.


:




:

































 

 

 

 


Pedagogikanyň ýüze çykyşy we ösüşi




Terbiýe tejribesi öz kökleri bilen adamzadyň emele gelen döwürlerine ýetýär. Ol ilkinji adamlar bilen ýüze çykdy. Çagalary hiç hili pedagogikasyz terbiýeläpdir, onuň barlygyndanam habarsyz bolupdyrlar. Terbiýe barada ylym geometriýa, astronomiýa, fizika we başga ylymlar bilen bir deň ýüze çykýar. Ilkinji jemlemeler, tejribe esaslanmalar, durmuş tejribesi nazarýet diýip hasaplanmaýar. Olar onuň diňe başlangyjydyr.

Belli bolşy ýaly ähli ylmy ugurlaryň ýüze çykmagynyň sebäbi durmuşyň talabydyr. Haçanda bilim bermek adamzadyň durmuşynda belli rol oýnap başlanda, onuň tejribesini jemlemek, ýörite okuw-terbiýeçilik edaralaryny döretmek we olarda terbiýeçilik işleri geçirmek talaby ýüze çykdy. Jemgyýetiň ösüşi onda ýola goýlan okuw-terbiýeçilik işiniň netijesi bilen bagly boldy.

Hytaý, Hindistan, Müsür, Gresiýa ýaly ösen gadymy döwletlerde ilkinjiler hatarynda terbiýäniň tejribesini jemlemek, onuň nazarýetini ösdürmek barada alada edildi. Şol döwürde tebigat, adam, jemgyýet baradaky bilimler filosofiýada (pelsepede) jemlenýärdi; onuň mazmunynda-da ilkinji pedagogik jemlemeler edildi.

Merkezi Aziýa döwletlerinde gadymy döwürden terbiýäniň esasy bolup Awesta kitaby çykyş edýär. Ondan soň, yslam dininiň ýüze çykmagy bilen musulman mekdepleri (mekdep we medrese) döredi. Olarda Gurhany Kerimiň mazmuny bilen bir hatarda Şerigatyň, Hadysyň kada-kanunlary, astronomiýa, tebigat, himiýa, matematika, pelsepe, logika (mantyk) ylymlary öwrenildi.

Merkezi Aziýada (Gündogarda) bilimiň, ylmyň ösüşine uly täsir edenler gündogaryň beýik danalarydyr. Olar, Abu Seýit Mänewi (Mäne baba), Al Horezmi, Abu Nasyr Farabi, Abu Reýhan Biruni, ibn Sina, Omar Haýyam, Keý Kowus, Ýunus Emre, Jelaletdin Rumy we başgalardyr.

Türkmenistanda XVII-XIX asyrlar aralygynda öz döredijiliginde terbiýelemegiň baý mazmuny jemlän Döwletmämmet Azady, Magtymguly Pyragy, Garajaoglan, Mahmyt Gaýyby, Andalyp, Zelili, Seýdi, Kätibi, Mollanepes, Mätäji öňe çykdy.

XIX asyryň ahyryndan XX asyryň 90-njy ýyllar aralygynda Türkmenistanda bilim ulgamy Russiýanyň (Ýewropanyň) modeli boýunça ösdi.

Ýewropa terbiýe ulgamynyň esasy bolup, gadymy Gresiýa filosofiýasy çykyş etdi. Onuň görnükli wekilleri Demokrit (460-370 ýý. b.e.ç.); Sokrat (469-399 ýý.b.e.ç); Platon (427-343 ýý. b.e.ç.); Aristotel (384-322 ýý. b.e.ç.). Demokritiň ýazan 70-den golaý eserleri şol döwürde ýüze çykan bilimleri özünde jemleýärdi. Olaryň arasynda terbiýe meseleside öz ornuny tapypdy. Terbiýelemekde we okatmakda mysalyň, zähmetiň orny, tebigata uýgunlylyk pikiri ol işlerde öz beýanyny tapdy.

Sokrat özüniň işlerinde dünýäni öwrenmezden öň adam özüni öwrenmelidir diýip belleýär. Onuň goýlan soraglara ugrukdyryjy soraglaryň üsti bilen jogap gözlemek usuly Sokrat söhbetdeşligi usuly ady bilen belli. Belki Sokrat test (soragnamanyň) ýüze çykmagynyň sebäpkäri bolaýmagyda mümkin.

Platon Feron, Pir (Toý), Sokradyň Apologiýasy, Fedr, Döwlet, Kanunlar ýaly işleriň awtorydyr. Onuň işleriniň esasy mazmuny ideal döwlet gurmaga bagyşlanypdyr. Olaryň mazmunynda biz çaga ýaş aýratynlyklaryny, her çaga öz ýaş döwri üçin niýetlenen mekdepleriň görnüşlerini hödürlemek pikirlerine duş gelýäs. (Olaryň doly beýanyny biz pedagogikanyň taryhynda beýan ederis).

Aristotel Etika, Politika (Syýasat), Ritorika, Haýwanlaryň ýüze çykyşy, Fizika, Metafizika, Poetika (Şygyrýet) ýaly eserleriň awtordydyr. Öz işlerinde pelsepäni ösdürmek bilen bir hatarda terbiýäniň beden, ahlak, akyl ýaly görnüşlerini seljeripdir. Umuman onuň işlerinde öz döwrüniň terbiýesiniň ähli taraplary şöhlelendirilipdir.

Grek we rim pedagogik pikiriniň ösüşiniň netijesi hökmünde Gadymy Rimiň pelsepeçisi we pedagogy Mark Fabiý Kwintilianyň (35-96 ýý.b.e.) Oratory taýyarlamak işi çykyş edýär. M. F. Kwintilianyň bu işi gadymy grek pelsepeleriniň işleri bilen bir hatarda köp wagtyň dowamynda pedagogikadan esasy kitap bolup durdy.

Adamlaryň ruhy we bedeni ösüşinde uly orun tutýan halk pedagogikasy ähli döwürlerde öz ornuny ýitirmedi. Halk tarapyndan döredilen bu gymmat bahaly terbiýe ulgamy şu günler hem terbiýäniň özenidir. Ertekiler, matallar, nakyllar, oýunlar, çagalara at goýmak, daragt ekmek ýaly däpler asyrlar boýy dowam edip gelýär. Türkmenlerde çaga bir iş görkezmese oňa at dakylmandyr. Gadymy Gresiýada bir daragt ekip, ony kemala getiren adam ýigit hasaplanypdyr. Bu däbiň netijesinde şäherler, döwletler gür baglyga öwrülipdir.

Halk pedagogikasynyň esasy çeşmeleriniň biri türkmen halk dessanlarydyr.

Ýewropada orta asyrlarda din jemgyýetiň ösüşinde esasy orun tutdy. 12 asyryň dowamynda Ýewropada höküm sürüp bilimiň, terbiýäniň özeni boldy. Ol döwürde sholastiki bilim esasy orun tutdy. Ýöne dini, halka ýaradýan adamlaryň arasynda: Tertullian (160-222), Awgustin (354-430), Akwinat (1225-1274) ýaly öz döwrüniň sowatly adamlary bolandygyna garamazdan pedagogik nazarýet ösmedi.

Gaýtadan döreýiş eýýamynda golland Erazm Rotterdamskiý (1466-1536), italýan Witronino de Feltre (1378-1446), iňlis Tomas Moor (1478-1535), fransuz Fransua Rable (1494-1553), we Mişel Monten (1533-1592) ýaly ynsanperwer-pelsepesi-pedagoglaryň ýüze çykmagy bilen bilim ulgamynda özgertmelere getirdi.

XVII asyra çenli pedagogika filosofiýanyň (pelsepäniň) düzüminde boldy. Diňe XVII asyrda pedagogika aýratyn ylym hökmünde filosofiýadan aýryldy, ýöne şu güne çenli onuň bilen berk arabaglanyşykda ösüp gelýär. Bu iki ylmyň biri-biri bilen arasynyň ýakynlygynyň esasy sebäbi, olaryň adam, onuň durmuşy we ösüşi bilen baglylygydyr.

Pedagogikanyň filosofiýadan aýrylyp, aýratyn ylym bolmagy çeh pedagogy Ýa.A. Komenskiniň (1592-1670) ady bilen baglydyr. Onuň 1654-nji ýylda Amsterdamda çapdan çykan Beýik didaktika kitaby ilkinji ylmy-pedagogik çeşmedir. Bu kitapda öz beýanyny tapan pikirler şu günler hem öz wajyplygyny, ylmy baýlygyny ýitirmän gelýär. Ýa.A. Komenskiý tarapyndan hödürlenen okatmagyň ýörelgeleri, usullary, görnüşleri, synp-sapak ulgamy, pedagogikanyň esasy nazarýeti boldy.

Iňlis filosofy we pedagogy Džon Lokk (1632-1704) Ýa.A. Komenskiden aýratapawutlylykda öz güýjüni terbiýe nazarýetini ösdürmäge gönükdirdi. Özüniň Terbiýe barada pikirler diýen eserinde ol džentelmeni terbiýelemek meselesini çözmäge bagyşlady. Džentelmen bu özüne ynamly, özüniň bilim derejesini işjeňligi bilen baglaşdyryp bilýän, özüni dogry alyp barýan ahlak sypatly adam.

Pedagogika ylmynda ýüze çykan sholastika ýaly nädogry pikirlere garşy söweşi XVIII asyr fransuz materialistleri we pedagoglary D.Didro (1713-1784), K. Gelwesiý (1715-1771), P. Golbah (1723-1789) esasanam Ž.Ž. Russo alyp bardy. Russo terbiýelemekde biz köp boş gürrüňler edýäs, olara derek köpräk hereketler, zatlar ulanmaly diýip belleýär. Bu döwürde özüniň öňdebaryjy pikirleri bilen şweýsar pedagogy I.G. Pestolossi (1746-1827), nemes pelsepeçisi I.F. Gerbart (1776-1841), nemes pedagogy F.A.W. Disterweg belli boldy.

Dünýä ady belli rus pedagoglary L.N. Tolstoý (1828-1910), N.I. Pirogow (1810-1881) halkyň tarapdarlary bolup çykyş edip, halk magaryfyny ösdürmäge uly goşant goşdular.

Rus pedagogikasynyň abraýyny dünýä ýaýan K.D. Uşinskiý (1824-1874). Onuň işiniň usulyýet esasy bolup aýdan bir pikiri çykyş edýär. Eger-de pedagogika adamy hemmetaraplaýyn terbiýelejek bolsa, onda ol ony hemmetaraplaýyn öwrenmelidir.

XIX asyryň ahyryndan XX asyryň başlaryndan başlap, ABŞ-da pedagogik meseleler hemmetaraplaýyn güýçli öwrenilip başlaýar. Olaryň bu işi uly netijeleri berdi. Adamy terbiýelemegiň umumy ýörelgeleri, kanunalaýyklyklary işlenildi we durmuşa ornaşdyryldy. Bu täzelikler her adamyň bilim almakda öňünde goýýan maksatlaryna çalt we netijeli, üstünlikli ýetmäga mümkinçilik berdi.

Görnükli Amerikan pedagoglary Džon Duýi (1859-1952) we Edward Trondaýk (1874-1949) pedagogik pikiriň ösmegine uly goşant goşdular.

XX asyryň 20-nji ýyllarynda rus pedagogikasy täze jemgyýetde adam terbiýesi meselesine ünsi ýokarlandyrdy. Täze pedagogikanyň ösmeginde S.T. Şaskiý (1878-1934), P.P.Blonskiý (1884-1941), A.P. Pinkewiç (1884-1939) uly rol oýnadylar. Eger S.T. Şaskiý ilkinji ylmy barlag edarasyna ýolbaşçylyk eden bolsa, P.P. Blonskiý bilen A.P. Pinkewiç ilkinji Pedagogika kitaplarynyň awtorydyr.

XX asyrda sowet pedagogikasynyň ösüşine uly goşant goşan, onuň abraýyny göteren A.S. Makarenko (1888-1939), W.A. Suhomlinskiýdir. A.S. Makarenko ilkinji bolup çagalar toparynyň ösüşini, onuň gurluşynyň ýörelgelerini, çagalary maşgalada terbiýelemek ýaly meseleleri çözdi. W.A. Suhomlinskiý ýaşlary döwrebap terbiýelemek, mekdebi dolandyrmak meselelerini beýan etdi.

Ýokarda ady agzalan filosof-pedagoglaryň pikirleri häli bu gün özüniň täsirini, güýjüni ýitirmän, şu günki pedagogikanyň ösüşine täsir edýärler.

 





:


: 2018-11-11; !; : 611 |


:

:

, .
==> ...

1259 - | 1215 -


© 2015-2024 lektsii.org - -

: 0.014 .