.


:




:

































 

 

 

 


Pedagogikanyň ylmy barlag usullary




Her bir dersi öwrenýän adamda berlen maglumatlaryň dogrylygy, takyklygy, nirden alnanlygy barada sorag ýüze çykmagy mümkin. Pedagogikany öwrenýänlerde-de edil şeýle soraglar ýüze çykýar. Şonuň üçin berilýän maglumatlaryň nirden?, nähili? alynýandygyny öwrenmän, düşündirmän dersiň maglumatlaryny öwrenmek mümkin däl. Maglumatlaryň ylmy alnyş, öwreniliş ýollaryna barlag usullary diýilýär. Ylmy barlag usullaryň kömegi bilen her bir ylym öz öwrenýän predmeti barada gerek maglumaty alýar, ony seljerýär, gerek derejesinde täzeden işleýär we öz bilimler ulgamyna goşýar. Ylmyň ösüşiniň tizligi onda ulanylýan ylmy barlag usullara baglydyr. Öwrenilýän hadysalaryň we prosesleriň mazmunyna doly düşünmek, olar barada dogry ylmy netije çykarmaga mümkinçilik berýär. Pedagogik ýagdaýlaryň öwrenilişiniň metodologik esasy öwrenmegiň nazarýetidir (gnosiologiýa). Bu nazarýet ylmy öwrenmegiň umumy nazarýeti bolup, umumy häsiýetli gönükdiriji funksiýany ýerine ýetirýär.

Ylmy barlag usullary öwrenilýän obýektler bilen hemişe berk baglanyşyklydyr. Öwrenilýän predmet barada alynýan habar onuň mazmunyna deň gelmelidir. Bu diýildigi, her bir ylym özüniň öwrenýän hadysalary bilen bagly bolup, özüniň hususy ylmy barlag usullaryny işläp düzmeli we ulanmaly.

Terbiýe baradaky hadysalary öwrenýän ylmy barlag usullarynyň nähili aýratynlyklary bolmaly?

Pedagogik işiň amala aşyrylyşynyň birmeňzeş dälligidir. Okatmagyň, bilim bermegiň, terbiýelemegiň, ösüşiň netijelerine bir wagtyň özünde örän köp täsiriň bolmagy. Eger-de biz ol täsirleriň bir ýa-da ikisini üýtgetsek, onda okatmagyň, bilim bermegiň, terbiýelemegiň, ösüşiň netijesi derrew üýtgär.

Pedagogik hadysalar özüniň gaýtalanmaýanlygy bilen häsiýetlenýärler. Tebigat ylymlary (fizika, himiýa, matematika) öwrenilende ylmy öwreniji şol bir eksperimenti, şol bir enjamlary ulanyp, şol bir ýagdaýlarda birnäçe gezek gaýtalap biler. Onuň netijesinde ol bir jemlemä gelýär. Pedagogikany öwreniji barlagçylar onuň ýaly mümkinçiliklerden mahrum. Ylmy barlagy ikinji gezek geçirende ol eýýäm başga faktlar, başga ýagdaýlar, başga obýektler bilen işlemeli bolýar. Sebäbi olar adamlar bilen (janly organizmler bilen) iş salyşýarlar. Öňki geçirilen barlag bilen soňky barlagyň netijeleri deň gelmeýär. Şol sebäpli-de pedagogika ylmynda, onuň nähili taýýarlanyp geçirilendigine garamazdan arassa eksperimenti geçirmek mümkin däl. Bu ýagdaýlary göz öňünde tutup, pedagoglar öz netijelerini, olaryň otnositelligine düşünip, jemleýärler.

Pedagogik ylmynda geçirilýän ylmy barlaglara gundakdaky çagalardan başlap, dürli ýaşly adamlaryň gatnaşýandygyny bellemeli. Şonuň üçinde pedagogik ylmy-barlaglar geçirilende olar adamyň saglygyna, ösüşine birjikde zyýan ýetirmez ýaly meýilnamalaşdyrylmaly, guralmaly we geçirilmeli. Mumkin boldugyndan olar okuw-terbiýeçilik işini kämilleşdirmäge kömek etmeli. Adamyň ahlak keşbine, etiki hormatlaryna garşy gelýän eksperimentleri ulanmak gadagan.

Pedagogik işiň üýtgeýjiligini göz öňünde tutup, ol barada dogry maglumat almak üçin mümkin boldugyndan syn etmegi köp ulanmaly. Onuň netijesinde öňki geçirilen barlaglarda ýüze çykan kemçilikleri düzedip bolar. Pedagogika ylmynda, jemgyýetçilik ylymlarynda bolşy ýaly netijeler ortaça jemlenen görnüşinde formulirlenýärler.

Islendik bir pedagogik ylmy barlagyň soňky maksady öwrenilýän obýektiň kanunalaýyklyklaryny ýüze çykarmakdan ybarat.

Kanunalaýyklyk bu esasy ylmy pedagogik düşünjedir. Onuň esasy mazmuny hadysalaryň arasyndaky berk, hemişelik arabaglanyşykdyr. Şu günler alymlar kanunalaýyklyk we kanun diýen umuman manydaş düşünjeleriň aratapawudyny düşündirjek bolup synanyşýarlar.

Şu güne çenli hadysalaryň arasyndaky hökmany, hemişelik arabaglanyşyk doly öwrenilmedi. Käbir wagt kanunalaýyklyk soňuna çenli öwrenilmedik, hereket edýän çäkleri we görnüşleri näbelli kanun hem diýilýär. Köp babatlarda kanunalaýyklyk diýlen duşünje köpçülik bilen bolup geçýän hadysalaryň baglanyşyklaryny düşündirmek üçin ulanylýar. Hadysalaryň obýektiw ýagdaýlaryň ornuny bellemek üçinde bu düşunjeden peýdalanýarlar. Edil şu manyda-da bu düşunje pedagogikada ulanylýar.

Kanun bu berk kesgitlenen kanunalaýyklykdyr. Pelsepeçileriň aýtmagyna görä kanun bu hadysalaryň, ulgamlaryň içki hemişelik, hökmany arabaglanyşygydyr.

Adamzat kanunalaýyklyklara we kanunlara daýanyp az mukdardaky maglumatlar bilen oňup biler, ýöne bu maglumatlar öz hili boýunça ýokary bolýarlar.

Dünýäde bolup geçýän hadysalara göz ýetirmek üçin onuň kanunalaýyklaryny we kanunlaryny özleşdirmeli. Kanuny bilmek diýmek onuň täsirine düşunmek diýmekdir. Kanuny düşündirmek nämä üçin bu hadysa beýle, ol nähili, ýa-da ol nämä üçin başga hili bolup bilmeýär. Umuman onuň özi nämä? diýlen soraglara jogap bermekdir. Kanuny aýyryp bolmaz, ony diňe özüňe gerek bolan ýagdaýlarda dogry ulanyp bolar.

Ylmy kanunlar özüniň täsir edýän hadysalaryna görä toparlara bölünýärler. Birinji topara konkret, spesifiki kanunlar girýärler. Olaryň täsiri gysga. Ikinji topara umumy kanunlar girýärler. Olaryň täsiriniň göwrümi uly, olar birnäçe hadysalaryň arabaglanyşygyny öz içine alýarlar. Üçünji topary material dünýäniň ähliumumykanunlary düzýär. Olar ähli hadysalaryň arabaglanyşygyna täsir edýärler.

Kanunlar ýene-de birnäçe başga täsirler boýunça toparlara bölünýärler. Mysal üçin, wagt bilen, giňişlik bilen baglanyşykly dinamiki we statiki kanunlar. Funksional, ehtiýanlylyk we statistiki arabaglanyşygy beýan edýän kanunlar. Hil we mukdar kanunlary.

Adaty pedagogik usullar

Adaty pedagogik usullar bize pedagogik ylmyň ösüş ýolunyň başynda duran alymlardan miras galan usullardyr. Bu usullary Platon we Kwintilian, Komenskiý we Pestolossi ulanypdyrlar, olar şu günler hem ulanylýarlar. Adaty usullar toparyna: syn etmek; tejribäni öwrenmek; çeşmeleri öwrenmek; mekdep resminamalaryny seljermek; okuwçylaryň döredijilik işleriniň netijelerini öwrenmek, söhbetdeşlik degişlidir.

Syn etmek pedagogik tejribäni öwrenmegiň elýeter we ýaýran usulydyr. Öwrenilýän obýekti, ýagdaýy, hadysany tebigy ýagdaýlarda kabul etmek üçin ýörite gurnalan işe ylmy syn etmek diýilýär. Ylmy syn etmek gündelik syn etmekden aratapawutlanýar. Olaryň esasy aýratynlyklary: 1. Syn etmegiň obýekti, wezipeleri, ýörite shemalary işlenilip düzülýär. 2. Netijeleri hökmany suratda bellige alynýar. 3. Toplanan maglumatlar ýörite işlenilýär. Syn etmegiň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin ol uzak wagtlaýyn ulgamly, dürli taraplaýyn, köpçülikleýin we obýektiw bolmalydyr. Bu usulyň wajyplygyna, köp ýaýranlygyna, elýeterligini belläp, onuň kemçiliklerini-de bellemeli. Bu usul öwrenilýän pedagogik hadysanyň içki tarapyny açmaga mümkinçilik bermeýär. Bu usul bilen öwrenilýän hadysa barada doly we dogry maglumat alyp bolmaýar. Şonuň üçin bu usul ylmy barlagyň başynda başga usullar bilen birlikde ulanylýar.

Tejribäni öwrenmek bu gadymdan ulanylýan usullaryň biridir. Tejribäni öwrenmek giň manyda okuw-terbiýeçilik ulgamlarynyň umumylygyny, terbiýäni taryhy aragatnaşygyny öwrenmek üçin gurnalan öwrenijilik işdir. Onuň kömegi bilen konkret meseleleriň çözgütleri seljerilýär, olary täze taryhy şertlerde ulanmagyň maksadalaýyklygy çözülýär.

Käbir ýagdaýlarda bu usula taryhy usul hem diýilýär. Bu usul esasy çeşmeler ýa-da arhiw usuly bilen-de berk arabaglanyşykly. Gadymy ýazuw ýadygärlikleri, kanunçylyk aktlary, proýektler, hasabatlar, nutuklar (dokladlar), kararlar, gurultaýlaryň we maslahatlaryň maglumatlary hemmetaraplaýyn seljerilýär. Şol bir hatarda öwrenilýän meseläniň manysyna doly düşünmek, onuň gelip çykyşyny, ösüşiniň yzygiderligini, öwrenmek üçin okuw meýilnamalary, maksatnamalary, ustawlary, okuw kitaplary, sapaklaryň rejesi, terbiýeçilik işleriň ýazgylary, umuman ähli maglumatlar öwrenilýär.

Tejribäni öwreniş usulyna häzirki wagt gysga manyda öňdebaryjy tejribäni öwreniş diýlip aýdylýar. Bu belli bir pedagogik toparyň ýa-da aýratyn bir mugallymyň işini öwrenmegi öz içine alýar. Mysal üçin Donesk şäheriniň mugallymy W.F. Şatalowyň, gruzin pedagogy Ş. Amanaşwiliniň pedagogik tejribelerini görkezse bolar. Öňdebaryjy tejribäni öwrenende okatmakda we terbiýelemekde ýokary netije gazanylýan ýollary açmaga çalyşmaly.

Ylmy pedagogik barlaglar okuw-terbiýeçilik işini häsiýetlendirýän mekdep resminamalary seljerilmän geçirilmeýär. Bu usulyň esasy çeşmeleri synp žurnallary, ýygnaklaryň, maslahatlaryň beýanlary, kitaplary, okuw sapaklarynyň rejesi, içki mekdep düzgünnamalary, mugallymlaryň kalendar we sapak meýilnamalary, konspektler, sapaklaryň ýazgylarydyr. Bu resminamalarda öwrenilýän mesele barada dürli maglumatlar bardyr. Olar öwrenilýän işiň dogry ýola goýluşyna kömek edýärler. Bu usul beýleki usullar bilen hökman baglanyşdyrylyp ulanylýar.

Okuwçylaryň döredijilik işleriniň netijelerini öwrenmek. Okuwçylaryň öý işleri, synp işleri ýerine ýetirişi, olaryň ýazan barlag işleri, düzmeleri, çeken suratlary, ýerine ýetiren tehniki şekilleri özünde köp maglumatlary saklaýar. Mundan başga-da okuwçylaryň boş wagty ýerine ýetirýän işlerini, gyzyklanmalaryny öwrenmek hem wajyp. Bu usulyň üsti bilen okuwçylaryň şahsy aýratynlyklaryny, öz içine we borjuna garaýyşlaryny, işjeňligini, tertipliligini we başga taraplaryny öwrenip bolar.

Bu usulyda ähli usullar ýaly dogry, hemmetaraplaýyn meýilnamalaşdyrylmaly, dogry ulanmaly, syn etmek we söhbetdeşlik usullary bilen arabaglanyşykda ulanmaly.

Adaty ylmy-barlag usullaryň biri-de söhbetdeşlikdir. Söhbetdeşlikde adamyň garaýyşlary, duýgusy, baha berişi, pozisiýasy ýüze çykýar. Başga usullar bilen alyp bolmadyk maglumatlary ylmy öwrenijiler söhbetdeşlik usulynyň üsti bilen alýarlar. Pedagogik söhbetdeşlik usul hökmünde ylmy öwrenijiniň söhbetdeşiniň içki dünýäsine maksada gönükdirilenlikli aralaşmak synanyşygyny, onuň edýän hereketiniň sebäplerini ýüze çykarmak usuly hökmünde beýlekilerden aratapawutlanýar. Söhbetdeşligiň kömegi bilen öwrenilýän adamyň ahlak, dünýägaraýyş, syýasy we başga garaýyşlary, olaryň ylmy işini öwrenýänleriň meselelerine garaýşlary ýüze çykarylýar. Ýöne söhbetdeşlik örän çylşyrymly usuldyr, onuň netijelerine doly daýanyp bolmaýar. Şonuň üçin ol başga usullaryň netijelerini takyklamak, düşündirmek maksady bilen kömekçi usul hökmünde ulanylýar.

Bu usulyň netijesini ýokarlandyrmak we olara daýanmak mümkinçiliklerini artdyrmak maksady bilen ýörite maslahatlar:

- usul ulananda, hökmany suratda kadaly, dogry, pikirlenip düzülen söhbetdeşiň aýrybaşga taraplaryny öz içine alýan meýilnama düzmeli;

- ylmy barlag geçirilende öwrenilýän mesele barada goýulan soraglar köptaraply, arabaglanyşykly bolmaly;

- goýulan soraglar, olaryň mazmuny söhbetdeş üçin oňaýly görnüşde bolmaly;

- sorag-jogap geçirende ugurtapyjylyk, ýagdaýdan peýdalanmak endiklerini ulanmaly.

Söhbetdeşlik usulyny öwrenmek üçin köp zatlary okamaly.

Söhbetdeşligiň gidişi söhbetdeşiň razylygy bilen ýazylyp bilner. Ýöne häzirki zaman tehniki serişdeleri söhbetdeşligi bildirmän ýazga geçirmägä mümkinçilik berýärler.

Söhbetdeşligiň görnüşleriniň biri-de interwiýudyr. Bu usul pedagogika sosiologiýadan geçirilen. Bu usul az ulanylýar we köp ylmy öwrenijiler tarapyndan peýdalanylmaýar. Interwiýu geçirilende ylmy öwreniji ýörite taýyarlanan yzygiderlikde ýerleşdirilen soraglardan peýdalanýar.

Soraglara jogaplar öňünden taýyarlanylýar. Öňunden taýýarlanan jogaplar bolsa hemişe dogry bolmaýar. Köneleriň bir aýdan sözi bar: Dil adamlara diňe öz pikirini aýtmak üçin berlen däldir. Ol şol bir wagtyň özünde pikirleri üstünlikli ýaşyrmaga niýetlenendir.

Pedagogik eksperiment

Eksperiment sözi latyn sözi bolup tejribe we barlag diýen manyny berýär. Pedagogik prosesi üýtgedýän, dogry we doly hasaba alnan ýagdaýlarda goýlan ylmy tejribä - pedagogik eksperiment diýilýär. Beýleki usullar bar bolan ýagdaýlary hasaba alýan bolsa eksperiment üýtgediji häsiýetlidir. Onuň üsti bilen täze usullar, görnüşler, okuw-terbiýeçilik işiniň ulgamlary tejribä ornaşdyrylýar.

Pedagogik eksperiment okuwçylaryň bir toparyny, synpy, mekdebi ýa-da birnäçe mekdepleri gurşap alyp bilýär. Uly regional eksperimenlerde geçirilýär. Ylmy barlaglar özüniň temasyna we maksadyna laýyklykda uzak döwürleýin we gysga wagtlyk bolup biler.

Pedagogik eksperiment esasylyk işçi çaklamany, öwrenilýän soragyň doly işlenilmegini, hemmetaraplaýyn seljerilen eksperimenti geçirmäge niýetlenen meýilnamany, netijeleriň doly bellige alynmagyny, olaryň hemmetaraplaýyn seljerilmegini, jemleýji netijeleriň kesgitlenilmegini talap edýär.

Pedagoglaryň geçirýän eksperimentleri köpdürli. Olary gönükdirilenligi, öwrenilýän obýekti, geçirilýän ýeri we wagty boýunça toparlara bölýärler.

Eksperimentiň maksadyna laýyklykda olar: 1. Başlangyç ýa-da öwreniji eksperiment. Onuň maksady esasy pedagogik hadysalary öwrenmek. 2. Barlaýjy, biliji eksperiment. Ol öňe sürülen çaklamany barlaýar. 3. Üýtgediji, emele getirij i eksperiment. Onuň esasynda täze pedagogik hadysalar gurulýar.

Köp babatda ady agzalan eksperimentler yzygiderlikde ulanylýar.

Geçirilýän ýerine laýyklykda tebigy we laborator eksperimentler aratapawutlanýar. Tebigy eksperiment okuw-terbiýeçilik işine şikes ýetirmän öňe sürülen çaklamany barlamak üçin gurnalan tejribedir. Bu eksperimentiň diňe täze geçiriljek hadysalaryň real hereket edýän okuw-terbiýeçilik şertlerinde mümkinligi we oňa şikes ýetirmejekligi belli edilenden soň saýlanýar we ulanylyşa geçirilýär. Tebigy eksperimentiň obýekti bolup, okuw meýilnamalary, maksatnamalary, okuw kitaplary we okuw gollanmalary, okatmagyň tärleri we usullary, okuw-terbiýeçilik işiniň görnüşleri çykyş edýärler. Tebigy eksperiment parallel we çatryklaýyn görnüşde amala aşyrylýar.

 

Eger-de aýratyn bir hususy meseläni çözmek üçin ýa-da wajyp maglumatlary almak üçin barlanýanlara aýratyn gözegçilik etmek ýa-da ýörite enjam gerek bolan ýagdaýlarynda eksperiment ýörite abzallaşdyrylan, ýörite barlaglar üçin şert döredilen ýerinde geçirilýär. Bu eksperimente laborator eksperimenti diýilýär. Pedagogik barlaglarda eksperimentiň bu görnüşi köp ulanylmaýar. Elbetde, tebigy eksperimentiň netijeleri gymmatly, sebäbi ol real ýagdaýlarda geçirilýär. Tebigy eksperimentiň netijelerini takyk barlamak maksady bilen ony ýörite döredilen daşky täsirler ýok ýerinde laboratoriýada geçirýärler.

XIX asyryň ahyrynda XX asyryň başlarynda Eksperimental pedagogikasy atly akym ýüze çykdy. Bu akymyň ýüze çykmagyna A. Sikorskiniň (1879) okuwçylaryň diktanlarynda goýberýän ýalňyşlyklaryny, Ebbingauzyň maglumatlary ýatlamak boýunça (1885), Hollyň (1880) okuwçylaryň göz öňüne getirmelerini öwrenmek boýunça; Bine we Simonyň okuwçylaryň aklynyň ösüşini öwrenmek boýunça; Sternyň, Neçaýewiň, Laýyň okuwçylaryň göz öňüne getimeleriniň görnüşlerini öwrenmek boýunça; Burdonyň, Istiň, Meýmanyň okuwçylaryň ýadyny öwrenmek boýunça geçiren eksperimentleri täsir etdi. Eksperiment geçirijileriň ýerine ýetiren işleriniň köp mukdary pedagogik nazarýetiň altyn fonduna girdi.

Käbir sebäplere görä XX asyryň 30-njy ýyllarynyň ortasynda pedagogik meseleleriň eksperimental gözlegleri ýatdy. Bu meseleleriniň ulanylyşyna XX asyryň 70-nji ýyllaryndan ýene-de täzeden girişildi.

 

Pedagogik soragnama (testirowaniýe)

 

Test diýen söz iňlis dilinden terjime edilende mesele, barlag diýen manyny berýär. Pedagogik işiniň häsiýetlerini dogry, hemmetaraplaýyn ölçemek we öwrenmek üçin berk gözegçilik esasynda, maksadagönükdirilen, ähli barlanýanlara birmeňzeş ýumuş tabşyrylyp geçirilýän işe testirleme (soragnama) diýilýär. Beýleki ylmy-barlag usullardan testirleme özüniň takyklygy, elýeterligi, ýönekeýligi we awtomatlaşdyrylýanlygy bilen tapawutlanýar.

Testirleme täze usul däl. Ýöne soňky wagtlarda pedagogikada az ulanylýan usuldyr. XIX asyryň 80-nji 90-njy ýyllarynda ylmy gözleýjiler adamlaryň aýrabaşga aratapawudyny öwrenip başladylar. Bu öz gezeginde barlag eksperimentiniň ýüze çykmagyna getirdi. (Test bilen barlamak, öwrenmek A. Dalton, A. Kettel we başgalar). Testleri ulanmaklyk psihometriko usulynyň ýüze çykmagyna getirdi. Onuň esasyny goýan psihologlar B. Anri we A. Binedir.

Okuwçylaryň akyl ösüşini, ýetişigini we başga taraplaryny öwrenmekde test ulanmak okuw-terbiýeçilik tejribesiniň esasy aýrylmaz bölegi boldy. Psihologiýa pedagogika ylmyna testi seljerme guraly hökmünde berdi we onuň bilen berk arabaglanyşdy. (Käbir halatlarda psihologik test bilen pedagogik testi aýyl-saýyl etmek kyn bolýar).

Testleriň arassa pedagogik aspektlerine göz gezdirsek, olar okuwa ýetişiklik testleriniň ulanylyşydyr. Ondan başga-da elementar endikler testleri: - okamak, ýazmak, ýönekeý arifmetiki emelleri ýerine ýetirmek; bilim derejesini anyklaýyş testler - ähli dersler boýunça bilimleriň, endikleriň ele alnyşyny kesgitlemek. Jemleýji test - onda goýlan soraglaryň sany köp bolup, ol dersiň uly bir bölegi özleşdirenden soň hödürlenýär.

Testleriň iki görnüşi aratapawutlanýar, olar: - tizlik we güýç testleri. Tizlik testleri boýunça barlanýan ähli goýlan soraglara jogap berip ýetişmeýär. Güýç testlerini ýerine ýetirmäge wagt ýetýär.

Tejribede ýumuşlarynyň dürli görnüşleri ulanylýar. Mysal üçin: 1. Goýlan soraglara konkret, gysga jogap talap edýän ýumuşlar. Olar kim, nirede, haçan, nämä, nämä üçin, nähili diýen sözlerden başlanýar.

2. Goýberilen sözleriň ýerlerini doldurmak ýumuşlary.

3. Jogabyny saýlap almak test ýumuşlary hawa, ýok, bilemok.

4. Jogabyny saýlap almak çylşyrymlaşdyrylan test ýumuşlary.





:


: 2018-11-11; !; : 1631 |


:

:

80% - .
==> ...

1378 - | 1233 -


© 2015-2024 lektsii.org - -

: 0.04 .