.


:




:

































 

 

 

 


Pedagogika - terbiýelemek baradaky ylymdyr.




Pedagogikanyň predmeti we meseleleri

 

Pedagogika paýdagogos diýen grek sözünden bolup, paýdos çaga we ago ýöretmek diýen manyny berýär. Doly terjime edende paýdagogos çagany ýöredýän ýa-da çagany alyp barýan diýmekdir. Gadymy Gresiýada öz eýesiniň çagasyny mekdebe alyp barýan gullara pedagog diýipdirler. Bu mekdeplerde mugallym bolup sapak okadýanlaryňam arasynda gullar hem bolupdyr, ýöne olar sowatly, bilimli bolupdyrlar. Şu ýerde Oguz han eýýamynda ýüze çykan atalar, atabegler, atalyklar mekdeplerini ýatlap geçmek wajyp. Berilýän maglumatlara görä bu mekdeplerde çagalara bilim beren mugallymlar (atabegler) ýörite gullardan taýýarlanypdyr. Bu mekdepler köşklerde döredilipdir. Bu mekdeplerde dünýä dilleri we edebiýaty, sözleýiş sungatynyň ussatlygy, taryh, geografiýa, hasabyýet we tebigy ugurlar boýunça ylymlaryň esaslary, söweş we serkerdelik tilsimatlary öwredilipdir Eger bu iki maglumaty deňeşdirsek, onda biz terbiýäniň ýüze çykyşynyň birmeňzeşligine göz ýetirýäs.

Wagtyň geçmegi bilen pedagogika diýen sözüň ulanylyşy umumylaşdyrylyp, ol çagalary terbiýelemek, okatmak, ruhy we ten taýdan ösdürmek manylaryna eýe bolýar. Soňabara öz eden işleri bilen belli bolan adamlaryň, adynyň ýanynda ony terbiýelän, okadan adamyň ady tutulýar. Bu ugurdan nazary bilimiň we tejribäniň baýlaşmagy netijesinde aýratyn bir çagalary terbiýelemek ylmy döredi. Şeýdip pedagogika çagalary terbiýelemek we okatmak ylmyna öwrüldi.

Dürli döwürlerde, pedagoglar hemişe adamlara kömek etmegiň ýollaryny, tebigatdan berlen mümkinçiliklerden dogry peýdalanyp ýaşamagy, olarda täze hilleriň ýüze çykmagyny gözläp geldiler. Müň ýyllaryň dowamynda dürli bilimler, dürli pedagogik ulgamlar döredilip, olar inkär edilip, täzeleri ýüze çykyp, şu günler olaryň arasyndan iň peýdalylary, adamzada gerekleri saýlanyp galdy. Bu maglumatlaryň esasynda terbiýe baradaky ylym hem ösýär. Onuň esasy wezipeleriniň biri adamy terbiýelemek baradaky maglumatlary toplamak we ulgamlaşdyrmak bolup durýar.

Şu güne çenli pedagogika ylymmy ýa-da däl? diýen mesele jedelli meseleleriň biridir. D.I. Mendeleýew ylym barada öz pikirini aýdanda, şeýle diýipdir: Her bir ylmy nazarýetiň iki sany esasy maksady bardyr olar öňdengörüjilik we peýdadyr. Pedagogikada-da bu iki esasy maksat hem bar. Onuň funksiýasy adamlary terbiýelemegiň, okatmagyň we bilim bermegiň kanunlaryny öwrenmek we onuň esasynda pedagogik tejribä bu maksatlara ýetmegiň gowy ýollaryny hödürlemekdir. Nazary maglumatlar pedagoglary, dürli ýaşly adamlary, dürli okuw jaýlarda terbiýelemegiň hünär bilimleri bilen ýaraglandyrýar, olara öz işiniň netijesini bilmegi, ony guramagy we okuw-terbiýeçilik işinde ulanmagy, bahalandyrmagy öwredýär. Okatmagyň, bilim bermegiň we terbiýelemegiň täze tehnologiýalary, usullary pedagogik ylmy-barlaglaryň netijesinde laboratoriýalarda ýüze çykýar. Bu öz gezeginde pedagogikanyň ylymdygyny düşündirýär.

Her bir ylmyň öz predmeti we obýekti bardyr. Pedagogikada özüniň ömürlik meselesi bilen meşgullanýandygyna garamazdan, onuň konkret predmeti bardyr: ol okuw-terbiýeçilik edaralarynda geçirilýän terbiýeçilik işlerdir. Onuň obýekti hökmünde okuw-terbiýeçilik edaralarynda terbiýelenýän, okadylýan, bilim berilýän adamlardyr. Bu ýene-de bir gezek pedagogikanyň ylymdygyny kesgitleýär. Ýene-de bir pikiri seljereliň. Ykdysadyýet, syýasat, kosmos, taryh, lukmançylyk, oba hojalygy we ş.m. ylym bolup çykyş edýär. Bu ylymlary ýüze çykaran, ösdüren adam. Pedagogika bolsa ol adamlary şol dereje ýetirip, özi nädip ylym bolmaly dälmiş. Ýokarda seljerilen pikirlere esaslanyp, biz pedagogikanyň ylymdygyny, özüniňem adamzat durmuşynda esasy ylymlaryň biri bolup durýandygyny kesgitledik. Bu ylym özüniň esasy güýjüni jemgyýetde ýüze çykýan terbiýelemek, okatmak we bilim bermek meselelerini operatiw çözmäge gönükdirilendir.

Pedagogikanyň esasy çeşmeleri: öz mazmunyny halk pedagogikasynda jemleýän adamzadyň döränden şu güne çenli toplan terbiýe tejribesi; filosofiki, jemgyýeti öwreniş, pedagogiki we psihologiki çeşmeler; şu günki dünýä we watan terbiýesiniň tejribesi; ýörite ýerine ýetirilen pedagogik barlaglar; pedagog-täzelikçileriň tejribesi.

 





:


: 2018-11-11; !; : 527 |


:

:

, , . , .
==> ...

1388 - | 1224 -


© 2015-2024 lektsii.org - -

: 0.008 .