Ëåêöèè.Îðã


Ïîèñê:




Tema: Russiýada terbiýe, mekdep we pedagogik pikir 1917-nji ýyla çenli.

Pedagogika dersinden umumy sapagyň beýany.

                       Sapagyň maksady: talyplary döwrüň aýratynlyklary hem-de rus alym-pedagoglary bilen tanyşdyrmakdan ybarat.

 

                                  Meýilnama:

1. Döwrüň aýratynlyklary. M.W.Lomonosowyň pedagogik pikirleri.

2. Beýik rus pedagogy,,rus pedagogikasynyň we mekdebiniň atasy'' K.D.Uşinskiý.

3. L.N.Tolstoýyň pedagogik pikirleri.

 

                                    Edebiýat:

     

1. Gurbanguly Berdimuhamedow. ”Garaşsyzlyga guwanmak,                                Watany,halky söýmek bagtdyr. A., 2007.

2. Gurbanguly Berdimuhamedow. Täze galkynyş eýýamy.A., 2007

3. Gurbanguly Berdimuhamedow.”Döwlet adam üçindir.”. A., 2008

4. Kurbanow A.A., Kuzmin O.D., Haljanow Ş. Pedagogikanyň taryhyndan oçerkler. A., 1972.

5. Koíñòàíòèíîâ Í.A., Meäûíñêèé E.Í., Øàáàåâà M.Ô. Èñòîðèÿ ïåäàãîãèêè. Ì. 1982.

6. Haljanow Ş. Garaşsyzlyk pedagogikasy. Ç., 1995.

 

       Feodalizmiň dargap başlan we kapitalistik gatnaşyklaryň döräp başlan döwründe mekdep we pedagogika   (XYIII asyr, XIX asyryň I ýarymy).

        

      XYIII asyra çenli Russiýa köp milletli feodal döwlete öwrülýär. Pýotr I häkimiýeti ýurtda, medeniýetde, ylymda, tehnikada birtopar reformalar geçirýär, ilkinji gazet bolan,,Wedomosti” diýen gazet çykarylyp başlanýar. Ylymlar akademiýasy döredilýär, original we terjime edilen kitaplar neşir edilýär. Ilkinji dünýewi mekdepler açylýar. Moskwada 1701-nji ýylda matematika we nawigasiýa (gämi sürmek) ylymlarynyň mekdebi açylýar. Mekdebe meýletin okamak isleýänleri kabul edilipdir. Okuwçylaryň köpüsi ilatyň iň garyp gatlagyndan bolupdyr. Şu mekdebi gutarandan soňra dworýan çagalary deňizçilik akademiýasyna okuwa girip bilipdirler.  

     Potr 1-niň patyşalygy ýyllarynda Peterburgda, Moskwada, başga-da käbir şäherlerde artilleriýa mekdepleri, port şäherlerinde nawigasiýa mekdepleri, Moskwada ýene-de hirurgiýa, inzenerçilik mekdepleri we,,dürli dilli” mekdepler diýýilýänleri açylypdyr. Uralda zawod mekdepleri, arifmetika mekdepleri döredilipdir. 1718-nji ýylda 42 sany sifr uçilişesi açylyp, olara ähli soslowiýelerden meýletin okuwa girmek islemedikleri mejbury suratda okuwa çekipdirler. Ýöne krepostnoý daýhanlaryň çagalary okuwa alynmandyr.

   Dini okuw jaýlarynda-da reforma geçirilýär. Dini başlangyç mekdepler we dini seminarlar açylýar. Pýotr 1-iň geçiren bu reformalary Russiýada magaryfyň we mekdebiň, ylym-bilimiň ösmeginde uly ähmiýete eýe bolupdyrlar.

   1724-nji ýylda Pýotr 1 Peterburgda açyljak Ylymlar akademiýasynyň Ustawyny tassyklaýar we çap etdirýär. Günbatar Ýewropa ýurtlardan alymlar çagyrylýar. Akademiýany açmak üçin beýleki zerur çäreler görülýär. Ýöne ol akademiýa Pýotr I ölenden soň, 1726-nji ýylda Peterburgda açylýar. Onuň ýanynda bolsa daşary ýurtly alymlar rus alymlaryny we hünärmenlerini taýýarlar ýaly uniwersitet we gimnaziýa açylýar. Akademiýada dini öwreniş göz öňünde tutulmandyr. Ol ýerde daşary ýurt alymlary bilen birlikde demokratik pikirleri rus alymlary hem zähmet çekipdirler. Olaryň biri-de M.W.Lomonosow bolupdyr.

Mihail Wasilýewiç Lomonosow (1711-1765) ýyllarda ýaşap, rus ylmynyň düýbüni tutujydyr, ýurtda ylmyň, magaryfyň ösmegi ugrunda ýadawsyz göreşijidir. Ol ylmyň dürli ugurlary boýunça ylmy işler döredipdir, rus klassik filosodiýasynyň ylmy tebigat biliminiň esasyny goýupdyr. Rus grammatikasynyň, edebi diliniň döremegi M.W.Lomonosowyň ady bilen baglanşyklydyr. Ol akademiklerden ilkinji bolup fizikadan leksiýa okapdyr.

        M.W.Lomonosow pamor daýhanynyň maşgalasynda dünýä inýär. Başlangyç bilimi öý mugallymlaryndan alýar. 19 ýaşynda pyýada Moskwa gelýär we özüniň daýhan maşgaladandygyny gizläp, slawýan-grek-latyn akademiýasyna okuwa girýär. Ol ýerden Peterburga akademiýanyň ýanyndaky gimnaziýa okuwa iberilýär. 1736-nji ýylda daşary ýurda okuwa iberilýär. 1741-nji ýylda Peterburg Ylymlar akademiýasyna adýunkt wezipesine bellenilýär, 1745-nji ýylda himiýanyň professory, tizden akademiklige saýlanýar.

      M.W.Lomonosow ylmy we filosofiýany diniň täsirinden azat etmek ugrunda çalşypdyr. Ol Russiýanyň ykdysady we medeni yzagalaklykdan çykmagynyň esasy serişdesi halky ylymly-bilimli etmekdir diýip hasap edipdir hem-de bilime ähli çagalary ene-atasynyň gatlaklaryna seretmezden kabul etmegiň tarapyny çalypdyr. Bu pikirinden hiç wagt el üzmändir.

       M.W.Lomonosow birnäçe görnükli pedagogik işleriň awtorydyr. Olaryň arasynda akademiki gimnaziýa üçin we Moskwa uniwersitetiniň gimnaziýalary,,Reglamentler'', ýokary mekdepler üçin kitaplary we gollanmalary,,,Matematiki himiýanyň elementleri'',,,Hakyky fiziki himiýa giriş'', Ritorika boýunça gysgaça gollanma'' we beýlekiler bar. Onuň rus diliniň grammatikasy, rus taryhy baradaky we beýleki işleri hem russiýada ylmy, magaryfy ösdürmekde uly rol oýnadylar.

       M.W.Lomonosow özüniň,,Reglamentlerinde'' mekdep durmuşynyň düzgün-kadalaryny işläp düzýär. Şonuň bilen birlikde onda çagalary okatmak we terbiýelemek meseleleri boýunça maslahatlar hem öz beýanyny tapypdyr. M.W.Lomonosow mekdep bilimli ýigitleri kemala getirmeli diýip hasap edipdir. Ol okatmagyň esasy ene dilidir diýip belläpdir. Okatmak prosesini ikä(2) bölüpdir: sapaklar we okuwçylaryň özbaşdak işi. Mugallym dersi öwretmegi ýönekeýje düşünjelerden başlamagy maslahat beripdir. Fizikany we himiýany, rus dilini we edebiýatyny okatmagyň metodikasyny işläp düzüpdir. Alym maşgalaterbiýesiniň meseleleri bilen gyzyklanypdyr.Moskwa uniwersitetini esaslandyrmakda Lomonosowyň roly uludyr. (Seret: Áîáðîâíèêîâà Á.Ê. Ïåäàãîãè÷åñêèå âçãëÿäû Ì.ÂþËîìîíîñîâà-âåëèêîãî ðóññêîãî ïðîñâåòèòåëÿ  ÕYIII â. Ñîâåòñêàÿ ïåäàãîãèêà. 1950 ¹5 Ïåäàãîãè÷åñêèå èäåè è äåÿòåëüíîñòü Ì.Â.Ëîìîíîñîâà. Ì.1961. Ìîðîçîâ À.Ì.Ëîìîíîñîâ 1711-1765 (2èçä). Ë.1962.

     Häzir ol uniwersitet M.W.Lomonosowyň adyny göterýär. M.W.Lomonosow özüniň,,Rus halkynyň köpelmegi we saklanmagy hakynda'' atly ýazyp gutaryp ýetişmedik işinde ahlak terbiýesiniň ühmiýeti, däp-dessurlaryň, adatlaryň rus ylmyny ösdürmekdäki roly, beden terbiýesi bilen ahlak terbiýesiniň, ahlak terbiýesi bilen akyl terbiýesiniň arabaglanşygy hakynda gürrüň edipdir.

      1755 –nji ýylda Moskwa uniwersiteti açylýar. Onuň ýuridik, filosofiýa we medisina fakultetleri bolupdyr. Dini öwreniş fakulteti bolmandyr. Uniwersitetiň ýanynda iki sany gimnaziýa açylypdyr. Ýöne olara daýhanlaryň çagalaryny okuwa almak barada Lomonosowyň eden arzuwyny amala aşyrmak oňa başartmandyr.

     1758-nji ýylda döredilen gimnaziýanyň bazasynda 1804-nji ýylda Kazan uniwersitetiniň ýanynda Russiýada ilkinji mugallymçylyk seminariýasy açylýar.

      ÕYIII asyryň ikinji ýarymynda Russiýada pedagogik pikiriň görnükli wekilleriniň birnäçesi pedagogik iş bilen meşgul bolupdyr. Olaryň arasynda I.I.Beskoý, F.I.Ýankowiç, G.S.Skoworoda, N.I.Nowikow, A.N.Radişew dagy bardy.

       K.D.Uşinskiý (1824-1870) Konstantin Dmitriýewiç Uşinskiý Russiýada ylmy pedagogikanyň we Halk mekdebini esaslandyryjydyr. Oňa,,Rus pedagogikasynyň we mekdebiniň atasy’’ diýip at berýärler. Ol Tulada doglupdyr. 1840-njy ýylda Nowgorod –Sewerdäki gimnaziýany gutarýar. Soň Moskwa uniwersitetiniň ýurudik fakultetine okuwa girýär. Ony 1844-nji ýylda ýuridik ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejesini alyp gutarýar.

     23 ýaşynda Uşinskiýni Ýaroslawdäki ýuridik liseýe kanun öwreniş, döwlet hukugy, maliýe hukugy boýunça ensiklopedik ylymlar kafedrasynyň professorynyň ýerine ýetirijiniň wezipesine belleýärler.

      1854-nji ýylda Gatçinskidäki hossarsyzlar institutyna geografiýa hem rus dili mugallymy bolup işe ýerleşýär. 1855-nji ýylda şu institutyň inspektory (okuw bölüminiň müdiri) wezipesine bellenilýär. Uşinskiý şol döwürden başlap hem pedagogic işe ymykly girişýär, özüniň,,Pedagogik edebiýatynyň peýdasy hakynda’’,,,Jemgyýetçilik terbiýesindäki halkylyk barada’’,,,Mekdebiň üç elementi’’ ýaly birnäçe makalasyny çap etdirýär.

          K.D.Uşinskiý bu okuw jaýynda birnäçe täzeligi durmuşa geçirýär: döwrüniň progressiw we görnükli metodistleri bolan edebiýatçy W.I.Wodowozowy, geografçy D.D.Semýonowy, taryhçy M.I.Semewskini institutyň işine çekýär, täze ustaw döredýär, okatmagyň täze okuw meýýilnamasyny girizýär, okatmagyň täze usullaryny institutyň iş tejribesine ornaşdyryp ugraýar.             

        K.D.Uşinskiý özüniň gysga ömrüni halk bähbidi ugrundaky aladalar, zähmetkeş köpçüliginiň sowatly bolmagy ugrundaky göreşler bilen geçirdi. Ol terbiýäniň we bilimiň esasy meselelerine döredijilikli çemeleşmek bilen olary ylmy esaslarda täzeden işledi. Ol terbiýe jemgyýetçilik hadysadyr, onuň esasy maksady bolsa akyl taýdan ösen, ahlak taýdan kämil, fiziki tarapdan sagdyn adamyny kemala getirmekden, ony durmuşa, zähmete çekmäge ukyply edip ýetişdirmekden ybaratdyr diýýip düşündirýär.

        Halk pedagogikasynyň tejribesini synlamakda, öwrenmekde we ulanmakda beýik rus pedagogy K.D.Uşinskiý hyzmaty aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Ol terbiýeçilik we okatmak işinde halk pedagogikasynyň, halk tejribesiniň gazananlaryny oýlanyşykly ulanmagyň okuw-bilimi we terbiýäni durmuşa ýakynlaşdyrmagyň, olaryň netijeli bolmagynyň zerur şertdigini belläpdir. Ol özüniň,,Rus terbiýesinde ahlaky element dogrusynda’’ diýen makalasynda bu hakda näçe asyr ýaşan bolsa, terbiýe hem onda şonça ýaşaýar onuň bilen bile dünýä indi, onuň bilen bile ösdi, onuň ähli gowy we erbet sypatlaryny özünde şöhlelendirdi. Bu – Russiýanyň täze nesilleriniň bir-birini çalşyryp ösüp ýetişen ýeridir –diýýip ýazypdy.

       Ylymda,,Halk pedagogikasy’’ diýen termini hem ilkihji gezek K.D.Uşinskiý tarapyndan ulanyldy.

       Görnükli pedagog özüniň,,Deòñêèé ìèð’’ (Cagalar dünýäsi),,,Ðîäíîå ñëîâo’’ (Ene dili) diýen okuw kitaplarynda nakyllary, ertekileri we halk pedagogikasynyň beýleki gymmatly serişdelerini giň ulanypdyr. Rus dilini öwrenmekde nakyllaryň ähmiýetini barada aýratyn nygtaýar.

       K.D.Uşinskiniň öz ýazan,,Ene dili’’ diýen okuw kitabynda ulanan nakyllary tematika we mazmun taýdan köp dürli bolup, durmuşyň dürli taraplaryny öz içine alýar.

            K.D.Uşinskiý adamda ahlaklylygy kemala getirmek terbiýäniň iň esasy we möhüm talaplarynyň biridir diýip belläpdir. Onuň pikiriçe, ahlaklylyk çaganyň watansöýüjilik, dogruçylllyk, zähmetsöýüjilik, düzgün-nyzamlylyk, jogapkärçilik sypatlaryny ösdürýär. Şu asylly sypatlaryň ilkinji ikisi beýik pedagogyň ahlak terbiýesi baradaky ulgamynda esasy orun tutýar. Ol akylly-paýhasly, päk ýürekli adam gowy hem ynamdar adamdyr diýip aýdýardy. K.D.Uşinskiý okuwy, mugallymyň şahsy göreldesini, pedagogik taktyny we beýleki täsir ediş tärlerini ahlak terbiýesiniň esasy serişdeleri hasaplaýardy. Şonuň bilen birlikde, ol estetik terbiýe baradaky meselelere köp üns berýärdi.

    Ylmy didaktika ugrunda göreşen K.D.Uşinskiý XIX asyryň ortalarynda burźuaz pedagogikasynda ýüze çykan, durmuşyň talaplaryny ödäp bilmeýän formal we material bilim teoriýasynyň ikisiniň hem birtaraplydygyny subut etdi. Şunuň bilen birlikde-de didaktikanyň esasy prinsiplerini täzeden işledi we ösdürdi. Beýik pedagog ene dili okuw kitabyna degişli gollanmasynda,,Sweýsariýa pedagogik syýahat’’ diýen at bilen döreden makalalarynda okuw işlerini çagalaryň psihologik aýratynlyklarynyň esasynda guramagyň gerekdigini, öwrenilýän maglumata olaryň ünsüni çekip, sapagy has gyzykly hem täsirli edip geçmek işiniň mugallymyň esasy wezipeleriniň biridigini, çünki okuwçylara ünslüligi öwretmegiň gerekdigini nygtapdyr.

      K.D.Uşinskiý okuwyň terbiýeçilik tarapyny ünsden düşürmezligi, sapakda okuwçylaryň sözleýiş dilini ösdürmek üçin ilki dilden, soňra ýazuw üsti bilen ýerine ýetirilýän gönükmeleri kem-kemden çylşyrymlaşdyrmaga mugallymlara maslahat berýärdi.

      Beýik pedagog sazlaşykly şahsyýeti kemala getirmekde mugallymyň roluna uly baha berdi. Ol hiç bir zadyň: iň bir kämilleşdirilen ustawlardyr düzgünnamalarynda-da, okuw kitaplarydyr gollanmalarynda pedagogyň şahsyýetini asla çalşyryp bilmejegine aýdyn göz ýetirýärdi. Şonuň üçinem bu hünäriň üns merkezinde bolmalydygyny, mugallymyň mydama höweslendirilip durulmalydygyny talap edýärdi. Beýik pedagigyň pikiriçe, mugallymçylyk käriniň, mugallymyň çeken zähmetiniň ullakan jemgyýetçilik ähmiýeti bar. Ol mugallym hormat, alada bilen gurşalyp alynmalydyr diýýip hasap edýärdi.

       Beýik pedagogyň öwredişine görä, mugallym sapakda okuwçylaryň döredijilikli işlemegini gazanmalydyr. Mugallym tarapyndan berilýän soraglar logiki yzygiderlilikde, kem-kemden çylşyrymlaşdyrýan görnüşde bolmalydyr. Şonda mugallym olar barada köp zatlary biler. Mugallym özüniň gündelik okuw-terbiýeçilik işlerinde okuwçyny, onuň başarnygyny, ýykgyn edýän tarapyny, ýetmezçiligini we üstünliklerini öwrenýär. Onuň aň-düşünjesini ösdürmegiň ýollaryny belleýär hem-de oňa ýolbaşçylyk edýär. Mugallym okuwçylaryň erkinligini ugrukdyrýär, paýhasyny ösdürýär, ýaltalygyny ýok edýär. Diýmek, okuwçynyň psihologik aýratynlygyny öwrenmek mugallymyň okuw-terbiýeçilik işlerini has peýdaly edip guramagyna, gabat gelýän kyn hem çylşyrymly meseleleri çözmegine mümkinçilik berýär.

    Elbetde, patyşa häkimiýeti ýyllary içinde halk mugallymy demokrat pedagogyň arzuw edişi ýaly, uly hormata eýe bolup bilmändi.

    K.D.Uşinskiý mugallymyň öz işini talabalaýyk alyp barmagy onuň diňe bir okadýan dersini gowy bilmegine bagly däldigini, onuň pedagogikany-da psihologiýany-da oňat özleşdirilmelidigini, özüniň okadýan we terbiýeleýän adamsyna täsir etmegiň tärlerini ýeterlik bilmelidigini aýdýardy. Sebäbi, onuň pikiriçe, adamy hemmetaraplaýyn terbiýelemek üçin ony ymykly öwrenmek gerekdi.

        Beýik pedagog Uşinskiý,,Mugallymçylyk seminariýasynyň proýekti’’ (1861) diýen makalasynda başlangyç mekdepler üçin mugallym kadrlaryny taýýarlamagyň anyk meýýilnamasyny düzdi. Şonda rus dili, edebiýaty, arifmetika, geografiýa, taryh, tebigaty öwreniş ýaly dersler bilen bir hatarda, pedagogika, psihologiýa başlangyç okuwyň metodikasyna hem ep-esli orun berilýär. K.D.Uşinskiý pedagogikanyň anatomiýadan, logikadan, filologiýadan, syýasy ykdysadyýetden, taryhdan ähli möhüm işleri we maglumatlary süzüp alýandygyny, çagalara bilim hem terbiýe bermegi gazanmak üçin bularyň hemmesini ýeke-täk bütewi zada birleşdirilýändigini aýdypdy.

       K.D.Uşinskiniň joşgunly döredijiligi ÕÕ asyryň 60-nji ýyllaryndaky jemgyýetçilik pedagogik akymlaryň ýüze çykan döwründe başlandy. Ol öz döwründäki krepostnoý,,resmi pedagogikany’’ ýazgardy hem-de rus halk mekdebini we ylmy pedagogikany esaslandyrdy. Döwrüniň görnükli pedagoglary N.F.Bunakow, N.A.Korf, W.I.Wodowozow, D.D.Semýonow, L.N.Modzalewskiý we beýlekiler Uşinskiniň öňe süren pedagogik pikirlerini dowam etdirdiler. 

      Uşinskiý şol okuw jaýynda özüni täzelikçi hem zehinli pedagog hökmünde tanatmagy başarýar. Onuň,,Kameral bilim hakynda’’ diýen temadan çykyş etmegi we demokratik pikirlerini öňe sürmegi mugallymlaryň we talyplaryň arasynda uly gyzyklanma döredýär.

       Emma alymyň progressiw-demokratik pikirleri reaksion häkimiýet tarapyndan halanmaýar. Ol işden boşadylýar. Sondan tutuş bir ýyl geçensoň, 1850-nji ýylda örän kynlyk bilen daşary işler departamentine kanselýariýa işgäri bolup ýerleşýär. Uşinskiý şol ýyllar pedagogik problemalar bilen gyzyklanyp başlaýar, ýaşlary okatmagy, olar bilen ysnyşykly aragatnaşykda bolmagy arzuw edýär, haýsy wezipe bolsa-da işlemekligini mälim edip, uezdleriň birentegine hat ýazýar, ýöne hiç ýerdenem kanagatlanarly jogap alyp bilmeýär. Diňe 1854-nji ýylda Gatçinskidäki hossarsyzlar institutyna geografiýa hem rus dili mugallymy bolup işe ýerleşýär. 1855-nji ýylda şu institutyň inspektory (okuw bölüminiň müdiri) wezipesine bellenilýär. Uşinskiý şol döwürden başlap hem pedagogik işe ymykly girişýär,,,Pedagogik edebiýatynyň peýdasy hakynda’’,,,Jemgyýetçilik terbiýesindäki halkylyk barada’’,,,Mekdebiň üç elementi’’ ýaly birnäçe makalasyny çap etdirýär. Demokratik –pedagog 1859-nji ýylda Smolnidaky daşky durmuşdan arasy üzülen aýýallar institutyna klaslar inspektory wezipesine bellenilýär.

        Konstantin Dmitriýewiç bu okuw jaýynda birnäçe täzeligi durmuşa geçirýär: döwrüniň progressiw we görnükli metodistleri bolan edebiýatçy W.I.Wodowozowy, geograf D.D.Semýonowy, taryhçy M.I.Semewskini institutyň işine çekýär, täze ustaw döredýär, oktmagyň täze okuw meýýilnamasyny girizýär, okatmagyň täze usullaryny institutyň iş tejribesine ornaşdyryp ugraýar, aýry-aýry okuw dersleri boýunça tejribe işlerini geçirmegi guraýar, umumybilim berýan ýedi klasyň üstesine iki ýyllyk pedagogik klaslary hem döredýär.

       Su döwürde beýik pedagog pedagogika we psihologiýa degişli birtopar makalar ýazýar, uly ýaşly mekdep okuwçylary üçin,,Çagalar dünýäsi’’ (1861) diýen ajaýyp kitabyny döredýär. Emma welin, K.D.Uşinskiý bu asylly işiniň her ädiminde garşylyga duçar bolýar. Duşmanlary ony hudaýsyzlykda, erkin pikirlilikde, syýasy taýdan ähtibarsyzlykda aýyplaýarlar we onuň işden boşadylmagyny gazanýarlar. Patyşa hökümeti aýýallara bilim berlişiniň ýagdaýyny öwrenmek bahanasy bilen Uşinskini daşary ýurda uzak wagtlaýyn komandirowka (iş saparyna) iberýar. Uşinskiý Şweýsariýada, Germaniýada we Ewropanyň beýleki käbir ýurtlarynda bolmak bilen, şol ýurtlaryndäki halk magaryfyny, pedagogik ylmyny öwrenýär. Ol şu döwürde has hem öndürijilikli işleýär. Şweýsariýa eden syýahatynyň netijesi barada bäş sany uly makalany özüniň tas iki ýyllap redaktirlän,,Halk magaryf ministrliginiň źurnalynda’’ çap etdirýär. Soňundan 150 gezek neşir edilen,,Ene dili’’ okuw kitabyny we oňa degişli metodik gollanmany düzýär.,,Pedagogik antropologiýa’’ diýen uly ýygyndysynyň iki tomuny çapa taýýarlaýar, üçünji tomy hem maglumat toplaýar.

    K.D.Uşinskiý daşary ýurtda agyr keselläp, bäş ýyldan soň, Watana dolanyp gelýär. Ol,,Pedagogik antropologiýanyň’’ üçünji tomuny taýýarlamak üçün Kryma gelýär, şol ýerde-de aradan çykýar.

    K.D.Uşinskiý özüniň gysga ömrüňi halk bähbidi ugrundaky aladalar, zähmetkeş köpçüliginiň sowatly bolmagy ugrundaky göreşler bilen geçirdi. Ol terbiýäniň we bilimiň esasy meselelerine döredijilikli çemeleşmek bilen, olary ylmy esaslarda täzeden işledi. Ol terbiýe jemgyýetçilik hadysadyr, onuň esasy maksady bolsa akyl taýdan ösen, ahlak taýdan kämil, fiziki tarapdan sagdyn adamyny kemala getirmekden, ony durmuşa, zähmet çekmäge ukyply edip ýetişdirmekden ybaratdyr diýip düşündirýär.

       K.D.Uşinskiý özüniň filosofik, jemgyýetçilik-syýasy garaýyşlaryna laýyklykda terbiýäniň halkylyk prinsipini esaslandyrdy hem-de bu babatdaky talaplaryny öňe sürdi. Uşinskiniň pikiriçe, ýurtda mekdepleriň giň gerimi döredilip, ösüp gelýän nesliň hemmesi hökmany suratda okadylmaly, halk terbiýe işini guramaga we dolandyrmaga gatnaşmaly, mekdeplerde berilýän bilim bilenhalkyň bähbitleri laýyk gelmeli hem durmuş bilen arabaglanyşykda bolmaly. Mundan başga-da, çagalaryň akyl ýetirijilik başarnyklaryny ösdürmeli, zähmet çekmek adamynyň ruhy islegine öwrülmeli. Her bir ýaş adam sagdyn, erkin, berk bedenli, hakyky watançy bolmaly. Munuň üçün bolsa okuwçylar, ozaly bilen, öz ene dilini we edebiýatyny, ýurdunyň taryhyny, geografiýasyny, halkyň geçmişde görkezen gahrymançylyklaryny gowy bilmeli.

Şol döwrüň pedagogik ylmynyň we halk magaryfynyň aýry-aýry wekilleri daşary ýurrtlaryň okuw gollanmalaryny kem-kesleýin üýtgemeler girizmek bilen, rus diline terjime edýärdiler. Uşinskiý muňa üzül-kesil garşy çykdy. Ol halka özüniň halk pedagogikasynyň gerekdigini, terbiýäniň durşuna halky häsiýetli bolmalydygyny, halkyň ýaşaýyş –durmuş şertlerine laýyk gelmelidigini öwran-öwran belledi.

       Halk pedagogikasynyň tejribesini synlamakda, öwrenmekde we ulanmakda beýik rus pedagogy K.D.Uşinskiniň hyzmaty aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Ol terbiýeçilik we okatmak işinde halk pedagogikasynyň, halk tejribesiniň gazananlaryny oýlanyşykly ulanmagyň okuw-bilimi we terbiýäni durmuşa ýakynlaşdyrmagyň, olaryň netijeli bolmagynyň zerur şertdigini belläpdir. Ol özüniň,,Rus terbiýesinde ahlakly element dogrusynda’’ diýen makalasynda bu hakda terbiýäni oýlap tapjak bolup biz biderek azara galýarys:rus halkynyň özi näçe asyr ýaşan bolsa, terbiýe hem onda şonça ýaşaýar – onuň bilen bile dünýä indi, onuň bilen bile ösdi, onuň ähli taryhyny, ähli gowy we erbet sypatlaryny özünde şöhlelendirdi. Bu – Russsiýanyň täze nesilleriniň bir-birini çalşyryp ösüp ýetişen ýeridir – diýip ýazypdy.

        K.D.Uşinskiý halkyň köp asyrlyk pedagogik tejribesiniň we ýiti akyl-paýhasynyň önümi bolan ertekiler, nakyllar, matallar ýaly gymmatly serişdeleriň çagalary terbiýelemekde we olary okatmakda, durmuşdaky, daş-töwerekdäki hakykat bilen tanyşdyrmakda okuwçylaryň akylyny ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolup durýandyklaryny belläp, bulary halk pedagogikasynyň başlangyjy diýip diýip atlandyrýar.

      Ertekiler hakynda gürrüň edip, ol bu rus halk pedagogikasynyň ilkinji we ajaýyp synanyşygydyr we men bu babatda kimdir biri halkyň pedagogika genisi bilen ýaryşmaga milt edip biler diýip pikir etmeýärin diýip ýazypdy.

 Ylymda,,halk pedagogikasy’’ diýen termin hem ilkinji gezek K.D.Uşinskiý tarapyndan ulanyldy.

      Görnükli pedagog özüniň,,Äåòñêèé ìèð,’’,,Ðîäíîå ñëîâî’’ diýen okuw kitaplarynda nakyllary, ertekileri we halk pedagogikasynyň beýleki gymmatly serişdelerini giň ulanypdyr. Rus dilini öwrenmekde nakyllaryň ornuny ol aýratyn nygtaýar.

      Görnükli pedagog nakyllaryň görnüşi we mazmuny dogrusynda söz açyp hem-de pedagogik ähmiýetini nygtap,,,Görnüş taýdan ene diliniň onuň hut janly, çuň çeşmesinden dyňzap atylyp ýüze çykmasy’’ bolup durýanlygy, mazmun taýdan bolsa,,rus halkynyň durmuşyny ähli nepis aýratynlyklary bilen aýnadaky ýaly şöhlelendirýänligi’’ üçin okatmagyň ilkinji döwründe olar zerurdyrlar diýip belleýär.

       Nakyllaryň mazmuny dogrusynda gürrüň edende, ol bularda halkyň durmuş-ýaşaýşynyň ähli taraplarynyň, ýagny öý-maşgala, jemgyýetçilik, zähmet we beýlekileriň, onuň isleg-arzuwlarynyň, tebigata, adamlara, durmuş hadysalaryna garaýşynyň beýan edilendigini görkezip, munuň terbiýeçilik işinde gymmatly maglumat bolup hyzmat edýänligine ünsi çekýär.

        K.D.Uşinskiniň öz ýazan,,Ene dili’’ diýen okuw kitabynda ulanan nakyllary tematika we mazmun taýdan köp dürli bolup, durmuşyň dürli taraplaryny öz içine alýar. Olaryň arasynda okuwyň, bilimiň ähmýetini açyp görkezýärleri, watançylygy terbiýeleýänleri, agalyk ediji synplaryň keşplerini häsiýetlendirýänleri, garyplyga, ýeter-ýetmezçilige, hünär öwrenmegiň ähmiýetini nygtamaga, oba hojalyk işlerine, mallara, ekin-dikine we ş.m. degişlileri bar. Käbir nakyllar çagalara ata-enäni hormatlamagy, olaryň gadryny bilmegi öwrenýärler. Olaryň birnäçesi bolsa okuwçylaryň gözýetimini giňeltmäge, düşünjesini artdyrmaga, akyl taýdan terbiýelemäge, sözleýiş dilini ösdürmäge hyzmat edýärler. Beýik pedagogyň öz okuw kitabyna girizen nakyllary görnüş taýdan çylşyrymly we uly däl; ol aýratyn hem deňeşdirme, rifma, ritme baý nakyllary köp ulanypdyr.

Çagalaryň düşünjesini çuňlaşdyrmak we giňeltmek maksady bilen ol hut bir hadysany birnäçe nakyl bilen illýustrirlemeklik usulyny-da peýdalanypdyr. Mysal üçin,,,ýagty’’, (ñâåò) sözüni düşündirmek üçin, ol ilki,,,tapdy’’ (íàøåë) sözüni düşündirmek üçin, dört sany nakyl getiripdir. Ol nakyllar gös-göni manysyndan başga, adamlar arasyndaky gatnaşyklara degişli göçme manylary bilen aýratyn gymmatlydyrlar.

        Meşhur pedagog özüniň kitabynda peýdalanan nakyllarynyň käbiriniň moralynyň (ahlaky manysynyň) çagalaryň düşünmesi üçin aňsat däldigini belläp, şu hili nakyllar boýunça işlenende, okuwçylaryň ününi olaryň diňe daşarky manysyna, ýagny gös-göni manysyna çekmegiň ýeterlikdigini düşündirýär. Mysal üçin,,,Demri gyzgynlygyna ýenç’’ (Êóé æåëåçî ïîêà ãîðÿ÷î) diýen nakyl dogrusynda gürrüň edilende, çagalara onuň diňe gös-göni manysyny, ýagny näme üçin demir sowandan soň ýençmän, eýsem gyzgynlygyna ýençmelidigini düşündirmek bilen çäklenmegiň mümkindigini belleýär. Diňe bir şunuň özi hem çaganyň aň-düşünjesiniň, gözýetiminiň giňeltmegine, synçylygynyň, akylynyň ösmegine uly ýardam edýär.

        K.D.Uşinskiniň pedagogik mirasyndan käte halk pedagogikasynyň, halkyň terbiýeçilik tejribesiniň, onuň terbiýeleýjilik rolunyň we serişdeleriniň idealizasiýalyşdyrylýan halatlary-da ýok däl. Emma tutuşlygyna alanyňda, beýik pedagogyň halk pedagogikasyna çemeleşişi, ondan peýdalanyşy ähli döwürler üçin nusga bolup durýar.

       Beýik pedagogyň pedagogik ideýalarynyň giň köpçülige düşnükliliginiň, pedagogik jemgyýetçilik tarapyndan gadyrlanýanlygynyň we ürç edilip öwrenilýänliginiň sarpasynyň belent tutulýanlygynyň esasy sebäplerinden biri, olaryň halkyň baý terbiýeçilik tejribesine berk esaslanýandygyndan, halkyň altyna barabar genji-hazynasyndan susulyp alnanlygyndan; halk genisiniň merjen dänelerine ýugrulandygyndan, şol sebäpli-de halka ýakynlygyndan ybaratdyr.

     Beýik rus pedagogy özüniň pedagogik pikirlerinde çagada erkliligi terbiýelemäge aýratyn ähmiýet berýärdi, sagdyn erklilik terbiýesinde çaga duş gelen kynçylyklary ýeňip geçmäge ukyply bolýar diýip hasap edýärdi.

    

       Lew Nikolaýewiç Tolstoý (1828-1910) meşhur ýazyjy bolmak bilen her bir hatarda, rus klassik pedagogikasynyň ösüş taryhynda belli yz galdyrdy. Ol Kazan uniwersitetinden çykyp, Tulanyň golaýynda ýerleşýän öz mülki bolan Ýasnaýa Polýana dolanyp gelenden soň, pedagogik işi bilen meşgul bolmagy ýüregine düwýär, ýagny şol ýerdäki krepostnoý daýhanlaryň hem olaryň çagalarynyň sowatly adamlar bolup ýetişmekleri barada alada edýär. Şol maksat bilen 1849-nji ýylda mekdep açyp, onda daýhan çagalaryny okadyp başlaýar. Emma onuň pedagogik işi uzaga çekmeýär, çünki ol 1851-nji ýylyň baharynda meýletinlik bilen Kawkaza harby gulluga gidýär.

       Soňra ol 1859-nji ýylyň güýzünde Ýasnaýa Polýanada başlangyç mekdep açyp, onda,,isleg bildiren çagalaryň we ulularyň hemmesini’’ mugt okadyp başlapdyr. Mekdepde 7 ýaşdan 15 ýaşa çenli bolanlaryň 37-si (32 oglan, 5 gyz) okadylypdyr. Okuwçylar ir sagat 8-den 12-ä hem-de 15 –den 18 çenli, iki smenada geçirilipdir. Mekdepde oglanlar bilen gyzlary bilelikde okadylypdyr. Onda 4 mugallym işläpdir.

       Ýasnaýa Polýanadaky mekdepde okuw, ýazuw, grammatika, botanika, taryh, surat, aýdym ýaly dersler öwrenilipdir. 1859-1862-nji ýyllarda ýazyjyny mekdep hakyndaky aladalar bütinleý gurşap alypdyr. Ol mekdep işini şeýle bir,,şahyrana, ýakymly iş ondan aýrylyşmak mümkin däl’’ hasap edipdir. Halkyň sowatly bolmagyny arzuw eden Tolstoýyň ýardam etmeginde Krapiwensk yezdinde daýhan çagalar üçin ýigrimiden gowrak mekdep açypdyr.

        Tolstoý çagalar bilen birlikde,,Robinzon Kruzo’’ ýaly gyzykly kitaplary okapdyr. Pedagog okuwçylara kazaklar, 1812-nji ýylyň watançylyk urşy barada, özüniň durmuşynda bolup geçen täsin wakalar dogrusynda gürrüň beripdir. Şeýlelik bilen, ol çagalarda watançylyk duýgusyny, olara taryha bolan gyzyklanmasyny döretmeklige çalşypdyr.

         Mekdep zähmet adamlaryň isleglerini kanagatlandyrmalydyr diýen pikirden ugur alyp, L.N.Tolstoý öz terbiýeçilik işlerine zähmet okuwlaryny-da girizipdir hem onuň guralyşyna we geçirilişine ýolbaşçylyk edipdir. Geçirilýän zähmet okuwlaryny dürli oýunlaryň elementleri bilen baglanyşdyrypdyr, sapagyň gyzykly hem täsirli bolmagyny gazanypdyr. Demokratik pedagog çagalaryň fiziki taýdan kämilleşmegine-de aýratyn ähmiýet beripdir.

         L.N.Tolstoýyň pedagogik-jemgyýetçilik işleri patyşa ohranasynyň ünsüni özüne çekdi. Şoňa görä, 1862-nji ýylyň tomsunda, Tolstoýyň obada ýok wagtynda, zandarmlar mekdebi döküpdirler. Kagyzlar, hatlar, gündelikler agdar-dünder edilipdir. Bu waka Tolstoýa örän agyr degipdir. Şeýlelik-de, mertebesi peseldilen ýazyjy nägilelik hökmünde mekdebi ýapypdyr. Ýöne L.N.Tolstoý onuň bilen pedagogik işden düýbünden arasyny üzmändir. Ol 1869-nji ýylda ýe-ne daýhan çagalaryny okatmak bilen içgin meşgullanyp ugrapdyr. Ol bu işi aýry-aýry arakesmeler bilen tä ömrüniň ahyryna çenli dowam etdiripdir.

       Ol resmi pedagogika tarapyndan berilýän terbiýä çagalara edilýän sütem hökmünde garapdyr hem-de,,erkin terbiýe’’ teoriýasyny öňe sürüpdir. Elbetde, bu teoriýa fransuz pedagogy Z.Z.Russonyň döwründen bäri bellidir. Ýöne Tolstoý oňa başgaça garapdyr, täze many beripdir. Eger Russo berilýän terbiýe çaganyň tebigy ösüşine laýyl bolmalydyr diýýip hasap eden bolsa, Tolstoý terbiýelenýäniň şahsyýetiň ösüşini üpjün edýän şertleri döretmegiň zerurlygy baradaky ideýany öňe sürüpdir.  

    Ol mugallym caganyň düşünjeliligini, garaýyşlaryny zorluk bilen, mejbur etmek arkaly döretmek bolmaly däldir, eýsem onuň başarnyklarynyň öz-özünden, erkana ýüze çykmagyna kömek etmelidir dýip düşündiripdir. Bu ideýa mekdep ulgamynda asyrlar boýy höküm sürüp gelen sholastik bilime, temmi bermelere, ýat tutmalara, çaga şahsyýetiniň basmarlanmalaryna bildirilen protest hökmünde ýaňlanyldy.

    Talantly pedagog, halk magaryfynyň görnükli işgäri L.N.Tolstoý her bir adamda bilime bolan isleg bardyr. Halk bilimi gowy görýär, sowatly bolmagy talap edýär, şoňa görä, halkyň talaplaryna laýyk bolan mekdepleri döretmek gerek diýen pikiri öňe sürüpdir.  

     L.N.Tolstoý,,Terbiýe we bilim’’ diýen makalasynda:,,Ylymlaryň okadylyşynda, mugallymyň öz okadýan dersine bolan söýgüsinde, şol ylmy söýgi bilen öwretmeginde, onuň okuwça bolan gatnaşygynda terbiýeleýjilik ähmiýeti bolýar. Okuwçyny ylym arkaly terbiýelemek isleseň, şol ylmy söý hem öwren, şeýtseň okuwçylar seni-de, ylmy-da söýer, senem olary terbiýelärsiň’’ diýip öwredipdir. Ömrüniň soňky ýyllarynda (1909-nji ýylda) ýazan,,Terbiýe hakynda’’ diýen makalasynda bolsa,,Terbiýe bilen ylym bilim aýrylmazdyr. Bilim bermän terbiýeläp bolmaz, her bir bilim terbiýeleýändir’’. (Seret: Ë.Í.Òîëñòîé. Ïåäàãîãè÷åñêèå ñî÷èíåíèÿ. Ó÷ïåäèçäàò. 1953, 269, 409ñ)  diýip ýazypdyr.

    Ýasnaýa Polýanadaky mekdebiň häsiýetli aýratynlyklarynyň biri-de sapakda okuwçylaryň döredijilik işeňňirligini we özbaşdaklygyny ösdürmeklige mümkinçiligini, ýykgyn edýän tarapyny, ýaş aýratynlygyny göz öňünde tutmalygy talap edipdir. Mugallymlar öz okadýan sapaklary boýunça düzen meýýilnamalaryny adatça,,okuwçylaryň talaplaryna laýyklykda'' üýtgedipdirler. Mekdebiň kesgitli okuw meýilnamasy-da, maksatnamasy-da, okuw raspisaniýesi-de bolmandyr. Okuw işi çagalaryň islegleri esasynda alnyp barypdyr. Bu elbetde çagalarda okuw işine bolan jogapkärçiligi, düzgün-nyzamlylygy terbiýelemeklige doly mümkinçilik bermändir. Okuwçylara öýde işlemek üçin ýumuş tabşyrylmandyr. Olardan her gün okuwa gatnamaklyk talap edilmändir. Emma şeýle-de bolsa, daýhan çagalary okuwdan galmandyrlar.

      Ajaýyp pedagog başlangyç mekdepleriň okuwçylary üçin niýetlenip ýazylan ençeme okuw kitaplarynyň awtorydyr. Ol ilki,,Azbuka'' (Harplyk) diýen harplygy ýazýar. Harplyk 1872-nji ýylda neşir edilýär. Tolstoý ony iki gezek işleýär we kämilleşdirýär hem-de,,Nowaýa azbuka'' (Täze harplyk) ady bilen 1875-nji ýylda täzeden neşir etdirýär.

     Okuwçylar Tolstoýyň kitaby boýunça ilki harplary, soňra sözleri ýazyp öwrenipdirler. Şondan soň harplyk esasynda okamaga başlapdyrlar. Tolstoýyň harplygynda rus halk döredijiliginiň eserleri: nakyllar, tapmaçalar, ertekiler, dünýä edebiýatynyň gaýtadan işlenilen wariantlary, Ezopyň basnýalary, hindi, arap ertekileri we hekaýalary berlipdir. Şeýle hem onda ýazyjynyň öz ýazan hekaýalarydyr basnýalary ýerleşdirilipdir.,,Nowaýa azbuka'' 28 gezek (iň soňkusy 1918-nji ýylda) neşir edilipdir.

      L.N.Tolstoý bulardan başga-da, dört sany okuw kitabynyň hem awtorydyr. Şol okuw kitaplarynda bilimiň dürli pudaklary boýunça ýerleşdirilen gyzykly maglumatlaryň hersi çagalarda ahlaklylyk sypatlaryny, terbiýelemeklik bilen baglanyşdyrylypdyr. Zähmete sarpa goýmak, watana wepalylyk, dogruçyllyk, parasatlylyk, tebigata bolan söýgi ýaly adamyň ajaýyp sypatlary wasp edilýär.

      L.N.Tolstoý Günbatar Ýewropa ýurtlarynda halk magaryf işiniň ýola goýluşy bilen içgin gyzyklanypdyr, şol ýerdäki mekdep okuwynyň ýagdaýy bilen tabşypdyr. Tolstoý Germaniýanyň, Fransiýanyň, Italiýanyň, Angliýanyň mekdeplerini ymykly öwrenip, şol ýurtlaryň mekdeplerinde berilýän bilimiň öwerlik däldigine, çagalaryň özbaşdaklygynyň, inisiatiwalylygynyň basmarlanýandygyny, okatmakda formalizme we pedantizme ýol berilýändigine göz ýetiripdir.

        L.N.Tolstoý geçilýän her bir sapagy okuwçylaryň güýçlerine laýyk edip alyp barmagy maslahat berýärdi. Okuw-terbiýeçilik işinde mugallymyň uly roly barada söz açyp,,,Eger mugallym özünde işe hem okuwçylara bolan söýgüni birleşdirse, onda ol kämil mugallym bolar'' diýip belleýär we halk mugallymynyň pedagogik işe ussatlygyny onuň esasy sypaty diýip hasap edýär.

       L.N.Tolstoý maşgala terbiýesiniň meselesine-de aýratyn üns berdi. Ol ata-eneler öz çagalaryna zähmete hormat goýmagy öwretmelidir, olary hemmetaraplaýyn terbiýelemek üçin alada etmelidir diýip talap edýärdi. Görnükli pedagog çaganyň özüni alyp barşyna ata-enäniň göreldesiniň biçak uly täsir edýär. Çaga haýsydyr bir ýetmezçilikler, ýaramaz gylyk-häsiýetler bilen dünýä inmeýär, onuň ýaramaz sypatlary daşky sredanyň täsiri, nädogry terbiýäniň netijesi bilen emele gelýär. Çaga şahsyýeti hormatlamaga mynasypdyr, onuň başarnyklary, döredijilik güýçleri ösdürilmelidir diýip öwredýärdi.

     ÕIÕ asyryň ahyrlarynda ÕÕ asyryň başynda Russiýa imperializm eýýämine ösüp geçip başlaýar. Bu döwürde magaryfyň, bilimiň ösmegi üçin obýektiw şertler döreýär. Magaryf edaralarynyň setini giňeltmek, bilimi giň halk köpçüligine elýeterli etmek ugrunda hereket güýçlenýär. Şu döwürde görnükli pedagoglaryň birnäçesi orta çykýar, olardan Pýotr Fransewiç Lesgafty, Konstantin Nikolaýewiç Wentseli, Pýotr Fýodorowiç Kapterewi we beýlekileri bellemek bolar.

 

 



<== ïðåäûäóùàÿ ëåêöèÿ | ñëåäóþùàÿ ëåêöèÿ ==>
Îáðàçåö îôîðìëåíèÿ òèòóëüíîãî ëèñòà äëÿ êóðñîâûõ ðàáîò | Ôèëîñîôñêèå ïîèñêè ðîññèéñêîé èíòåëëèãåíöèè: íàðîäíè÷åñòâî, ìàðêñèçì, èäåàëèçì
Ïîäåëèòüñÿ ñ äðóçüÿìè:


Äàòà äîáàâëåíèÿ: 2018-11-11; Ìû ïîìîæåì â íàïèñàíèè âàøèõ ðàáîò!; ïðîñìîòðîâ: 145 | Íàðóøåíèå àâòîðñêèõ ïðàâ


Ïîèñê íà ñàéòå:

Ëó÷øèå èçðå÷åíèÿ:

Ñâîèì óñïåõîì ÿ îáÿçàíà òîìó, ÷òî íèêîãäà íå îïðàâäûâàëàñü è íå ïðèíèìàëà îïðàâäàíèé îò äðóãèõ. © Ôëîðåíñ Íàéòèíãåéë
==> ÷èòàòü âñå èçðå÷åíèÿ...

866 - | 775 -


© 2015-2024 lektsii.org - Êîíòàêòû - Ïîñëåäíåå äîáàâëåíèå

Ãåí: 0.009 ñ.