzat jemgyýetiniň ösüş kanunalaýyklyklaryny, ylymda we jemgyýetde bolup geçýän üýtgeşikler barada maglumat berýärler.

Pedagogikanyň takyk meselelerini çözmekde filosofiýanyň ulgamyna girýän sosiologiýa, etika we estetika (gözellik) uly rol oýnaýarlar.

Sosiologiýa daşky garbawyň adama täsirini, ykdysadyýetiň, medeniýetiň, şahsyýetiň kämilleşmegine täsirini öwrenip, pedagogika ylmyna mekdebiň işi barada, mekdebiň, maşgalanyň we jemgyýetiň çagalary terbiýelemekdäki orny baradaky maglumatlary berýär.

Etika ahlak meselelerini çözmek bilen meşgullanyp, ahlak terbiýesi meselesi bilen berk baglanyşyklydyr. Pedagogika ahlak terbiýesi meselesini çözende etika daýanýar.

Estetika (gözellik) - estetiki terbiýäniň ylmy esasy hökmünde çykyş edýär. Pedagogika oňa daýanyp, estetiki terbiýäniň mazmunyny, serişdelerini we ýollaryny kesgitleýär.

Pedagogika ylmy anatomiýa we fiziologiýa bilen baglanyşyklydyr. Adamyň biologiki häsiýetini onuň nerw sistemasynyň ösüşini we nerw sistemanyň görnüşlerini, birinji we ikinji signal ulgamy, duýgy organlarynyň ösüşini we işleýşini, ýöreýiş organlarynyň apparatyny, ýürek-damar we dem ulgamy baradaky maglumatlary anatomiýa we fiziologiýa ylymlary öwrenýär we terbiýelemek, bilim bermek we okatmak işinde olary göz öňünde tutmagy öwredýär.

Psihologiýa ylmy pedagogika ylmynyň ösüşinde esasy orun tutýar. Psihologiýa adamyň psihiki ösüşiniň kanunalaýyklygyny öwrenýär. Eger psihologiýa jan baradaky ylym bolup ol psihikanyň döreýşiniň; ösüşiniň, ýüze çykyşynyň, aýratyn hem adamy taryhy şahs hökmünde häsiýetlendirýän aňyn psihologik kanunalaýyklyklaryny öwrenýän bolsa, pedagogikany terbiýeçilik täsirleriň adamyň içki dünýäsinde we özüni alyp barşynda gerek bolan üýtgeşikler gyzyklandyrýar. Pedagogikanyň her bölümi psihologiýanyň degişli bölümlerine daýanýar.

Didaktika (okatmak nazarýeti) bilijilik nazarýetine we akyl ösüş bölümine; terbiýe nazarýeti şahsyýet psihologiýasy bölümine daýanýar. Bu iki ylmyň arabaglanyşygy pedagogik psihologiýanyň we psihopedagogikanyň ýüze çykmagyna getirdi.

Pedagogika taryh ylmy bilen arabaglanyşyklydyr. Pedagogikanyň taryhy dersini esasy çeşmesi bolup, taryhy maglumatlar çykyş edýärler. Görnükli pelsepeçileriň biri Konfusiý şeýle diýýär: Könä ýüzlenip täze zady açyp bilýän adam mugallym bolmaga mynasypdyr. Pedagogika ylmy taryha daýanyp, ondan adamzat jemgyýeti döränden şu güne çenli terbiýäniň, bilim bermegiň we okatmagyň ýüze çykyşyny, ösüşini öwrenýär.

Edebiýat hem pedagogika ylmynyň durmuşynda uly rol oýnaýar. Görnükli şahyrlaryň goşgularynyň mazmuny, belli ýazyjylaryň eserlerindäki maglumatlar şahsyýeti terbiýelemekde uly orna eýedir. Urbanizasiýa - onuň manysy şäherleşme. Kiçi şäherleriň ornuna uly şäherleriň emele gelmegi we olarda adamlaryň esasy böleginiň toplanmagy. Edebiýatda urbanizm diýen adalga bar. Onuň esasy manysy uly şäherleriň edebi eserlerde şöhlelendirilişidir. Uly şäherleriň durmuşynda bolup geçýän wakalar, olaryň bilim ulgamy, pedagogika üçin wajyp maglumat bolup çykyş edýär. Ondan başga-da edebi eserleriň gahrymanlarynyň keşbi-de terbiýelemek işiniň çeşmesi hökmünde çykyş edýärler.

Pedagogika ylmy geografiýa we antropologiýa, medisina we ekologiýa, ykdysadyýet we arheologiýa bilen hem berk arabaglanyşykda ösýär.

Göräýmäge dürli ylymy barlaglary bolan, dürli meseleleri öwrenýän ylymlar biri-biri bilen arabaglanyşyk, daýanç nokatlaryny tapýarlar. Bu arabaglanyşyklaryň netijesinde täze perspektiw ylymy akymlar ýüze çykýar. Mysal üçin, pedagogikanyň tehniki we matematiki ylymlar bilen arabaglanyşygy netijesinde kibernetika pedagogikasy, matematika pedagogikasy, kompýuter pedagogikasy, suggestologiýa ýaly täze ulgamlar döredi.

Pedagogika ylmynyň beýleki ylymlar bilen aragatnaşygyny seljerip, olaryň görnüşlerini kesgitledik:

- pedagogika başga ylymlaryň esasy pikirlerini, nazary düşünjelerini, jemleýji netijelerini ulanýar.

- bu ylymlaryň ylmy barlag usullaryndan peýdalanýar;

- psihologiýa, fiziologiýa, sosiologiýa we başga ylymlaryň barlaglarynyň netijeleriniň pedagogika ylmynda ulanylyşy;

- pedagogika ylmynyň adamy öwrenmek boýunça alnyp barylýan umumy ylmy barlaglaryna gatnaşmagy.

 





:


: 2018-11-11; !; : 972 |


:

:

, .
==> ...

1410 - | 1351 -


© 2015-2024 lektsii.org - -

: 0.01 .