.


:




:

































 

 

 

 


PEÝDALANYLAN EDEBIÝATLAR

M E Ý I L N A M A

 

1. Giriş.

 

2. XVIII-XIX-njy asyrda pedagogik pikirleriň ösüşi.

 

3. Pedagogiki garaýşlara görnükli akyldarlaryň goşan goşandy.

 

4. Magtymguly akyldar şahyr, pelsepeçi, terbiýeşynas, syýahatçy, watançy.

 

5. Netije.

Magtymguly 1733-nji ýylda Etrek derýasynyň boýunda ýerleşýän, howasy mylaýym, gözel türkmen obalarynyň biri bolan Hajygowşan diýen ýerde eneden dogulýar. Ýaşlyk ýyllarynda kakasy Azadydan ders alýar, arap, pars dillerini kämil derejede öwrenýär. Häzirki Halaç etrabyndaky Idris baba medresesinde, soňra Buharanyň Gögeldaş med-resesinde okaýar. Bu ýerde Nury Kasym ibn Bahar atly talyp bilen tanşyp, dostlaşýar. Nury Kasym siriýaly türkmenlerden bolup, örän bilimli, ulama, kitaphon adam eken. Bu dostluk Nury Kasymyňam, Magtymgulynyň dünýägaraýşynyň, biliminiň artmagyna oňaýly täsir edýär. Bir-birinden öwrenýärler, edilmeli işleri hasaplaşýarlar, kyn günlerde arkalaşýarlar. Magtymguly Gögeldaş medresesinde bir ýyl-lyk sapak alandan soň Nury Kasym bilen Özbegistan, Gazagystan, Täjigistan, Gyrgyzystan, Owganystan. Hindistan ýaly ýurtlara syýahata gidýär.

Magtymguly syýahatyndan dolanyp geleninden soň, Nury Kasym bilen Hywadaky Şirgazy han medresesine okuwa girýär. Medrese Magtymgulynyň aň-düşünjesiniň, dünýägaraýşynyň giňelmeginde, şahyrçylyk zehininiň kämilleşmeginde aýgytly hyzmata eýe bolupdyr. Kakasy Azadynyň aradan çykdy habaryny eşidip, okuwynyň bäşinji ýylynda Şirgazy han medresesinden gaýtmaly bolýar:

Mekan eýläp, üç ýyl iýdim duzuňy,

Gider boldum, hoş gal, gözel Şirgazy!

Ötürdüm gyşyňy, nowruz-ýazyňy,

Gider boldum, hoş gal gözel Şirgazy!

Akyldar Azerbeýjan, Dagystan, Eýran, Siriýa, Yrak ýaly ýurtlarda-da bolupdyr. Magtymguly, aýratyn-da, Türkiýede ýaşaýan arkadaşlarymyz bilen ýakyn aragatnaşyk saklapdyr. Türkmenistanyň galalaryny, obalaryny, türkmen halkynyň durmuşyny, däp-dessurlaryny, halk döredijiligini, terbiýeşynaslyk tejribesini içgin öwrenipdir. Akyldar ylym adamlary bilen pikir alyşypdyr, medreseleriň talyplary bilen duşuşyklar gurapdyr, şahyrlara halypaçylyk edipdir. Aýratyn-da zergärçilik bilen meşgullanmagy gowy görüpdir, oba çagalaryna sapak, bilim-terbiýe bermegi özi üçin uly bagt hasap edipdir.

Magtymguly ozüne Pyragy edebi lakamy alypdyr. Pyragy aýrylan, bir gyra çekilen, dünýäden el üzen ýaly manyda bolup, şahyr:

Magtymguly, adyň döndi Pyraga,

Pyrag bolup, çek özüňi gyraga

diýýär.

Magtymguly akyldar şahyr, pelsepeçi, terbiýeşynas, syýahatçy, watançy, zergär Magtymgulyny diňe Magtymgula deňäp bolýandygyna uýýan türkmen Ol Magtymguly ahyry! diýýär. Bu aňlatma halkyň biçak uly söýgüsinden habar berýär, çünki türkmen çylşyrymly meseleleriň çözgüdini, akyl-paýhasy Magtymgulynyň döredijiliginden gözlemegi hem tapmagy endik edipdir, muny özüne berlen bagt hasap edýär. Gündogarşynas, akademik W.W. Bartold kän ýyl ozal türki halklaryň arasynda Magtymguly ýaly milli şahyrly halk diňe türkmenlerdir diýip, uly hormat bilen ýazypdyr.

Şahyryň döredijiligi durky bilen terbiýe mekdebidir. Onuň öz şygyrlarynda ýüzlenmedik meselesi ýok diýerlikdir. Agzybir türkmen döwletini gurmak, oňa guwanmak we buýsanmak, mukaddes topragy, ata Watany jan-dilden söýmek, beýleki halklaryň wekilleri bilen dost-dogan bolup ýaşamak, ata-enäni hormatlamak, ulyny sylamak, kiçini söýmek, mätäje kömek-goldaw bermek, öten-geçenleriň, ata-babalaryň hatyrasyna sadaka bermek, ylymly-bilimli, edepli--ekramly bolmak, ynsanperwerlik, söýgi, ynsan mertebesi, maşgala terbiýesi, sagdyn durmuşy alyp barmak ýaly meselelere şahyr yzygiderli ýüzlenipdir. Bu meseleleriň we akyldar tarapyndan teklip edilýän çözgütleriniň çygry örän giň. Olary terbiýeşynaslyk nukdaýnazaryndan öwrenmek üçin biz düýpli we yzygider işleri alyp barmalydyrys. Şahyryň her bir eseri, goşgusy durşuna terbiýe, terbiýeşynaslyk mekdebidir. Çünki, olaryň her birisi halk terbiýesini ilen ýiti we belent akyl-paýhasy özünde jemleýär. Mysal hökmünde Baş bolmaň diýen goşgusyny alyp göreliň.

Baş bolmaň

Nesihat eýläýin, diňläň, ýigitler,

Pis hatyn başlagan toýa baş bolmaň!

Müň nesihat aýtsaň, birisin tutmaz,

Agzybir bolmagan ile baş bolmaň!

Hergiz ataň bolsa, bolmagyl kepil,

Burunkydan galan: Kepiller sepil,

Men aýdaýyn, diňlemeseň özüň bil,

Aýaklaşma edenlere baş bolmaň.

Nesihat diňleseň, äriň- äri sen,

Almasaň nesihat, körüň biri sen,

Artyk salgydyny özüň tölir sen,

Agzy ala kowumlara baş bolmaň!

Dogry ýörgen, dogry gezgen dok bolar,

Biwagt ýörgen melamata çoh galar,

Ömrüň boýy ýygnaganyň ýok bolar,

Haram söýen ýigitlere baş bolmaň.

Hergiz ýaman bilen birge ýörmäňler,

Oýnaýyp-gülüban, bile barmaňlar,

Kösti ýeter bir gün, ýalan diýmäňler,

Guda-gaýyn bolup, bela duş bolmaň!

Magtymguly, köp söwdaly başyň bar,

Ömrüň uzak, ýüzden aşa ýaşyň bar,

Özüňi bil, il bile ne işiň bar,

Bahabar bol, Hak ýadyndan daş bolmaň!

Goşguda durmuşa, adamlara synçylyk bilen berlen maslahatlaryň birtopary jemlenýär. Şahyr ýigitlere, ýagny ynsanlara islendik adama Men nesihat aýdaýyn, siz diňläň diýip ýüzlenýär. Ilkinji maslahat pes ilden çykan aýalyň ýa-da giň manyda kişiniň toýuna beýemçi bolmazlyk. Toý sözi giň manyda üýşmeleňleriň hemmesini özünde jemleýän manysynda ulanylýar. Näme üçin pis aýalyň pis, erbet niýetli islendik adamyň toýuna-üýşmeleňine, köpçüligi toplap etjek bolýan zadyna gatnaşmaly däl? Sebäbi pis, gara niýetli adamyň toýunyň- üýşmeleňiniň aňyrsynda hemişe bir pis niýet ýatyr.

Ikinji nesihat agzybir bolmadyk öýde ýolbaşçy bolmazlyk. Şahyr agzalalygy erbet alamat hasaplaýar. Hojalykda, işde, ilde, ýurtda agzybirlik bolmasa, döwlet bolmaz. Şonuň üçin hem her bir ynsana öz baran ýerinde öýünde agzybirligi ýola goýmagy, ony mukaddes saklamagy ündeýär. Söwda edeniňde bir zat iş barada şertnama baglanyşanyňda arassa, halal, päk niýetli bolmagy maslahat berýär. Sözleşeňde, gürläniňde mylaýym bolmaly, kem sözli bolmaň, ýagny aýtjak zadyňy onuň doly manysyna ýetip, düşnükli geplemeli, iliň--halkyň bile kaş bolmaň, oňa dil ýetirme, iliň barada gowy, hoşniýetli gürrüň etmeli diýip nesihat berýär.

Şahyr kepil geçmek, güwä geçmek diýen zadyň juda ynjyk meseledigini nygtaýar. Kepilçi wadany ýerine ýetirmäge borçludyr. Başarmasaň, abraýdan düşersiň, seniň sözüň hiç zada geçmez, il içinde ýüzügara bolup galmagyň mümkin diýlen mazmun şygryň bu maslahatynda aňladylýar. Şonuň üçin hem aýaklaşma baş bolmak, ýagny bir zady deň bölmäge gatnaşanyňda-da gaty adyl hereket edäýmeseň, ýüzügara bolaýmagyň ähtimaldygyny duýdurýar.

Akyldar berilýän nesihaty kabul edip alyp bilýän adamy äriň- -äri, ýagny hoşniýetli adamyň iň hoşniýetlisi, akyllysy, parasatlysy hasaplaýar. Agzala kowumlara baş bolmazlygy nesihat berýär. Bu nesihat şahyryň ýaşan zamanasynyň ýagdaýy bilen baglanyşyklydyr.

Şygryň bäşinji bendinde şahyr dogry, halal ýaşaýan, jemgyýetiň tertip-düzgünini bozmaýan adam hiç wagt horluk çekmez diýip öwred-ýär. Haram işlere baş goşmazlygyň, haramçylyk edýän adamlardan gaça durmagyň zerurdygyny nygtaýar.

Goşguda il halamaýan ýaramaz gylykly adamlar bilen ýoldaş bolmazlyk,olar bilen guda-gaýyn bolup garyndaşlyk açmazlyk nesihat berilýär. Çünki şeýle adamyň günlerde bir gün bela uçratjagy ikuçsyz.

Jemleýji bentde adamyň özüne akyl ýetirmeginiň, ilki bilen özüniň edep-terbiýesi barada alada etmeginiň zerurlygy ündelýär. Pyragy ýaşlaryň Allatagalany ýat edip ýörmeklerini, pis endiklerden, il halamaz bet işlerden özüni çetde saklamagyny ündeýär.

MagtymgulynyňOtur-turşun görüň diýen goşgusy hem terbiýeçilik ähmiýetli bolup, adamy adamdan tapawutlandyrýan häsiýetleri synçylyk bilen birin-birin açyp görkezýär. Olar çeper suratlandyrmalar arkaly göz öňünde janlanýar.

Öwüt-nesihat häsiýetli, nesilleri terbiýelemekde uly ähmiýete eýe bolan goşgularyň biri-de pähimdar şahyryň Zor bolar diýen şygrydyr. Pähimdaryň pikiriçe, halka ýagşylyk edýän adamlar iň bagtly adamlardyr. Ýagşylyk etmeklige ýaşlykdan endik etmeli, özüňi ýagşylyk meýlinde terbiýelemeli. Şeýle etseň, il içinde hormatlanýan, abraýly adam bolup ýetişersiň. Ine, akyldaryň ündeýän esasy pikiri.

Magtymguly öz goşgularynda adamyň ähli adamkärçilik sypatlaryny suratlandyrýar. Ol ýigdiň edermenligini, mertligini Watan, halk bähbidi bilen bagly suratda çözýär. Şonuň üçin hem halkyň, Watanyň bähbidi üçin janyny aýamaýan ýigitler şahyryň setirlerinde wasp edil-ýär. Olaryň halk söýgüsine mynasypdygy nygtalýar.

Şahyr bütin adamzada gerek bolan oňat gylyk- häsiýetler hakynda söz açýar. Terbiýeçi şahyryň Gerekdir diýen goşgusy munuň tipiki mysalydyr.

Mert oldur ki, bolsa köňli rehimli,

Göwresi giň gerek, özi pähimli,

Giň ýerde garga deý bolsun wehimli,

Ýerinde hünäri - işi gerekdir.

Gaplaň kimin arlap girse meýdana,

Tilki kimin bazy berse her ýana,

Duranda gaýa dek durup merdana,

Alar ýerden at salyşy gerekdir.

Ýigidiň hyýaly bolsa serinde,

Çykar bir gün, çöküp galmaz garynda

Hile hem bir batyrlykdyr ýerinde,

Ony başarmaga kişi gerekdir. Görşümiz ýaly, bu setirlerde il-ýurduň bähbidini goraýan mert, batyr, edermen ýigitlere gerekli bolan adamkärçiligiň oňat taraplary beýan edil-ýär. Şahyr ýoldaşa wepaly bolmaklygy hem adamkärçiligiň iň gowy sypatlarynyň biri hökmünde aýratyn nygtaýar. Şu goşgudan görnüşi ýaly, her bir goç ýigit edermen bolmalydyr, duşmandan üstün çykmalydyr. Ine, şahyryň öňe süren esasy pikiri-ündewi şundan ybaratdyr.

Magtymguly giň okyjylar köpçüliginiň aň-pikirine güýçli täsir eden ahlak eserlerinde adamyň adamdan parhlydygyny görkezmek bilen, batyr ýigitlerden görelde almagy, namartlary pislemegi ündäp geçipdir. Ol namart hem mert ýigitleri biri-birine gapma-garşy goýup, olary deňeşdirýär:

Namart duşman görse, gussadan öler,

Goç ýigitler tördün, bäşin aňlamaz.

Akyldar batyr ýigitleri Watan goragyna çagyrmak we olara uruş hünärlerini öwretmek bilen çäklenmän, käbir maglumatlara görä, şol hili söweşlere onuň özi hem gatnaşypdyr. Şahyryň Joşa ýetdiň, Günlerim ýaly goşgulary onuň duşman bilen at üstünde ýüzbe-ýüz bolandygyna şaýatlyk edýär. Her bir okyjy şahyryň bu goşgularyny okanda, onuň eline ýarag alyp, Watan üçin gahrymançylykly söweşlere gatnaşandygy göz öňüne getirýär.

Magtymguly Pyragy öz goşgularynda terbiýä, çaganyň ýaş aýratynlyklaryna-da üns beripdir:

Bu nakyldyr, adamzat, sen bu mekana geldiň,

Owwal ataň bilinden syzyp, nahana geldiň,

Atadan enä baryp, bir katra gana geldiň,

Enede surat bolup, bu şirin jana geldiň,

Dokuz aýy ötürip, inip jahana geldiň,

Emip eneň süýdüni, gundalyp, dona geldiň.

Mundan başga-da, Don gerek, Joşa ýetdiň diýen goşgularynda hem akyldar çagalaryň yaş aýratynlyklaryny we terbiýe meselelerini çuňlaşdyrýar.

Beýik akyldar özüniň Mal ýagşy, Nas atan, Çilimkeş, Çilim, Çilim çekmegil, Munda, Gybatkeş diýen goşgularynda gowy gylyk-häsiýetleri terbiýelemek, ýaman gylyk-häsiýetlerden çetleşmek barada gürrüň berýär.

Magtymgulynyň ýöredýän terbiýeşynaslyk pikirleri biri-birileri bilen zynjyr kimin sepleşip gidýär. Akyldaryň şeýle pikirleriniň biri--de kesp-kär, hünär öwrenmek meselesi bilen baglanyşykly. Ol her bir adamyň bir ýa birnäçe hünärden baş çykaryp bilmegi zerur, adam yhlas bilen haýsy käri öwrense, oňa ökdeläp, il-günüň alkyşyna eýe bolar: Har bakan har tanar, zergär zer tanar, Miraplary ýap boýuny syrarlar, daýhanlary gury ýeri dörerler, Ýatsa-tursa hyýalyndan çykarmaz, Kaýsy işe maýyl bolsa adamzat diýip öwredýär. Nan ýagysy kärsiz ärden bolsa Köňlüň istän işler çykmaz diýip tek-rarlaýar. Akyl kesmez, dür ýasalmaz ussatsyz diýip, kesp-käri ussatdan öwrenmelidigini, şeýle-de, halypany sylamagy, oňa hormat goýmaklygy, onuň ýagşylygyny hiç wagt unutmazlygy nesihat edýär. Magtymgulynyň otuza golaý hünär barada gürrüň berýän ýörite ýazan Totuguş dilli dessan atly eseri hem bolupdyr.

Magtymguly men-menlik edýänleri gülki astyna alypdyr we şol häsiýetiň adamda bolmaly däldigini nesihat edipdir. Ony bolsa şahyryň:

Ahyry bolar sen ýerge barabar,

Köňlüňde men-menlik satyjy bolma

diýen goşgy setirlerinde-de görmek bolýar.

Şahyr tankyt bilen nyşana alan häsiýetiniň üstünden gülende, şeýle häsiýetiň jemgyýetdäki ornuny kesgitlemäge hem çalşypdyr. Betnebisliligi, ikiýüzlüligi, parahorlygy, galplygy onuň hemme zatdan beter ýigrenenligini-de belli derejede şu ýerden aňmak bolar. Şahyryň Düýşüne degmez, Malyna degmez ýaly goşgularyny bu aýdylanlara mysal hökmünde getirmek bolar.

Magtymgulynyň birnäçe goşgulary maşgalanyň, çagalaryň eşretli durmuşda ýaşamaklygyna degişlidir. Onuň köpüsi ata-enä hormat goýmaklygy öwredýär:

Ýagşy oguldan rehnet arygy akar,

Näletkerde ogul boldy, bolmady

diýen ýaly setirlerde bolsa ol diňe bir ene-ata däl, eýsem, il-ýurduna kömek etmeýän ogluň dogany bilen dogmadygynyň arasynda kän tapawut goýmaýar.

Akyldar ynsan perzendiniň ata-enesine nähili sarpa goýmalydygy babatynda nusga bolup bilen kakasy Azadynyň perzendiň bitirmeli borç-lary hakyndaky düzgünlerini iş ýüzünde amala aşyran adamdyr. Munuň şeýledigine Oglum - Azadym, atly aýdyşyk eseri, Atamyň, Ab-dylla,Terk eýleme bu mekany, Bular gelmedi diýen goşgulary güwä geçýär. Akyldar kakasynyň ata-enäni sylamak baradaky pikirlerini dowam etdirip, Agyrtmagyl ata bilen enäni diýip nesihat berýär. Olary agyrdanyň günäsi daglardan, daşlardan uly bolar:

Ata-ene agyrdanyň günleri,

Içi-daşy otdan bolar donlary,

Halka ryswa, ala bolar tenleri,

Suw ýerine zäher berer, ýaranlar.

Şahyr şeýle setirleriň üsti bilen kakasy Azadynyň terbiýeşynaslyk pikirlerini ösdürýär, aýdyňlaşdyrýar.

Agzybir maşgala gurmak meselesi Magtymgulynyň döredijiliginde iň köp üns berlen meseleleriň biridir.

Dünýä sözi meňzär duzsuz tagama,

Söz içinde gelin-gyz hem bolmasa

diýen ýaly durnukly söz düzümlerine öwrülip giden setirler Magtymgulynyň aýal-gyzlaryň mertebesini belent tutandygyna şaýatlyk edýär. Şeýlelikde, şahyryň eserlerinde maşgala iki taraply hem biri-birine mynasyp derejede gurlan wagtynda hakyky manysynda maşgala bolýar diýen pikir öňe sürülýär.

Terbiýe beriji şygyrlarynda adamy dogry ýola gönükdirmäge köp üns berilýär. Käbir erbet gylyk-häsiýetleri berk tankytlamak bilen, Magtymguly şeýle gylyk-häsiýetli adamlary dogry ýola çagyrýar:

Ömrüň ýele berme, azma ýoluňdan,

Agyrtmagyl iliň-günüň, gybatkeş!

diýmek bilen, gybatkeşi ýaňadandan terbiýelemek isleýär. Çünki gybatkeşlik iň bir ýaramaz häsiyetleriň biridir, ol ýary-ýardan, dosty--dostdan aýyrýar.

Magtymguly birnäçe goşgularynda halkyň durmuşynda käbir däp-dessurlar hakynda söz açyp, olaryň köpçülige peýdaly bolan oňat taraplaryny hem belläp geçipdir. Aýratyn-da, myhmanparazlygy adamyň bezegi, iň gözel däpleriň biri diýip görkezýär. Şahyr Myhman ýoluksa diýen goşgusynda:

Mert çykar myhmana güler ýüz bilen,

Namart özün gizlär, myhman ýoluksa

diýip, myhmany açyk ýüz bilen garşy alýan, oňa tapdygyndan hormat-hyzmat edýän adamlary hakyky adamkärçilikli adam hökmünde wasp edýär. Şahyr gelen myhmany, zatly-zatsyzdygyna garamazdan, güler ýüz, şirin söz bilen garşy almaklygyň gowudygyny Söze myhmandyr atly goşgusynyň:

Gelen aş diýp gelmez, turşutmagyl ýüz,

Nana mätäç däldir, söze myhmandyr

diýen setirlerinde hem beýan edýär.

Şahyryň:

Çagyrlan ýere bar, otur-da turma,

Çagyrylmadyk ýere barma, görünme,

Utanmaz adam dek süýrenip ýörme,

Buýrulmadyk işi ediji bolma!

diýen setirleri hem ahlak, edep meselelerini gozgaýar. Ol myhman bolup gelen hemme adama deň göz bilen garamaklygy nesihat edipdir. Sen oňa baý-garyp diýmän, bar zadyňdan hyzmat et, goý, onuň göwni şat bolsun, senden ýamanlyk görmesin diýen pikiri öňe sürüpdir. Oňa:

Eger misgin, eger baýdyr,

Gelende hyzmaty gerek.

Ýa-da:

Ganly bolsa, geç ganyňdan,

Bir garyp myhman ýigide

diýen ýaly ençeme setirler mysal bolup biler.

Umuman, Magtymguly öz goşgularynda myhmansöýerligi adamkärçiligiň asylly sypatlarynyň biri hökmünde halka ündäp gelipdir. Onuň Ýagşydyr, Ýigide, Gerek we ş.m. goşgularynda myhmanparazlyk hakyndaky pentler beýan edilýär.

Sadalyk, dogrusözlülik, mylaýymlyk biziň halkymyzda sarpa goýulýan sypatlaryň biridir. Magtymguly adam sada, ynsaply, ýagşy niýetli bolsa, geplemeli we geplemesiz ýerini bilse, onda onuň öz gadyryny artdyrandygyny görkezip geçýär. Gidiji bolma diýen goşgusynda:

Bir ýuzi çirikdir, bir ýüzi çaryk,

Çirik diýp gaty söz aýdyjy bolma

diýmek bilen, beden taýdan ýetmezçiligi bolan adamlara gaty söz aýtmazlygy nesihat berýär.

Süýjüdillilik biziň halkymyza mahsus bolan sypatdyr. Adamlaryň göwnüne degjek söz aýtmazlyk pikiri, göwne degiji söz aýtsaň, onuň tyg ýarasyndan beter degjekdigi şahyryň goşgularynda gaty oňat berilýär:

Ýaman til dost ýitirer,

Hoş dil rehnet getirer.

Ýa-da:

Gulagymga beren pendiň alaýyn,

Kişige gaty söz aýdyjy bolma.

Ýokardaky setirlerden görşümiz ýaly, sözüň durmuşda tutýan orny gaty uludyr. Şonuň üçin-de, gereksiz ýerde eňegiňe jaň dakylan ýaly ýaňrap oturmazlyk ündelýär. Köp bil-de, az sözle diýen ideýa öňe sürülýär. Eger adamlary sylamaga, olara hormat goýmaga gurbuň çatsa, onda süýjüdillilik hem olaryň göwnüni awlamagyň bir görnüşi diýip düşündirilýär.

Magtymguly dogrusözli bolmaklygy, ýalan sözlemezligi birsyhly ündän şahyrdyr. Ol özüniň Gidiji bolma diýen şygrynda:

Mert oguldyr, ile ýazar desterhan,

Dogry söz üstünde berer şirin jan,

Ömrüni ötgürer, diýmez bir ýalan,

Jäht eýläp, ýalan söz aýdyjy bolma

diýip maslahat berýär. Akyldar şahyr ulyny sylamak, olara hormat goýmak ýaly häsiýetlere adamkärçiligiň iň gowy taraplarynyň biri hökmünde garaýar. Şahyryň pikiriçe, ýaşlar ata-enelerini hormatlap, ulyny sylamalydyrlar. Uly adam özünden kiçä ýumuş buýursa, ony ýerine ýetirmeli. Uly adam nirede duş gelse-de, oňa kiçiler öňürti salam bermeli. Uly adam gürläp otyrka, onuň sözüni bölüp, onuň sözüniň arasyna düşmeli däl. Magtymguly ulyny sylamak barada özüniň Ile ýaraşmaz diýen goşgusynda:

Edebiň ýagşysy ulyny syla,

Ulyny aglatmak kiçä ýaraşmaz

diýip berk nygtaýar.

Akyldar Magtymguly halk terbiýeşynaslygynyň ahlaklylyk we ahlak terbiýesi hakyndaky köp asyryň önümi bolan pikirlerini hakyky wagyz ediji şahyrana söz arkaly nesihat ediji bolupdyr.

 

 

PEÝDALANYLAN EDEBIÝATLAR

1. Gurbanguly Berdimuhamedow. Ösüşiň täze belentliklerine tarap. Saýlanan eserler. I tom. Aşgabat, 2008.

2. Gurbanguly Berdimuhamedow. Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr. Aşgabat, 2007.

3. Gurbanguly Berdimuhamedow. Eserler ýygyndysy. Aşgabat, 2007.

4. Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2007-nji ýylyň 15-nji fewralyndaky 4610-njy Permany. Aşgabat, 2007.

5. Bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işini kämilleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary. Aşgabat, 2007.

6. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedow. Umumymilli Galkynyş hereketiniň we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň nobatdan daşary 5-nji gurultaýynyň bilelikdäki mejlisinde sözlän sözi. Aşgabat, TDNG. 2007.

7. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedow. Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň giňeldilen Mejlisinde sözlän sözi. Aşgabat, TDNG. 2007.

8. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedow. Ýurdy täzeden galkyndyrmak baradaky syýasat. Aşgabat, TDNG-2007.

9. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedow. XX Halk Maslahatynda edilen çykyş. Aşgabat, 2007.

10. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedow. Türkmenistanyň nobatdan daşary XXI Halk Maslahatynda edilen çykyş. Aşgabat, 2008.

11. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedow. BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 62-nji Sessiýasyndaky çykyş. 2007. 21-nji sentýabr.

12. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedow. ABŞ-nyň Kolumbiýa uniwersitetindäki çykyş. 2007.

13. B.Basarow. Gysgaça psihologiki sözlük Aşgabat, 1993ý.

14. Ş.Haljanow Garaşsyzlyk pedagogikasy Aşgabat, 1995ý.

15. A.A.Gurbanow, Ş.Haljanow Pedagogikanyň taryhy boýunça gysgaça kurs. Aşgabat, 1981ý.

16. A.A.Gurbanow, O.D.Kuzmin, Ş.Haljanow, J.Rejebow. Okatmak teoriýasynyň aktual meseleleri. Aşgabat, 1979ý.

17. G.Pirliýew. Türkmen halk pedagogikasy. Aşgabat, 1981ý.395

18. G.Pirliýew. Mekdepde terbiýeçilik işiniň esasy meseleleri. Magaryf, 1990ý.

19. G.Garajaýew. Dowamatym-Döwletim. Aşgabat, 1998ý.

20. J.Ş.Tursunow. Geljekki mugallymlarda kommunikatiw başarnygyň kemala gelmeginde didaktiki oýunlary ulanmak. Mary, 1994ý.

21. J.Ş.Tursunow. Tebigaty söýmek-öýüňi söýmek. Mugallymlar gazeti, 23 fewral 2004 ý.

22. Oguznama. Türkmenistan, 1990ý.

23. Gorkut ata. Türkmenistan, 1990ý.

24. Kowusnama. Türkmenistan, 1990ý.

25. Görogly. Türkmenistan, 1990ý.

26. Magtymguly. Saýlanan goşgular. Türkmenistan, 1977ý.

27. W.A.Suhomlinskiý. Ogluma ýazan hatlarym. Aşgabat, 1986ý.

28. N. Baýramsähedow. Gündogaryň beýik danalary. Aşgabat, Magaryf 1992.

29. M.Annageldiýew. Mekdep ruhy sallançagym. Mary, 1999.

30. M.Annageldiýew. Mugallym ylym ata. Mary, 2005.

31. R.Asadowa,P. Jumaýewa. Gündogar pedagogikasy we bilimiň taryhy boýunça metodiki gollanma. Çärjew, 1998.

32. R. Asadowa, J. Gotdaýew, P. Jumaýewa. Pedagogikanyň taryhy boýunça metodiki gollanma. Türkmenabat, 1999.

33. R.A.Asadowa. Okuwçylaryň guramaçylyk işlerini meýilna-malaşdyrmakda mugallymyň orny. Çärjew, 1991.

34. W.H.Asadullin, A. Atdaýew. Pedagoglaryň professional we ata--eneleriň psihologiki hillerini öwrenmek. Çärjew, 1999.120 sah.

35. XVIIIXIX asyr türkmen edebiýatynyň taryhy boýunça oçerkler. Aşgabat, Ylym 1967.

36. S. Atanyýazow. Edepnama. Aşgabat, 1992.

37. D. Balakaýew. Mugallymyň mertebesi. Aşgabat, Magaryf, 1983.

38. S. Rejepow. Şahsyýetiň estetiki ösüşi. Aşgabat, 1990.

39. . . . . 1982.

40. .. , .. . . ., 1984ý.



<== | ==>
.. | 
:


: 2018-11-11; !; : 729 |


:

:

.
==> ...

1773 - | 1622 -


© 2015-2024 lektsii.org - -

: 0.133 .