.


:




:

































 

 

 

 


Pedagogika dersi barada düşünje we onuň wezipeleri

Meýilnama:

1. Pedagogikanyň taryhynyň dersi barada düşünje we onuň wezipeleri.

2. Türkmenistanda terbiýäniň döreýşi. Ilkinji monogam maşgalasynyň döreýşiwe maşgala terbiýesi barada.

3. Däp-dessurlaryň, baýramçylyklaryň terbiýeçilik ähmiýeti.

Mälim bolşy ýaly Pedagogikanyň taryhy" dersi iň gadymy wagtlardan başlap, tä biziň günlerimize çenli Türkmenistanda terbiýäniň, okuwyň, bilimiň, mekdebiň we pedagogik pikirin geçen uzak ýoluny, olaryňýüze çykyşynyň we ösüşiniň taryhyny, olaryň häsiýetinde, mazmunynda bolan üýtgeşmeleri yzarlaýan we öwrenýän ylymdyr.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň öwredişi ýaly, Türkmenistan beyik Galkynyşlar we täze özgerişler döwri başdan geçirýän wagty taryhy obýektiw öwrenmek we beýan etmelek şu günüň derwaýys wezipeleriniň biridir diýip bellemegi hem biz talyp ýaşlara we profesor mugallymlara uly täsirini ýetirdi.

Türkmen halkynyň baý taryhy bar; Onuň pedagogik medeniyetiniň we magaryfynyň taryhy hem halkyň medeniyeti ýaly baýdyr we gyzyklydyr. Ony obýektiw yzarlamak we öwrenmek diňe bir geçmişi bilmek bilen baglanyşykly düşünjäni giňeltmek Üçin peýdaly bolman, eýsem biziň şu günki we geljekde pedagogik wezipelerimizi üstünlikli çözmek nukdaýnazaryndan hem ähmiýetlidir. Hut şol nukdaý nazardan hem pedagogikanyň taryhynyňýurdumyzyňýokary pedagogik okuw jaýlarynda öwrenilmegi özüni doly ödeýär.

Geljelekki mugallymlaryň, magaryf işgärleriniň, hat-da ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň hem pedagogikanyň taryhyny öwrenmekleri olaryň tejribe işinde uly kömek eder, olaryň pedagogik bilimleriniň geçmişiň ynsanperwer milli we halkara pedagogik däpleriniň hasabyna baýlaşmagyna pedagogik ussatlyklarynyň kämilleşmegine ýardam eder. Taryhçy alymlaryň pikirine görä ilkidurmuş jemgyýeti adamzat taryhynda iň uzak, iň dowamly jemgyýet bolup, ol öz başyna mundan bir ýarym million ýyldan hem aňyrrakdan alyp gaýdýar.

Emma dürli ýerlerde onuň dowamlylygy dürli hili bolupdyr diýen çaklama bar. Taryhçylaryň pikiriçe, Aziýada we Afrikada adamzat siwilizasiýasy öňräk, Yewropada we Amerikada soňrak çykypdyr.

Turkmen taryhçylary häzirki Türkmenistanyňmundan köpýyl öň adamzat siwilizasiýasynyň ýüze çykandygyny belleýärler. Türkmenistanyň territoriýasy irki adamzat medeniýetiniň gadymy ojaklaryndan biridir. Türkmenistanyň yssy we çygly howasy bu ýerde adamzat jemgyýetiniň ösmegi üçin amatly bolupdyr.

Arheologlar Türkmenistanyň territoriýasyndan mundan 300 müň ýyl öň ilkidurmuş adamlarynyň daşdan ýasan we ulanan iş gurallaryny tapypdyrlar. Şolaryň kömegi bilen biziň irki ata-babalarymyz ösümlikleriň köklerini köwläp alyp iýipdirler, tutan haýwanlarynyň hamyny sypyrypdyrlar, etini paýlapdyrlar we ş.m.

Şol irki döwürlerde adamlar uly bolmadyk (20-30 sany uly ýaşly adamdan ybarat toparlary emele getiripdirler. Olara taryhçylar adamlaryň,,ilkidurmuş sürüsi" diýip at berýärler. Her bir,,süri" özbaşyna aw awlapdyr, onuň agzalary bilelikde agaçlaryň düýbüni köwüp alyp ýa-da miweleri çöpläp, balylc tutup özleri üçin iýmit edinipdirler. Ähli zat umumy bolupdyr, şahsy eýeçilik bolmandyr. Zähmet çekmek, hem onuň netijesinde toplanan zatlary paýlaşmak hem umumy häsiýete eýe bolupdyr. Yabany haýwanlardan hem, tebigatyň bela-beterlerinden hem bilelikde goranypdyrlar. Birek-biregi goldamak, birek-birege kömek bermelc illci -ilkiler instinktiw häsiýete eýe bolupdyr. Soňabaka aňly-düşünjeli häsiýete eýe bolupdyr.

Zähmet prosesi birek-birek bilen tejribe alyşmaklygyň, birek-birege öz bilýänje zatlaryny düşündirmekligiň zerurdygyny orta çykarypdyrlar. Bu bolsa kem-kemden diliň-sözleýşiň ýüze çykmagyna getiripdir.

Bu döwürde entek maşgala bolmandyr. Ähli zadyň umumy bolşy ýaly çagalaryň terbiýesi hem kollektiwleýin amala aşyrylypdyr. Urugçylyga çenli döwürde çagalaryň terbiýesi guramaçylykly häsiýete eýe bolmandyr. Olar zähmet, ýaşaýyş-durmuş prosesinde, ulularyň zähmetiniň tutanýerli görnüşlerine gatnaşmak, olar bilen aragatnaşykda bolmak, olaryň görkezmelerine we göreldesine eýennek arkaly terbiýelenipdirler, iş guralyny ýasamagy öwrenipdirler, kök köwläp almagy, iýilýän miweleri we otlary çöplemegiň, aw awlamagyň, balyk tutmagyň tärlerini özleşdiripdirler, kollektiwde aragatnaşyk saklamagyň düzgünlerini, durmuşda gerek bolan endikleri, ilkidurmuş obşinasynyň adamlaryna belli bolan däp-dessurlary öwrenipdirler.

Terbiýäniň häsiýeti we mazmuny hemmeler üçin birmeňzeş bolupdyr. Yöne jemgyýetiň ösüşiniň belli bir etapynda oglanlar bilen gyzlaryň terbiýesini birneme tapawutlandyrmak zerurlygy ýüze çykypdyr., Oglanlar zähmet gurallaryny, ýaraglary ýasamaga, aw awlamaga, balyk tutmaga gatnaşdyrylypdyr, gyzlar biş-düş taýýarlamaga çekilipdirler,gap-gaç ýasamaga, ten ýapar ýaly örtük eşik taýýarlamagaçekilipdir we olara şol işler öwredilipdir.

Urugçylyk gurluşy döwrüňde terbiýe

Ilkidurmuş obşinasy kem-kemden kämilleşip, onda adamlar arasyndaky aragatnaşyklar barha pugtalanýar. Kollektiwistik aň, kollektiwiň bähbidine wepalylyk barha ösýär. Munuň özi öndüriji güýçleriň ösmegine täsir edýär. Zähmet prosesinde ulanylýan gurallar barha, kämilleşýär,olary ýasamakda täze, ulanylyp başlaýar, olar forma taýdan timarlanýar. Agaç naýzalar ýasalyp, olaryň ujuna daşdan ýitelgiden çiş geýdirilýär, ol aw awlamagyň netijelligini artdyrýar. Soňabaka ok-ýaý ýasamagy öwrenýärler, önümçilikde haýwanlaryň şahyndan iňne ýasap, onuň kömegi bilen haýwanlaryň hamyndan egin-eşik tikmegi öwrenýärler. Ot almagyň tilsimlerini, daşdan çyra ýasamagyň tärlerini özleşdirýärler, dänäni üwäp iýmek ücin gural ýasapdyrlar, ýabany haýwanlary eldekileşdirmegi öwrenipdirler,,azal ýasap, ekerançylyk bilen meşgullanyp başlanypdyrlar.

Biziň eramyzdan öňki üç müňünji ýylyň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň territoriýasynyň ýaşaýjylary mis gazyp almagy we ondan käbir zerur zatlary ýasamagy özleşdiripdirler. Biziň eramyzdan 2 müň ýyl ozal bronzadan, mis bilen galaýynyň goşandyndan gap ýasamagy öwrenipdirler. Bişirilen toýundan gap-çanak ýasamagy öwrenipdirler. Önümçilik serişdeleriniň ösmegi, önümçiligiň çylşyrymlaşmagy önümçilik gurallaryna mundan buýanada kämilleşdirmegi, öňkileri netijeli ulanmagyň zerurlygyň muňa çenli do warn edip gelen garyndaşlyk gatnaşygy gowşak bolan kollektiwe eýgertjek däldi. Munuň hötdesinden eje tarapdan dogan-garyndaşlyk aragatnaşyklary bilen baglanyşykly * kollektiw, ýagny urug gelip biljekdi. Munuň özi kollektiwiň has jebis, agzybir bolmagyny, onda umumy bähbitli hünär öwredilip başlanypdyr.

Ilkidurmuş obşinasynda adamlar ýaşaýyş-durmuş, zähmet, iş-gurallaryny ýasamak, tebigata we daş-töwerege syn etmek, hadysalaryň sebäplerini we netijelerini deňeşdirmek netijesinde birnäçe bilimleri hem toplapdyrlar, olary ýaş nesle öwredipdirler.

Ilkidurmuş adamlarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleri ilki bilen daş-töweregi gurşap duran tebigaty oňat öwrenmegi we ol dogrusynda bilimleri toplamagy talap edipdir. Şoňa görä adamlar öz ýaşaýan ýeriniň üsti, haýwanat we ösümlik dünýäsi, mineralogiýasy, howasy we tebigaty bilen baglanyşykly bilimleriň köp mukdaryny bilipdirler. Ýaşaýyş- durmuş hajatlaryny kanagatlandyrmak üçin, ilkidurmuş adamlary özlerini iýmit bilen üpjün edýän ýerleriniň topografiýasyny, ösümlikleriniň haýsylarynyň miwesiniň, otlaryň haýsylarynyň miwesiniň, otaryň haýsylarynyň iýmit üçin ýaramlydygyny ýa-da ýaramly däldigini, belki zäherlidigini, haýwanlaryň häsiýetlerini, minerallaryň, agaçlaryň aýratynlyklaryny, ýagny olaryň haýsyndan näme näme ýasap boljakdygyny, howada bolaýjak üýtgeşmeleri öňünden çaklamak, yz yzarlamaklygy, ýyldyzlara seredip, azaşman ýol ýöremegi, öldürilen haýwanyň haýsy ýerleriniň iýmäge yaramly, haýsy ýerleriniň ýaramsyzdygyny gowy özleşdirmeli bolupdyrlar we ol bilimleri çagalarada öwredipdirler. Bu bolsa ýaş nesliň durmuşa tiz uýgunlaşmagy, taýýar bilimleri öz ýaşaýan durmuşynda ulanyp, kän horlanmangüzeran dolandyrmagy üçin ähmiýetli bolupdyr. Ýöne ýaş nesilleriň hem diňe taýýar bilimler bilen oňşyk edip ýörmän olaryň üstüni öz synçylygynyň, tejribesiniň netijesinde toplan täze bilimler bilen dolduryp, baýlaşdyryp durandygyny, ýalňyş, hakykatdan üzňe bilimleri täze dogry, rasional bilimler bilen çalşyryp durandygyny hem aýtmak gerek. Munuň özi bolsa adamlaryň daşarky dünýä baradaky bilimleriniň göwrüminiň birsyhly giňelmegini, barha kämilleşmegini üpjün edipdir.

Ilkidurmuş adamlary gündelik ýaşaýşyň tejribesi esasynda medisina, farmakologiýa ýaly ugurlar boýunça bilimleri toplapdyrlar we ulanypdyrlar. Munsuz olar ýaşap hem biljek däldirler Ýabany haýwanlary eldekileşdirip başlanlaryndan son, olar kem-kemden weterinariýa boýunça hem käbir bilimleri özleşdirmeli we mallaryň kesellerini bejermeli bolupdyrlar. Ol döwrüň adamlary bir-biriniň döwlen süňkini, çykygyny, ýaralaryny, käbir kesellerini, ýylan, içýan çakanda, ýyrtyjy h aýwanlar ýa-da s alan a damlary, dümewi, çybany bejermegi, agyrýan dişini sogurmagy öwrenipdirler.

Arheologlaryň käbiri şol gadymy döwürlerde aý-gün ýyl hasabyny ýöretme üçin kalendaryň bolandygyny belleýärler. Muny tassyklamak üçin olar ýalaňaç depeden tapylan statuetka salgynýarlar we onuň bedenine çekilen şekillere esaslanyp, onuň kalendardygyny hem-de şol döwürde bir ývlyň 15 aýdan (her birinde 24 gün we 5 günem goşmaça) hasaplanandygyny çak edýärler.

Heniz ýazuw bolmandyr. Ýöne ilkidurmuş obşinasynyň ösüşiniň belli bir döwründe suratlar arkaly pikir beýan etmek (surat haty) usuly ýüze çykypdyr. Ylymda oňa,,piktografik hat" diýýilýär. (,,Piktografiýa -surat") -bu hili suratly hat bir zady ýatda saklamak ýa-da öz pikiriňi başga birine habar bermek (bellci indiki nesillere ýazyp galdyrmak) üçin ulanylypdyr. Arheologlar muňa altyn depeden tapylan dürli zatlarda gaýtalanýan şekilleri mysal getirmek bilen, şolary hatyň, ýazuwyň döräp ugran nusgalarydyr diýip çak edýärler. Surat arkaly pikiri beýan etmekligi çagalara hem öwredipdirler diýip çak etmek mümkin. Urugçylyk döwründe primitiw (iňňän sada) şekillendiriş sungatynyň hem ýüze çylcyp başlandygyny bellemek bolar. Munuň köp sanly mysallaryny (nusgalaryny) arheologik agtaryşlaryň netijesinde tapylan zatlarda hem görmelc mümkin.Änewden tapylan palçykdan ýörite timarlanyp ýasalan, geometrik we ösümlik şekilli nagyşlar bilen bezelen gap-gaçlary, Namazga depeden tapylan ýüzüne dag goçunyň şekili çekilen küýzäni, Pessejik depede arheologik-gazuw agtaryş işler geçirilende üsti açylan jaýyň diwaryna gyzyl we gara reňkler bilen çekilen geometrik (üçburçlyk, romb görnüşinde) şekilleri, süňkden kesilip ýasalan toýnakly haýwanlaryň, pişikler toparyndan bolan ýyrtyjylaryň (barsa meňzeş) aw awlanyşynyň şekilini, Änewden tapylan adam şekilini-statuetkalary, Çakmakly depeden tapylan bişirilen palçykdan aýal şekillendirilen statuetkalary, haýwan şekillerini, Türkmenistanyň köp ýerinde geçirilen arheologik gözlegleriň Gidişine tapylan süňkden kesilip ýasalan, palçykdan, balyk gulaklardan ýasalan monjuklary, haýwanlaryň şekilleri (meselem, goýnuň kellesi) bilen bezelen süňkden, daşdan ýasalan boýna dakylýän şaý-sepleri we beýleki köp zatlary aýdylana mysal görkezmek bolar.Bularyň barysy, bir tarapdan ilkidurmuş adamsynyň aňynyň ösüp ugrandygyna şaýatlyk etse, beýleki tarapdan, ondaabstrakt pikirlenmäniň emele gelip ugrandygyny aňladýär. Sungatyň döremegi we ösmegi ýaş nesliň terbiýesine, aýratyn hem estetik taýdan ösmegine, onuň emosional dünýäsine özüniň täsirini ýetiripdir. Ýene-de bir zady aýdaly: şol irki döwrüň gelin -gyzlary-da hut biziň günlerimiziňki ýaly şaý -sepi söýüpdirler we dakynypdyrlar. Munuň özi eýýam şol döwürlerde adamlaryň estetik düşünjesiniň ep-esli ösüşe eýebolandygyny aňladýar. Bu bolsa estetiki terbiýäniň önümidir. Bulara öýkünip maldarçylyk bilen meşgullanan taýpalaryň çagalary öz çopan taýaklaryny, ekerançylyk bilen meşgullanýan taýpalaryň çagalary ýönekeýje iş gurallarynyň sapyny ýasanyny, oýunjaklaryny dürli ýönekeýje nagyşlar bilen bezemäge ymrtylypdyrlar. Bu bolsa olaryň aňy we estetik terbiýesi üçin ähmiýetli bolupdyr.

Türkmenistanyň käbir ýerlerinde geçirilen arheologik işleriniň gidişinde urugçylyk döwrüne degişli daýhançylyk gurallarynyň üsti açylypdyr. Munuň özi bir tarapdan ýaşlaryň hem daýhançvlyga çekilendigini bu hünäriň olara öwredilendigini aýtmaga esas berse, beýleki tarapdan kem-kemden daýhançylygyň ösmeginiň barha owadan zatlary öndürmäge ymtylyşy döredendigini, munuň bolsa öz gezeginde ýaş nesliň zähmet estetik islegleriniň, düşünjesiniň ösmegine itergi bolandygyny hem çak etmäge mümkinçilik berýär. Oturymly, ekerançylyk bilen meşgullanan taýpalar ululy-kiçili jaýlary gurupdyrlar, ol jaýlaryň diwarlaryny bezäpdirler, reňkläpdirler, poluny owadan suwapdyrlar, reňk çalypdyrlar. Bu işlere ýaşlar hem gatnaşypdyrlar.

0l adamlar çagalara zähmet endiklerini beripdirler. Olary taýpanyň, tiräniň rowaýatlary, däp-dessurlary, dini-düşünjeleri bilen tanyşdyrypdyrlar, ýazuw öwredipdirler, beden taýdan terbiýeläpdirler. Terbiýeçilik işinde oýunlary, aýdymlary peýdalanyp, ahlaklylygy özüňi alyp barmak endiklerini terbiýeläpdirler. Oglanlara harby tälim berlipdir, olar ýaý atmakda türgenleşdirilipdirler. Şol döwre çenli mälim bolan bilimler berlipdir. Şeýdip ýaş nesli durmuşa taýarlapdyrlar.

 

DEBIÝAT

1. Berdimuhamedow G.,,Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr. Aşgabat. 2007ý.

2. Haljanow Ş. Garaşsyzlykpedagogikasy: Okuwgollanmasy. Aşgabat1995ý.

3. Berdimuhamedow G.,,Döwlet adam üçindir. Aşgabat 2008ý

4. Pirliýew G.,,Etnopedagogika we häzirki zaman terbiýesi. Aşgabat 1995ý.

5. Türkmenistanyň Bilim hakyndaky Kanuny. A.1993

6. ... M. 1988.

7. Garaýew R., Pirliýew G. Garaşsyzlyk we bilim. A.,1995

8. Haljanow Ş. Pedagogikaboýunçaumumyokuwlar. A. 1974.

9. Haljanow Ş. Garaşsyzlyk pedagogikasy. A.,1994

10. Pirliýew G. Mekdepde terbiýeçilik işiniň esasy meseleleri. A. 1990.

 



<== | ==>
, , . |
:


: 2018-11-11; !; : 1465 |


:

:

, .
==> ...

1470 - | 1382 -


© 2015-2024 lektsii.org - -

: 0.035 .